21:48 Pälwan gyz / hekaýa | |
PÄLWAN GYZ
Hekaýalar
Ir zamanlarda Bereket etrabynyň obalarynyň birinde milli türkmen göreşiniň ussady Baýram atly adam ýaşapdyr. Ol ýagyrnysy ýere degmedik abraýly, göreşgen adam bolupdyr - diýip, bu täsin waka barasynda kakam maňa gürrüň beripdi. ...Günleriň birinde obanyň dowar sürüsine geçigaplaň aralaşypdyr. Soňabaka agzy tagam tapan janawar öri meýdanynda häli-şindi görnüp başlapdyr. Baýram obadaşlarynyň haýyşy boýunça ony yzarlap başlapdyr. Günleriň birinde bolsa geçigaplaňy tapyp aldym-berdimli söweşe giripdir we ony ýeňmegi başarypdyr. Şol wakadan soňraobalylar onuň adynyň gapdalyna “şir” lakamyny goşupdyrlar. Baýram ýaşlygyndan çiginlek, gujurly ýigit bolup, türkmenmilli göreşiniň ussady bolmagyň arzuwynda ekeni. Ol argyş kerwenlerine goşulyp köp ýurtlara aýlanypdyr we özüne mynasyp halypa gözläpdir. Şol ý erlerde ýaşaýan ussatlardan türkmen milli göreşiniň düzgün-kadalaryny, gizlin tilsimlerini içginlik bilen öwrenipdir.Birnäçe ýyldan soňra oba gaýdyp gelende tejribeli pälwan ekeni. Köp ýyllaryň dowamynda diňe birBalkan sebitinde tutulýan toý-tomaşalarda däl-de, eýsem alys ýerlerde hem Baýramşire bäsdeş gelen tapylmandyr. Soň-soňlar onypälwanlaryň pälwany diýip atlandyryp başlapdyrlar. Ol kyrk ýaşyna ýetendepälwançylyk kärini taşlap, obanyň çekene dowaryny bakmagy özüne müwessa bilipdir. Baýramşiriň ogul zürýady bolmansoň bar guwanjy ýeke gyzydy. Aýbölek akylly, gözel, haly-palas dokamakda, keçe basmakda, gaýma gaýmakda deň-duşlaryndan tapawutlanypdyr. Ussat hem ýalňyz gyzynyň edep-ekramly bolup ýetişmegi ugrunda köp tagalla edipdir. Gyzynyň ata kärine höwesli bolmagyna Baýramşirgarşy bolmandyr. Ýogsam şol döwürde zenanyň türkmen milli göreş göreş bilen meşgullanmagy gaty geň görülýän nersedi. Köp ýurtlarda syýahatda bolan Baýramşiriň giň düşünjesi bolupdyr. Onuň şa zenany Tumar, Harmandäli ýaly şan-şöhrata beslenen serkerdeler bilen başa-baş göreşe çykan batyrgaý zenanlar barasyndaky gürrüňleri gyzynyň göwnünden turupdyr. Aýbölek hem amazonkalara, Gorkut ata we Görogly eposlaryndaky, türkmen halk ertekilerindäki ýaly asylly we batyrgaý türkmen zenanlaryna meňzemek isläpdir. Baýramşir şägirtlerinden daşgary, gyzynyň saýlap alan kärine guwanýardy we oňatürkmen milli göreş sungatynyň tär-tilsimlerininiňgizlinliklerini yhlas bilen öwredýärdi. Käte pälwan gyzy erkek kişiniň eşiginde toý-tomaşalarda göreşe gatnaşyp, ýeňiji bolanda kakasy oňa guwanýardy. Halypa pygamberlik ýaşyna ýetende onuň şägirtleri tejribeli pälwanlar bolupdyr. Şol döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň argyş kerwenleriniň gatnawly Kesearkaç şahasynyň ugrundaky oba “Pälwanlaryň mekany” diýlip tanalypdyr. Küren obanyň degresinde tereň suwly çeşmeler, sonarly ýaýlalar köp bolansoň argyş kerwenleri bu ýerde goş ýazdyranlaryny kem görmändirler. Günleriň birinde bu oba argyş kerwenleriniň birine goşulyp sypaýy geýnüwli,dor aty bezemen Tuwak atly hoşroýly bir ýigit gelipdir. Ol göreşgen ýigit ekeni, ýöne özüni mahabatlamagy gowy görýärmiş. Güzere atyny suwa ýakmaga gelende al ýaňak, badam gabak, alma zenehdan bir gyzy görüp oňa bada-bat aşyk bolupdyr. Ol gyz sähranyň tez keýigi ýaly owadanmyş, oňa garap gazal düzübermelimiş.Şol pursat ol gyz suwly küýzesini güzeriň kenarynda goýup, zenanlar bilen gürrüňe gyzyşan ekeni. - Toýly baýyň nowbahar ogldyryn, adyma Tuwak diýerler, künjekde belli pälwan hökmünde tanalýandyryn—diýip, ol Aýbölege tanyşlyk beripdir:— Argyş kerwenine goşulyp bezirgenlik edýärin. Obaňyzda bir gün dem-dynç almyzsoň alys ülkelere rowana bolarys.Bu ýerde siziň aý jemalyňyzy görüp däli Mejnuna döndim. Rowa görseňiz siziň öýňüze sawçy iberip, guda-garyndaşlyk açjak. Ýüregimde beslän päk arzuwuma, maksat-myradyma ýetjek. Nätanyş ýigidiň şeýle owadan, şirinden-şirin sözleri Aýbölege ýaran hem bolsa , ol aşyk ýigidi synap görmekçi bolupdyr. - Sözleriň-ä datlysyny saýlap bilýär ekeniň, ýagşy ýigit. Ýöne meniň döwran sürmek isleseň şertim bardyr, şonyberjaý etmeli bolarsyň. Belki şondan soňra teklibiň kabul bolar—diýipdir: — Türkmen milli göreşinde ussat bolsaň kakam bilen güýç synanyş. Ol obanyň çekenesini bakýandyr. Şony ýeip bilseň meseläniň çözüldigi bolar. Tuwak niçiksi karara geljekdigini bilmänbiraz ýaýdanypdyr. “Kakaň çopan bolsa, ol bir lagşan adamdyr, onda pälwançylykdan nam-nyşan galan däldir—diýip, oýlanypdyr--Ýöne çopan bilen göreş tutmagypälwanlar halaýandäldirler.” Göýä Aýbölek ol ýigidiň içki oýlanmasyny duýan ýaly: - Ýeri, bolýar-da onda, men öz şertimiň düzgünlerini ýeňilleşdireýin – diýipdir- Gowusy, sen jigim bilen göreş tut. Ony ýeňip bilseňiz, kakam bilen güýç synanyşmagyň hajaty hem bolmaz. Bagt toýunyň sähedini belläbermeli bolarsyňyz. Joşgunly söýgüniň, tutuljak durmuş toýunyň humaryna gark bolan Tuwaksöýen gyzynyň bu teklibini höwes bilen kabul edipdir. Aýbölek pälwan ýigit bilen bolan ikiçäk gürrüňi we öz gelen karary barasynda kakasyna duýduranda: - Şowsuzluga uçraraýsak, niçik bolarka, gyzym,?! - Hatyrjem bolaýgyn kaka jan, ýeňişiň şübhesi bolmaz. Göreşiň tutuljak güni obanyň ilerisindäki çägelik meýdança mähelle bary ýygnanyp, pälwanlaryň bäsleşiginiň sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ol ýerde takatsyzlygyny ýitirip özüne amatly orun gözleýänlerde, oňaýly ýer tapyp gaýşaryp oturan kişilerde bar eken. Gyrmyzy donly, nogta saçlaryny gara telpeginiň içinde gizlän Aýbölegi häzirki pursatda hossarlary hem tanap biljek däl ekeni. Ilkibada oba pälwanlary nobatma-nobat orta çykyp, dürli tärleri, tilsimleri ulanyp garşydaşlary bilen çekeleşip, güýç synanyşýardylar.Nobat Tuwaga ýetende bäsleşigiň haýranlarynyň zenzele-şowhunyal-asmana galýar ekeni. Ýaş pälwan üst-başyna serenjam berip, ykjamlanyp orta çykanda Baýramşiriň “ogly” onuň garşysynda duran ekeni. Baýramşiriň “pälwan ogluna”Tuwak şübhe bilen garasa-da hiç zat aňyp bilmändir. “Jigisi bilen bir almany deň ýarpa bölen ýaly meňzeş ekeni. Ýöne bujagaz oglanyň ýagrnysyny ýere degirmek meniň üçin müşgül zat däl ahyryn ?!”-diýip, ol garşydaşyny synlap durşuna öz ýanyndan pikir öwürýärdi. Tutluşygyň çekeleşikli boljakdygy turuwbaşdan mälim boldy. Bäsleşigiň öň syrasynda Baýramşir “ogluna” bir käse agaranyny içiripdir: “ Beý, allajanlarym, göreşe düýe çalynyň agaranynyň näme dahyly barka?” diýip, Tuwak öz ýanyndan oýlanýady. “Ataly-ogluň” hereketlerinden bir zatlar aňjak bolýardy. – Düýeçalynyň agarany myhman pälwana gudrat görkezäýse gerek!- diýen ses gulagyna ilende Tuwak tisginip gidipdir. Pälwanlar bil guşaklaryny mäkämläp, onuň ykjamlygyna magat göz ýetirenlerinden soň dartgynly bäsleşik başlanypdyr. Ynha birdenkä Tuwak üçin garaşylmadyk waka ýyldyrym çaltlygyndabolup geçipdir. Baýramşiriň “ ogly” garşydaşyny “ýanbaş” tärini ulanyp ýere ýazanda mähelläniň zenzelesi asmana galypdyr! Göreşiň munuň ýaly netije bilen tiz tamamlanjakdygyna garaşmaýan az ekeni.Küren obada şunuň ýaly dartgynly bäsleşik golaý-goltumda bolman ekeni. - Çopan nesli bilen göreşseň, boljagyň şeýledir, pälwan ýigit--diýen sesler köpçüligiň arasyndan eşidilip başlapdyr:-Belki, indi çopan bilen güýç synanyşarsyň! Tuwak öwünjeň häsiýetli bolsa-da mert ýigit ekeni. Ol ýeňilse-de garşydaşynyň elini gysyp, oňy hormatlapdyr. Her nähilli şowsuzluga uçrasa-da maksadyna ýetmek üçin ähli zada kaýyldygyny aýdypdyr.Onuň merdemsi häsiýeti goja pälwanyň göwnünden turupdyr.Baýramşiri göreşe çagyranda goja onuň çakylygyny göwünjeň kabul edipdir. Pälwany çykgynsyz ýagdaýa salmak bilen onuň özüne bolan ynamyny öçürmek göreş sungatynyň ýazylmadyk gizlinlikleriniň biri hasaplanýar. Baýramşir bilen ýaş pälwan orta çykyp, hormat bilen bir-birlerine baş atanlaryndan soň çekeleşikli bäsleşik başlanypdyr. Biraz salymdan goja pälwan “ çopan badagyny” salyp Tuwagy tüwdürip göýberipdir. Milli türkmen göreşiň muşdaklary iki pälwanyň - Baýramşiriň we Tuwagyň öwgüsini ýetiripdirler. Olar hem öz janköýerleriniň milli türkmen göreşde gazanan üstünliklerine beren bahasyna begenýärmişler. Ilkinji garşydaşynyň Aýbölekdigini Tuwakdan gizlemegi, wagty gelende aýan etmegi makul bildiler. Tuwak ýola düşmeziniň öň ýany Baýramşir aga çuňňur hormat goýmak bilen şeýle sowaly berenmiş. - Göreşiň öňüsyrasynda ogluňyza düýe çalynyň agaranyny içirdiňiz welin, onuň göreş bilen näme dahyly bar?! - Türkmenler düýe malyny keramatly haýwanlaryň derejesinde görýärler. Onuň süýdi,ýüňi,agarany, ähi zady köp derdiň dermanydyr—diýip, garşydaşynyň sowalyna gümürtik jogap beren Baýramşir aga gürrüňiň akabasyny başga bir meselä ugrukdyrypdyr. -- Meniň halypam goňşy obada ýaşaýan Torköýnek lakamly pälwandyr. Tejribelidir, türkmen milli türkmen göreşiniň köp tilsimlerini bilýändir.Şan-şöhrat gazanan şägirtleri köpdir. Bu sowalyňa anyk jogaby şondan alyp bilersiň –diýipdir. Soň bosa oňa şeýle maslahat beripdir: Tuwak argyş kerweni bilen alys ýola rowana bolmazyndan ozal Baýramşir oňa şeýle gürrüň beripdir. - Milli türkmen göreşidiňe bir mynasyp garşydaş bilen güýç synanyşmak däldir. Ol parasatlylykdyr, ruhubelentlikdirwe batyrlykdyr. Munda baldyryňa daýanmaly, güýjüňe buýsanmaly, gizlin tilsim-tärlerini ulanmaly pursatlary hem bolýar. Bir göreşde asgyn gelip ruhdan düşýän adam pälwan bolup bilmez. Tutan maksadyňa ýetmek üçin aýgytly hereket etmeli, kynçylyklara, şowsuzlyklara kaýyl bolmaly. Ynha şu häsiýetler türkmen pälwanlaryny ýeňilmez edýänhakykatdyr, ogul! Aradan biraz wagt geçensoň Aýbölek bilen Tuwagyň durmuş toýy uludan tutulypdyr. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |