09:17 Parlaryñ parlak poemasy | |
PARLARYÑ PARLAK POEMASY
Edebiýaty öwreniş
• Türkmenleriň Beýik Parfiýa şalygy döwründe dörän «Wis we Ramin» poemasy hakynda söhbet Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamynyň üstünlikleri bilen ruhlanyan türkmen halky baý edebi mirasymyzyň altyn nusgalary bolan «Oguznama», «Gorkut ata». «Görogly»_yaly sadessanlarymyz bilen bir hatarda «Zöhre-Tahyr», «Sasenem-Garyp», «Gul-Bilbil». «Gül-Senuber», «Saýatly-Неmга», «Huýrlukga-Hemra», «Yusup-Züleýha», «Leýli-Mejnun», «Babaröwsen» we başga-da ençeme meşhur dessanlarymyzy bu gün uly söýgi, beýik buýsanç bilen okaýar, öwrenýär. Dünýä ylmy ösüşiniň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanylýan turkmen topragyndan adamzat gymmatlyklarynyň iň nepisleri gözbaş alyp gaýdýar. Bu - edebi miras meselesinde-de şeyle. Çünki, adamzat mirasynyň altyn hazynasyna müdimi giren ajayyp eserleriň gözbaşynda turkmen topragynda dörän we soňra dünýa edebiyatynyň ösüşine badalga beren meşhur eserler ýatyr. Şeyle eserleriň biri-de turkmenleriň Beýik Parfiýa şalygy döwründe dörän «Wis we Ramin» poemasydyr. Bu eser gadymy döwürlerde Merwde döredilip, ol biziň gunlerimize çenli saklanyp gelipdir. Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, eser soltan Togrul begiň döwründe meshur şahyr Fahreddin Gürgeni tarapyndan 1048-nji ýylda gadymy pehlewi dilinden pars diline terjime edilipdir. Poemada gürrüňi edilýän wakalar esasan, Merwde bolup geçýär, ýöne ondaky gürrüňi edilýän wakalar has gadymy döwre degişli bolmaly. Nesilden-nesle, dilden-dile geçip gelen sol gürrüňler b.e. I asyrynda tiirkmenleriň Parfiýa patysalygynyň döwründe kitap görnüşinde neşir edilip, döwruň iň bir söýlüp okalýan eserine öwrülipdir. Turkmen alymy A. Ýazberdiýew gadymy türkmen kitaplarynyh taryhy barada yazan işinde: «W.Minorskiý XX asyryň ortalarynda b.e. I asyryna degişli ýene-de bir kitabyň bolandygyny subut etdi. Ol wakalary Merwde bolup geçen «Wis we Ramin» atly ajaýyp söýgi romany bolupdyr. Bu roman baryp b.e. V asyrynda ortapars [pehlewi] diline terjime edilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir» diyip belleýär. Şeyle hem alym «Wis we Ramin» hakynda gürrüň etmek bilen, poema «soýgi temasyna bagyşlanyp ýazylan dünýädäki iň ilkinji roman hasap edilýär. Ondaky ähli wakalar ady dünýä dolan Merw şäherinde bolup gеçýäг» diýip, aýratyn nygtaýar. «Wis we Ramin» poemasy döränden soň dünýäde kop uýtgeşmeler bolup geçdi. Halklaryn dünýägaraýşy. aň-düşünjeleri we ynanç-ygtykatlary düýbgöter özgerddi. Emma otparazçylyk eýýamynyň eseri bolan «Wis we Ramin» poemasy barybir yaşamagyny dowam etdiripdir. Gyzykly ýeri, bu ajayyp eseriň wakalary kemala gelen täze döwrüň çeper döredijiligi üçin ülňi, gönezlik bolup hyzmat etdi. «Wis we Ramin» poemasynyň täsiri bilen Aziýada, Ýewropada onlarça söýgi dessanlary peýda boldy. «Wis we Ramin» poemasy diňe bir Ferdöwsiniň «Şanama» ýa-da Nyzamynyň «Hysrow we Şirin», «Leýli we Mejnun» eserleriniň döremegine däl, eýsem dünýä edebiyatynyň kemala gelmegine we onuň Orta asyrlar zamanasynda gülläp ösmegine uly täsir edipdir. Ýöne bu eserler musulmancylyk döwründe ýazylandygy üçin, olaryň many-mazmuny, gürrüňi edilýän wakalar, döwrüne görä «Wis we Ramin» pemasyndakydan bineme üýtgedilipdir. Bu ajayyp eser Ýewropa kyssaçylygynyň ajaýyp nusgalary hasap edilýän «Tristan we lzolda», «Don Kihot» hem-de «Romeo we Juletta» yaly meşhur orta asyr söýgi poemalarynyň ýüze çykmagyna-da aýgytly täsir etdi we olaryn döredilmegi «Wis we Ramin» poemasynyň wakalary bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy. «Wis we Ramin» XII asyrda gürji diline-de terjime edilipdir we ol «Wisramiýani» ady bilen şu günki güne çenii gürjüleriň nusgawy edebiýatynyň ajaýyp eserleriniň biri hökmünde okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup gelýär. Ondaky wakalar hem Merwde bolup geçýär. Fahreddin Gürgeniniň «Wis we Ramini» bilen gürji «Wisramiýanisiniň» wakalary, olaryň bolup geçýän ýerleri doly suratda diýen ýaly gabat gelýär. Bir tapawudy - poemanyň gürji nusgalarynyň biri poema, beýlekisi bolsa hekaýat görnüşinde ýazylan. «Wis we Ramini» XII asyrda Sargis Tmogwelli hekayat gornusinde gurji diline terjime edipdir, XVII asyrda bolsa gürji patysasy Arçill ony goşga geçiripdir. Poemanyň gurji nusgasynda eseriň Seljuklar dowrunde täzeden döreýşi barada gysgaça maglumat hem berilýär. Onda seyle diýilýär: «Külli Eýran, Horasan we Häzirbegjan beýik soltan Tuglarbegiň [Togrul beg] hokumdarlygyndady, oňa diňe Yspyhan boýun egmändi. Günlerde bir gün soltanyň wezir-wekilleri Yspyhana goşun ibermegi we şäheri eýeläp, külli yslam ymmatyny bir döwlete birikdirmegi maslahat berdiler. Hökümdar köşk begzadalarynyň maslahatyny dogry tapdy we üç ugur boýunça: Kerman, Mosul we Gawaz taraplara goşun iberdi, goşunlaryň bir bölegi Ermenistana we Gresiya-da ugradyldy. Bu ýörişlerden soltanyň goşunlary ýeňiş bilen, şöhrat bilen dolandylar. Soltan Tuglarbegiňkä baý sowgatlar bilen Arslan hanyň ilçisi geldi. Onuň bilen bir wagtda grek patysasynyň adyndan hem gymmat bahaly sowgat bilen ilçi geldi. Ilçi göwher daşlary bilen bezelen, umumy agramy 26 drahma barabar bolan heniz görülmedik eşikleri getiripdir. Soltan Tuglarbeg Yspyhana gelip, hemmeleri aňk eden we soltana musulmanlaryň arasynda häkimýetiniň berkarar bolmagyna ýardam eden şol ajaýyp eşikleri geýdi. Soltanyň wezirleriniň arasynda serkerdelikden, döwlet işlerinden gowy baş çykarýan, şeýle hem edebi mirasa uly sarpa goýýan we ýygnaýan Abdyl Mälik Abu Nasyr atly bir begzada bardy. Yspyhany eýeläp, soltan ony säheriň häkimi edip belläpdir. Bir gezek Abdyl Mälik Abu Nasyr welaýata aýlanyp ýörkä, asly gürgenli Fahreddin atly bir adama sataşypdyr. Çay başynda bolan sohbetdeşlikde häkime Fahreddiniň gyzykly gürrüňleri ýarapdyr we Abu Nasyr ondan Wis bilen Ramin hakynda gadymy döwürlerden bäri aýdylyp gelinýän poema barada sorapdyr. Gürgenli Fahreddin söhbetdeşine şol ajaýyp poema barada bilýändigini, ýöne onuň pehlewi dilinde saklanyp galandygyny, ol dili bolsa ýek-tük adam bolaýmasa, hiç kimiň bilmeýändigini, eger-de Abdyl Mälik islese, ony pars diline terjime etmäge taýýardygyny aýdypdyr. Şundan soň Fahreddin poemany terjime etmäge boýun bolupdyr we eger şeýtse, öz adynyň hem şol ajaýyp poemanyň gahrymanlarynyň atlary bilen bir hatarda taryhda galjakdygyna umyt edipdir.» Şeylelikde, Fahreddin Gürgeniniň hyzmaty bilen gadymy poema täzeden dünýä inipdir. Elbetde, poemanyň wakalary Gundogaryň meşhur söýgi eserinden düýpli tapawutlanyar. Sebäbi ondaky wakalar yslamdan has irki döwürlerde bolup geçýär. Şonuň uçin hem poemanyň gahrymanlarynyň erkin hereketleri kähalatlarda okyjylary geňirgendirmegi hem mümkindir. Emma bu eser hut musulmançylyk döwründe, has dogrusy, türkmenleriň beyik Seljuklar döwletiniň dowrunde iň söýlüp okalýan eserleriň birine öwrülipdir. Poemanyň möçberi örän uly: ol sekiz müňden gowrak ikilemeden ybaratdyr. Eseriň dili örän baýdyr: onda durmuşdan alnan köp sanly nakyllar, tymsallar ginişleýin ulanylypdyr. Poemada namartlyk, ikiýüzlülik, şugulçylyk ýaly adamlaryň ýaramaz gylyklary barada juda az berilýär. Hatda Mobet, Zert yaly cylsyrymly gahrymanlar hem edenli, batyr, öz sözünde durup bilýän adamlar hökmünde häsýetlendirilýär. Mobet barada aydylanda bolsa, şahyr ony esasan, ýowuzlygy, aşyklary hemişe yzarlap ýörendigi we Wise mynasyp däldigi üçin kötekleýär. Bu ajayyp eseri öwrenmeklige Graf, Ý.E.Bertels, I.Braginskiý, B.G.Gafurow, I.A.Orbeli, Moýin, Minowi, Mahjup ýaly belli gundogarşynaslar uly goşant gosupdyrlar. I.Braginskiý bolsa 1963-nji ýylda poemany rus diline terjime edipdir. Belli türkmen edebiyatçy alymy A.Meredow hem seljuklar dowrüniň türkmen edebiyaty barada yazan işinde «Wis we Ramin» poemasyna uly ähmiýet berýär we ony dünýä belli аjaýyp eser hökmünde häsýetlendirýär. Poemada aýdylysy ýaly, gadym zamanlarda yaşlyk ýyllary geçip, gartaşyp ugran Mobet1 şa atly bir patyşa bolupdyr. Ol Eýrany, Horasany, Turany, Türküstany, Yragy, Häzirbegjany we Horezmi öz içine alýan ägirt uly döwletiň hökümdary bolup, yurduň paýtagty Merwde yerleşýär eken. Mobet şa edenli patyşa, gözsüz batyr serkerde bolupdyr. Ol ähli ýörişlerden hemişe ýeňiji bolup dolanýar eken. Emma tebigaty boýunça Mobet gaharjaň, göçgünli hem-de ýowuz hökümdar bolupdyr. Şunuň bilen bir hatarda, ol saz-söhbeti, toy-meýlisleri, aýratyn hem näzenin gözelleri söýýän çylşyrymly häsiýetli patyşa bolupdyr. Günlerde bir gün patyşa köşk adamlaryny ýygnap mejlis geçirýär we Nowruz baýramçylygy mynasybetli uly dabara guramagy karar edýär. Bu dabara Mobet patyşanyň ýapjalary bolan döwletleriň hökümdarlary, wezir-wekiller, begzadalar gelipdirler. Bu dabara Mobet şanyň ylhamy bolan dürli ýurtlaryň owadan gözelleri hem çagyrylypdyr: - Mehabatly Şähriň gözi her ýanda, Häzirbegjan gyzy Serwizat munda. Abnuş bar bu ýerde - Gürgen göwheri, Näzdilber bar, ol Dehistan peýkeri. Yspyhandan geldi Abnahit, Abnar, Ikisem owadan, misli goşa nar. Reýden geldi Dinargyz hem Zerringyz, Daglyk ýurtdan geldi Şirin bilen Wis. Ählisi dik beden, asylly ilden, Kamaty kümüşden, dahany baldan. Dabara bir hepdeläp dowam edipdir. Göçgünli şa meylise gatnaşyjylara hazynasyndan altyn-kümşi, lagly-göwherleri gysganman paýlapdyr. Meylisiň bezegi bolup oturan gözelleriň arasynda owadanlygy bilen aşyk ýürekleri bendi eden Mehabat yurdundan gelen şa aýaly Şähri-Banu hem bar eken. Meylis wagtynda ýaşynyň gaýdyp ugrandygyna garamazdan, näz-kereşmesi, gyzykly gürrüňleri bilen Şähri köşk begzadalarynyň gözüni-başyny aýlapdyr. Mehabatly gözele Mobet şanyh hem göwni gidipdir. Pursat arap, hökumdar Şährä habar gatypdyr: -Eý, peri-peýker! Sen hemişe şadyyan, hemişe hoşwagt. Eger-de sen şu yaşyňda köňülleri özüňe bendi edip bilýän bolsaň, juwan wagtyň nähili bolduňkaň? Solup barýan güldügiňe garamazdan, sen ýüreklerde orun alýaň, eýsem-de bolsa seni juwan wagtyň tanan kişileriň durmuşy, ykbaly nähili bolduka!? Men olaryň akyllaryndan azaşmandyklaryna haýran. Sen meniň aklymam aldyň, ýüregimem. Soňundanam, Mobet şa Şährä «Menin aýalym bol!» diýip ýalbarypdyr. - Seň islegiň bolar meniň buýrugym, Seňki bolsun akylym hem yüregim. Emma Şähri-Banu özüniň çagaly-çugaly ayaldygyny, şonuň üçin hem Mobet şa aýal bolup bilmejekdigini aýdýar. Şundan soň hökümdar oňa «Onda sen maňa gyzyňy aýal edip ber, çünki, seniň deý zenanlardan diňe şeyle gyzlar doglup biler» diýýär. Şähri-Banu hem patyşa şeyle jogap beripdir: -Eý, şalar şasy! Maňa senden zyýat giýew bolmaz. Emma meniň gyzym yok._ Eger Hudaý halap gyzym bolsa, men saňa hökman habar ederin. -Menden başga hiç kime gyzyňy bermejekdigiňe meň öňümde ant ic! - diyip, Mobet şa ony ähtnama baglaşmaga mejbur edipdir. Şundan soň şa bilen Şähri bile oturyp «Eger-de Şähriniň gyzy bolsa, ol Mobet şanyň aýaly bolar» diýip, ähtnama baglaşypdyrlar. Bu wakalardan birnäçe wagt gecenden soň Şähriniň gyzy bolupdyr, adyna-da Wis2 goýupdyrlar. Şähri-Banu gyzyna asylly maşgaladan eneke hem-de terbiyeçi belläp, kämıllik yaşyna ýetýänçä ony Huzistan ýurduna iberipdir. Şol döwürler Mobet şanyň hem ogul jigisi dünýä inipdir. Oglanjyga «Pamin»3 diýip at goýupdyrlar. Mobet şa hem inisini ýapja ýurdy Huzistana terbiýelemäge iberipdir. Şeylelikde, iki juwan Wis bilen Raminiň çagalyk ýyllary bir ýurtda geçipdir. Ramin on ýaşyna yetende, Mobet şa ony döwletiň paýtagty Merwe getirdipdir. Ramin görmegeý hem edermen ýigit bolup yetişipdir. Ol barada «ýer ýüzünde Pamin ýaly gerçek bolmaz» diýip aýdýar ekenler. Ramin edermen esger bolşy ýaly, aýdym-sazyň, saz-söhbetiň hem ölemen aşygy bolupdyr. Tiz wagtdan ol özüni ýurda belli ezber sazanda, şirin dilli bagşy hökmünde tanatmagy hem başarypdyr. Aý geçipdir, ýyl geçipdir, Wis peri ýaly owadan, näzenin gyz bolup ýetişipdir. Şa bilen şa ayalyň arasynda baglaşylan ähtnama bolsa tiz ýatdan çykypdyr. Şähri-Banu hem Mobet şanyň öňünde eden ähdini unudypdyr. Şa aýaly ýetişen gyzyny hiç kese aýal edip bermäge dözmändir. Mehabat ýurdunyň däpleri boýunça iki doganyň arasynda hem nika düşüp bilýär eken. Şonuň üçin hem Şähri gyzy Wis bilen ogly Wiruny nikalaşdyrmagy müwessa bilýär. Wis bilen Wirunyň toý sähedi bellenilip, görülmedik dabaralar başlaýar. Ägirt uly ýurduň hökümdary Mobet şa Şähri-Banunyň gyzy Wisi çykarjak bolýandygyny eşidipdir we onuň üstüne weziri hem inisi Zerdi4 iberipdir. Zert şa aýalyna Mobet şanyň hatyny we Wisi alyp gitmek üçin niýetlenilen melewşe reňkli owadan kejebe getiripdir. Merwli hökümdaryň hatyny okap, Şähri-Banu eden ähti ýadyna düşüp utanypdyr. Mobet şa hatynda Wisiň dünýä inmegini Şährä-de, özüne-de Hudaýyň eden rehimi diýip düşündiripdir. Sebabi Şähriniň ogullaryndan başga gyz zürýady bolmandyr, Mobedıň hem ýaşynyň soňunda juwan söýgülisi dünýä inýär. Mobet şa Wisi tizräk Merwe ibermegi, onuň bukjasy hakynda alada etmezligi şa aýalyna buýrupdyr. Sebäbi Merwe gelenden soň hazynasynyň açaryny Wisiň eline gowşurjakdygyny, Şähriniň özüne bolsa, näçe islese göwher daşlaryny, lagyl-merjenleri we altyn-kümüşleri iberjekdigini, islese olardan özüne altyndan şäher, gymmat bahaly daşlardan bolsa, gala gurup biljekdigini aýdypdyr. Mobet şa Wisiň dogany Wiruny hem boş goymajakdygyny, oňa uly ýurdy bagyş etjekdigini, yöne gyz uýaňa öýlenmegiň aýypdygyny, sonuň uçin hem islese, Mobediň asylzada kowmundan saýlan gyzyna öýlenip biljekdigini aýdypdyr. Mobet şanyň hatyny okap, Şähri-Banu eden işine, ähtiýalanlyk edenine ökünipdir. Hudaýyň hem-de kuwwatly hökümdar Mobet şanyň gazabyna duçar bolmakdan gorkupdyr. Emma Zerdiň gürrüňini diňläp Wis ony masgara edip kowupdyr. Wezir Merwe gelip, hökümdar agasyna ähli bolan gürrüňleri birin-birin aýdyp beripdir. Mobet şa dergazap bolupdyr. Wezir-wekilleri, serkerdeleri hökümdara Şährä we onuň ýurduna göz görkezmegi maslahat beripdirler. Şa özüniň ähli ýapjalaryna perman gönderip, goşunlary bilen döwletiň paýtagtyna ýygnanmagy höküm edipdir. Haýal etmän Tabarystandan, Gürgenden, Dehistandan, Horezmden, Sintden, Hindistandan, Tibetden, Hytaýdan, Sogdakdan we Turandan ummasyz köp goşun Merwiň etegindäki düzlükde ýygnanypdyr. Mobet şanyň goşun ýygnaýanyny eşidip, Wisiň kakasy Karan şa, şa ogly Wiru hem goşun ýygnap ugrapdyrlar. Emele gelen çylşyrymly wakalar Wis bilen Wirunyň dowam edip başlan durmus toýlarynyň togtadylmagyna-da sebäp bolupdyr. Şazada Wiru Häzirbegjandaky, Arrandaky, Gilýandaky, Huzistandaky, Astabaradaky, Yspyhandaky dostlaryny, seyle hem Deylemden we Arabystandan goşunlary kömege çagyrypdyr. Hökümdar bilen ýapjasynyň arasynda uly uruş bolup, mehabatly patyşa Karan şa we köp sanly wezir-wekiller wepat bolupdyr. Yöne Wiru Mobet şanyň gosunlaryny saklamagy başarypdyr. Emma gilýanlylar we deýlemliler mehabatly şazada dönüklik edipdirler. Şazada kyn güne düşüpdir. Pusatdan merwli hökümdar peydalanypdyr. Ol Wisiň üstüne çapar iberipdir we ondan ykbalyň emrine boýun synmagy, eger-de şeýtse onuň üstüni lagyl-merjenlerden we altyn saý-seplerden gömjekdigini aýdypdyr. Wis ýaka ýyrtyp, gan eňräp, Mobet sanyň adyna masgaralaýjy sözleri aýdyp, çapary kowupdyr. Emma Wisiň bu hereketi hötjet patysanyň oňa öýlenmäge bolan islegini öňküden hem beter öjükdiripdir. Mobet ýanyna inilerini çagyryp, Wis barada maslahat edipdir. Ramin çagalykdan Wisi söýýär eken, ýöne pynhan syryny hiç kime duýdurman gezipdir. Ramin agasynyň ünsüni Wisden sowjak bolup, her hili maslahatlary beripdir. Ramin agasyna «Eger duşman seniň öýüňde oturan bolsa, edil ýeňiňde ýylan saklan ýalydyr. Yaşuly halyňa juwan gyza öýlenme! Eger sen Wise öýlenseň, öz başyňdan injek betbagtçylyklardan dynyp bilmersiň. Cünki söýgi dünýäsi umman ýaly bir zat bolýar, onuň düýbem ýok. kenaram: isleseň ol deňze çümüp bilersiň, ýöne ondan çykmak isleseň, ol saňa başartmaz» diýýär. Emma hötjet patyşa barybir, inisiniň sözlerine gulak gabartmandyr. Tersine, poemanyň ýazarynyň aýdyşy ýaly, «Eger-de bir kişi birini söýse, soň ol magşugyny hernäçe ýigrense-de, ony şonça-da güýçli söýýär. Ýylanyň garrap aždarha öwrülişi ýaly, söýygi hem wagt geçdigiçe gazaba öwrülýär. Aşyk ýigide onuň magşugy barada nähili masgaraçylykly sözleri aýtsalar-da, onuň ýüreginden magşugyna bolan söýgüsini kowup çykaryp bilmeýärler. Şonuň üçin hem aşyk ýigide igenmň, çünki, söýüp görmedikler bu zatlary näbilsinler!» Mobet şa körpe inisine gulak gabartmandyr. Zert bolsa, tersine - agasyna Şährä hat yazmaklygy we oňa ummasyz köp baýlyk wada etmegi maslahat berýär. Zerdiň maslahaty Mobediň göwnüne ýarapdyr. Hökümdar haýal etmän, Şahra hat ýazyp, Wisi özüne yryp berse, ogluna patyşalyk, Şähriniň özüne bolsa Hoýystany mülk edip berjekdigini, Wisiň bolsa bütin Horasanyň hökümdary boljakdygyny aýdypdyr. Hatyň ýany bilen merwli hökümdar görülmedik sowgatlary hem iberipdir. Patyşanyh iberen haty we sowgatlary öz netijesini beripdir. Şähri-Banu gyzyny sol gijäniň özünde Mobet şanyň eline berip goýberýär. Gürgeniniň ýazyşy ýaly, şa işiniň şowuna düşenine «edil gulan sürüsini gören ýolbars ýaly» ýa-da «hazyna tapan gul ýaly» begenipdir. Wisi gola salansoň, hökümdar howlukmaçlyk bilen Merwe gaýdypdyr. Ýolda gelýärkäler, güýçli ýel turupdyr we Wisiň kejebesiniň perdeleri serpilipdir. Kejebäniň ýany bilen atly gelýän Raminiň gözi Wise düşýär. Wisi çagalyk döwründen bäri görmäninden soň, şa gyzynyň jemalyny görüp, Ramin «misli saralan yeňiljek güýz ýapragy ýaly» atdan gaýyp düşüpdir. Raminiň ýüzüne gül suwuny, müşki-anbar sepip, zordan özüne getirýärler. Az yöräp, köp ýöräp, Mobet şa gelinligi bilen Merwe gelipdir. Paýtagt öz hökümdaryny uly dabara bilen garşylapdyr: ähli öýler, köşkler, köçeler birkemsiz bezelipdir, patyşanyň geçjek ýoluna merjen düşelipdir we bütin şäher ilaty, begzadalaryň baştutanlygynda şanyň öňünden çykypdyr.Wisiň Mobet şanyň eline berlip goýberilenini enekesi esidipdir we paty-putusyny alyp, olam Merwe ugrapdyr. Enekesi gelip görse,Wisiň gözünde ýaş, bagrynda daş, ykbalyndan ýanyp-bişip, başyndan kül sowrup oturanmyş. Eneke ony köşeşdirmäge çalşypdyr. Enekesi: «Eger sen dirhem ýitiren bolsaň, göwher tapypsyň, Wirudan aýra düşen bolsaň, Mobet ýaly beýik hökümdara sataşypsyň, özüňi ele al!» diýip, Wise ýalbarypdyr. Wis, ahyry ykbalyna kaýyl bolup, enekesiniň, sözlerine gulak gabardypdyr we iň gowy lybaslaryny geýip, lagyl-göwherlerini dakynyp, hökümdaryň ýanynda şa aýalynyň kürsüsine geçip oturupdyr. Mobet gelinliginiň açylandygyny görüp, guş bolup uçupdyr we nika toýuny tutmaga höküm edipdir. Wisiň gojalan patyşany sulhy almandyr, oňa aýal bolmaga razy bolsa-da, onuň bilen nika düşegini paylaşmak islemändir. Şonuň üçin hem Wis: «Mobedi sulhum alyança, bir ýyllap ýanyma gelmez ýaly, ony baglap ber!» diýip, jadygöýlükden we tebipçilikden baş çykarýan enekesine ýalbarypdyr. Eneke birbada razy bolmandyr. Emma Wis: «Bir ýyllap wepat bolan kakamyň ýasyny tutjak» diýenden soň enekesi razylaşypdyr. Eneke süňkden we misden doga ýasapdyr we olara dem salyp, Murgabyň kenarynda çägä gömüpdir. Bu wakadan on bir aý geçenden soň, eneke gömüp goýan dogasyny çykarjakdygyny we Mobediň baglanmakdan açyljakdygyny aýdypdyr. Emma günleriň bir güni apy-tupan turup. Horasanda görülmedik ýagyn ýagypdyr. Murgap derýasy dolup daşypdyr we deryanyň kenarynda gömlen dogany sil alyp gidipdir. Biçäre patyşa müdümilik baglanyp galypdyr. Şeydip, Wis hem iki gezek durmuş gursa-da, är-aýallygyň, nika düşeginiň lezzetini görüp bilmän galypdyr. Patyşanyň inisi Ramin Wisi gören gününden bäri däli-diwana öwrülipdir. Onuň Wise bolan söýgüsi gün geçdikçe güýjäpdir. Ramin Wis bilen duşuşmak üçin her hili hereketlere ýüz urupdyr, emma ähli yhlasy puç bolupdyr. Ahyry bolmansoň, ol Wisiň enekesine: «Wis bilen duşur» diýip ýalbarypdyr. Eneke Ramini birnäçe ýola kowupdyr, ýöne onuň ýüregedüşgünç yalbarmalaryndan soň razylaşypdyr. Emma Wis öňküleri ýaly, şol gaýgy-gussa batyp, ykbalyndan nalap, enekesiniň sözlerini diňlemek hem islemändir. Enekesi oňa: «Wiru diýip aglap oturma, merwli ýigitler hem ondan pes däl, aýratyn hem bir ýigit bar, misli ýyldyzlaryň arasynda dogan Aý ýaly, ady hem Ramin» diýip aýdypdyr. Wisiň enekesine gahary gelip: «Sen maňa akyl öwretmegiň ýerine, meni ýaramaz hereketlere itekleýärsiň» diýip, oňa igenipdir. Ýöne enekesi yzygider ýalbaryp duransoň, Wis ahyry Ramini görmegi ýüregine düwýär. Bir gün Mobet şa köşkde uly diwan geciripdir. Diwana döwletiň wezir-wekilleri, serkerdeler gatnaşypdyr. Diwanda Ramin hem bar eken. Eneke Wisi köşgüň ikinji gatyna çykaryp, perdäniň aňyrsyndan aşakda wezir-wekilleriň arasynda oturan Ramini görkezýär. Şeýdip, Wis hem Pamine aşyk bolupdyr. Tiz wagtdan aşyk-magşuklara duşuşmaga-da mümkinçilik döräpdir. Mobet şa dowlet işlerini weziri Zerde tabşyryp, aw-şikara gidýär, Ramin bolsa syrkawlan kişi bolup, agasyndan galýar. Aşyk-magşuklar iki aýlap bile bolupdyrlar. Mobet şa Raminiň sagalanyny eşidip, Wisi hem ýanyna alyp gelmegi buýrupdyr. Aşyklar aýra düşýärler. Sebäbi Wis hemişe adamsy Mobediň ýanynda bolupdyr. Bir gün enekesi Mobediň haremhanasyna girip, Wise Raminiň uzak ýerlere awa gitjek bolýandygyny, ol ülkelerde bolsa, oňa her hili howpuň abanmagynyň mümkindigini aýdypdyr. Emma patyşa uklaman eken. Ol bolan gürrüňleri eşidip, dergazap bolupdyr. Wisiň adyna erbet sözleri aýdyp, ony sürgün etmegi ýüregine düwýär. Sürgün ýerini hem Wisin özüne saýladýar. Wis adamsy bilen aýrylşyp, öz ýurduna gidýär. Wisiň öz ýurduna gidenini eşidip, Ramin agyr syrkawlaýar. Alty aý geçenden soň, Ramin Amul taraplara awa gitmäge agasyndan rugsat soraýar. Mobet şa inisiniň Wisiň ýanyna gitjek bolýandygyny aňyp, «Nira gitseň soňa git» diyip gargapdyr. Ramin Merwiň baş derwezesinden çykyp Wisiň watany Mehabada tarap at goýupdyr. Wis hem atasy öýünde Raminden aýra düşenine ah çekip, tukat bolup geziberipdir. Ol her gün köşgüňi üstündäki eýwana çykyp, söýgülisiniň ýurdy Horasana tarap seredip, Raminiň gelmegini arzuw edip oturýar eken. - Gelsedi söýgülim Rahşa atlanyp, Arkasy Merwe, yüzi biz tarap. Bir gün säher wagty Wis üçin Horasan tarapdan goşa Gün dogupdyr. Şahyryň aýdyşy ýaly «olaryň biri älem-jahanyň ýüzüni, beýlekisi bolsa Wisiň ýüregini ýagtyldypdyr». Gadymy döwürlerde Eýranyň halky öz ýurtlaryna Gün Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän ýurtdan dogýar diýip düşüner ekenler. Şonuň üçin hem ol ýurda «Horasan» («hor» - «asan», «Gün dogýar») diýip at goýupdyrlar. Şahyr bu gözel ýurdy, onuň ajaýyp paýtagtyny şeýle suratlandyrýar: - Horasan diýerler gülleýän ülkä, Bagt rahat tapýar öwrülip gülkä Horasan manysy – diýmek Gündogar, Gün Eýrana, Parsa şol ýerden dogýar. Bilseňiz, Gündogar bu ýurduň ady, Şu ýurtdan başlanýar ýaşaýşyň bady. Onuň ady şöhrat bilen deňme-deň, Derýasy, düzleri, bagy reňbe-reň. Merw zynata baý, şeýle bir gowy, Ol bir baharystan, bal ýaly suwy. Sergin howa, tebigaty ne gözel. Bu ýerde ynsana yaşamak hezil. Behişt çeşmesi deý, derýa suraýy, Bu gudratly mekan jennetiň taýy. Gaýtadan birleşip, aşyklar ýedi aýlap bile bolupdyrlar. Tiz wagtdan Mobet şa inisiniň Wisiňkide bolýandygyny eşidipdir. Ol haýal etmän, Wisiň doganyna hat ýazyp, onuň üstüne ýöriş etjekdigini aýdypdyr. Wis özüniň Mobede wepalydygyny, bu işde hiç hili günäsiniň ýokdugyny düşündiripdir. Şundan soň Mobet şa köşeşipdir we Mehabada myhmançylyga gidipdir we Wis hem-de Ramin bilen ýaraşypdyr. Bir aýlap myhmançylykda bolandan soň, Mobet şa Wis bilen Ramini hem alyp ýene-de Merwe dolanypdyr. Emma gabanjaň Mobet köne heňine tutupdyr. Şonuň üçin hem Wis, Ramin we eneke üçüsi gaçmagy karar edýärler. Emma Mobet şäheriň ähli derwezelerini mäkäm bagladypdyr. Şäheriň ähli çykalgalaryna belet, ugurtapyjy Ramin hammamyň hapa suwlarynyň akyp gidýän ýerasty tokurtgalary bilen, gijäniň içinde üç bolup galanyň etegine çykýarlar. Ol ýerden hem Ramin şäher galasynyň üstüne çykyp, örtüklerden edilen ýüp bilen Wisem, enekänem galanyň daşyna çykarypdyr. Soňra Raminiň wepaly nökerleriniň biri olara iň gowy atlary getirip berýär. Şeýdip, olar on gün ýol ýöräp, Reýe gelipdirler. Ýeke galan Mobet şa Wis bilen Raminiň gözlegine çykypdyr. Alty aýlap ýer ýüzüne aýlanyp, onuň barmadyk ýeri galmandyr. Emma gözlegden netije çykmandyr we lapykeç bolup Merwe dolanyp gelipdir. Mobet şanyň aşyklaryň gözleginde gezip ýören mahaly, Ramin ejesine hat ýazypdyr we özüni hem-de Wisi agasynyň öldürjek bolýandygyny aýdyp zeýrenipdir. Eger-de, Mobet maksadyndan el çekmese, Ramin goşun çekip geljekdigini we agasynyň elinden hökümdarlygy aljakdygyny aýdypdyr. Ejesi oglundan gelen hata begenipdir, sebäbi ep-esli wagt bäri iki oglundan hem hiç hili habar bolmandyr. Mobet gözlegden gelenden soň, ejesi Mobediň ýanyna barypdyr we oňa eger-de, Wis bilen Ramine ýamanlyk etmejekdigine söz berse, aşyklaryň bolýan ýerini aýtmaga söz beripdir. Ejesiniň sözlerine Mobet begenipdir we çaltrak Wisi gormegiň arzuwynda olaryň günäsini geçýändigini aýdypdyr. Ejesi haýal etmän, Ramine hat yazypdyr we dessine Merwe dolanmaga çagyrypdyr. Ramin ejesiniň hatyny alyp, tiz wagtdan Wisi hem alyp Merwe dolanyp gelipdir. Emma birnäçe wagt geçenden soň, aşyklar ýene-de duşuşup ugrapdyrlar. Mobet yene-de gahar-gazaba münüpdir we Wisi Merwden ep-esli daslykdaky Iskafatdewan galasyna iberipdir. Galanyň ähli derwezelerini ýapdyryp, mohurledip, inisi Zerdi hem gözegçi edip goýýar. Ýaryndan aýra düşenine gynanyp, Ramin yene-de agyr keselleýär. Işkafatdewan galasynyň ady «Wis we Ramin» poemasynyň gürji nusgasynda «Aşkupeddewan» diýlip atlandyrylýar. Gurgeniniň nusgasynda bolsa, ol «lskafatdewan» görnüşinde berilýär. Göwnüňe bolmasa, şu ýerde häzirki Aşgabadyň gadymy ady görünýän ýaly bolup dur: «Aşkubed[dewan]», «lşkafat-[dewan]» - «Aşgabat». Sebäbi bu şäher Merwden gaty uzak bolmadyk ülkede, beyik daglarda ýerleýşän, diwarlary asman bilen bäsleşýän, bäş derwezeli beýik gala hökmünde häsiýetlendirilýär. Seyle wakalaryn döwründe Mobet şanyň ýurdunyň üstüne Ýunan patyşasynyň ýörişe gelýändigi aýan bolýar. Şalar şasy Mobet syrkaw Ramini hem alyp, gelýän ýagyny garşylamak üçin günbatara ugraýar. Emma serkerdeler hökümdara Ramini Gürgende galdyrmagyny, soňra bolsa Merwe dolanmaga rugsat bermegini soraýarlar. Şa egindeşlerine gulak asýar we ýoluny dowam etdirýär. Ramin bolsa haýal etmän – Merwe dolanyp gelýär. Gelip gorse, Wis ýok, onuň nirededigini bilýän hem ýok. Ramin Wisiň Aşkupeddewan galasynda saklanýandygyny eşidip, atyny gamça basýar. Aşkupeddewan galasyna gelip, Ramin Wisiň ýatan otagyny nyşana alyp, peýkamyň ýüzüne adyny ýazyp atýar. Ok baryp Wisiň ýatan ýeriniň sütünine çümýär. Muny görüp, eneke gaýgy-hasrata gark bolup ýatan Wisi oýarýar. Olar Ramine duýdurmak üçin otagyň penjiresiniň öňünde şem ýakýarlar. Soň Wis bilen eneke örtüklerden, matalardan, geýim-gejimlerden ýüp işip, penjireden aşak sallaýarlar. Aňzakly gyş gijesi bolansoň, ýyljak ýerde busup ýatan garawullar hem Raminiň galanyň içine girenini görmän galýarlar. Şeýdip. iki juwan ýene-de sataşýarlar. Aşkupeddewan galasynda aşyklar dokuz aýlap yaşapdyrlar. Emma Mobet ýunan patyşasynyň goşunlaryny derbi-dagyn edip, uly ýeňiş bilen ýurduna dolanyp gelýär. Ýeňiş dabarasynyň gidip duran pursaty köşk kenizleriniň biri Zerringyz5 gelip, Wis bilen Raminiň tapyşandyklaryny hökümdara habar berýär. Gazaba münen Mobet haýal etmän goşun ýygnamagy we Wis bilen Ramini gola salmagy buýurýar. Emma goşunlar, serkerdeler Ramini goldapdyrlar we şanyň hereketinden nägile bolupdyrlar. Emma Mobet barybir, goşunlaryny Aşkupeddewana sürüpdir. Mobet şanyn gelýänini görüp, Wis bilen enekesi Ramini galadan aşaklygyna sallap gaçyryp goýberýärler. Gala girip Mobet Wisem, enekesinem öldir ýaly ýençýär we Zerdi galanyň goragyndan aýryp, ýerine has ynamdar birini belläp, Merwe dolanyp gelýär. Emma köp wagt geçmänkä, patyşa eden işine ökünip, Wisi paýtagta getirdýär, inisiniň hem günäsini geçýär. «Wis we Ramin» dessanynda şeýle dartgynly wakalar soňam birnäçe gezek bolup geçýär. Bolýan wakalar Wisiňem, Raminiňem halys ýüregine düşýär we aşyklar gatnaşyklary kesmegi karar edýärler. Söýgülisini unutmak üçin Ramin agasyndan özüni Yraga ibermegini haýyş edýär. Mobet biçäre inisinden dynsa bolany, ony Reýiň, Yspyhanyň, Gürgeniň, Hamiýanyň we Yragyň emiri edip belleýär. Bu ýerlerde Ramin adalaty berkarar edýär, il-gün asuda, parahat durmuşda ýaşaýar. Bir gün Ramin ýurda aýlanyp ýörkä, Gurap welaýatynyň emiri Rafediň Göwher atly aýalyndan bolan gyzy Güle sataşýar we oňa aşyk bolýar. Ramin gyzyň adyny sorapdyr: - Söýlüp meň adyma Gül diýip goýlan, Çünki, men gülleriň içinde doglan. Ramin Güle aşyk bolup, onuň öňünde baky söýgi barada kasam edýär. Rafediň köşgünde toý tutulyp, Ramin Güle öýlenýär. Gülüň öňünde günäsini ýuwmak üçin Ramin söýgülisinden el çekýändigi barada Wise hat ýazýar. Raminiň çapary haty Mobediň eline getirip berýär. Mobet şa inisiniň öýlenendigini, Wisden el çekýändigini eşidip, guş bolup uçupdyr, Raminden gelen haty haýal etmän Wise görkezýär. Wis Raminiň ýazan ökunçli hatyny okap begenen kişi bolýar, hakykatda bolsa gaýgy-gama batyp lapykeç bolýar. Ony hatda enekesi hem köşeşdirip bilmeýär. Ahyry Wis Horasanyň meşhur hatdaty Müşgüni çagyryp, Ramine ýalbaryp yzly-yzyna on sany hat ýazdyrýar. Aýlar günler geçip, Raminiň hem Gule bolan alawly söýgüsi öçüp ugraýar. Ramin gözel ýurdy Horasany, ösüp-ulalan şäheri Merwi, dost-ýarlaryny, esasan hem Wisi küýsäp, horlanýar. - Owadan Merw, mekanydyr şalaryň! Owadan Merw, mekanydyr baglaryň! Owadan Merw, jöwzada hem aýazda! Owadan ol, altyn güýzde hem ýazda! Merwde ýaşap, rysgalyn tapan, Özge şäherlerden taparmy bagtyn? Merwde ýaşaýar meniň jenanym, Onsuz aram tapmaz bu şirin janym. Wisden gelen hatlar Ramini Gülden gutarnykly dönderýär. Ahyrsoňy, ol ýüregini daşa baglap, Güli taşlap, Merwe tarap gaýdýar. Gizlinlik bilen gala girip Wisiň huzuryna gelýär. Wis Raminden öýkelän bolup, garaňky gijede, aňzakly sowukda Ramini köşguň öňünde uzak gije saklaýar, yöne soň açylyp, ony kabul edýär. Iki aýlap Wis bilen bolandan soň, Ramin Merwden ýarym günlük ýola giden bolup, Merwe - agasynyň ýanyna gelýär. Agasy Ramini güler ýüz bilen garşylaýar, ýöne ony töwereginden aýyrman, göz astynda saklapdyr. Mobet şa inisini Gürgen tarapa aw-şikara alyp gidýär. Ahyry Ramin agasyndan dynmagy we häkimýeti öz eline almagy maksat edinýär. Ol Gürgenden Merwe gaçyp gelýär we töweregine tarapdarlaryny jemläp ugraýar. Raminiň hereketini Mobede ýetirýärler. Ol Ramini bir wagt öldürmändigine ahmyr edip, goşunlary bilen Amula gelýär. Amula gelip, Mobet şa çadyryny Jeyhunyň kenarynda, jeňňelligiň baslanýan ýerinde dikipdir. Serkerdeleri bilen çadyrda maslahat geçirip otyrka, birden jeňňeliň içinden äpet ýekegapan peýda bolýar. Esgerler ýekegapana tarap okdurylypdyrlar. Mähnet ýekegapan ordanyň içini agdar-düňder edip, iki ýana at salypdyr. Ussat awçy Mobet şa ak atyna böküp münipdir we ýekegapanyň üstüne at goýupdyr. Ýekegapan bilen ýüzbe-ýüz bolan patyşa oňa tarap naýza zyňýar. Emma Mobediňki çüwmändir: naýza sowa geýär. Ýekegapan bir süsende, Mobedi aty bilen bilelikde agdarypdyr. Ikinji gezek ýerinden turýança, ýekegapan ýiti gyýaklary bilen atyňam, Mobediňem garnyny silkipdir. Şeylelikde, Mobediň döwri tamamlanyp, ähli esgerler, serkerdeler patyşalyga Ramini göterýärler. Ramin 110 ýyl ýaşapdyr we şonuň 83 ýylyny patyşalyk edip geçiripdir. Ramin bagtyýarlyk bilen şalyk sürüpdir, şowlulyk her bir işde oňa ýaran bolupdyr. Onuň ähli ýörişleri üstünlik bilen tamamlanyp. Raminiň hökümdarlygy Hytaýdan, tä berberleriň ýurduna (Demirgazyk Afrika) çenli ýayrapdyr, ol her bir şäherde we welaýatda emirleri, serkerdeleri belläpdir, weýran bolan säherler dikeldilipdir, onuň permany bilen täze-täze obalar we şäherler, ýollaryň ugrunda ötegçiler we söwdagärler üçin kerwensaraýlar gurlupdyr. Raminiň guran Ramin-Ahwa-Ruhmiýa şäheri biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr: ol Günorta Eýranyň häzirki Ahwaz şäheridir. Aýdym-sazyň ölemen aşygy Ramin gadymy saz guraly bolan çaňňany (çanga) hem döredipdir. Juwan hem edenli patyşa ähli ýerlerde ogurlygy, aldawçylygy we talaňçylygy köki-damary bilen ýok edipdir, onuň döwletindäki ýollar howpsuz, iller abadan bolupdyr. Şalar şasy Ramin hepdede bir gezek kazylyk edip, onuň öňünde, geda-da, baýam, garybam deň bolupdyr. Ramin şa gelýän arza-şikaýatlara adalatly seretmäge çalşypdyr, ol gojalara hormat goýup, alymlara, din adamlaryna howandarlyk edipdir. Şahyr aýdypdyr: - Dünýäde azaltdy ol üç bitaýy: Dert, ynjyny hemem agyr matamy. Raminiň Wisden Hurşyt we Jemşit atly iki sany ogly bolup, olar batyr esgerler, edenli serkerdeler bolup yetişipdirler. Uzak ýyllaryň bagtly durmuşy Wis bilen Ramine köp sanly agtyk-çowluklary peşgeş beripdir. Wis 81 yaşapdyr. Juwan wagty owadanlykda dünýäde deňi-taýy bolmadyk Wis garransoň, sahyryň aýdysy ýaly, «egrelip ýaýa dönüpdir we betnyşan kempire öwrülipdir», sonuň üçin hem Wis Hudaýyň özüni çaltrak ýygnamagyny dileg edipdir. Wisiň arzuwy hasyl bolupdyr we Ramindan öň aradan çykypdyr. Ramin özüne hem-de Wis üçin owadan aramgäh gurdurup, ony altyn we syrça bilen bezäpdir, aramgähiň ýanynda bolsa, diňleri asmana ýetip duran ot ybadathanasyny bina edipdir. Ot ybadathanasynda gije-gündiz hoşboý ysly ýaglar, otlar ýakylypdyr. Ahyrýetiň golaýlap gelýändigi ýadyna düşüp, Ramin uly ogly Hurşydy ýanyna çagyrypdyr we wezir-wekilleriň, serkerdeleriň we ähli esgerleriň gatnaşmagynda ony öz tagtynda oturdypdyr, başyna täç geýdirip, biline gylyjyny dakypdyr, patyşalyga ak pata berip, adyna-da Hysrow goýupdyr. Bütin musulman Gündogarynda «patyşa» manysyny aňladýan meşhur «Hysrow» ady şeýle döräpdir. Ramin Hurşyda Gündogary, Jemşide bolsa Günbatary mülk edip beripdir. - Gündogary berdi Ramin Hurşyda, Günbatary berdi ogly Jemşide. Hurşyda düşdi Sogdak, Çagan, Horasan, Jemşide Şam, Müsür hemem ol Kerman. Giçki döwürlerde Raminiň körpe ogly Jemşidiň nesillerinden Eýran şalary, Hurşytdan bolsa, Horasan şalary gelip çykypdyr. Şahyryň aýdysy ýaly, «Hurşyda tagtyny, täjini, patyşalygyny, goşunlaryny we hazynasyny tabşyryp», Ramin şa Wisiň aramgähine gidipdir we ol ýerden tä ölýänçä çykman oturypdyr. Şeýdip, meşhur poemadaky wakalar hem tamamlanýar. Türkmen halkynda «Edebi miras - ebedi miras» diýlip aýdylýan ajaýyp bir pähim bar. Gojaman geçmişde ata-babalarymyzyň döredijilik dünýäsinden gözbaş alyp gaýdan we dünýä edebiýatynyň ösüşinde gönezlik bolup hyzmat eden «Wis we Ramin» poemasy hem edebi mirasymyzyň ezeli nusgasydyr. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |