08:02

Çingiz Aýtmatowyñ mankurtlary

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 542 | Добавил: Gökböri | Теги: Çingiz Aýtmatow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Bagabat  
43
Temaň adyny okap ýaşuly mugallymym pahyryň geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda: "Günsaýyn mankurtlaşyp barýas" diýip öwran-öwran gaýtalaýany ýadyma düşüp gitdi. Ýöne, arman, dili bilmämsoň, biziňkä ýakyn dilem bolsa, türkçe materiallaryň hemme nýuanslaryna dogry, doly düşünip bolanok.

0
3 Trigger  
643
Mankurt olmamak için ne yapmak lazım? Milletlerin yetişmiş büyük insanları, halkına yabancı olmayan bir aydın kitlesi, elitası olması lazım. Topluma yön verecek gençleri yetiştirecek büyük sanat adamları olması lazım.

,
esasy, şu ,,lazymly'' ýerlerine düşünsek, bolar, Serdar agam!

0
4 Haweran  
411
"Ç.Aýtmatow dünýä edebiýatynda mankurtizmi açdy. Ýazyjynyň mankurtizmi soňky ýüz ýyllykda bize sataşan ruhy kesel. Ýazyjy şol pikiri mifiň, has dogrusy, rowaýatyň üsti bilen beýan etdi. Men bir faktyň üstünden bardym: adamlardan mankurt ýasalyşy baradaky fakt bir türkmen ýazyjysy tarapyndan Ç.Aýtmatowdan has öň agzalyp geçilen eken. Ol hakda Ç.Aýtmatowdan öň gyrgyz ýazyjysy hem eser döredipdir. Gyrgyz ýazyjylary maňa bu hakda Moskwada gürrüň beripdiler. Emma türkmen ýazyjysy-da, gyrgyz ýazyjysy-da şol durmuş faktyny düýpli ruhy problemanyň üstüni açmagyň serişdesi hökmünde ulanyp bilmändir. Asyl, bu olaryň ýadyna-da düşmändir. Ýöne bir geçmişdäki şu gün üçin geň-taň bir zat hökmünde ýatlanyp geçiläýipdir. Aslynda mankurta meňzeş bir ýagdaýa W.Gýugonyň XIX asyryň ikinji ýarymynyň başragynda ýazan «Gülýän adam» diýen romanynda-da duşýarys. Bu ýerde baý miras eýesi bolmak maksady bilen hakyky mirasdüşeriň keşbini üýtgedýärler, hakydasyny alýarlar. Ýörite maksat bilen edilýän bu betnyşanlygy W.Gýugo baýlyga eýe bolmak üçin gurulýan zabun hile hökmünde görkezýär. Özem bu ýokary gatlagyň baý mirasdüşerleriniň zadyna eýe bolmak üçin, ikinji, üçünji derejeli mirasdüşerleriň gurýan hilesi hökmünde beýan edilýär."
http://kitapcy.com/news/2020-06-18-1707

0
5 Bagabat  
43
Sag bol, @Haweran, bu salgy beren materialyňy öň okadym. Osman agaň (Osman Ödäýew) naýbaşy seljermeleriniň biri diýip hasap edip gelýärin. Ýöne, şol ýerde: "Men bir faktyň üstünden bardym: adamlardan mankurt ýasalyşy baradaky fakt bir türkmen ýazyjysy tarapyndan Ç.Aýtmatowdan has öň agzalyp geçilen eken." diýýänini şomadam çaklap bilmändim, şumadam. Dogrusy, gözlemändimem. Pahyryň özünden soraýyn diýseňem, özi ýok...

0
2 guljancharyberdiyewa  
472
Bir mankurtlashdyrmadan halas bolmak üçin bashga bir mankurtlashdyrmany teklip etmek dogry chozgütmi?

0
6 Bagabat  
43
Şol tapgyrda düşürilen kinolaň aglaba köpüsiniňem şol çakdan aşa "teatrallyk" keseli bar-la. "Mollanepes", "Kemine", "Arçaly adam" we ş.m.. Çopan ýigit Ýolaman baradaky "Mankurt" filmem. Ýöne oňa derek Polat Mansuryň Moris Simaşkoň "Ýowşany"-nyny ekranlaşdyran "Beýbars"-ynda-da teatrallyk ýok dälem bolsa, ol juda täsirli. Äý elbetde, sowet kinosynyň täsirinden çykjak bolnup çarp urulýan gözlegleriň döwrüdir-dä. Ýa-da Tarkowskiýniň, Konçalowskiýniň, Paradžanowyň yzy bilen ýörejek bolmakmy nämemi...
Ýöne, dogrusy, meniň pikirimç-ä, Tarkowskiýni, Parajanowy kabul etmek üçin estetlerdir-intellektuallar gerek. "Masskultura bilen saýlama sungatyň arasynda gorp ýatyr" diýlip hasap edilýär-dä.
Äý onsoňam: "Azlyk üçin sungat ýa-da köplük üçin senet" diýen aýtgam belki ýöne ýerden dörän däl bolmagam ähtimal. Kim bilýä...

0
7 eatayew33  
761
@Haweran, Kerim Annanowyň diplom işi hökmünde surata düşüren gysgametrazly "Mankurt" filmi bolmaly. Baş rollarda: Baba Annanow, Ýusup Kulyýew, Kerim Annanow. Kerimiň soňky kinolarynyň hiç birem maňa şeýle täsir etmändi. Şoň ssenariýesi siziň şol diýýäniňiz bolmalymyka diýýän. Kerimiň ogly bilen bilen araňyz bar bolsa, sorap göräýiň, belki, saklaýandyr. Kerimiň öz-ä kinolaryny saklaýardy. Göreniňe juda degýän film.

0
8 Orhideýa  
719
Umuman, gürrüñ "teatrallaşan filmler" barada bolansoñ, goşulman durup bilmedim...
Aslynda, gowy teatrallardan gowy kinolar çykŷar.. Beÿleki döwletleri almanymyzda hem türkmenlerde kinoñ atasy hasaplanŷan Alty Garlyŷew ilki başda teatral adamdy.. Emma,Tarkowskiŷ ya Garlyŷew ýalylar DOGULÝARLAR.. Olara "altynjy duŷgy" diýen ukyby dana TEBIGAT beripdir.. A tak.. tomaşaça
"teatrallaşan kinolar.." ŷaly dúşunjàni berÿan filmleri ŷasan adamlar has duŷgy berjek bolup.. öte geçŷàn bolmaly.. Soñky dôwurler tankydyñ asla ÿoklugy, megerem, şeýle netijàni berdi...

0
9 Orhideýa  
719
"Mankurt" barada... Çingiz Aŷtmatowyñ 1980- nji ŷylda " И дольше века длится день" romany çap bolÿar. 1990 - njy ýylda režissýor H.Narlyýew şol romanyñ içindaki bir rowaýat esasynda film surata dúşurÿàr.
Ýòne, şu eser boýunça seljerme ýazanda Osman Ödäýew biraz.. ýalñyş ýazan ÿaly.. Çünki.. gürrüñi edilýän fakt: "Men bir faktyň üstünden bardym: adamlardan mankurt ýasalyşy baradaky fakt bir türkmen ýazyjysy tarapyndan Ç.Aýtmatowdan has öň agzalyp geçilen eken." (O.Ö) başga milletiñ wekili barada bolmaly. Ol gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýew. Onuñ 1979-njy ŷylda "Баллады забытых лет" kitaby çap bolan. Şol eser esasynda 1986-njy ýylda Kerim Annanow diplom íşini edÿar. (@eataew33 agza, rollarda gatnaşanlary dogry ýazypdyr).

0
10 Orhideýa  
719
Iñ gyzykly ýeri.. Abiş Kekilbaýewiñ şol eserindäki waka... Türkmenler hakynda..

0
12 Haweran  
411
(Çykany bäri görmek isläp, görübilmän ýördüm), ýañy eýranly kinomatografistleriñ düşüren "Hezreti Süleýmanyñ patyşalygy" atly çeper filme tomaşa etdim. Kerim şahyryñ "Señ bu täzelik diýeniñ Pindar döwründe-de könedi, ogul" diýen ýalyrak setiri bardy, şahyr müñ kere mamla. Ýene-de "Her bir täzelik - ýatdan çykarylan könelikdir" diýen söz bardy. Umuman alanda Ç.Aýtmatowam, A.Kekilbaýewam, W.Gýugo hem, Ýewropanyñ zombili edebiýatydyr amerikan kinofilmleri-de "mankurt-zombi" obrazlaryny özlerinden oýlap tapmadylar - dünýä b.n ýaşytdaş miflerden, rowaýatlardan, dini edebiýatlardan özleriçe peýdalandylar, özleriçe täzeden işlediler.
Filmde içine jyn giren (imany gowşak, bilimsiz, nadan, ýa-da az-owlak bilimi bolup muny şer işlerini amala aşyrmaga gönükdirýänler (meselem, ýewreý hahamlary) we nadanlary, bilimsizleri ulanýanlar - Şeýtana, Şere hyzmat edýänler) adamlar bir demde "başga adama"-jandara, mankurta öwrülýär - sözüñ doly manysynda zombileşýär,ne pygamberi bilýä, ne Allany, ne başga mukadesslikleri...
Ideýa - şol bir ideýa (Haýyr b.n Şeriñ göreşi), sýužet - şol bir sýužet, metaforalar - şol bir metafora, hemmesi bir (şeýtan, iblis, jyn, wampir, äjit-mäjit, zombi, mankurt...)

0
11 eatayew33  
761
@Haweran, olaryň ikisindenem habarym bar. Ç Aýtmatowyň "Буранный полустанок или дольше века длится день " eserinde şol rowaýat bary-ýogy birýarty (1,5 ) sahypany tutýar. Bir-ä şony, birem "Мастер и маргарита"- da Pontiý Pilatyň Isa pygamber bilen duşuşýan ýerini, öz-özüme geň galyp, onlarça gezek okandyryn. Onsoň H. Narlyň ol kinosyny nädip halajak?
Eger kino gyzygýan bolsaň, käbir kinolaryň kitabyny okamanyň gowy. "А зори здесь тихие" ýaly kitabam, kinosam agladyp bilýän eserler az-az...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]