PERZENTLERIM
Dynç günidi. Şekillendiriş sungaty bilen gyzyklanamsoň täzelikde döreden eserimi kärdeşlerime görkezmäge äkitdim.
Olar tebigat gözelligini şekillendirýän suratyma ýokary baha berdiler. “Şäherimizde yglan edilen bäsleşige hödürleseň makyl bolardy” diýdiler. Bu teklibe hoşal bolup, begenjime süňňüm ýeňläp gaýtdym. Öýe gelenimde suraty iş otagymda goýdym.
Öýde keýwanym ikimiz bolýardyk. Ogul-gyzlarym ýetişip, eýýäm özbaşdak öýli-işikli bolup gidipdiler. Olar adatça dynç günleri çagalary bilen bize myhmançylyga gelýärler.“Hudaýa şükür, nesip bolsa indi kiçiräk toýlary agtyklarym bilen sowaýsagam boljak”-diýip, ýürek buýsanjymy keýwanyma aýdanymda ol diňe bir ýylgyrmak bilen oňaýýar.
Ene-ata üçin agtyklary gymmatly hazyna. Olar tötänden dowamatlaryny süýdyň gaýmagyna, hozuň maňzyna meňzeden däldirler ahbetin!. Agtyklarymyň körpejesi ýaňy ýörjen-ýörjen boldy. Bir ýykylýar, bir-de galýar. Ýöne garawsyz goýsaň basym gözden gaýyp bolýar. Onsoň ony tapmak aňsat düşenok.
Ynha, şu gün ony ýene-de ýitirdik. Ejesiniň agtarmadyk ýeri galmady. Gözläp halys bolany ýüzünden hem bildirip durdy. Körpejäm edil şu wagt ejesiniň eline düşäýse temmisiniň kemter berilmejegini bilýärin.
Ol meniň iş otagymda gola düşdi. Özüniň hem eli çotgalydy. Ýüzi-gözi, ,üst-başy dürli reňkler bilen bezelip, masgarabazy ýada salýardy. Gülmän seretmek mümkin däldi..
Gelnimiz bu wakanyň soňuna howsala bilen garaşýardy.
- Sen-de, bu surat-da meniň perzentlerim, guwanjym. Ýöne neneň saňa dözeýin? Suraty bolsa täzeden çekerin -- diýip agtygymy bagryma basanymda gelnimiziň ýüzünden nur ýagýardy.
Hekaýalar