20:34 Özüme jogap | |
ÖZÜME JOGAP
Oýlanmalar
Ýazyjy nämeden başlanýar? Onuň şahsyýet hem-de zehin dünýäsiniň gurluşygyndaky «kerpijiklerini» kim örýär? Edebiyatçy bolmak kärinde esasy baş zat näme? Şuña meňzeş sowallaryň sanawy galamgärlerdir okyjylar tarapyndan döredijiligine gyzyklanma bildirilýän ýazyjylara berilýär. Şeýle ýagdaýlar durmuşda ýygy-ýygydan bolup dur: iň bir yönekeý sowallar bizi burça gabaýar. Şu zeyilli söhbetdeşliklerden özümem näçe gezek gaçgaklapdym. Menin bu günki belliklerim sol başa barmadyk interwýulara gijigen reaksiya däl-de, dürli sönbetdeşler tarapyndan dürli wagtlarda berlen sowallaryň üsti bilen özüme jogap bermek synanyşygymdyr. Synanyşyp görmek diýilýän düşünjäni hemmeler bilýändir. Bu önden gelýän aýdyň hakykat elmydamalykdyr. Biziñ her birimiz adamzadyň bir bölejigi bolup durýarys. Bu yazyjy üçin hasam şeýle: onda älemin parallelleri we meridianlary saklanýar, asyr kesişýär, eýýamlaryň bir-biri bilen baglanyşygy bir yere jemlenýär. Döwrüň ritmi bilen temperaturasy hem-de ynsan durmuşyndaky akyl-payhas üçin äpet uly jogapkärçilik söz ussadyny kemala getirýär. Şu günüň söz ussadynyň öňünde täze jemgyýet gurmakda aýratyn anyk wezipeler durýar. Gelejegi açmak - örän agyr iş, muňa bizin tutuş halkymyz özündäki bar güýjüni gaýgyrman berýär. Şunda edebiyat hem bu beýik gurluşyga bütin durky bilen kömek etmelidir. Sebäbi, zehin birine diñe Hudaý tarapyn berlen bir närse bolman, eýsem ol durmuşyň häzirki ýagdaýynda döräp, anyk bir adamyň şahsyýeti arkaly döredijilikde özüni görkezen, janly hem şahyrana halk ruhudyr. Sonun üçinem özüni ekleyän toprakdaky asyrlar boýy oña mähriban bolan adamlaryň pikirleriniň, aladalarynyň, ykballarynyň şiresinden iýmitlenýän mahaly ol zehin miwe getirýär. Ynha, şu birinji sowala jogap: biz ýazyjylary döredýän zat, özümiziň garyşyp-gatyşýan döwrümizdir, gatnaşyk edýän janly taryhymyzdyr. Sonuň üçinem, gownüme bolmasa, söz ussatlygy çagalygyň hem yaşlygyň täsirlerinden başlanýan bolsa gerek. Özüni gurşap alan dünýäde öz mähriban halkynyň gaýtalanmajak dilini, aýdymlaryny, gylyk-häsiyetlerini örän ýiti duýmagyndan, olara akyl ýetirmeginden we olary mynasyp özleşdirmeginden, soňra bolsa olaryň soňky gününe çenli hakydasynyň altyn hazynasyna öwrülmeginden başlanýar. Bu meselede A. Twardowskiniň aýdan bir pikir dogry: öwrenmek babatda hut hakyky dumuşyň özüne syn etmelerini bir ýere jemläp ýa-da kitaplar boýunça-da «bu ayap saklan amanadyňy» artdyryp, köpeldip bolardy, yöne hakydaňdaky öz käbäň eneñi her neneňsi görmegeý aýala çalşyp bolmaýşy ýaly, esasylaryň esasy bolan şahyrana dünýä akyl ýetirmegi, düşünmegi welin, hiç zat bilen çalyşmak mümkin dal. Bu täsirleri klassifikasiyalaşdyrmak bolmayar, sebäbi olar durmuşyň özi ýaly çylsyrymly we hersiniň öz hususylygy bar, meniň oňa pynhan täsirler diýesim gelip dur. Yöne muňa seniň bilen sataşan adamlar we kitaplar hem girýär. Belki, kitaplary başda goýsaňam bolar. Men birmahallar Muhtar Auezowyň kitaplaryna duşanymda kalbymyň nähili ýagtylanandygyny ýatlaýaryn. Şondan bäri meniň töweregimi gurşan zatlaryň ählisinde göýä başga-da bir many bar ýaly bolup görünýär. Men begendirýän we özüm üçin haýran galdyrýan bir açyş etdim, görüp otursam, biziň halklarymyzyň durmuşy hakyndaky edebiýat hem edil rus ýazyjylarynyň eserleri ýaly, Ýer üstündäki adamlaryň ählisi üçinem ýürege ýakyn aýdym kimin şatlykly ýaňlanyp biljek ekeni. Göwnüme bolmasa, rus medeniýetiniň ösüşine öz wagtynda A.Puşkiniň täsir edişi ýaly, häzirki zaman Orta Aziýa çeper pikirilenmesiniň we goňşy halklaryň ählisiniň ruhy durmuşynyň kemala gelmeginde M.Auezowyň hem täsiri ýeten bolmaly. Uly söz ussadynyň kitaplary haýran galdyryjy güýje eýe bolýar. Sen — olary açýaň, olar bolsa — seni... Göz öňüne getirmekden we eşitmekden mahrum, gulagy ker adama saz düzmegi öwretmek mümkin bolmaýşy ýaly, şeýle kitaplary ýazmagy hem öwredip bolmaýar. Dünýäde ýörelmedik ýoda ýok. Bar iş—seniň nähili göz bilen seredýänligiňde, ýagny başgalaryň ýöreýän ýolundan ýöräp, seniň öz görüş ukybyň açyş etmeginde. Şunuň ýaly aýratyn görejiň eýesi bolan adamlar, ýagny suratkeşlerdir ýazyjylar, her niçigem bolsa, ilki bilen dogulmalydyr, ýöne soň emele gelmelidir, sebäbi ýyl geçdigiçe öz ýaşaýan ömrüň manysy üçin ullakan jogapkärçilik duýgusy döräp ugraýar, ana, şonda diňe bir zehinli bolmagyň kemterlik edýär. Eger şeýle duýgy döremese, onda saňa berilen zehiniň eýlenmedik deri dek, öňüni alyp bolmaýan derejede güýji gaçýar. Köp ýyllardan bäri döredijilik birleşmesinde agzalykda durýan biriniň ýazyjylyk ykbalyna men gözli şaýat bolup ýörün. Onuň ilki ýazanlary ünsi çekipdi. Görnüşine görä, awtor şondaky öwgülere aşa ynanyp meýmiredi. Ol indiki kitabyny hergezek öňküsinden çalt hem aňsat ýazmaga başlady. Soň bolsa, belki, bütin ömrüňe taýyarlanmaly iki jiltlik peýda boldy. Indi onuň uzyndan-uzyn, eliňe agram salýan, içi-daşy ýokary hilli kagyzda çap edilen eserierini, esasan, iki adam okaýar: redaktor we awtor. Üstesine ol hatyraly ýaşuly, edebiýatyň abraýly aksakgaly hasaplanýar. Hakyky bolşundan şunuň ýaly ýoýlup görkezmeler ony özüne tankydy göz bilen garamak hem galamdaşlaryna hoşniýetli bolmak ukybyndan mahrum etdi. Haýsydyr bir täze görnükli eser, özem ol ýaş galamdaşyna degişli bolsa, bu ýagdaý onda gahar-gazap döretdi. Zehini göriplik ýaly guradyp taşlaýan zat ýokdur. Synlaýaň, ol adama haýpyň gelýär: kitaplary özi dirikä ölýär. Ýöne ol muny bilmediksireýär... Näme diýilse-de, zehini taplamakdaky, onuň täsirli bolmagyny artdyrmakdaky esasy jogapkärçilik öz üstüňe düşýär. Bu ýagdaý özüňi ykrar etdirmek saýlawynada, şonuň ýaly-da ony durmuşa geçirmek ukybyňa-da deň derejede degişlidir. Ikinjisi käwagt hasam çylşyrymly bolýar. Bu biziň ýazyjylyk işimizde, beýleki köp hünärlerden tapawutlylykda ikitaraplaýyn özara gatnaşyk bar: ýol uzaga gitdigiçe, barha kynlaşýar. Kitaby, surat eserini, sazy bilgeşleýin erbet ýazýan adam ýok, ýagny edýän işine düşünip kagyz zaýalaýan adam ýok. Bu kesel edil şöhle keseli ýaly bilniksiz ornaşýar. Özüňden göwnühoşluk mikroby zehini weýran edýär. Söz ussadyna mydama täsir edýän melhemi hiç kim berip bilmeýär. Ýeketäk lukman — onuň özi. Günleriň birinde iň kyn ýeňşi gazanmak pursady gelip ýetýär: ýetilen sepgitden ýüz öwürmek, öz eden açyşyňa özüň atanak çekmek. Has takygy, araçäkleri anyklamak, ýagny arifmetikadan algebra, algebradan hem ýokary matematika geçilendäki ýaly... Ösen dünýägaraýyş, hut diňe şol ýazyjynyň döredijiliginiň hakyky raýatlyk we adamkärçilik gymmatyny kesgitleýär. Bildirilen ynama wepadar bolmak barada gürlemek hem oňa hyzmat etmegi başarmak, ikisi birzat däldir. Wagt hem halk öňündäki borjuň hakynda köp sanly ajaýyp çyn sözlerdir kasamy sesiňe bat berip aýtmak mümkin. Hakyky çeper eser—bu kasam däl-de, kitabyň özüdir. Şahsy gatnaşyk bize zerur gerek zat. Şol gatnaşyk bolmasa, düýpli meseleleri çözmek üçin biziň başymyzy birikdirjek jebisleýji güýç hem bolmazdy. Şunuň ýaly aragatnaşyk mahalynda biz biri-birimiz hakynda köp zatlary bilýäris, öz pikirdir şübhelerimizi, arzuw-umytlarymyzy paýlaşýarys. Ýöne baýramçylyk günleri geçip gidýär, ýene-de adaty işgünleri başlanýar: olar bolsa ahyrky netijede biz öz ýagşy niýetlerimizi näderejede durmuşa geçirendigimizi, ol ýa beýlekiniň söze eýelik edip, şol serişde arkaly beýik ideýalary adamlaryň ýüreklerine näderejede ýetirip bilendigimizi görkezýär. Edebiýatçylaryň arasyndaky duşuşyklaryň näme üçin iň jogapkärli bolmagynyň manysy - bu duşuşyklar kitaplar bilen duşuşmakdyr. Bular biziň çekişmelerimizi söweşiň ýeňilmesi bilen ýa-da ýeňiş sumaýyny çalmak bilen tamamlaýar. Sebäbi döredijilik ýaryşy—zehinleriň, ussatlygyň bäsleşigidir, ol hormatly atlaryň, bilimleriň hem oratorlyk ukybynyň— dilewarlygyň ýaryşy däldir. Ussatlyk—döredijilik çeşmesidir we onuň deltasydyr, ýagny derýanyň deňze guýýan ýeridir. Men özümiň birinji kitapjygym bilen bolan duşuşygymy onuň sahypajyklaryna barýan ýolda urlup-ýenjilip, kän gezek horlansam-da, höwes hem şatlyk bilen ýatlaýaryn. Birinji gezek, megerem, şeýle bolarly: sözler uçup, göýä kepderileriň dary dänejiklerine gonuşy ýaly ýazuw stoluma baryp gonýardylar. Indi hemmesi üýtgedi. Kagyzyň rysarlygyndan, ýagny mert esgerliginden men onuň gara işçisine öwrüldim. Ak kagyz bolsa, atly goşun bilen çozuş edeniňde-de alyp bolmaýan gala öwrüldi. Täze kitap ýazmak üçin stol başyna geçýärin, öwrenilen endik bolsa, gara güýç ýaly bolup, ellerimi tanyş sözlere uzatdyrýar. Haý, jenap galyp-ştampyň zynjyrly gujagyndan sypmak, gör, nähili kyn. Eser üçin niýetlenen wakany «men» diýen söz bilen beýan etmegi öwrenipdirin. Maňa diňe şu usul ýürekdeşlik äheňini döredip, döwürleriň giňişliklerinden öňe arkaýyn gadam goýar ýaly mümkinçilik berýän ýalydy. Şeýdip ýazmak meniň üçin ýeňildi, ýöne özümi gaýtalaýanlygymy duýýaryn. Syýasy, çeperçilik taýdan özboluşly dällik, ýagny epigonlyk hemme wagtam şol bir durkuny üýtgetmeýän epigonlygyna galýar. Şeýle-de bolsa, bu usul käbir ýagdaýlarda aňyrky netijesi boýunça başga bolýar duruberýär. Men Buniniň ýa-da Hemingueýiň hatlarynyň manerasyna ştamp-galyp diýesim gelenok. Sebäbi bütin ömrüňe çuňlaşýan, işlenip bejerilýän şahsy temaň, şahsy usulyň bolýar. Ştamp — diňe bir tehniki hadysa däl, bu — dünýägaraýyşyň hem bir aspekti. Bu köplenç özbaşdak pikir ýöredip bilmezlikden peýda bolýar, dogmatikanyň häkimliginden döreýär, bu bolsa düzgün-kada meňzäp söz ussadynyň özbaşdak däldigini bildirýär, gynansak-da, edebi tankyt muny mydama bilibem durmaýar. Men muňa mysal getireýin. Biziň bir edebiýatçymyz söýgüli keşbiň täsiri bilen haýsydyr bir kolhozçy goja barada ýazdy. Soňam ony, görüň, ynha, biziň gyrgyzlaryň Şukar babasy diýibem öwdüler. Ine, şu-da, nähili gowy ýazylanda-da, meşhur asyl nusganyň göçürmesine meňzeýänligi üçin gowy däl. Ýalta okyjy sungatdan özüniň öwrenişen, özüne has oňat tanyş bolan tassyknamany tapmagy gowy görýär. Eger söz ussady onuň göz öňüne getirmeleri babatda jedelleşse, ol muny göwnüne deglen hökmünde görüp, hatda gaharlanar hem. Her näme-de bolsa, beýle ynamy bozmak gerek, munuň üçin şol okyjy netijede öz minnetdarlygyny gysganmaz. Endik edilen görkezme-çykyşlara garşy göreş — ussatlygy ösdürmegiň bir şertidir, şeýle hem kitapdan kitaba haýallyk bilen özleşdirilýän materialyň garşylygyny ýeňmegiň möhüm kanunydyr. Peýzažy suratlandyrmak ýaly hiç kime zyýansyz şeýle bir aspekti alyp göreliň. Biz ýöne gözümize görkli görünýänligi üçin tanyş keşpler arkaly tebigaty teswirleýäris. Eger şeýle edilmese, nähili oňat bolardy, eger şol teswirleme baş pikiriň tabynlygynda bolmasa, indiwidual ýagdaýyň gaýtalanmajakdygyny aňladyp başarmaýar, şonuň üçinem biz ýöne gelşikli kartinajyklaryň sanyny köpeldýäris. Şolohowdaky meşhur gara güni ýatlaň. Ynha — şahyrana açyşyň dünýä inderen weýrançylygy. Iň gadymy ştamplaryň birisi — sowap gatan položitel gahryman hakyndaky görkezme-çykyşlardyr. Bu zat biziň ata-babalarymyzyň ynsan kemçilikleri ýok adam hakyndaky sada arzuwlaryndan — ertekilerden gözbaş alyp gaýdýar. Hindi kärdeşlerimiň biri maňa uzynlygy iki metre golaý bolan kagyza grafikada çyzylan shemany görkezdi. Görüp oturylsa, bu tablissa biziň eýýamymyzyň birinji asyryndan başlap gadymy hindi taryhyny ýöredýän ekeni. Onda ähli zat göz öňünde tutulypdyr, položitel gahryman gelip çykyşy boýunça hökman ýagşyzada. Ol gürlemeli, geýinmeli, oturmaly, diňe şeýle gezmeli, başga hili däl. Bu, elbetde, absurd derejesine ýetirilen manysyz patarraky däp-dessuryň mysaly. Men muny pikiri ýitileşdirmek üçin mysal getirdim. Ýöne weli, bizde-de, aýratyn hem kinodyr teatrda durmuşyň özün-den däl-de, edebiýat üýşmeginden gelip çykýan ynsan portretlerini çyzýan shemanyň hötdesinden gelip bilemizok. Soňky döwrüň medeniýeti ýarym asyrda adamyň ahlak beýikliginiň janly nusgasynyň köp sanly ajaýyp keşplerini toplady, onuň maýyl edijiligi güýçlüdi, terbiýeçilik ähmiýeti bolsa üýtgewsizdi. Ýöne özüniň dolulygy boýunça asyrlara barabar on ýyllyklar geçdi. Jemgyýetiň ahlak taý-dan özgermeginiň, medeniýetiň, abadançylygyň ösmegi, kuwwatly habar beriş serişdeleriniň ýüze çykmagy ruhy dünýäniň has çylşyrymly ölçeglerine bolan islegleri döredýär. Ýöne, elbetde, her bir möwç almak hakyky çuňluga alyp barmaýar. Mysal üçin, häzirki zaman günbatar edebiýaty adam psihologiýasynyň göze ilgiç barlaglary bilen meşgul. Şeýle-de bolsa, bar betbagtlyk durmuşa laýyklykdan gaça durmakdadyr, şunlukda, köp ýazyjylar, şol sanda gowy ýazyjylar hem eýýäm öz meňzeşini döretdiler. Olar özbaşdak ýaşaýan aýratyn birindiwidiumy alýarlar-da, ony mikroskopyň astynda ýerieşdirip, tebigat bilen ruhy gatnaşygyndan adamy mahrum edip, onuň geografik we milli köklerini çapyp kelteldip, sosial şertlerden çetleşdirip aýry saklap, asyryň ähli sowallaryna jogap bermäge jan edýärler. Hadysalar şunuň ýaly syýasy, jemgyýetçilik işlerine goşulmazlyk, ylymlylyga garşy bolmak usuly hakyky edebiýat üçin ýatdyr. Bizde başga tertipdäki problemalar bar. Biziň hatarymyzda, aýdylyşy ýaly, potensial güýçleri bolsa-da, ol ýa-da beýleki sebäplere görä, öz mümkinçiliklerini şeýle aýdyň ýüze çykaryp bilmedik ideal adamlaryň bolanlygy we häzirem barlygy jedelsizdir. Edebiýat jemgyýetçilik durmuşynyň çäginde, ähli sosial we ykdysady şertleriň toplumynyň içinde şahsyýeti synap görmegi ündeýär. Adamlaryň käbiri— Gögeýin, ol ýeňiş gazanýar we öz mysalynda ýeňşe çagyrýar. Ýöne edebiýat-da başga-da bar, aýdaly, Melehow ýa-da Myşkin — bularda-da haýyr, dogruçyllyk, diňe özdiýenli bolup, ylalaşmazlyk ýaly ahwalatlar bolup geçýär. Sungatyň maksady — dykgatly höwesi ýüze çykarmakdyr, ünsi oýandyrmakdyr, manysyna düşünmek islegidir, köptüýsli häsiýetli bolsa-da, ähli zatda adamy hormatlamakdyr. Adamzat ertekiden başlap, Lew Tolstoý aralykdaky ýoly geçdi, ýöne şularyň yzynda özleşdirilmedik ymgyr giňişlikler galdy. Olaryň «meýdany» artyp barýar, sebäbi adamzat, gurýan jemgyýet öňe barýar. 1967 ý. Çingiz Aýtmatow Terjime eden: Gurbanýaz Daşgynow | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |