ESGERIÑ OGLY
Ol kakasyny ilkinji gezek kinoda gördi. Şonda oglanjyk ýaňy bäş ýaşyndady.
Bu waka obadan esli aralykda, dagyň eteginden geçýän ýoluň ugrunda ak daşdan salnyp, üsti şifer bilen basyrylan, her ýyl goýun gyrkylýan uly ýatakda bolupdy.
Ol bu ýere ejesi bilen bile gelerdi. Onuň ejesi Jeýengül obadaky ara- gatnaşyk bölüminde işleýärdi, ýöne her ýyl tomus gelip, dowarlar gyrkylyp başlananda malýatakda ýüň ýygnamaga kömekleşerdi. Munuň üçin ol telefonyň başynda iş wagtyndan daşgary oturan günleri üçin berilýän ýörite rugsady we zähmet rugsadyny alyp, tä iň soňky goýun gyrkylynça arman-ýadaman işlärdi. Gyrkym üçin potratlaýyn hak tölenensoň, eslije gazanmak mümkinçiligi bardy. Esgeriň yzynda galan Jeýengüle her bir şaýyň gymmaty başgady. Maşgalada diňe ogly ikisi bolsa-da, hojalygyň gerek-ýaragy ýeterlikdi: gyş ýakyljak odunyň gamyny öňünden iýmeli, un almaly, iýmeli, geýmeli... öýe gerek zat gutarýarmy?
Ogluny goýmaga adam bolmansoň, ony hemişe ýany bilen işe äkiderdi. Oglanjyk bu ýerde uzakly gününi gyrkymçylaryň, çopanlaryň hem-de tüýlek goýun itleriniň arasynda ylgap, çaň-tozana bulaşyp, dere batyp şatlykly geçirýärdi.
Oglanjyk göçme kino ulagynyň ýatagyň howlusyndan girenini hemmeden öň görüpdi, beýle şatlykly habary ilki bolup buşlamaga gyssanypdy:
— Kino geldi! Kino!
Kino işden soň, garaňky gatlyşanda görkezilip başlandy. Oglanjyk şoňa çenli garaşyp, halys ýadady. Ýöne onuň azaby ýerine düşdi. Film uruş hakyndady. Malýatagyň töründäki iki sütüniň arasyna germelen ullakan ak matanyň ýüzünde söweş başlandy, ýaraglar gümpüldeýärdi, raketalar şuwwuldap, asmana göterilýärdi-de, tümlügi parran kesip geçýärdi, onsoň bagryny ýere beren aňtawçylar edil gündizlikdäki ýaly açyk görünýärdiler. Raketalaryň şöhlesi öçensoň, aňtawçylar ýene-de öňe haýdaýardylar. Pulemýotlaryň gijäniň garaňkylygynda çykýan tatyrdysy şeýlebir aýylgançdy welin, oglanjygyň on iki süňňi elenip gidýärdi. Ine, söweş diýibem şuňa aýdaýsaň!
Eneli-ogul hemmelerden yzda, içi ýüňli, daşy gül- bent edip daňlan ganarlaryň üstünde ornaşypdylar. Bu ýerden kino has oňat görünýärdi. Elbetde, oglanjygyň ekranyň edil alkymyna, obadan ylgaşyp gelen deň-duşlarynyň aýbogdaşlaryny gurup oturan ýerine — iň öňdäki hatara barasy gelýärdi. Ol hatda oglanjyklaryň arasyna tarap ýöräbem ugrady, ýöne ejesi ýeňinden çekip:
— Besdir, agşama çenli ylgap ýadamadyňmy, ýa- nymda bol! — diýip, ogluny gujagyna aldy.
Kino görkezýän enjam birsydyrgyn jyrryldaýardy, uruş dowam edýärdi. Adamlar gözlerini aýyrman ekrana seredýärdiler. Ejesi uludan dem alýardy, käte tankyň nili özlerine tarap gönügende, tisginip gidýärdi, ogluny özüne çekip, gujagyna berk gysýardy. Olaryň edil gapdaljygynda oturan aýal aram-aram gussa bilen içini çekip:
— Hudaý saklasyn, gör, nämeler bolup ýör-ä, Hudaýyň özi gorawersin! — diýip pyşyrdaýardy.
Oglanjyk bolsa o diýen gorkup duranokdy, gaý- tam, faşistler serpme-gallak gürpüldäp gaýdanda begenýärdem. Biziňkiler ýykylanda, göwnüne, olar soňra ýene-de turaýjak ýalydy.
Dogrusy-ha, uruşda adamlar geň-täsin ýykylýarlar. Edil çagalaryň «uruş-uruş» oýnanlaryndaky ýykylyşlaryna meňzeýär. Asyl oglanjygyň özem ylgap gelşine aýagyna badak atylan dek serrelip gitmäni oňarýar. Elbetde, heý, ýykylybam awunmarsyňmy, dişiňi gysyp turaýmalydyr-da, onsoň ýene-de hüjüme geçmeli, agyryň-ynjyň şobada ýadyňdan çykar. Kinodaky ýykylýanlar welin turanoklar, ýerde gymyldaman, gara tümmejiklere öwrülip galýarlar. Oglanjyk başgaça — gülle garnyndan degenler ýaly ýykylybam bilýär. Olar şobada ýere ýazylmaýarlar, ilki böwürlerini tutýarlar, soňra bükülip, ellerinden ýaraglaryny gaçyrýarlar-da, otuň üstüne ýykylýarlar. Emma ol şondan soňam töweregindäkilere özüne hiç zat bolmandygyny aýdýar-da, ýaňadan garpyşyga
girýär. Kinodakylar bir ýykylansoň, gaýdyp turmaýarlar.
Uruş dowam edýärdi. Kino enjamy jyr-jyrlaýardy. Indi ekrany topçular eýelediler. Çabga deýin ýagýan okuň astynda, ýarylýan bom- balaryň hem-de gap-gara tüssäniň içinde olar tanklary göni nyşanalap atýan toplary ondan-oňa göçürýärdiler. Esgerler agyr topy jaryň gerşine çykarmak üçin güzap baryny görýärdiler. Ýapgyt aşa beýikdi, ol asmanyň öňüni örtüp diýen ýaly durdy. Topçular birsyhly partlamalardan ýaňa goýy tüssä bürenen şol kötel hem-de giň ýapynyň ýüzünden itenekde-çomalak bolup, ýokarlygyna dyrmaşýardylar. Olaryň galjaň hereketlerinde, ýüz-gözlerinde ýüregiň gürsüldisini artdyrýan niçikdir bir syrly güýç bardy, kalbyň buýsançdan we gussadan, birgeňsi elhençligedir beýiklige garaşmagyň howsalasyndan dolýardy. Olar bary-ýogy ýedi adamdy. Egin-eşikleriniň ok degip, ýanan ýerleri şindem burugsap durdy. Esgerleriň biriniň keşbi rus adamsyna meňzemeýärdi. Eger-de ejesi sesini çykarmadyk bolsa, oglanjyk oňa üns bermese-de bermezdi. Ejesi onuň gulagyna pyşyrdap:
— Seret, şo seň kakaň-da... — diýdi.
Hut şol pursatdan topçy esger onuň kakasyna öwrüldi. Onsoň flm durşuna şol esger, onuň kakasy hakynda gitdi. Görüp otursa, kakasy obanyň beýleki ýigitleri ýaly diýseň ýaş ekeni. Boýy uzyn däldi, ýüzi tegelekdi, tot-tozandan hem-de tüsseden ýaňa garalyp giden ýüzündäki gahar-gazapdan uçganaklaýan gözleri töweregi synlaýardy, bir ýapyşdygy sypdyrmaýan pişik kimin dogumlydy. Ynha-da, ol bar güýjüni gerdenine berip, topy öňe itip durşuna yzyna gaňrylyp, aşakda duranlaryň birine gygyrýar:
— Ok getir! Bol, eglenme!
Golaýyndaky partlamanyň gümmürdisinden ýaňa onuň sesi ýitip gidýär. Awalbek ejesinden:
— Eje, şo-o meň kakammy? — diýip, gaýtadan sorady.
Ejesi onuň aýdýanlaryny doly aňşyryp ýetişmedi:
— Näme? Ýuwaş bol. Kino seret.
— Özüň: «Şo seň kakaň» diýdiň-ä...
— Hawa, elbetde, seň kakaň... Ýöne gürlemän otur, beýlekilere päsgel berme!
Ejesi näme üçin beý diýdikä? Belkem, ýöne tötän- likde dilinden sypaýandyr, şol pursat, megerem, kalbyna howsala aralaşandyr, adamsy ýadyna düşendir. Ogly entek akyly goýalmadyk çaga ahyry, ol bu sözlere güpbe ynandy oturyberdi. Çagajyk begendi, bu garaşylmadyk täzeligi hem-de geň galdyryjy habary eşidip aljyrady, çaga ýüregi bilen öz esger kakasyna buýsandy. Ine, görüň, onuň kakasy kim! Hakykatdan-da, onuň kakasy! Deň-duşlary bolsa onuň kakasy ýok diýýärler. Goý, indi olar Awalbegiň kakasynyň kimdigini görsünler! Goý, çopanlaram görsün!
Elmydama dagda gezýän bu çopanlar obaň çagalaryny känbir tanabam baranoklar. Awalbek hemişe olara kömek edýär: dowarlary kowup, agyla salýar, itleri garpyşsa aralaşdyrýar. Olar bolsa sorag baryny ýagdyryp, halys ýüregine düşýärler. Dünýäde bir çopan bolsa, hemmejesi hökman:
— Hany, ýagşy ýigit, adyňy aýt bakaly! — diýýär.
— Awalbek.
— Kimiň ogly?
— Men Togtasunyň ogly. Çopanlar onuň kakasyny bada-bat tanamaýarlar. Olar at üstünde aşak eglibräge-de:
— Togtasunyň? Haýsy Togtasunyň? — diýip, ikienç soraýarlar.
Oglanjyk şol bir sözlerini gaýtalaýar:
— Men Togtasunyň ogly!
Ejesi oňa şeýle jogap bermegi tabşyrýardy, batyl garry enesi bolsa kakasynyň adyny ýatdan çykarmazlygy ündeýärdi.
— Hany, dur-la, sen asyl telefonçy gelniň ogly ekeniň, häliden şeý diý-dä, köşek!
Ýöne Awalbek:
— Ýok, men Togtasunyň ogly! — diýip, öz diýenini tutýar.
Şondan soň çopanlar nämäň-nämedigine düşünip başlaýarlar.
— Hak aýdýaň, sen Togtasunyň ogly! Berekella! Biz häkibir synap göreli diýäýdik... Bizden hiç zady aýyp görme, arly ýyllap dagda bolamyzsoň, çagalary oňly tanamzogam, sizem tüweleme, ýaz oty ýaly, günüňizi sanap ösýäňiz.
Soňra olar uzak ýatlamalara berilýärdiler. Olar öz aralarynda oglanjygyň kakasynyň juwan ýaşda urşa gidendigini, köpleriň eýýäm ony unudandygyny aýdýardylar.
Şol sebäplem ejesiniň gulagyna: «Seret, hana seň kakaň!» diýip, pyşyrdanyna mähetdel, ekrandaky esger onuň kakasyna öwrülipdi. Oglanjyk indi oňa öz ýakyny hökmünde garaýardy. Kinodaky esger onuň kakasynyň harby egin-eşikde düşen suratyna meňzemänem duranokdy. Olar şol suraty ulaldyp, aýna çarçuwa salyp asdylaram.
Şol pursatdan başlap, Awalbek kakasyna ogul gözi bilen garady, çaga ýüreginde oňa häzire çenli nätanyş bolan ogullyk söýgüsi we mähribanlyk duýgusy owsun atdy. Kakasy oglunyň özüni ekranda synlaýanyny aňýan ýaly, kinodaky az salymlyk ömründe oglunyň aňynda esger hökmünde hemişelik orun almak isleýän ýaly heniz raslanmadyk gahrymançylyk görkezmek isleýärdi. Hawa, häzir söweş oglanjygyň gözüne bütinleý başgaça görünýärdi, indi adamlaryň ýykylyşyna eger-eger oýundyr öýtmeýärdi. Uruş hakykata öwrülipdi, ol aýylganç, galagoply we gorkunç zadyň keşbini alypdy. Oglanjyk ömründe ilkinji gezek iň ýakyn, hemişe küýsän adamsy üçin gorkýardy.
Kino enjamy jyrryldaýardy, uruş barha gazaplanýardy. Öňde hüjüme geçen tanklar göründi. Olar ho- wuňy basyp, ýeri gyzyl-dörjük edip öňe sürünýärdiler, aňyrdan gelişlerine dynman top atýardylar we beýik minaralaryň ýoguna ýanýardylar. Biziň esgerlerimiz ahyrky güýçlerini jemläp, topy ýokarlygyna itekleýärdiler. Ogly:
— Tijen-tijen, kaka! Tanklar ýetip gelýär, tanklar! — diýip, ony howlukdyrýardy.
Esgerlere ahyry topy beýige çykarmak başartdy, olar ony gyrymsy agaçlaryň arasyna iteklediler-de, tanklara gaýtawul berip ugradylar. Tanklaram jogap edip, olaryň üstüne ok ýagdyrýardy. Arman, tanklar köpdi. Çaknyşyk aýylgançdy.
Ogly özüni şol elhenç çaknyşygyň içinde, edil kakasynyň gapdalynda duran ýaly duýýardy. Tanklardan goýy tüsse burugsap galanda, tigirleri zynjyryndan sypanda, olar öňüni-yzyny görmän gum peşäp, şol bir duran ýerinde pelesaň urup pyrlanan- da, Awalbek ejesiniň gujagyndan ýokary towusýardy. Topuň başyndaky esgerler ýykylanda oglanjyk düýrlenip-ýygrylýardy. Arman, esgerlerimiziň sany azalýardy... Ejesi bolsa aglaýardy, onuň ýüzi gözýa- şa ezilýärdi hem-de gyzarýardy.
Kino enjamy jyr-jyrlaýardy, söweş dowam edýär- di. Jeň ýaňadan gazabyna tutupdy. Tanklar barha golaýlaýardy. Oglanjygyň topuň lafetini penalap, aşak eglen kakasy meýdan aragatnaşygynyň telefonynda sesiniň ýetdiginden aýgytly hem-de batly ses bilen nämedir bir zatlary aýtdy, emma alazenzeläniň içinde onuň näme diýýäni eşidilmän galdy.
Şol pursat ýene-de bir esger edil topuň alkymynda ýere ýazyldy, ol turmaga synanyşdy, emma başarmady, topraga bagryny berdi. Ynha-da, topçularyň diňe ikisi galdy — oglanjygyň kakasy hem-de ýaralanan esger. Olar ýene bir gezek, yzysüre ýene iki sapar atdylar. Emma tanklar ýerli-ýerden topçu- lara tarap omzaýardy. Birdenem topuň öň ýanynda ýene-de snarýad ýaryldy. Ýer çepbe çöwrülene döndi. Ot-ýalyn we tümlük. Şondan soňra gumuň astyndan diňe bir esger ör turýar, ol Awalbegiň kakasydy. Ol ýaňadan topa tarap ylgaýar. Özi ok salýar, özem nyşana alýar. Bu iň soňky atyş boldy. Ekrany gaýtadan partlamaň gara tütüni örtýär. Oglanjygyň kakasynyň topy ilki sarsýar, yzyndanam honda zyňylýar. Hernä, onuň kakasy diri. Ol yraň-daraň edip aýak üstüne galdy-da, üsti-başyny tütedip, tankyň garşysyna ädim urdy. Onuň elinde granat bardy. Esger indi hiç zady görenokdam-eşidenokdam. Ol iň soňky güýji bilen:
— Dur-r, aňry geçmersiň! — diýdi.
Ol goluny salgap, elindäki granaty zyňdy. Esgeriň gahar-gazapdan hem-de çekip-çydardan çökder agyrynyň yzasyndan üýtgän ýüzi ekranda doñup galdy.
Ejesi oglunyň elini şeýlebir berk gysdy welin, onuň tasdanam demi tutulypdy. Oglanjyk ejesiniň elinden sypyp, kakasyna kömege ýetişmek isledi, ýöne şo halatda tankyň nilinden ot syçrap, yzly-yzyna ok atyldy we kakasy köküne palta urlan agaç deýin bir ýana agyp gitdi. Ol ýerde birki gaýra togalanyp agdaryldy, şonda-da galmaga synandy, emma ýüzinligine ýykyldy-da, ellerini uzyn salyp ýatdy.
Kino enjamynyň jyrryldysy kesildi, urşuň arasy üzüldi. Filmiň bir parçasy tamamlanypdy. Kinoçy täze lentany dakmak üçin çyrany ýakdy.
Ýatagyň içi ýagtylanyp gidensoň, kinonyň, urşuň dünýäsinden gündelik durmuşa gaýdyp gelen tomaşaçylaryň gözleri garaňkyrady. Şu aralykda og- lanjyk ganaryň üstünden böküp düşdi-de, begençli gygyrdy:
— Oglanlar, şo meniň kakam-da! Gördüňizmi? Hawa, şol ýykylan meniň kakam...
Hiç kim beýle zada garaşmandy, oturanlar nämäň-nämedigine düşünmediler. Oglanjyk çasly gygyryp, dostlarynyň ýanyna ylgady. Oglanjyklaryň pikirlerini bilmek onuň üçin diýseň wajypdy. Malýatagyň içinde esli wagtlap geňirgenme hem-de agyr dymyşlyk höküm sürdi. Dünýä ineni bäri kakasynyň didaryny görmedik bu nakysja ynsanyň esassyz begenjiniň manysyna hiç kim düşünip bilmeýärdi. Hemmeler eginlerini gysyp, aljyraňňy halda dymýardylar. Kinoçy elinden gapyrjagyny gaçyrdy. Tarkyldap ýere degenden, gutynyň özi bir ýana, gapagy bir ýana tigirlenip gitdi. Ýöne bu hiç kimiň gözüne ilmedi, hatda kinoçynyň özem olary galdyraýyn diýmedi. Batyrlarça wepat bolan esgeriň ogly bolsa, şol öňki heňine tutdurdy:
— Özüňiz gördüňiz, o meniň kakam!
Adamlar dymdygysaýy, ol beter janygýardy, oturanlaryň näme sebäpden kakasynyň gaýduwsyzlygyna edil özi ýaly buýsanmaýandyklaryna hiç akyl ýetirip bilmeýärdi.
Ululardan biri nägilelik bilen gömelteý seslendi:
— Hä-hm-m, goýaý indi, beý diýme... Başga biri garşy çykdy:
— Näme üçin diýmesin? Oň kakasy uruşda wepat boldy. Bu näme, eýse, ýalanmy?
Bu sözlerden soň Awalbegiň mekdep ýoldaşy, goňşy oglanjyk ilkinji bolup hakykaty aýtmakdan çekinmedi:
— Ýog-ow, o seň kakaň däl. Näme beýdip gygy- ryp dursuň? Nirden seň kakaň bolýarmyş?! O-la artist! Ynanmasaň, bar-da, kinoçy daýydan soraý?
Ulularyň oglanjygy ajy, şol bir wagtda ajaýyp hyýaly toslamasyndan mahrum etmäge bogunlary ysmady, olar üçin keseki kişi bolan kinomehanigiň hemme zady bolşy-bolşy ýaly aýtmakdan çekinmejekdigine bil baglap, oňa seretdiler. Ýöne ondanam ses-seda çykmady. Ol häzir küýi-köçesi başga ýerde ýaly, ber-başagaý bolup, enjamyna güýmenen bolýardy. Oglanjyk ýeň bererli däldi:
— Ýok, şo-la meň kakam!
Ýaňky oglanjyk ýene-de garşy çykdy:
— Nädip seň kakaň bolsun? Haýsysy?
— Eli granatly tankyň öňüne çykan. Sen näme, görmediňmi? Ol, ynha, şeýdip ýykyldy...
Awalbek şeý diýip, kakasynyň ýykylyşyny görkezjek bolup özüni ýere goýberdi-de, iki ýana togalandy. Ol kinoda gören zadyny gylyny gymyldatman gaýtalady. Oglanjyk ekranyň öňünde gollaryny gerip, arkanlygyna süýndi ýatyberdi.
Oturanlar biygtyýar gülüşdiler. Oglanjyk welin gülmeg-ä beýlede dursun, sarsaýynam diýmedi... Olaryň gülküsine suw sepilen ýaly boldy.
Gartaşan çopan aýal gatyrganýan şekilde dil ýardy:
— Bu näme boldugy, Jeýengül?! Haý-küş etjek dälmi?!
Hemmeler oglanjygyň ejesiniň gözleriniň owasyny ýaşdan dolduryp, gussaly halda ogluna tarap ýöräp gaýdanyny gördüler.
Ol ogluny ýerden galdyrdy-da:
— Ýör, oglum, gaýdaly. Hawa, o seň kakaňdy... — diýip, pyşyrdap diýen ýaly gepledi. Ol ogluny yzyna tirkäp, çykyp gitdi. Aý eýýäm süýr depededi. Gijäniň gara-gögümtil alyslygynda dag gerişleri agaryp görünýärdi, ho-ol aşakda serlip ýatan uç-gyraksyz sähra bolsa, garaňky girdapdan enaýy däldi...
Oglanjyk ömründe ilkinji gezek mähriban adamyňdan jyda düşmegiň hasratyny çekýärdi. Söweşde wepat bolan kakasynyň keç ykbaly onuň üçin çekip-çydardan çökder geldi, ýüregini paralap, hijran oduna daglady. Onuň häzir ejesini gujaklasy we möňňürip aglasy geldi, ejesiniňem özi bilen bile aglaryny isledi. Emma ejesinden ses çykanokdy. Ol hem dymdy, ýumrugyny düwüp, dyňzap duran gözýaşlaryny saklamaga çalyşdy.
Oglanjyk şu pursatdan başlap, birçaklar uruşda wepat bolan kakasynyň kalbynda ýaşap başlandygyna düşünmeýärdi.
Çingiz AÝTMATOW.
Rus dilinden terjime eden: Aman GOŞAÝEW.
Hekaýalar