14:04 Pähimler | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW / PÄHIMLER
Goşgular
Biperwaýlyk süýşüp ýakyn gelende, Köpbilmiş köpelip, Bilýän azalar. Tapawut kiçelip çynda, ýalanda, Olary saýgarjak bolýan azalar. Garym-gatym bolar sähet, bisähet, Okumyş bol bolar, Çyn alym — gahat, Iliň arasynda öwüt-nesihat Berýän köpeler-de, Alýan azalar. Her kim öňe oklar hergiz bir özün, Jahyllar-juwanlar tanamaz yzyn, Aksakgal aşyk dek oýnadar özün, Paýhasyna tagzym kylýan azalar. Birine ýetmese ýüz maksat tutan — Hany, razy bolup dünýäden öten? Özgelerden aýyp gözlär öňýeten, Öz aýbyny özi bilýän azalar. Aýdylýan aýdymlar goşulmaz saza, Gadyr-hormat gaçar tagama-duza, Döwür öňe gider, Adamam — yza. Emma muňa nazar salýan azalar... Ýerden göteriljek bolsa Sahawat, Alýan köpeler-de, Berýän azalar. Kemlik etmez boş kasamlar, wadalar, Ýöne öz lebzinde durýan azlar. Asyllylar azar, Agraslar ýeňlär, Göwreler ýognar-da, Ýürekler ownar, Kethuda diýjegiň bet işi oňlar, Haram meýlis artar, Derňän azalar. Gulpuny gitdikçe agraldyp öýler, Tagamlar goňşudan ogrynça iýler, Ýaman zat hemmäniň gözüne iler, Ýagşy zady welin, görýän azalar. Atalary pisent etmez ogullar, Hernä bizden daşda bolsun o günler, Kise galňar — Gedaýlaşar göwünler, Säher Haky ýatlap turýan azalar. Edep öwretjekler biedep bolar, Mukaddes nakyllar gury gep bolar. Hallalygy agzan adam köp bolar, Ýöne halal ýoldan ýörýän azalar. | |
|
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |