23:17 Gyzyl alma / hekaýa | |
GYZYL ALMA
Hekaýalar
Gün ýaşdy gitdi, Isabekowyň bolsa şol pikire çümüp oturyşy. Haty nämeden başlamaly? Aslynda ol bu hatda näme ýazmaly? Örän kyn, mümkin däl diýen ýaly. Aýdara zat juda köp, baslygyp ýatyrlar ahyry! Aýaly onuň gijigen açyşyna ynanarmyka? Köp ýyllap dowam eden dartgynly maşgala durmuşy yzda galdy. Onuň aýaly gel-gel indi – ençeme öýke-kinelerden soňra, yzy gelmedik, köplenç yerliksiz teýene-gyjytlardan soňra, birnäçe dawalardan, ýaraşmalardan soňra, ahyrynda emele gelen boşlukdan soňra – pähim-paýhasly, ýok beýle däl, ýöne adam şekilli oňa düşünip hem bagyşlap bilermika?.. Bile ýaşalan durmuşyň ilkinji ýyllaryndaky ýaly sada, açyk mähirli bolup bilermikä? Eger bolup bilmese näme? Eger düşünmese ýa-da ondanam erbedi – ynjasa, ýene aýal buýsanjy, betbagt ykbal hakda tükezzibana tutduryp ugrasa... ýeri, şonda näme? Bir gezek ýassykdaşyna: „Seniň isleýän zatlaryň aýalyň öz-özüni söýüjiliginden başga hiç zat däl“ diýendigi Isabekowyň ýadyna düşdi. Onuň hemişe öz joralaryna gözi giderdi: - Sen onuň hatda myhmançylykda hem aýalyndan gözüni aýyrman oturandygyna üns berdiňmi? Adamlaryň arasynda dyzyna çöküp, onuň köwşüniň bagjygyny daňmaga-da utanmady. - Ýaranjaňlyk etmegi-de, suwjarmagy-da oňaramok – diýip, Isabekow şonda onuň sözüni kesipdi. - Ol nämäniň ýaranjaňlygymyşyn? Sende duýgurlyk, ýürekdeşlik ýok, nähili aýtjagymy-da bilemok, öz söýgiňden utanýaňmy-nämemi? Meniň bolsa beýle ýaşasym gelenok. Men öz söýýän adamymyň meni açyk söýmekden çekinmezligini isleýän. Ýogsam, bu birhili kemsidiji bolýar. Sen bu hakda hiç wagt pikir edip göreňok ahyry! - Pikir etmegem islämok. Meniň bu zatlara wagtym ýok. Seniňem iş-aladaň ýetik, sebäbi bu gün-ertir dissertasiýa goramaly, şonda-da bolgusyz zatlara üns berip ýetişişiňe düşünýän däldirin: biri başga biriniň köwşüniň bagjygyny daňanmyşyn! - Seniň bilen gürrüň edeniň peýdasy ýok. Sen asla hiç zada düşüneňok ahyry! Ýöne ol indi düşünýärdi: aýalynyň näme hakda aýdandygyna düşünýärdi hem-de bu barada boýun almasa hem, onuň mamla ekendigini duýýardy. * * * Aýaly köçeden ýöräp barýarka, onda ötegçileriň nazary eglense, Isabekowa hoş ýakardy. Aýalynyň näzikdigini, maýyl edijidigini, akyllydygyny onuň özi hem bilýärdi. Ýassykdaşynyň ýöreýşi-de oňa ýaraýardy. Ol owadan, ýeňil hereket ederdi, haçanda myhakly köwşüni geýende dagy gyzjagaz gelýär-ow diýdirerdi. Onuň näzlene-näzlene tans oýnaýşyny diýsene! Adamlaryň özüne haýran galmak bilen seredýändigini gören mahaly gözleri ýaş gyzyňky ýaly ýanyp başlabererdi! Ýöne barybir nämedir bir zat onuň aýalyny näme üçin halaýandygy barada pikir etmezden, açyk söýmegine hemişe päsgel berip geldi. Şeýlekin söýmegine! Ol göýä diýersiň, galdyrmasyz zadyny hut şol ýerde goýup gaýdan ýaly, öz ýaşlygyna dolanmak üçin güýç tapmalydygyna ynjalyksyz ýagdaýda akyl ýetirýärdi. Indi Isabekowa öz günäsini (eger ony günä diýip atlandyryp bolýan bolsa) boýun almak gerekdi. Ýöne ony başga zat howsala salýardy: aýdylyşy ýaly, häsiýetleriniň deň gelmändigi sebäpli, biri-birinden daşrakda bolar ýaly hem-de näme etmelidigi gutarnykly çözüler ýaly, biri galyp, beýlekisi gidenden soňra, ol indi özünden üstün çykmagy, ýaşalan ýyllara nähildir bir başgaça – keseden syn etmegi başararmyka? Eger başarmasa näme? Diýmek, ähli zadyň gutardygymy? Ýok, ol muňa ýol bermez! Isabekow birnäçe gezek galama el ýetirdi, şonça gezek hem taşlady. Uzyn boýly, hor, hužžuk saçly kişi ýüzi salyk halda penjirä golaý baryp, diwara ýaplanyp köp durdy. Soňky awtobuslar burçda saklanýardylar, çaltlyk bilen ýolagçylary mündürýärdiler, tukat güýz tümlüginde gyzyl çyrajyklaryny gyrpyldadyşyp, ýollaryny dowam etdirýärdiler. Haýsydyr bir ýigit hem-de goňşy gyz ikisi, ynha, indi, gör, näçinji gezek jaýyň girelgesine gelýärdiler, yzlaryna gidýärdiler, ýene gaýdyp gelýärdiler. Edil çagalar bagynda ýaly, biri-biriniň ellerini goýberenokdylar. Isabekow olara göriplik edenokdy, ýok, ýaşlaryň hereketinde nähilidir bir gowy, ýürek gopduryjy, gussa batyryjy zat bardy. Uzakda, elektrik togunyň şäheriň daşynda çar ýana seçelenýän ýerinde, ähtimal, dagyň üstünde bolsa gerek, janly otjagaz ýyldyzjygy ogşap, ýalpyldaýardy. Megerem, çopan ody bolsa gerek. Şu pursatda onuň şol ýerde bolasy, hiç zat hakda pikirlenmän, gijäniň gorkunç garaňkylygyndan birneme ýygrylyp, arçanyň şatyrdaýan şahalaryny oda oklap oturasy geldi. Ol penjiräniň öňünden aýryldy. Gyzy Anarany görmek üçin ýatylýan otaga ýöneldi. Indi uly gyz weli, şonda-da haçan görseň üstüni açyp, sowukdan ýaňa ýygrylyp ýatandyr. Anara arkaýyn uklap ýatyrdy, uzynly gün ylgap ýadan bolsa gerek. Hawa, gyzy arkaýyn uklap ýatyrdy, bu günki eden işi onuň ýadyna hem düşýän däldir. Eh, Anara jan, Anara jan! Ol öz kakasyny nähili tolgundyrandygyny bilenok! Gijäniň gylla ýarynda-da onuň näme sebäpden ýatmaýandygyny bilenok! Isabekow gyzyna seredip durşuna, içinden: “Sen arkaýyn uklap ýatyrsyň, bu – gowy zat. Her zadyň wagty bardyr, ulalarsyň, seniň öňüňde hem ukusyz gijeler bolar. Megerem, ondan hiç kim gaçyp gutulyp bilmeýän bolsa gerek, häzir bolsa ýat, ýat, süýji düýşleri gör” diýdi. * * * Ol gündiz Anarany şäheriň daşyna äkidipdi. Özüniň onuň ejesi bilen gatnaşygy hakda şol ýerde – tebigatda gyzyna gürrüň berjekdi. Aýaly hatynda muny aýgytly talap edipdi. Ol gyzyna ejesiniň Moskwada diňe öz dissertasiýasy öçin däl, eýsem, aýry ýaşalsa, ikisinde-de gowy boljakdygy sebäpli gezip ýörendigini, Anaranyň hem kimiň ýanynda galasynyň gelýändigini çözmelidigini düşündirmekçidi. Isabekow çaga üçin aýylganç bu gürrüňe öýde başlamaga gorkupdy. Onuň göwnüne bu gürrüň şäheriň daşynda edilse gowy boljak ýalydy, gyzy-da barybir ejesiniň ylmy – barlag institutynda işlemek üçin, hemişelik megen tutunmak isleýän ýeri bolan Daşkende gitmek isleýmän, öz ýanynda galjak ýalydy. Kakasy adyny tutup çagyran mahaly Anara howluda oýnap ýördi. - Switeriňi geý, biz şäheriň daşyna gidýäris. - Şäheriň daşyna! – diýip, Anara çapak çarpdy. Birdenem geň galyjylyk bilen: - Näme üçin? – diýip sorady. - Keýpine. Gezelenç ederis. Köçelerde adamlaryň köplügi Isabekowyň gaharyny getirdi – ulaglar zordan süýrenişýärdiler. Ýekşenbe güni hemişe şeýle. Olar şäheriň daşyna çykyberenlerinde, ulaglaryň akymy gowşady. “Wolga” saldamly çaýkanyp barşyna tizligini artdyrdy. Gyrasy beýik agaçlar bilen jäheklenen gara ýoluň tekiz lentasy öçügsi ýyldyrap, ýapgytdan dyrmaşyp, uzakdaky daga tarap gidip barýardy. Isabekow açyk–aýdyň agaryşyp duran depelere sesini çykarman seredýärdi. Anara: - Kaka, mümkin bolsa, ýuwaşrak sürsene! – diýip haýyş etdi. Isabekow tizligi güýçlendirdi. - Sen, näme, gorkýarmyň? - Ýok, ýöne aýdaýdym– diýip, gyzy jogap gaýtardy-da, ýene aýna ýaplandy. - Sen hemişe gaty gidilse, gowy görýärdiň ahyry! Anara yzyna öwrülmedi, hamala, aýdylany eşitmeýän ýaly, hiç zat diýmedi. Isabekow onuň ýuka switerden çykyp duran çaga eginlerine, burum-burum ýumşak gara saç örten inçejik boýnuna seretdi, gapa ýaplanan dymma keşbinde nähilidir bütinleý nätanyş, oňa adaty bolmadyk zady gördi. Gyzjagaz endişeli görünýärdi. “Aňýan bolamasyn? Çagalaryň ähli zada juda duýgur bolýandyklaryny biz köplenç unudýarys ahyry. Ýöne ol näme üçin hiç wagt hiç zat hakda soramadyka?”. Isabekowyň bu pikirden ugry gaçyp ugrady. Aý, ýok-la, ol nireden bilsin? Ne aýaly, ne-de özi oňa aňar ýaly sebäp döretmedi ahyry! Aslynda-da, bu zatlary kim seljerjekmişin diýsene! Iň howplusy (ol hemişe şundan gorkýardy) çaganyň degnasyny haraplamakdyr. Adamyň kalby şeýle gurlupdyr: ony doňdurmak aňsat-da, ýylatmak kyn, çendanlar-ha asla mümkin hem däl. Ine, onsoň degna keselliler ýetişýärler. Ýok, Anara ähli zady ýerbe–ýer gyzjagaz. Belki, ol nämedir bir zatlary aňýandyr? Sebäbi onuň özi-de çaga döwürleri öýde betbagtçylyk ýüze çyksa, derrew duýardy. Onuň şol wagt nähili ezýet çekýändigini hiç kim aňmazdy. Gyzynyň hem iru-giç bolýan zatlary biljekdigi belli. Kakasy aýtmasa, ejesi aýdar, ol gönümel ahyry. Ýok, gowusy, kakasy aýtsyn. Etjek alajyň ýok. Mundan aňry süýndürip bolmaz... Belki-de, onuň göwnüne şeýledir, Anara jan ýöne penjireden seredip, gaýmalaşýan ýapraklara syn edýändir? Ýeri, onsoň munuň üýtgedýän zady barmy, barybir aýtmaly bolar-a... Eh, neneň ajaýyp gün! Ýüreginde hem şeýle ajaýyplyk bolsady... Ýaprak bürän güýz ýolunda hereket ýokdy. Isabekow, dogrudanam, şeýle tizlik bilen sürmegiň gelşiksizdigi hakda oýlandy. Ýapraklar ýuwaşjadan gaýyşyp, ýere emaý bilen düşýärdiler. Olaryň käbiri ulagyň üstüne gaçýardylar, gapdal aýna ýelmeşýärdiler, soňra bir tarapa ykjadylyp äkidilip, hamala diýersiň, ondan galmak islemeýän ýaly, birnäçe wagtlap maşynyň gapdaly bilen uçýardylar. Ýoluň iki gapdalynda hasyly ýygnalan meýdanlar, solgun keşpli üzümçilikler, ýaşyl reňkli klewer ekilen meýdanlar Gün nuruna gark bolup ýatyrdylar. Sürüm geçýän traktorlaryň yzynda garasar sürüsi uçup-gonýardy. Tylla güýzüň iň soňky günleri. “Ýagyş ýagar-da, ähli zat müzzerer, garalar, öz owadanlygyny ýitirer” diýip, Isabekow gynanç bilen oýlandy. Ol ýene Anara seretdi. Gyzy aýnadan bakyp otyrdy. - Sen näme üçin dymýarsyň, Anara? Gyzjagaz kakasyna geň galyjylyk bilen seretdi, hiç hili jogap gaýtarmady. - Sen sapaklaryňa taýýarlanyp ýetişiňmi? Ol baş atdy. - Daş-töwerek owadan, şeýle gerek? - Hawa, örän owadan. Isabekow utandy. Ýeri, şeýle zordan tapylan tukat sowallar kime gerek? Oňa näme bolýarka? Ikisi hemişe ýeňil, erkin ýaňraşýardylar ahyry! Megerem, kakasynyň özi şu gün gamgyn bolsa gerek. - Robertino! – diýip, Anara tisginip gitdi. – Waý, kaka, Robertino! Ony biziň synpymyzdakylaryň hemmesi gowy görýär. Oglanlaram, gyzlaram. Senem ony gowy görýärsiň ahyry! Ejemem gowy görýär. - Hawa, Anara, hawa, elbetde, ejeňem... Sen, gör, nähili owadanja bolup ýetişipsiň, meniň gyzjagazym! – diýip, gyzynyň giňden açylan goýun gözleriniňbirden altyn bölejigi ýaly ýalpyldap gidenine geň galyp, Isabekow onuň kellesine çalaja kakyp goýberdi.- Men-ä gyzym kakasyndan öýkeläp otyr-ow diýip pikir edipdim. - Aýdýanyň näme, kaka! - Şeýle bolsa, onda gowy, gel, bileje diňläli. Soňra men saňa Şubert hakda, Robertinonyň watany hakda gürrüň bererin. Gürrüň dowam edýärkä, “Aýe Maria” sazy göýä diýersiň öz yzy bilen bu güýzi, bu Zemini, adamzat ýüreklerini ruhlandyrýan ýaly, güýz giňişliginiň üstünde dabara bilen ýaňlanýardy. Birdenem Isabekowy duýdansyz ýagdaýda Güni, öňde howalanyp görünýän daglary, Robertinonyň sesini hem-de gyzynyň tolgunmasyny bir ýere jemleýän sazlaşlyk duýgusy gurşap aldy. Megerem, her bir adamyň kalbynda ajaýyp zatlara teşnelik bar bolsa gerek. Belki, bu adamyň tebigatynda bardyr. Ýöne nuňa düşünmeýändigimiz üçin, biz köplenç bu gözelligi gorap saklamaýarys. Ynha, häzir hem ol çaga düşünjeleriniň ýarym erteki we entek berkäp ýetişmedik dünýäsini weýran etmeli... Robertino aýdym aýdardy. Anara hem ýuwaş ses bilen onuň aýdymyny gaýtalaýardy. Ulag bolsa şol wagt uly alma baglygynyň germewinden aýlanyp geçip, şaýoldan derýajyga tarap öwrüldi. Isabekowlar bu ýerde tomusda bolardylar. Adamlar bärik seýrek gelýärdiler; derýajyk ýalpakdy – sowuk dag suwunyň eteginde daşlyk düýbi görünýärdi. Bu ýerde hiç hili güzer-de ýokdy. Oňa derek golaýda, çägelik depeleriň aňyrsynda çal başly dag howalanyp otyrdy. Ol ýerden, ýokardan bu ýere äpet togalak daşlar gaçyp, Anara olara dyrmaşmagy gowy görerdi. Bu ýeriň Isabekowy özüne çekmegi hem, belki, şonuň üçindir? Töweregi günortanyň ümsümligi gurşapdy. Anara äpet daşlara tarap eňdi, onuň Robertinonyňka öýkünýän sesi birden-ä daşlaryň aňyrsynda kesilýärdi, birdenem olaryň arasynda gaýtadan ýaňlanýardy. “Aýe Marianyň” owazy Isabekowyň gulagynda ýaňlanyp durdy, göwnüne bolmasa, daş-töweregindäki ähli zat täzelenen ýalydy. Eýýäm boşap galan alma baglygy derýajygyň depesinde hasyly ýygnalan, arassa ýagdaýda otyrdy hem-de, hamala diýersiň, “Adamar ýene miwe gözläp gelmezlermikä?” diýip soraýan ýalydy. Germewiň uzaboýuna goýlan bede küdeleri hem möwritini geçiren tomsa goýlan ýadygärlige meňzeýärdi. Olar jöwzanyň ysyny hemmelerden uzak saklarlar. Tomusda bu ýerde ähli zat, megerem, başgaça bolandyr, onuň bolsa hiç zat ýadyna düşenok... Hamala tomsy bolmadyk ýaly... Anha, bulutlar – akja köşejikler peýda boldular. Oba gitsediň! Isabekowyň ol ýerde bolmanyna köp wagt ötdi... Anaranyň ýodajyk bilen baga tarap ugrandygyny gören Isabekow özüniň bu ýere näme üçin gelendigini ýadyna salyp, onuň yzyndan gygyrdy: - Sen nirä? - Baga. Men agaja dyrmaşmak isleýän. - Ikimiz gürleşmeli. - Näme hakda? Robertino hakdamy? - Hawa. - Soňrak diňlärin. Men derrew gelerin. Anara bökjeläp, baga ugrady. Isabekow ýene gyzyna nämäni nädip aýtmalydygy hakda pikirlenip ugrady. Aýdylmaly sözler onuň özüne-de geň, bolgusyz, elhenç bir zat bolup görnüp, bu güýz güni, ýagty jahanyň döredýän duýgulary “Aýe Maria” we Robertinonyň sesi bilen asla baglanyşanokdy. Onuň kalbyna gorky aralaşdy. Kakasy indi gyzynyň köpräk ylgamagyny, onuň aýtmaga borçly bolan zatlaryny aýtmaga mejbur etmezligini isleýärdi. Haçanda bagdan Anaranyň bir zada geň galýan sesi eşidilende, ol tisginip gitdi-de, başyny aşak goýberip, gyzyna arkasyny öwrüp, ýerde oturdy. - Kaka, kaka! Meniň näme tapandygyma seret! Ol yzyna öwrülmedi. Gyzynyň ylgap gaýdandygyny, derländigini, demini sojap alýandygyny aňdy. Anara aňyrdan gelşine onuň boýnundan gujaklady-da, ullakan gyzyl almany uzatdy. - Alma tapaýdyňmy? - Hawa, ol ýapraklaryň arasynda gizlenen eken. Asla görnenok, häý, mekirje diýse! Men weli tapdym! Ol edil çyrajyk ýaly ýanyp ýatyr eken. Bu iň soňky, iň süýji almadyr. Bagyň içinde indi ýekeje-de alma ýok. Munuň owadandygyna seret! Güne meňzäp dur-da! Ysy nähili!. - Hawa, juda owadan, aport agajy-da. – Birdenem ol özi üçin garaşylmadyk ýagdaýda sözüniň üstüni ýetirdi. – Bilýärmiň, Anara, bu – bagtyň alamaty! Bu alma saňa tutuş tomus garaşypdyr, şonuň üçin hem, özüni hiç kim tapmaz ýaly gizlenipdir. Ony sen tapypsyň. Bu almany kim iýse, örän bagtly bolar! Isabekow almany ýaglygy bilen süpürip, ony gyzyna uzatdy. - Me, iý! - Robertino hakda haçan gürrüň berjek? - Soňra, sen entek oýnaber. - Bilýäňmi, kaka, men agaja oňat dyrmaşýan. Alma agaçlary, uly, beýik şahalary-da ýogyn, amatly. Erik weli beýle däl – gaharjaň agaç, pudaklary, tikenjikleri köp. - A sen diňe gowy agaçlara çyk! – diýip, Isabekow güldi. - Kaka, sen, heý, bir gezek şeýle alma tapypmydyň? – diýip Anara duýdansyz sorady. Isabekow özüni ýitirdi. Ol jogap bermezden öň birsalym dymyp oturdy, soňra ýuwaş ses bilen: - Hawa. Sen ýene birsalym oýna, men bu ýerde oturaýyn – diýdi. Eli gyzyl almaly Anara baga ylgap gitdi. Ol bolsa başga bir gyzyl almany ýadyna saldy hem-de geň, akyla sygmaýan gabat gelmä haýran galdy. Isabekow hem bir gezek şu bagyň içinde diýen ýaly, hawa, hut şu bagda, ýöne onuň beýleki tarapynda – alma agaçlarynyň depeden göni meýdana inýän ýerinde şeýle owadan alma tapypdy... *** Ol uruşdan soň häzirki wagtda talyplara leksiýa okaýan ýerine, oba hojalyk institutyna okuwa girmäge şähere gelipdi. Edil şu günki ýaly tomus güni talyplary irden togalak daş düşelen ýol bilen şäheriň daşynda ýerleşýän daýhan birleşigine şugundyr ýygnatmaga alyp gidipdirler. Talyplar uzynly gün işlediler, gara çörek paýlaryny bireýýäm iýip gutardylar. Ikindin ýadaw, aç halda şähere dolandylar. Ýolda tutuş toplum daýhan birleşigiň bagyna sowuldy. Hasyl bireýýäm ýygnalypdy, ýöne otdan we ýapraklaryň üýşmeginden kimdir birine birnäçe alma tapmak başartdy. Olar almalary doganlarça paýlaşdylar, iýdiler. Işdäleri has-da açyldy. Onsoň dumly-duşa pytrap, bagy elek-soky edip ugradylar. Emma degerli bir zat tapman, ýola çykyp başladylar. Isabekow, häzir ýadyna düşüşi ýaly, ýoldaşlarynyň yzyndan ýetmek üçin bagyň içinden ylgady. Ol birden agajyň şahasyndaky ýapragyň aşagynda nämedir bir zadyň öwşün atyp durandygyny gördi. Gözüne görünýändir öýtdi, emma birnäçe ädim ylgap gideninden soňra, yzyna öwrülip gedi. Garry agaçlaryň arasynda oturdylan ýaşajyk alma agajynyň daşyndan aýlandy. Bu bezenip-beslenip oturan agaç beýlekilerden tapawutlylykda, entek goýy mis reňkli ýapraklardan jyda düşmändir. Gün solan ýapraklaryň gara reňkini gurak, gyzgyn şöhlesi bilen gyzardýardy. Ol täsin miwäni gördi, geň galyp, “Oh! Muny gör-le!” diýip pyşyrdady. Erkek kişiniň goşa ýumrugy ýaly uly, gyzyl, belki, bu ýaş agajyň ýeke-täk miwesi bolan alma, egrelen inçe şahada ýapraklara gizlenip durdy. Isabekow birsalym oňa syn edip durdy, soňra towsup, şahanyň düýbüni egäge-de, ökjesine galyp, almany ýoldy. Ony ýakymly ys gurşap aldy, hatda başy aýlanyp gitdi. Ýuka gyzyl gabygyň aşagyndan Gün reňkli, şireli miwe görnüp durdy. Ol almany ikä bölüp, oňa agyz urmak isledi, emma iň soňky pursata pikirinden dändi. Isabekow almany şol gyza berer! Onuň edil häzir ýadyna düşüşini diýsene! Örän gowy! Ol hemişe-de şol nätanyş (hatda adyny hem bilenok) gyz barada oýlanyp ýör ahyry! Neneň ony ýadyna salmasyn! Indi başga zat hakda pikir etmän, Isabekow almany kisesine saljak boldy. Sygmady. Onsoň ol kelteçkesiniň içligini söküp, almany şoňa saldy-da, oglanlaryň yzyndan ýetmek üçin ylgady. Olar ýolda uguraş ulaga garaşyp duran eken. Isabekow öz tapan zady hakda derrew dogrusyny aýtmak kararyna geldi: - Oglanlar, men alma tapym, ýöne ol size berler öýdüp tama etmäň. Men ony birine sowgat bermekçi. - Ýeri, onsoň alma nirede? - Ynha. Elläp göräýiň! - Eý-how! Ullakan eken! - Ol nähili bir adam? Kime? – diýip, syryk ýaly uzyn Şer haýasyzlyk bilen onuň goltugyna dykylyp bary. - Kime bolanda saňa näme? – diýip, Isabekow jogap berdi. - Görüň-le, üýtgeşik alma tapanmyşyn! – diýip, Şer tekepbirlik bilen gülüp, Isabekowyň egnine kakdy. – Hany, mekirligiňi goý-da, ony bäri ber! Şer Isabekowyň ýüzüne hahahaýlap güldi-de, ýa-ha oýun edip, ýa-da, hakykatdanam, almany almak isläp, onuň kelteçkesinden ýapyşdy. Isabekow onuň eline gaty urdy. Şer böküp, bir gyra çekildi. Ýigitler gülüşdiler. Şol wagt ugurdaş ýük ulagy gelip ýetdi, oglanlar derrew onuň üstüne dyrmaşyp başladylar. Hawa, Isabekow bu adaty bolmadyk almany şol nätanyş gyza bermegi ýüregine düwüpdi. Ol gyza şäher kitaphanasynda ýygy-ýygydan duş gelerdi. Ýigit her gün şäheriň çetinden – oba hojalyk institutynyň ýerleşýän ýerinden şäheriň merkezine şol gyz sebäpli aýagyny süýräp gaýdýardy. Ol okalga zalynda oturyşyna, gyzyň haçan peýda boljakdygyny akyla sygmajak ýagdaýda anyk bilýärdi. Isabekow gyza hemişe ýüregedüşgünç tolgunma bilen garaşansoň, kämahal okap oturan zadyna hem düşünmezdi. Ýigit gapynyň garşysyndaky stolda oturardy, haçanda ol işikde peýda bolan mahalykitapdan ünsüni sowardy, şol wagt ikisiniň nazary az salymlyk sataşardy. Ol gyzda nazaryny egläp durmaga utanardy. Hamala diýersiň, onuň utanýandygyny duýýan ýaly, gyz sähel bildirýän ýylgyryş bilen derrew boş duran ýere tarap ugrardy. Torbasyny stolda goýup, kitap almaga giderdi. Isabekow bolsa hemişe arassa hem owadan geýnüwli, buýsanjaň gyzyň kitap alyp, deňinden geçerine garaşardy. Ähtimal, ol örän akylly, örän sowatly bolsa gerek. Isabekow bu hakda geň galmak bilen pikir ederdi, onuň şeýledigine begenerdi, gyza buýsanardy. Onuň diňe okalga zalynda peýda bolmagy bilen, Isabekowy hem ezýet, hem-de şatlyk horlardy. Ýigit onuň garaýagyzdan gelen gelşikli boý-syratyna, tämiz daralan saçyna, pikire çümende aşak goýberýän kirpiklerine, depdere çaltlyk bilen nämedir bir zatlary ýazýan ýumşajyk eline keseden syn etmegi halardy. Bardy-geldi haýsydyr bir ýigit onuň deňinde saklanaýsa ýa-da oglanlar stoluna kagyz bölejigini oklaýsa, Isabekow stoluň eteginde ýumruklaryny düwüp oturyşyna, olaryň üstüne topulmaga taýýardy. Ýöne gyz hyşy-wyşylardyr ýuwaşja gülkülere üns bermän, şol bihaýa ýazgylary ýyrtyp goýberende kalby giňäp giderdi, oňa, gör, nähili minnetdar bolardy! Isabekow diňe özi birneme ýaraýan bolaýmasa, gyza bu ýerde başgahiç kim ýaraýan däldir diýip pikir edýärdi. Ol şeýle bolmagyny islänsoň, bu barada arzuw edensoň, gyzyň bildirer-bildirmez ýylgyrmasyny, ýeňil, ünssüz baş atmasyny özüne bolan nähilidir bir mähir hökmünde kabul ederdi. Emma Isabekow onuň bilen tanyşlyk açmaga aýgyt edip bilenokdy. Gyz oňa juda medeniýetli bolup görünýärdi, ol bolsa obadan gelen adaty ýigit, şeýle talyplaryň şäherde ýüzlerçesi bar ahyry. Munuň üstesine hem Isabekow özüniň daş keşbinden utanýardy: egni gimnastýorkaly, aýagy ädikli, gerşi meýdan torbaly gezip ýördi – olar frontçy agasyndan ýeten zatlardy. Gyşda hem agasynyň şinelini geýerdi. Gyz kitaphanada giç peýda bolardy. Ol okalga zaly ýapylýança oturardy. Haçanda gyz stoldan turup, kitaplary yzyna tabşyrmaga gidende, öz alan kitaplaryny eglenmezlik üçin öňden tabşyrýan Isabekow derrew goş-golamyny ýygnap, köçä çykardy. Ýoluň beýleki tarapyna geçip, gyzyň daşary çykaryna garaşyp durardy. Ine, şeýle aralykda hem, ötegçileriň kelleleriniň üstünden gözden salman barşyna, gyzy öýlerine çenli ugradardy. Ol uzakda däl-de, kitaphanadan iki mähelle aralykda, uly sary jaýda ýaşaýardy. Gyzy ugradandan soň, Isabekow tutuş şäheri pyýadalap ýatakhana gaýdardy. Ýolda şäher seýilgähine sowlardy. Ol ýerde tans meýdançasy bardy. Çekinmezden gyzlaryň ellerinden tutýan, billerinden gujaklaýan we saza pyrlanýan oglanlara Isabekowyň nähili gözüniň gidýändigini bilsediler! Ýigitler öz saýlan gyzlaryna nämeir bir zatlary diýýärdiler, olar hem ýylgyryşyp, öňküdenem näzik bolýardylar. Isabekow tans edýänleri synlap durşuna iň owadan, çak edişi boýunça söýgüsi iň bir hakyky jübütleri saýlardy, ýigidi – özi, ýanyndakyny hem – şol gyz hökmünde göz öňüne getirerdi. Onuň duýgusy çyna meňzeşdi, ol öz söýgülisi bilen diňe bir tans edenokdy, hatda gürleşýärdem. Şol göz öňüne getirmeler, takmynan, şeýleräkdi: - Meniň kitaphana diňe siz sebäpli gelýändigimi bilýäňizmi? - Hawa. Siziň hemişe maňa garaşýandygyňyzy-da bilýän. - Men siz hakda uzynly gün: okuwda-da, naharhanada-da, ýatakhanada-da pikir edýän. Men kinoda otyrkam, ekranda nämeleriň bolup geçýändigin göremok. Siz hakda pikirlenýän mahalym maňa nähili ýakymly bolýandygyny siz bir bilsediňiz! - Geň galaýmaly, menem kämahal siz hakda pikir edýän. Ýöne siz näme üçin hiç wagt meniň ýanyma geleňzok, meniň bilen gürleşeňzok? - Maňa şeýle-de gowy. Eger siz kitaphanada daň atýança otursaňyz, menem size seretmek üçin keýpine oturardym. - Eger birden meni ýigitler ugradaýdy-da, ýeri, şonda näme? - Men oňa ýol bermen. Sizem ýol bermersiňiz, sebäbi men sizi söýýän! - Meniň ýol bermejegimi siz nireden bilýäňiz? - Siz başga hili gyz! - Wiý, siz men hakda hiç zat bileňzok ahyry! Siz maňa nädip baha berip biljekmişiňiz? - Men size ynanýan. Men sizi tanaýan. Siziň saçyňyzyň ysyny alýan. Hiç wagt sesiňizi eşitmesem-de, siziň nähili gülýändigiňizi bilýän. Men siziň gözüňize ynanýan. Siz açyk göwünli, gowy, iň owadan hem iň akylly gyz! - Waý, siz juda köp zat aýtdyňyz. Şolaryň hemmesi dogrumy? - Dogry. Şol gün agşam Isabekow ýatakhana dolanyp gelende, almany tumboçkada goýdy-da derrew ýuwunmaga, ädigini arassalamaga ylgady – kitaphana gitmezden ozal özüňi tertibe salmaly ahyry! Ýöne dalandaky asma sagada seredip, eýýäm giçdigine düşündi. Otagdakylaryň hemmesi bireýýäm uka gidipdi, ol bolsa bu täsin almany şol gyza nädip sowgat berjekdigini göz öňüne getirip, garaňkyda uzak wagtlap eýläk-beýläk agdaryldy ýatdy. Ol gyzyň geň galyşynyhem begenişini gördi – şeýle uly, şeýle reňkli, şeýle hoşboý ysly almany bu wagt tutuş älem-jahanda tapyp boljakmy, diýsene! Isabekow hökman öz tapan zady hakda, güýz baglygyndaky ýaşajyk alma agajy hakda, bu almanyň iň saýlantgydygy, agşam şapagynyň şuglasyna garamtyl-altyn öwsüp, mis ýapraklara bukulyp ýatandygy hakda jikme-jik gürrüň berer. Ol, şeýle-de, öz arzuwlaryny beýan eder, gyzy her gün hyýalynda öýüne ugradyşyny, tans meýdançasynda bile tans edişini, gürrüňleşişini boýun alar; gyz, megerem, güler, “Geň adamdygyňyzy!” diýer. Ol bu sözleriň aýdylyş äheňinden öz üstünden gülünmäni däl-de, mähir-muhabbeti aňar. Soňra bolsa, belki, olar bileje kino giderler, ýigit gyzyň ýanynda oturar, ýakynlygy duýar; ol, elbetde, hiç hili kinony görmez, onuň geregi hem ýokdur. Wah, oňatja penjegiň, köwşüň bolsady! Onuň ýanynda aýagyň ädikli gezip ýörseň... birhiliräk boljak-da... Aý, eger ol akylly bolsa, muňa ähmiýet beribem durmaz-la. Isabekow şu pikirler bilen uka gitdi. Ýöne gijäniň gylla ýary düşekden atylyp turdy: düýşünde bihaýa Şer onuň gyzyl almasyny gemrip otyrdy. Isabekow oýaly-ukyly halda Şeriň golaýyna bardy, emma ol uludan hor çekip ýatyrdy. Beýleki oglanlaram şeýledi. Isabekow, barybir, tumboçkany açyp, garaňkyda almany elläp görüp, diňe şondan soň ynjady. “Ägä bolaweri!” diýip, alma ýüzlenip pyşyrdady. Irden penjiräniň kiçi aýnasyny açyp durkalar, oglanlar onuň gyzyl almasynyň ysyny alan kişi bolşup degişdiler: - Isabekow, seniň almaň gaty üýtgeşik! Sen almany hassahanada ýatan kimdir birine niýetlän bolsaň-a, ony basymrak äkit-de dyn. Ýogsa Şer ony lak-luk atar. - Wah, men ony düýn aňryma oklajakdym-la. Siz goldamadyňyz-da – diýip, Şer kesgin jogap gaýtardy. - Synanyp bir gör! - diýip, Isabekow oňa ýuwaş ses bilen haýbat atdy. Soňra olar okuwa ugradylar. Şol gün sapaklar gutarmaza dönüpdi! Arakesmeden soň yzyna girdiler welin, Isabekow birden okuw otagynda Şeriň ornunyň boş durandygyny göräýdi. Onuň üstünen duýdansyz suw eňterilen ýaly boldy. Ýerinden atylyp turdy-da, zoologiýa professorynyň leksiýasynyň arasyny böldi: - Professor, bagyşlaň! Men edil häziriň özünde gyssagly daşary çykmaly. - Suze näme boldy, ýagşy ýigit? – diýip professor geň galdy. - Düşündirip biljek däl, emma men goýbermegiňizi örän haýyş edýän! Isabekow okuw jaýyndan ýatakhana çenli ýumruklaryny düwüp ylgap gitdi. Şer otagda ýok eken. Ol hasyr-husur tumboçkany açdy – alma goýlan ýerinde durdy. Isabekowy hem utanç, hem-de şatlyk gurşap aldy. Diýmek, Şer zoologiýa sapagyndan keýpine assyranja ökje göteripdir-dä! Ylgamakdyr tolgunmakdan ýaňa haşlap duran Isabekow düşege geçip oturdy. “Meni bagyşla, Şer! Dagy-duwara sen hakda samsyk pikir etmerin!” diýip pyşyrdady. Agşam alma dolanan gazeti goltugyna gysyp, Isabekow ahyrsoňy kitaphana ugrady. Ol adatdakysyndan ir geldi, hemişe bolşy ýaly, gapynyň garşysyndaky ýeri eýeledi; kitaplardyr depderleri stoluň üstünde goýup, garaşyp başlady. Her gün gaýtalanyp duran ýagdaýdy: daş-töwerekde adamlar kitaplaryň üstüne eglişip otyrdylar, pyşyrdaşýardylar, çilim çekilýän ýere çykýardylar, yzlaryna dolanyp gelýardiler. Isabekow bu zatlara edil düýşde ýaly syn edýärdi. Gazete dolanan gyzyl alma stoluň eteginde – dyzynyň üstünde durdy, şonuň üçin hem, ol gymyldamaga gorkýardy. Gyz görnenokdy. Iki sagat geçdi, ýok! Üç sagat geçdi ýok! Isabekowyň şol garaşyp oturyşydy. Gyz gelmedi. Ertesi gün ol ýene leksiýalarda oturdy, ýene Günüň ýaşaryna garaşdy, ýene şähere eli almaly aýlandy, ýene has ezýet beriji sabyrsyzlyk bilen kitaphanada gyzyň ýoluna bakdy. Ine, ol ahyry gapynyň agzynda peýda boldy! Isabekow ýüreginiň gürsüldüsiniň özüni bogup ugrandygyny duýdy. Gyz, hemişe bolşy ýaly, bildirer-bildirmez ýylgyrdy, göwnüne bolmasa, çalaja baş hem atdy, göwnüne golaýyndan geçen mahaly eli bilen çalaja kakyp giden ýaly hem boldy. Ol bir stol aňyrda ýerleşdi we kitap almaga ugrady. Isabekow başdan geçirýän tolgunmasyndan ýaňa serhoş haldady hem-de stoluň aşagynda sandyraýan eli bilen öz iň arzyly gyzyl almasyny saklap otyrdy. Gyz goltugy kitaply dolanyp geldi, hemişe-de bolşy ýaly, hiç kime seretmän, hiç zada üns bermän depderine ýazgy edip başlady. Isabekow bolsa garaşyp otyrdy. Wagt ýüregedüşgünç haýal geçýärdi, şu gün arzuwynyň amala aşjakdygy hakdaky pikir ony hem-ä gorkuzýardy, hem-de şatlandyrýardy. Ol gyzyň tämiz daralan saçyna, garaýagyzdan gelen näzik keşbine, pikire çümüp, aşak goýberen kirpiklerine, çalt hereket edýän ýumşajyk ellerine gözüniň gytagy bilen syn edýärdi. Gyzyň ýylgyryp, “Siziň täsin adamdygyňyzy!” diýjekdigini göz öňüne getirýärdi. Görlüp-eşidilmedik bagtdan ýaňa onuň demi tutuldy. Hawa, Isabekow gyza ähli zat barada: hemişe pikir edip ýörendigi üçin, bu gyzyl alma agyz urjak bolanda gyzy ýatlandygy, durmuşda haýsydyr bir gowy, owadan zada duşanda onuň öz ýanynda bolmagyny, onuň özi bilen bilelikde şatlanmagyny isleýändigi, sebäbi gözelligi diňe onuň bilen doly duýup boljakdygy barada gürrüň berer. Köçede eýýäm gije çyralary ýandy, okyjylar çykyşyp ugradylar, gyz bolsa heniz hem otyrdy. Isabekow garaşýardy. Haçanda gyz goşlaryny ýygnap ugranda ol ýazgylaryny çaltyk bilen torbasyna saldy, gazete dolanan almany alyp, köçä çykdy. Ol köçäniň beýleki tarapyna geçmedi, özüniň birahat ýüregini köşeşdirip bilmän, girelgäniň agzynda aýak çekdi. Dodagy gurap, suw içesi gelýärdi. Ynha, ahyrsoňy daş basgançajyklarda köwşüniň ökjejigi tyrkyldap, çyranyň öçügsi ýagtysynda egni gysga paltoly, görmegeý, hereketi ýeňil şol gyz peýda boldy. Isabekow almany gursagyna gysyp oňa tarap ýöremäge özüni mejbur etdi. Gyz onuň deňinden sesini çykarman geçip gitdi. - Aý, gyz! – diýip, Isabekow onuň yzyndan ynamsyz ses bilen gygyrdy. Gyz aýak çekip, oňa tarap öwrüldi. - Hawa. Siz maňa bir zat aýtmak isleýäňizmi? Ümsümlik aralaşdy. - Men size... alma getirdim – diýip, Isabekow zordan gepledi. - Alma? Görülmedik zatdyr-ow ol! Siz, näme, men hiç wagt alma iýip gören däldir öýdýäňizmi? - Ýok, beýle pikir edemok. Düşünýäňizmi, men ony...tapdym... - Tapsaňyz tapypsyşyz-da, menden size näme gerekdigine düşünemok – diýip, gyz gaharly gepledi-de, yzyna seretmän, çaltlyk bilen başga ugra ýörap gitdi. Ol özüniň gyzyl almasyndan gitdi! Isabekow bolsa elinde özüniň gymmat bahaly zadyny saklap durşuna, nämäniň bolup geçýändigine düşünmän, gyzyň yzyndan geň galyjylyk bilen seredýärdi. Onuň gyzyl almanyň töwereginde döreden täsin dünýäsi duýdansyz güpürdäp gaýtdy, weýran boldy. Isabekow ýüzüni sallap, ýatakhana mytdyldap gaýtdy. Ol birden bat aldy-da, güýjünde baryny edip, almany tümlüge zyňdy. Alma nirededir bir ýerde basyk ses bilen diwara degdi. Ol boş köçäniň ortasynda edil serhoş ýaly bolup barýardy. Seýrek duşýan ulaglar onuň beýlesinden ätiýaçlyk bilen aýlanyp geçýärdiler. Ol soňra köp gyz bilen tanyşdy, ýöne olaryň hiç birine gyzyl alma sowgat beresi gelmedi. Muny gyzlaryň özleri-de isläp duranokdylar... Asla ondan ömürboýy gyzyl almany soran, sowgat bererine garaşan, talap eden bir aýal boldumyka? Hawa, bolupdyr! Ol öz aýaly Sabina eken! Güýz baglygynyň germewiniň ýanynda oturan Isabekow bu barada indi pikir edýärdi. ... Isabekow bilen Anara öýe dolandylar. Töwerek çalt garaldy. Öňde şäheriň çyralary ýalpyldaşýardy. Ulag ýaprak örten köçelerden ýuwaşja ýöräp barýardy. Isabekow gyzynyň elinde gyzyl alma gördi. - Wiý! Sen, näme, muny iýmediňmi? - Ýok. Men ejeme goýdum – diýip, gyzy ýuwaşja jogap gaýtardy. - Ejeme? – diýip, Isabekow mydyrdady. Onuň bokurdagyny gyzgyn bir zat bogdy. – Dogry aýdýaň, biz ony ejeňe alyp gideris! Ikisibaşga hiç zat hakda gürleşmediler. Isabekow gyzy hakda pikir edýärdi. Asyl ol ähli zady düýýan eken-ä! Goý, hemişe şeýle bolsun! Ol özüniň gyzyl almasyndan hiç wagt ýüz öwürmesin! Isabekow haty ýazmady. Irden, ol heniz uklap ýatan mahaly, Anara kakasynyň stolunyň üstünde Moskwa iberilmedik habarnamany gördi: “Sabira, biz seniň ýanyňa barýarys”. Gyzjagaz galamy aldy hem-de düşnükli harplar bilen:”Bizi garşyla, eje. Biz saňa gyzyl alma alyp barýarys” diýip ýazdy. Çingiz AÝTMATOW. Terjime eden Amanmyrat KIÇIGULOW. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |