22:38 Palestinalylaryñ sumat bolan gijesi | |
PALESTINALYLARYÑ SUMAT BOLAN GIJESI
Edebi makalalar
Dünýä palestinalylaryñ sumat bolmagyny isleýär. Fotosurat: Abed Zagout / AA Ysraýylda şol gün Merýemsiz dañ atdy. Merýem alagarañky dañlarynyñ ony dañdan 03:00-da başlan uzak gününe iteren palestinaly işçileriñ biridir. Ol öýünden hemmeleriñ süýji ukuda ýatan sagadynda çykýar. Gije bilen onuñ reñkem birdi. Olary "Şimon" mülküne alyp barýan awtolulagam gözegçilik postuna baransa beýlekiler bilen bile sesini çykarman garaşýar. Gözegçilik postundaly esgerlerem ukusyzdyr. Olary kän garaşdyrýarlar. Aýnanyñ añyrsyndan esgerleri synlap, biriniñ elini salgap, olara geçmek üçin yşarat etmegine garaşylýar. Olaryñ ykbaly bir esgeriñ ýeke gezek eliniñ salgamagyna, hatda barmagyny galdyryp berjek yşaratyna baglydyr. Gözegçilik postuny aşyp, bir Palestinadan beýleki Palestina geçilýär. Mülk ýere barylanda Merýem ýüzüni we tenini gül deñzine batyrar. Hamana arkasy özünki däl ýaly eglip-galyp gül ýygar. Ak ýaglygynyñ ujy bilen ýüzüni örtmegi-de himiki maddalary içine sormagynyñ öñüni alyp bilmez. Şol gün irden Merýem işe gelmändi. "Ýaşyl zolakda" ýaşaýan müñlerçe palestinalynyñ birem işe gelmändi. Uly ýül awtoulaglaryny sürüjiler, ofisiantlar, gurluşykçylar, hatda türmelerdäki bendiler hem bir ýerlerik ýitirim bolupdy. Şol ýerdäki ähli araplar, has dogrusy okkupasiýa astyndaky ýerlerde watan goragyna çykanlaryñ barsy ýitirim bolupdy. Ysraýyllylar howsala düşüpdi: "Bu hökman duzak bolmalydy. Olar bir ýerlerde gizlenip ýatandyr we garaşman durkak jöhitleriñ üstüne çozarlar". Palestin ýazyjysy Ibtisam Azemiñ "el-Jemel" neşirýaty tarapyndan çap edilen "Sumat boluşyñ ýolagçylygy" atly romany şu pikiriñ esasynda ýazylypdyr. Romanyñ wakalary Ýaffada bolup geçýär we palestinaly Ala bilen bir jaýda ýaşaýan goñşusy jöhit Ariel gezekli-gezegine gürrüñ berýärler. Ýaffa ýazyjynyñ doglan ýeri bolan Taýbäniñ golaýyndaky gadymy şäher. Alanyñ enesi şäherden gidýänler bilen bile gitmekden ýüz öwürýär. Köçeleriñ we öý-öwzaryndan jyda düşürilen maşgalalaryñ öýleriniñ atlaryny şindizem ýadyndan çykarman saklaýan garry ene Ýaffany hakydasyna ýazandan soñ deñize seredip duran balkonda otyrka amanadyny tabşyrýar. Ol bu jahandan hemişelik gidýär we gürrüñ bermegi agtygyna tabşyrýar. Şwesiýanyñ "Uppsala" edebiýat festiwalynda geçirilen simpoziumda Ibtisam Azem Naji el-Aliniñ karikaturalaryndaky meşhur çagajyk Hanzaladan söz açypdy. Ähli karikaturalarynda Hanzala añyrsyna bakyp dur. Sebäbi soralanda, suratkeş palestinaly çagalaryñ gözüne hiç ki.iñ seretmek islänok diýen manyda jogap beripdi. Ibtisamyñ romanynyñ oduny tutaşdyranam Hanzalamyka? Romanda Ala sumat bolanda Ariel onuñ öýüne seretmäge gidýär. Olaryñ ikisem biri-birine kwartirasynyñ ätiýaçlyk açaryny beripdiler. Ariel otagdan Alanyñ enesiniñ gürrüñleriniñ ýazylyp alynan depderiniñ üstünden barýar. Garry ene kepenini ölmezinden on ýyl öñ alyp goýan eken. Ol depderden şeýle setirleri okaýar: "Palestinada ýöräp barýarkam, hamana jesetleriñ üstünde ýöräp barýan ýaly bolýaryn. Şeýle gynançly duýgy bilen näme ederiskä? Palestina babatda näme etmeli bolarys? Ýadawam bolsam, her oýanamda seni ýatlap ýylgyrýaryn we "Alla gowsuny etsin" diýýärin". Ariel arap dilini öwrenip, uly amerikan gazetleriniñ birinde korrespondent bolup işleýär. Ibtisam Azem Ol gazete şeýle habar ugradýar: "Garaşma ýagdaýy garaşsyzlyk uruşyndan bäri görnüşiniñ iñ howplusy ýaly bolup görünen garşy gitme bilen Tel-Awiwiñ üstüne çöküpdir. Şäheriñ köçeleri nämedir bir zada garaşýar. Hiç kimse nämä garaşýandygyny bilenok. Hökümetiñ press-sekretary iki gezek metbugat ýygnagyny geçirdi ee ysraýyllylar bilen ýaşap ýörendigimize kepil geçesi geldi. Eýse bu mantyklymy? Palestinalylaryñ yzynda ýeke damja gan galdyrman sumat bolandygyna ynanmagymyz mümkinmi?" "Sumat boluşyñ ýolagçylygy" örän ajaýyp, möhüm we sowallar bilen doly roman. Ibtisam Azem taryhyny ýitiren we ony taşlap gidesi gelmeýän ýaşaýjylarynyñ, olardan soñky çagalary bilen agtyklarynyñ duýýan jaýrylmasy bilen ýaşaýan palestin şäherleriniñ öwrülişiklerini synlap ýazýar. Roman jöhitleri howpurgadýan fantastiki waka bilen çäklenmän, şol bir wagtyñ özünde ýeriñ başdan geçirýän çözülmesini duýýan, özüni bir ýerde tutup bilmek üçin palestinaly "öje" mätäçlik duýýan jynsparaz jemgyýetde ýaşaýan raýatlar hökmünde araplaryñ kösençliklerindenem söz açýan eser. Roman on ýyl öñ çap boldy we häzirem gymmatyny ýitirmedi. Dünýä palestinalylaryñ sumat bolmagyny isleýär. Inaam KAÇAÇI, yrakly ýazyjy, žurnalist. Duşenbe, 22.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |