01:14 Pikirler hakda pikirler | |
PIKIRLER HAKDA PIKIRLER
Sözler
Eger düşündirişde mätäçlik çekýän bolsa ol aforizm şowsuzdyr. L.Wowenrag * * * Akly danalaryň pähimleri bilen tanyşmak ajaýyp türgenleşikdir: ol aklyňy artdyrýar we ýiteldýär. I.Gerder * * * Çuňňur pikirler edil aňymyza urlan demir myhlar ýalydyr, olary hiç zat çekip çykaryp bilmez. Deni Didro * * * Söz asyra, pikir asyrlara degişlidir. N.Karamzin * * * Gysgajyk pähimler adamlaryň kalbyna düşüp, kök ýaýradýarlar, gülläp miwe berýärler hem-de mydama hereket edýärler. F.Bodenştadt. * * * Gowy pikirler beýlekileri hem gowy pikirlenmäge itergi berýär. W.Belinskiý * * * Halk pähimi adaty aforizm ýaly aýdylýar. N.Dobrolýubow. * * * Söz-asyrlara galýan ýeke-täk zat. U.Hezlitt * * * Owadan aňlatma owadan pikiri bezeýär we aýap saklaýar. W.Gýugo. Terjime eden Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |