12:11 Gyzyl alma / hekaýa | |
GYZYL ALMA
Hekaýalar
Eýýäm gije düşdi, Isabekowyň welin şol oýlanyp oturyşydy. Haty nämeden başlamaly? Aslynda, ol bu hatda umuman, näme ýazarka? Bu juda kyn, akyl ýetirer ýaly däl. Aýtmaga köp zat üýşüp gidipdir! Onuň gözüniň giç açylandygyna düşünermikä? Köp ýyllap hojalygyň ýüküni bile çekdiler. Indi ol şunça göwne degilmelerden, köplenç hem ýersiz ýere edilýän dyngysyz igençlerden, şunça öýkeläp, şonça hem ýaraşylandan soň, ahyrynda-da hersi öz ýoly bilen gideninden soň — indi ol öz akyly bilen oňa düşünip hemem bagyşlap bilermikä? Ol hem ilki başdakylary ýaly, hiç bir öwrümsiz, göwnaçyk, mylakatly bolup bilermi? Eger başarmasa, näme? Eger oňa düşünmese ýa-da ýene-de ykbaly, zenanlyk mertebesi barada hetjikläp ugrasa ondanam beter... Şonda näme etmeli? Ony özüne öte göwni ýetýän aýal diýibem kötekländigi Isabekowyň ýadyna düşdi. Onuň hemişe öz boýdaşlaryna gözi giderdi. — Sen üns berdiňmi, ol iliň ýanynda-da dyzyna çöküp, onuň köwşüni geýdirmäge kaýyl. — Ýaramsaklyk edip sokuljyramagy oňaramok — Isabekow onuň aýdanyny agzyndan aldy. — O nireden sokuljyramak bolýarmyşyn?! Sende hiç ýürekdeşlik, duýgurlyk ýok, bilmedim ýa öz gowy görýäniňi bildirmäge utanýarmyň? Meniň şeýdip ýaşasym gelenok, meniň gowy görýän adamymyň meni açyk gowy görmegini isleýärin. Ýogsam menem kemsinýän. Sen ýöne hiç haçan munuň pikirini edeňok. — Şoň pikirini etjegem däl. Meniň ony etmäge wagtymam ýok. Seniň şu zatlara şol işliligiňde eliň degşine düşünemok, ynha dissertasiýaňam goramaly, agza-burna gelip dur: sen bolsa, kim kimiň köwşüni geýdirýändiginiň gürrüňini edýärsiň! — Seniň bilen gepleşeniň haýry ýok, sen hiç zada düşüneňok. Ýöne indi ol düşünýärdi: onuň näme hakda aýdanyna düşünýärdi hem muny özi boýun almasa-da, näme-de bolsa bir zatlarda onuňkynyň dogrudygyny duýýardy. Haçanda ol ýoldan barýarka, geçip barýanlaryň oňa öwelişip seredişýändiklerine Isabekowyň göhi gelýärdi. Ol hem onuň näzikdigini, mylakatlydygyny, akyllydygyny aňýardy. Onuň ýöreýşi hem oňa ýaraýardy. Ol, umuman, ýeňiljekden usully hereket edýärdi, aýagyna ökjeli köwşüni geýende dagy, hamala gyzjagaz ýöräp barýan ýalydy. Onuň tans edişi hem özüne çekijidi, şonda oňa aňalyşardylar welin, gözleri bagtdan ýaňa has juwan görnerdi. Şeýle minutlarda ol ony örän gowy görýärdi. Her näme-de bolsa, oňa ony öz- başyna gowy görüp, näme üçin gowy görýändigi hakynda oýlanmaga bir zatlar päsgel berýärdi. Ýöne gowy görýärdi. Оl öz ýaşlygyna, şol taýda goýmasyz bir zadyny galdyran ýaly dolanyp gelmek üçin, özüne nähili agram bermelidiginiň pikirini edýärdi. Indi Isabekow öz günäsini, eger-de ony günä diýip atlandyryp bolýan bolsa, boýun almalydy. Ýöne ony biynjalyk edýän başga zatdy: ol indi aýdyşlary ýaly, jynlary jyňkyryşman, birek-bireginden aýra düşendikleri hemem her biri öz başyny çarap ýöreninden soň, öňki piki- riniň garşysyna gidip, geçen ýoluna ser salarmyka? Eger birden şeýtmegi başarmasa? Bar bolanymy? Gutardygymy? Ýok, ol şeýle bolmagyna ýol bermez! Isabekow birnäçe gezek eline galam aldy, soň ýene ony taşlady, ol, uzynak, hortap, saçy hem timarlanmadyk, äpişgä golaý bardy-da, diwara dulanyp, gozganman, esli durdy. Iň soňky awtobuslar çüňkde saklanýardylar-da, ýolagçylary tiz ýygnap, güýzüň tutuksy tümlüginde gyzyl çyralaryny gyrpyp gidýärdiler. Haýsydyr bir ýigdekçe, goňşy gyz bilen jaýlarynyň uly agzyna gelýärdi we olar ýene gidýärdiler, olaryň edil çagalar bagyndaky körpeler ýaly birek-bireginiň elini gysyp, şol bir duruşlarydy. Olar Isabekowyň gözi gider diýip etmeýärdiler, ýöne şonda ýüregiňi tolgundyryjy bir zatlar bardy, häzir şol hem onuň içini gysdyrýardy. Niredir bir ýerlerde, şäheriň çar ýandan ýalpyldaşýan elektrik çyralaryndan uzakda, dagda hakyky oduň yşygy ýyldyz bolup ýylpyldaýardy. Çopanlaryň ody bolsa ahmal. Şol mahal onuň şol ýerde hiç zadyň pikirini etmän, gijäniň tümlüginden içini hümledip, oda arçanyň pürüni taşlap oturasy geldi. Soň ol äpişgeden gapdala süýşdi, ýatylýan otaga gyzy Enary görmek üçin gitdi. Ýogsam indi ol ulalypdyr, şonda-da üstüni açyp, sowukdan düw-dek bolup ýatýar. Bu gezek Enar parahat ýatyrdy, uzakly gün ylgap ýadan bolmaly. Hawa, gyzy hezil edinip ýatyrdy, bu gün näme hokga çykaranyny bilenokdy. Wah, Enar jan, Enar jan! Ol kakasynyň ýüregine gozgalaň salandyryn öýden däldir! Ol onuň ýarygijä çenli ýatman, gyzyna seredip ýatman oturmagynyň sebäbini hem bilýän däldir. Gyzyna seredip, Isabekow içini gepletdi: «Seniň şeýdip, rahat ýatanyňam gowy. Ynha ulalarsyň welin, gije saňa-da oýlanmaga alada tapylar. Hiç kimde-de şonsuz bolýan däldir. Häzir bolsa ýatyber, gowuja düýşler gör». Gündizine ol Enary şäheriň etegine alyp gidipdi. Ol şol ýerde onuň bilen ejesi hakynda gepleşmekçi bo- lupdy. Aýaly şeýtmegi oňa hatynda pugta sargapdy. Ol gyzyna ejesiniň dissertasiýasy zerarly, aslynda-ha şeýtmegi kem görmäni üçin, gidendigini aýtmalydy. Gyzyndanam ejesiniň ýanyna gidesiniň ýa-da öz şäherlerinde galasynyň gelýändigini soramalydy. Isabekow çaganyň ýanynda bu gürrüňe nähili girişjegini bilmedi. Ýogsam ol gezelenje çykanlarynda, onuň bilen gepleşip bilerin öýtdi, ol gyzynyň öz ýanynda galjagyny, onuň Daşkentdäki ylmy-barlag institutyna işe ugradylýan ejesiniň ýanyna gitmejegini bilýärdi. Enar, kakasy ony çagyranda, howluda oýnap ýördi. — Egniňe jempiriňi geý, biz şäheriň etegine gidýäris. — Şäheriň etegine! — Enar elini çarpyp begendi, birdenem geňirgenip sorady: — Näme üçin? — Ýöne gezelenç üçin. Isabekow, aljyrady, köçede adam kändi — ulaglar haýaljakdan hereket edýärdiler. Dynç güni hemişe hem şeý- le bolýar. Olar şäheriň çäginden çykdylaram welin, maşynyň togy çekmän başlady. «Wolga» iki ýana ýaýkyldap, tizligini zordan alýardy. Agaçlar bilen jäheklenen ýoluň tekizligi ýalpyldap görünýärdi, barha ýokary galyp, daga tarap gidýärdi. Isabekow demini alman, öňündäki aýyl-saýyl bolup görünýän gaýalara seredýärdi. — Kaka, tizligini azajyk peseltseň bolanokmy? — diýip, Enar haýyş etdi. Isabekow ulagyň tizligini peseltdi. — Sen gorkýaňmy? — Ýok, ýöne — diýip, ol jogap berdi-de, ýene kellesini aýna goýdy. — Sen elmydama gaty gitsek, gowy görýärdiň. Enar seretmedi, edil eşitmedik ýaly bolup oturdy. Isabekow onuň jempiriniň içindäki ejizje eginlerine, inçejik boýunjagazy- na, alnyna dökülýän mylaýym, garaja saçlaryna seretdi hemem onuň ulagyň gapysyna ýaplanan suduryndan oňa asla mahsus bolmadyk duýgyny syzdy. Gyzjagaz aladalydy. Onuň göwnüne dagy geläýdimikä? Biz köplenç çagalaryň duýgurdygyny unudýarys. Ol näme üçin onda muny soramadyka? Isabekowyň şu pikirler bilen seri sämedi. Ýok-la, ol nireden bilsin? Onuň biljek gümany ýok. Onuň özem, aýaly hem hijem duýar ýaly etmedi. Aslynda, bu kimiň kellesine gelsin! Ony howpurgadýan ýerem — şondan ol ömür gorkýar — çaganyň kellesini garjaşdyrmasalar bolýar. Adamyň ýüreginiň guruwy şeýle: ony doňdurmak aňsat, eretmek kyn, käteler mümki- nem däl. Soňundanam, gör nämeler hyýalyna geljek. Ýok, Enar gowuja gyz. Ýöne onuň bir zatlar syzýan bolmagy ahmal. Ol kiçijik mahalam öýde agzalalyk bolsa duýýardy. Onuň häzir nähili ezýet çekýänini bolsa bilmez ýaly däl. Hawa, ýöne ir ýa-da giç ol düşüner. Ýok, onuň özi düşündirer... Etjek alajyň ýok. Beýdip gizläp, näme etjek? Enar ulagyň aýnasyna kellesini goýup, gaýmalaklaýan ýapraklara-da ýöne sereden bolýan ýaly göründi. Aýdanynda, aýtmanynda üýtgejek zat ýok, her näme-de bolsa aýtmaly. Hawa, şu gün gaty gowy. Eger ýüregi hem ynjalykly bolsady... Ýapraklar düşelen ýol güýzüň üm- sümligi bilen dem alýar. Isabekow: «Dogrudanam, beýle gaty tizlik bilen omzap barmak gerek däl» diýip oý- landy. Ýapraklar haýaljakdan gaýyşyp, emaý bilen ýere inýärdiler. Käbirleri ulagynyň öňüne düşüp, öňki aýnasyna sekunt salym ýelmeşip durýardylar- da, soňam ulagyň deňinden gidesleri gelmeýän ýaly, şol ýerde pyrlanyp esli gaýýardylar. Ýoluň ikiýany hem güne saralan hasyly ýygnalan meýdan, ýalaňaçlanyp goýlan üzüm agaçlary, gök ýorunjalyk bolup durdy. Garasarlaryň sürüsi ýer sürýän traktorlaryň yzyndan kowalap pasyrdaşýardylar. Altyn güýzüň soňky günleridi. «Ýagyş bolmasa, ähli zadyň garalyp, ýüzi gaýdar, özüniň owadanlygyny ýitirer». Isabekowy gussa basdy. Ol Enara seretdi. Ol ulagdan daşyna seredýärdi. — Seniň näme sesiň çykanok, Enar? Gyzjagaz kakasyna geň galyp se- retdi, ýöne hiç jogap bermedi. — Sen düýn öý işiňi etdiňmi? Ol kellesini silkdi. — Töweregimiz owadan gerek? — Hawa, gaty owadan. Isabekow gyzardy. Şular ýaly bol- gusyz, ýüregedüşgünç soraglar, ýeri, kime gerek? Ýöne oňa näme bolýarka? Ýogsam olar hiç zat ýok ýerdenem lakgyldaşyp oturýardylar. Şu gün onuň özüniň ugry ýok bolmaly. — Robertino! — Enar begenip gy- gyrdy. — Kaka, Robertino-da. Biziň synpymyzda hemme kişem ony gowy görýär. Gyzlaram, oglanlaram. Senem ony göwy görýäň-ä? Ejemem gowy görýär. — Hawa, Enar, hawa. Ejeňem go- wy görýär. Meniň gyzjagazym, nähili owadan bolupdyr. — Isabekow onuň kellesini sypalady, şonda onuň gözüni ýalpyldadyp özüne seredenini gördi.— Men sen öýkeläýdiňmikäň diýdim. — Kaka, sen ýöne diýäýýärsiň! — Ýeri, bolýa, hany indi diňläli-le. Soň men saňa Şubert hemem Robertinonyň doglan ýeri hakda gürrüň bereýin. Bular gürrüňleşip otyrkalar, güýzüň özüne-de, şu topraga hem, adamlaryň ýüregine hem jan berýän ýaly, güýzüň demi ornan giňişlige siňip gitdi. Birde- nem Isabekowa dagyň öňünde şugla saçýan Güni we Robertinonyň sesi bilen gyzynyň tolgunmasyny birlikde baglap goýan ynjalyk geldi. Hawa, her kimiňem ýüreginde owa- danlyga teşnelik bardyr. Bu adamyň özüniň tebigatyndan hem bildirýär. Ýöne biz şoňa özümizem düşünmän, owadanlygy aýap bilmeýäris. Häzir ol hem erteki ýaly, heniz bekemedik çaga hyýallaryny berbat etmekçi bolýar... Robertino aýdym aýdýardy, Enar hem gapdalyndan oňa goşulyşýardy. Ulag ullakan almalygy böwsüp, uly ýoldan derýajyga tarap öwrüldi. Isabekowlar bu ýerde tomsuna bolardylar. Şu ýere seýrek gelinýärdi: kiçijik derýajyk — dagdan gelýän buz ýaly suwuň düýbündäki daşlar ýalpyldap görünýär. Suwa düşünilýän ýer hem ýok. Oňa derek tolkun atýan ak gerişleri seleňläp, dag ýakynjygyňda dur. Şu ýere äpet harsaňlary sil suwy togalap getiripdir, şolara çykmagy bolsa Enar gowy görýär. Isabekowy şu ýeriň özüne çekýändigi hem şo- nuň üçindir. Daş-töwerek günortanyň ümüş-tamyşlygy. Enar harsaňlara tarap ylgap gitdi, onuň Robertinonyňky ýaly sesjagazam daşlaryň arasynda birden ýitip gitdi, birden hem ýaňlandy. «Ave Maria» owazy Isabekowyň kellesinden gitmedi, töweregi giňäp giden ýaly boldy. Derýanyň boýundaky bag miwesi sowlup, boşap galanyndan soň, ol hem diň salýar: adamlar ýene-de miwe diýip gelmezmikäler? Şondaky galan bedeler hem — geçip giden tomsuň ýadygärligi. Olarda çygyň ysy hemme ýerdäkidenem uzak wagtlap saklanar. Tomsuna bu ýerde ähli zat başgaça bolandyr, indi bolsa, tomusdan nam-nyşan galmandyr. Anha, bulutlar peýda boldular — ak köşejik ýaly. Wah, çarwada bolup bolsady! Ol haçandan bäri ol ýerde bolmandy... Enaryň bag tarapa gidýän ýoda- jykdan ylgap gidenine gözi düşen Isabekowyň bu ýere näme üçin gelen- digi ýadyna düşdi-de, onuň yzyndan gygyrdy: — Nirä barýarsyň? — Baga. Meniň agaja dyrmaşasym gelýär. — Men saňa bir zady aýtjakdym. — Nämäni, Robertino hakyndamy? — Hawa. — Bolýa, men soň diňlärin. — Enar şeý diýibem, baga tarap ylgap gitdi. Isabekow ýene-de gyzyna näme we nähili aýtjakdygy hakynda oýlanmaga başlady. Onuň oňa aýtmakçy bolýany gerekmejek, biderek bir zat bolup göründi, özi hem ol şu güýz güni bilen, ne-de bir duýgulary, ne-de bir açyk gün, «Ave Maria» hemem Robertinonyň owazy bilen hem hiç bir tasa gelmeýärdi. Onuň ini düýrügip gitdi. Enaryň has uzaga ylgap gitmegini is- ledi, indi ol oňa hökman aýtmaly diýip ýören zadyny hem aýtman bilýärdi. Haçan bag tarapdan onuň nämedir bir zada haýran galýan hemem begenýän sesini eşidende, ol saňňyldap gitdi, oňa arkasyny öwrüp, aşak bakyp ýer- de oturdy. — Kaka, kaka! Meniň näme tapanyma seret! Ol öwrülmedi. Onuň haslap, janygyp ylgaýanyny eşitdi. Enar gelşine onuň boýnundan aslyşdy, oňa ullakan gyzyl almany uzatdy. — Alma tapdyňmy? — Hawa, ol ýapraklaryň arasynda bukulyp duran ekeni, hijem görnenok! Biler ýaly däl. Men şonda-da tapdym! Ol çyra ýaly ýanýar. Bu iň soňky hem iň süýji alma. Şu giden bagda başga biri hem ýok. Seret, nähili owadan, ysy nähili gowy! Güne meňzäp dur! — Hawa, gaty owadan, bu gyşky aportdyr*. — Birdenem özi bilmezden, ýene gepledi: — Enar, sen bilýärmiň, bu — gowulyga. Bu alma saňa tutuş tomsuň dowamynda garaşypdyr, şonuň üçinem hiç kim tapmaz ýaly bukulypdyr. Senem ony tapdyň. Kim şol almany iýse örän bagtly bolýar. Isabekow almany ýaglyk bilen süpürişdirdi-de, gyzyna uzatdy. — Me, iý. — Robertino hakda haçan gürrüň berjek? — Soň aýdaryn, sen bagda ýene-de oýna. — Kaka, seret, men nähili edip, baga dyrmaşyp bilýän. Alma agajy ullakan, şahalary hem ýogyn, çykmaga amatly. Erigiň ownuk şahalary köp hemem ol çümýär. Ol gowy agaç däl. — Sen gowy agaçlara çykaý — Isabekow güldi. — Kaka, sen bir gezek bir şolar ýaly alma tapdyňmy? — diýip, Enar birden, garaşman durka, sowal berdi. Isabekow birbada aljyrady. Jogap bermezden öňinçä, oýlanyp oturdy, soňundanam ýuwaşja gepledi: — Hawa. Sen bar git-de oýna, men şu ýerde oturjak. Enar eli gyzyl almaly baga ylgap gitdi, onuň bolsa başga bir gyzyl alma ýadyna düşdi, munuň deň gelşini akylyna sygdyryp bilmedi. Ol hem bir gezek şular ýaly gyzyl alma tapypdy, şu bagdan bolmasa-da, şu ýerdendi, ony bagyň şahalaryndan şiresi bilen, göni ýere sallanyp duran beýleki ýüzünden tapypdy... * * * Uruşdan soň ol oba hojalyk institutyna girmek üçin, şähere gelipdi, häzirki wagtda onuň özi şol ýerde okadýar. Şolar ýaly güýz gününde olary heniz asfaltlanmadyk daşlyk ýol bilen, şä- heriň etegindäki kolhoza şugundyr ýygmaga äkitdiler. Uzak gün işlediler, gara çörekden beren ýürekselikleri öňünden iýildi, aç hemem argyn halda şähere gaýdyp gelýärdiler. Ýolugruna hemmeler kolhozyň bagçylygyna sowuldy. Hasyl bireýýäm ýygnalypdy, ýöne otlaryň hemem küde bolan ýapraklaryň arasyndan, nesibäňde bolsa, birnäçe alma tapylýardy. Şolary hem öz aralarynda paýlaşýardylar, ol hem öňküdenem beter ajykdyrýardy. Soň hemmesi bagyň içine siňip gitdiler. Ýöne oňly bir zat tapmadylar-da, ýola çykdylar. Isabekowyň şu wagt ýoldaşlarynyň yzyndan ylgap gidişi ýadyna düşýär, birdenem öňünde şahadaky ýapraklaryň arasyndan bir zat ýalpyldap gitdi. Ol durdy, ýöne hiç zat gözüne ilmedi. Gözüne görnendir öýdüp, birnäçe ädim ätdi-de, ýene-de yzyna geldi. Garry alma agaçlarynyň arasynda oturdylan ýaşajyk alma agajynyň daşyndan aýlandy. Bu saýlanyp duran ýaşajyk alma bagynyň beýlekilerden tapawudy, onuň gür bürünç ýapraklary heniz bardy. Tänip düşýän goňras ýapraklar günüň aşagynda ýatyp, gyzgyndan ýaňa gyzyl öwüsýärdi. Otluçöp ýakdygyň, almajygam atylyp gitjek ýalydy. Ahyrynda onuň gözi dü- şenden, täsin galyp pyşyrdady: «Muňa seretsene!» Erkek adamyň goşa ýumrugy ýaly ululykdaky, goýy gyzyl reňkli almanyň bu ýaş bagyň ýekeje miwesi bolmagy ahmal, ýere sallanyp duran inçejik şahada, ýapraklary bürenip asylyşyp durdy. Isabekow birnäçe sekuntlap oňa seredip durdy, soň bökdi, şaha tarap towsup, ökjesini galdyryp, tos-togalak gyzyl almany eline aldy. Şol bada hem onuň ysy burk urup, başyny aýlady. Gyzylja daşynyň içindäki bal ýaly şireli löti hem güne görnüp, işdäňi tamşandyrýardy. Ony dişläýesiň gelýärdi. Ol almany böljek boldy-da, birdenem kürtdürdi. Ol bu almany oňa berer! Ol şu sekundyň özünde ony nädip ýatlady? Haýran galaýmaly! Ol bu nätanyş gyz barada hemişe-de pikir edýärdi, onuň adyny hem bilmeýärdi. Neneň ol barada ýatlamasyn? Soň ol hiç zat barada pikir etmän, almany jübüsine salmaga durdy. Salyp bilmedi. Soň ol üstki eginbaşynyň işligini ýyrtyp, şonuň içine oklady-da oglanlaryň yzyndan ylgady. Olar ýoldan geçip barýan ulaga irikge bolup garaşdylar. Isabekowyň özüniň näme edendigini bolşy ýaly edip, oglanlara gürrüň ber- megi ýüregine düwdi. — Oglanlar, men alma tapdym, ýöne ony hiç kime berjek däl. Men ony diňe birine berjek. — Hany, almaň özi nirede? — Ine, eliňe alyp görjekmi? — Bä, munuň sagdyndygyny! — Ol bir adama berjek diýýäniň kim? Kime berjek? — diýip, atan-satan bolup duran Şir oňa maý bermedi. — Kime bolanda näme? — Isabekow jogap berdi. — Bir almajyk tapan bolupdyr-da. — Şir gülümsirän bolup, Isabekowyň egnine kakdy. — Ýesersiremäňi goý-da, almany ber. — Şir Isabekowa syrtaryp güldi-de, almasyny aljak bolup, oýundanmy, çyndanmy onuň üstki eginbaşyna aslyşdy. Isabekow onuň eline kakyp goýberdi. Şir gapdala towsup gitdi. Oglanlar uly gowur edip gülüşdiler. Şolbada hem bir ýük ulagy geldi-de, hemmesem şoňa mündüler. Isabekow bu üýtgeşik almany şol nätanyş gyzyna bermekçidi. Ol oňa şäher kitaphanasynda köp duşýardy. Şony görmek üçin, ol oba hojalyk institutynyň ýerleşýän eteginden şäheriň merkezine her gün gaýdýardy. Okalga zalynda oturyşyna gaty geň ýagdaýda ol onuň haçan geljegini bilýärdi. Ol oňa hemişe-de tolgunyp garaşýardy, şol wagt näme okaýandygam ýadyna düşmezdi. Isabekow gapynyň agzyn- daky stola geçip oturardy, ol bosagada peýda bolanda, kitapdan başyny galdyrýardy hemem nähilidir bir pur- sat onuň bilen nazary kaklyşardy. Ol oňa seretmäge-de çekinýärdi. Onuň bolşuna düşünýän ýaly, ol hem çalaja ýylgyryp, boş ýere geçip oturardy-da, çaltlyk bilen ýantorbasyny goýup, kitap almaga giderdi. Isabekow özüne göwnüýetijilikli, dogumly hemem hemişe sypaýy geýnüwli gyzyň haçan ýanyndan kitabyny alyp geçjegine garaşar oturardy. Ol, megerem, örän bilimli hemem akylly gyz bolmaly. Isabekow şu barada tolgunyp pikir edýärdi hemem oňa guwanýardy. Isabekow diňe ol okalga gelende begenýärdem, hasratam çekýärdi. Ol onuň garaýagyz, päkize ýüzüne, emaý bilen daralan saçyna, oýlanyp aşak seredýän kirpik- lerine, aram-aram depderine bir zatlar belleşdirýän eline kesesinden syn edip oturmagy gowy görýärdi. Şol wagt hem biri onuň ýanyna geläýse ýa-da onuň stolunda hat goýaýsa, ol hem ony okaýsa dagy, Isabekowyň stoluň aşagyndan ýumrugy düwlerdi, ol ähli adama topulmaga taýýar bolup otu- rardy. Eger-de ol hatlary ýyrtsa, pyşyrdaşmalara hemem kikirdemelere pisint etmese, ol hezil edýärdi, ondan şeýle bir göwni bitýärdi! Isabekow bu ýerde hiç kim oňa ýaramaýandyr diýip ha- sap edýärdi, onuň bir özi bolsa azmy, näme. Ol şuny näler isleýärdi, ol şony arzuw edýärdi, gyzyň çala ýylgyryşy hem ýeňiljek baş atmasy hem özünedir diýip kabul edýärdi. Onuň bilen tanyşlyk açmaga Isabekow hiç aýgyt edip bilmedi. Ol oňa gaty ylymly, akylly gyz bolup göründi, ol bolsa, obadan gelen, olar ýaly şäherde ýüzläp bar. Isabekow öz sypatyndanam utandy. Isabekow özüne uruşdan gelen agasyndan ga- lan eginbaşynda hem ädiginde, onuň meýdan goşhaltasynda gezýärdi. Gyşda hem ol agasynyň gyşky harby eginbaşyny geýýärdi. Gyz okalga giji- räk gelýärdi, okalga ýapylýança hem galýardy. Haçan-da ol stoldan turup, kitaplaryny yzyna tabşyrmaga giderdi welin, ol hem bolan zadyny alyşdyryp, köçä çykardy, kitaplaryny ol soň eglenmäýin diýip, ilki tabşyryp goýýardy. Köçäniň beýleki tarapyna geçip, ol onuň haçan çykjagyna garaşyp durardy. Eňşip barýan ötegçileriň arasyndan ony görjek bolup, boýnuny süýndürip serederdi, öýlerine barýança, onuň yzyndan galmazdy. Ol kitaphanadan iki çatryk uzaklykda, ullakan çalymtyk jaýda ýaşaýardy. Ony ugradyp, Isabekow umumy ýaşaýyş jaýyna tarap pyýadalap tutuş şäheri geçerdi. Ýol ugruna ol şäher seýilgähine degip geçerdi. Şol ýerde tans edilýän meýdança bardy. Şol ýerde gyzlar bilen goşulyşyp, tans edýän oglanlara onuň gözi giderdi. Oglanlar gyzlar bilen gül- şüp gürleşýärdiler, olaram şonda has sypaýy bolup açylýardylar. Tans edýän oglan-gyzlaryň içinden Isabekowyň iň owadanyna gözi gitdi, olaryň ornun- da özlerini göz öňüne getirdi, ýöne ol entek gowy görýän gyzy bilen tans etmek beýle-de dursun, ýeke agyz gepleşibem görmändi. Ol hyýalynda onuň bilen şeýleräk gepleşdi: — Siz bilýäňizmi, men kitaphana diňe sizi görmek üçin gelýän. — Hawa, bilýän. Siziň hemişe maňa garaşýanyňyzam bilýän. — Men siz hakda uzak günläp pikir edýän — leksiýada-da; naharhanada- da, umumyýaşaýyş jaýynda-da. Men kino görýän, ýöne şol ýerde näme bolýanyny bilemok. Siz hakynda pikir etmegiň maňa nähili gowudygyny siz bir bilsediňiz. — Geň zat, men hem käteler siz barada pikir edýärin. Ýöne näme üçin siz meniň ýanyma geleňzok, meniň bilen gepleşeňzok? — Maňa gepleşmesemem gowy. Eger siz şu wagt kitaphanada ertire çenli otursaňyzam, men size ýöne seredip oturardym. — Birden başga oglanlar meniň yzyma düşse, şonda näme etjek? — Men olary golaýyňyza eltmen. Sizem ygtyýar etmersiňiz, sizi men gowy görýän-ä. — Siz meniň ygtyýar etmejegimi nädip, bilýäňiz? — Siz olar ýaly däl. — Siz men barada hiç zat bilmän, nädip beýdip aýdyp bilýäňiz? — Men size juda ynanýan. Men sizi tanaýan. Aňyrdan geleniňizden bilýän, sesiňizi eşitmesemem nädip gülýäniňizem duýýan. Men siziň gözüňize ynanýan, siz mylakatly, sypaýy, iň owadan hem iň akylly gyz — Men hakynda köp aýtdyňyz. Şularyň hemmesem çynmy? — Çyn. Şol günüň agşamy Isabekow umumy ýaşaýyş jaýyna gelip, almany tumboçkasynyň üstünde goýdy, özi hem ýuwunmaga gitdi, ädigini arassalady — kitaphana gider ýaly, özüni tertibe salmaly. Dälizdäki sagada seredip, ol gijä galandygyny bildi. Otagdaşlary ýerlerine geçipdiler, ol ertir şu täsin almany oňa nähili edip berjegini göz öňüne getirip, garaňkynyň içinde ikibaka ýöredi. Ol onuň haýran gal- masyny hem begenjini gördi — şu wagt-ha şolar ýaly ullakan, şolar ýaly reňkli hem şolar ýaly burk urýan alma tutuş dünýädenem tapylmaz. Ol oňa şolbada, özüniň ony nädip tapyşy, güýzde köne bagçylykdaky ýaşajyk alma agajy, küljümek ýaprakly şol alma agajynyň agşam şapagyna ýapyk tylla öwüşgininde saýlanyp duran owadanlygy hakynda birin-birin gür- rüň berer. Ol oňa öz göwnündäkinem aýdar, ony her gezek öýlerine ugradyşyny, tans edilýän meýdançada durup, onuň bilen tans edişlerini, gürleşişlerini göz öňüne getirişini gürrüň berer. Ol şonda güläýmese: «Heý, aňkasy aşan!» diýer. Şonda ol şu sözleri aýdýarka hem, onuň äheňinden kinaýa däl-de, mylaýymlygy duýdy. Soňra bolsa olar, belkem, kino giderler, ol hem onuň bilen bir ýerde oturar, onuň ýakynjagynda bolmagyň nähili gowudygyny duýar, elbetde, kino görüp, mazasy bolmaz, onuň oňa geregem ýok. Ibaly penjegi bolan bolsady, ol naşyja ökjeli köwüşli, onuň ýanynda ädikli oturmasy oňaýsyzrak. Ýöne ol akylly gyz, bu zatlara üns berip durmaz-la. Şeýle pikirler bilen Isabekow uka gitdi. Ýöne gije ol ýatan ýerinden zöw- welip galdy. Şir ýüzi beklik edip, onuň gyzyl almasyny iýýär. Isabekow oňa topuljak boldy, ol hem beýleki oglan- laram hor çekişip ýatyrdylar. Şonda-da Isabekow jany durman, tumboçkasyny açdy. Garaňkylykda almasynyň bardygyny barlap ynjaldy. «Mende ekeni!» diýip, alma pyşyrdady. Irden oglanlar äpişgäni açyp, ysyrganyşyp: — Isabekow, almaň bar eken-ä. Ysy üýtgeşik! Sen ony hassahana äkitjekmi, basym alyp git, ýogsam Şir ýakymsyz bir zadyny eder — diýişdiler. — Men düýn aljakdym — Şir ge- rinjiräp, ýerinden galdy. — Özüňizden boldy.— Aljagam bolup bir gör! — Isa- bekow oňa ýuwaşjadan haýbat atdy. Soň olaryň bary okuwa gitdiler. Nutuklar nähili uzak dowam edýär! Isabekow arakesmeden soň, Şiriň okuw otagynda ýokdugyny duýdy. Ol zoologiýadan sapagyň arasyny kesip: — Professor, bagyşlaň. Men gyssagly ýagdaýda gitmeli bolýan — diýdi. — Ýaş ýigit, näme beýle gyssanýaň? — diýip, professor geň gördi. — Düşündirip bilmeýärin, ýöne siz- den örän haýyş edýärin, maňa rugsat beräýiň-dä... Okuw binasyndan umumy ýaşaýyş jaýyna çenli Isabekow ýumrugy düwülgi dazlap gitdi. Şir otaglarynda ýok ekeni. Isabekow tumboçka tarap omzady — alma ýerinde dur. Isabekow hem utandy, hemem begendi. Ol zoo- logiýadan biderek ýere gaýdan ekeni. Ylgap daljygany hemem tolgunandygy üçin, Isabekow oturgyja geçende, haslap demini aldy: «Bagyşla, bagyşla meni, Şir! Men indi hiç hem seniň barada şeýle samsyk pikir etmen!» Öýleden soň gazete dolangy almany goltugyna alyp, Isabekow kitaphana tarap ýöneldi. Ol öňkülerinden ir geldi, gapynyň gabadyndaky stola geçip oturdy, stolda kitabyny, depde- rini goýup, oňa garaşmaga oturdy. Edil öňküler ýaly, töweregindäki kitabyna seredip oturan adamlar çala pyşyrdaşýardylar, arasynda eglenip, ýene yzlaryna gelýärdiler. Şu zatlaryň baryny, Isabekow edil düýşdäki ýaly synlady oturdy. Ol garaşýardy. Gazete dolangy gyzyl alma stoluň aşagynda, onuň dyzynyň üstünde durdy, şonuň üçinem ol gymyldamaga gorkýardy. Sagat ýarym wagt geçdi, daşary garalyp başlady. Ol görünmedi. Iki sagat geçdi — gör- nenok! Üç sagat geçdi — şonda-da ýok! Isabekow henizem garaşyp otyrdy. Ertesi ol ýene sapakda otyrka-da agşam düşerine garaşdy, almany alyp, şäheriň içinde gezmeledi. Ýene-de öte surnukdyryjy sabyrsyzlyk bilen oňa kitaphanada garaşdy. Ol gapyda görnenden, Isabekow ýüreginiň urgu- syndan ýaňa özüni ýitirdi. Hemişekileri ýaly ol çala ýylgyryp, sähel baş atyp geçip gitdi-de, onuň aňry ýanyndaky stolda ýerleşdi, kitap almak üçinem ýerinden turdy. Isabekowyň tolgun- makdan ýaňa kellesi sämäp durdy, onuň stoluň aşagyndaky saňňyldaýan elinde-de, arzyly gyzyl almasy bardy. Ol soňra kitaplaryny alyp geldi, öňküleri ýaly töweregine üns bermän, depderine bir zatlar belleşdirmäge oturdy. Isabekow hem garaşdy. Ýene- de wagt gutarmajak ýaly uzaga çekdi, onuň ýene-de içi gysdy, şu gün her näme bolsa-da, göwnündäkini amala aşyrjakdygyny pikir edende begendi. Ol onuň garaýagyz, päkize ýüzüne, emaý bilen daralan saçyna, oýlanyp, aşak seredýän kirpiklerine, çalt here- ket edýän eline kesesinden syn etdi hemem onuň ýylgyryp: «Ah, aňkasy aşan!» diýşini göz öňüne getirdi. Onuň gaýa-gopuz ýok ýerden ýüregi heser- lendi. Hawa, ol oňa barysyny, şu gyzyl almany ýaňy bir iýjek bolanda, ony ýatlaýşyny, onuňam sebäbiniň hemişe ýatlap gezýändigi üçindigini gürrüň berer, durmuşda nähilidir bir gowy, owadan zada duşsa, ol onuň ýanyn- da bolmagyny, onuň hem görmegini, duýmagyny hem begenmegini isleýär, ol ýanyndaka, owadanlygy doly duýup bilýär. Köçede gijäniň çyralary ýanyp başladylar, okyjylar dagaşdylar, diňe ol gymyldaman otyrdy. Isabekow garaşdy. Soňra ol öňündäkileri ygnaş- dyryp başlady welin, ol ýantorbasyna depderini atyp, gazete dolangy almany alyp, ýola çykdy. Ol köçäniň beýleki tarapyna geçmedi, çykalganyň agzyn- da saklandy, ýüregi agzyndan çykjak bolýardy. Agzy gurap durdy, suw içesi gelýärdi. Ahyry daş basgançaklardan onuň ökjesiniň sesi eşidildi, keltejik paltoly, ýeňiljek ädim ädip gelýän owadan gyz peýda boldy. Almasyny gursagynda saklap, Isabekow özüne aýgyt edip, oňa tarap ätledi. Ol sesini çykarman, onuň deňinden geçip gitdi. — A gyz! — Isabekow gowuşgynsyz gepläp, oňa habar gatdy. — Hawa — Ol sakga durdy-da, yzyna öwrüldi. — Siz maňa bir zat diýjek bolduňyzmy? Samsyklaç dymyşlyk ara düşdi. — Men size... alma getirdim — Isabekow özüni ýitirdi. — Alma? Entek görmändim! Siz maňa hiç wagt alma iýip gören däldir diýip pikir etdiňizmi? — Ýok, düşünýäňizmi, men ony tapdym... — Ýeri, onsoň? Size menden nämäniň gerekdigine düşünmeýärin, — ol saňňyldap gepledi-de, seretmän hem çalt ýöräp gitdi. Ol özüniň gyzyl almasyndan daşlaşyp gitdi. Isabekow bolsa geň galyp, elinde almasyny saklap, onuň yzyndan aňa- lyp galdy, näme bolup geçendigine düşünmedi. Gyzyl alma diýip döreden täsin dünýäsi hem birden sarsyp git- di, şeýdibem, berbat boldy. Isabekow öýüne tarap entirekläp barýardy. Birde- nem ol silkindi-de, elindäki almany bar güýji bilen tümlüge zyňyp goýberdi. Ol bir ýerlerde taklap gitdi, diwara degen bolmaly. Ol çola köçäniň ortarasyndan äm-säm bolup, ýöräp barýardy. Birlän-ikilän maşynlaram onuň töwereginden aýlanyp geçýärdiler. Onuň tanyş gyzlary ýok däl, ýöne ol olaryň hiç birine-de gyzyl almany sowgat beresi gelmedi. Olaryň özlerem şony isläp durmaýar- dylar... Ahyrynda bir aýal, ömür ondan gyzyl alma soraýan, tapdyrýan, talap edýän biri bar ekeni. Bu onuň aýaly Sabyrdy. Isabekow indi güýz bagynyň gyrasynda oturyp, şol barada pikir edýärdi. Agşam Isabekow bilen Enar öýle- rine dolanyp gelýärdiler. Tiz garaňky düşýärdi. Öňlerinde şäher çyralary ýanyp başlady. Ulaglary ýaprak düşe- len köçe bilen ýuwaşja gidip barýardy. Isabekowyň Enaryň elindäki gyzyl alma gözi düşdi. — Bu näme? Sen ony iýmänmidiň? — Ýok. Men ejeme goýdum — gyzjagaz ýuwaşja gepläp, jogap berdi. — Ejeme? — Isabekow hümürdedi. Aňyrdan gelýän gyzgyn demi bokurdagyna tegek boldy. — Dogry aýdýaň, biz ony ejeňe äkidýäris. Başga hiç zat barada gepleşmediler. Isabekow gyzy hakynda pikir etdi. Asyl, ol hemme zada düşünýän ekeni. Ýöne ol hemişe hem şeýle bolsun-da. Hiç haçanam özüniň gyzyl almasyndan ýüz öwürmesin! Isabekow şeýdibem, oňa hat ýazmady. Irden ol heniz ýatyrka, Enar onuň stolunyň üstünde Moskwa heniz iberilmedik haty gördi: «Sabyr, biz seniň ýanyňa barýarys». Gyzjagaz galamy aldy-da, yzyny düşnükli edip şeýle ýazdy: «Eje, bizi garşy al! Biz saňa gyzyl alma alyp barýarys». Çingiz AÝTMATOW. | |
|
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |