08:44 Plazma kyýamaty / hekaýa | |
PLAZMA KYÝAMATY
Mistika we fantastika
Konspirologik postapokaliptika BS Conspiracy Universe 2050-nji ýylda adamzatdan gizlenen hakykat äşgär boldy. Ýeriň tekizligi. Adamzat 500 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda togalak ýer düşünjesi bilen beýnileri zäherlenipdi. Ýeriň tekizliginiň subut edilmeginde Tekiz Ýerçiler hereketi sebäp boldy. NASA we şuňa meňzeş guramalar hakykaty boýun almaga mejbur boldy. Hakykat äşgär bolsada, adamzatdan entek köp zatlar gizlenýärdi. Olar aýlawly heläkçilikler, ýer ýüzüniň başga materikleri, başga dünýäler we hakyky gizlenen taryhdy... Proffesor Adam Senders ýeriň tekizligi äşgär bolansoň, ol asman gümmezini öwrenmäge girişdi. Ol ýigrimi ýyllyk gözegçilik we barlaglarynyň netijesinde aslynda näme sebäpden adamzada togalak ýer ertekisi öwredilenini we ýene nämeleriň gizlenýändigini bildi. Ol gadymy halklaryň rowaýatlaryny we miflerini öwrendi hem-de asman gümmezine gözegçilik etdi. Ol anyklan maglumatlaryny ylmy jemgyýetçilige açyk aýtmakdan gorkýardy. Ol şägirdi bolan Jek atly ýaş ýigide öwrenen maglumatlaryny gürrüň berdi: - Jek diňle, saňa örän möhüm bir zat aýtmaly. Bize mundan ýigrimi ýyl ozal togalak ýer ýalany öwredilendigini bilýäň?! - Howwa jenap. - Emma bize ýeriň tekizligi hakykaty aýdylany bilenem bizden ýene käbir zatlar gizlenýär. - Meselem nämeler gizlenýär? - Plazma kyýamaty. (Plasma apocalypsys, EMPCOE) - Bu näme zat bolýa? - Nobatdaky Nuh tupany. - Bu barada giňişleýin gürrüň berip bilermisiňiz? - Dini ýazgylardada ýeriň tekizdigi we asmanyň gümmezdigi aýdylan we gümmeziň ýokarsynda asman suwlarynyň bardygy, Nuh tupanynda bolsa ana şol asman suwlary asman gümmeziniň deşilmesi netijesinde dünýäni suw alandygy, gadymy müsür mifologiýasynda bolsa asman bilen ýeriň aslynda diri hudaýlardygy, olar her müň ýylda bir gezek gujaklaşyp kyýamaty we gaýtadan döreýişi amala aşyrjakdygy aýdylyp geçilen. Köp rowaýatlarda bolsa suw kyýamatyndan soň, o:t kyýamaty boljagy barada gürrüňler bar. Men asman gümmezi boýunça geçiren gözegçiligimde gümmez üsti asman suwlarynyň Nuh tupany zamanynda doly çekilendigini suwyň ýerine bolsa plazma emele gelip başlanyny öwrendim we ol giňelmegini dowam edýär ýakyn ýyllarda ol gümmezimizi daşardan deşer we kyýamat gopar. - Bu haçan bolar jenap Senders? - Takmynan ýene sekiz ýyldan. 2078-nji ýylyň 19-njy dekabrynda başlar we alty gün dowam edip, 25-nji dekabrda tamamlanar. Eger-de alty gün bir gaçybatalgada gizlenip bilsek biz diri galyp bileris. - Jenap Senders men size ynanýan. Sebäbi siz örän zehinli alym. Indi biz näme ederis? - Bu zatlardan Globalist haramzadalaryňam habary bar bolmaly we olar eýýäm nädip diri galmagyň ýollaryny anyklap, taýynlyklaryny görüp goýandyr. - Jenap biz nädip diri galarys? - Bu habary uly ile äşgär edip bilmeris. Men ýenede bu boljak kyýamaty doly öwrenerin we biz gaçybatalga gurarys. Oňa öz ýakynlarymyzy we gerekli zatlarymyzy ýerleşdireris. Gorkma biz elbetde diri galarys! Jenap Senders gaçybatalga edinmek üçin haýsydyr bir dagyň birnäçe gowagyny satyn aldy. Ol bu ýerlerde ylmy tejribeler geçirjekdigini aýdyp hökümeti ynandyrdy. Ol şägirdi Jekiň we birnäçe dostlarynyň maddy kömegi bilen gowakda gaçybatalga gurdy. Ol iki müňe golaý adamy halas etmegi planlaýardy. Jenap Senders garaşylýan ahyrzaman barada şägirdi Jekden başga maddy taýdan gurply bolan iki sany dostuna hem aýtdy. Ol iki dostunyň muňa ynanmasy kyn geçdi. Jenap Senders olara toplan maglumatlaryny we materiallarny hem-de tejriberini görkezdi. Ahyryn olar hem muňa ynandylar. Olar dört bolup halas boluş meýilnamasyny döretdiler: 1. Bir müň sekiz ýüz sany halas edilmeli adamlary bellenilen normalara görä bellige almaly. 2. Bellige alnan adamlara bellenen möhleti dolýança ,,EMPCOE" hakynda hiç zat aýtmaly däl. 3. Globalistlere we hökümete maglumatlarymyzy äşgär etmeli däl, ýokary derejeli gizlinligi berjaý etmeli. 4. Ahyrzamana bir hepde galanda (2078-nji ýylyň 13-nji dekabrynda) bellige alnan adamlary gaçybatalgada jemlemeli. 5. Olara kyýamat barada 2078-njy ýylyň 16-njy dekabrynda aýtmaly. 6. Olary howsala düşirmezlik üçin ähli çäreleri görmeli. 7. Ýokary derejede goralýan iýmit ätiýaçlaryny döretmeli. 8. Ýigrimi ýaşdan ýokary bäş ýüz sany esgeri gaçybatalgany goramaga işe çekmeli we olarada möhleti dolýança ahyrzaman barada söz açmaly däl... Aradan sekiz ýyl geçdi. Bu wagtyň dowamynda dagda ähli işler ýerine ýetirilip bolnupdy. Gaçybatalgada ýüzlerçe otag bardy. Ol otaglar plazma we elektroniki akymlardan goranmak üçin Faradeý kapasasy görnüşinde bina edilipdi. Sekiz ýylyň dowamynda birnäçe gezek ABŞ hökümeti we FBI olardan bu ýerde näme tejribe geçirýändikleri barada sorag baryny ýagdyrdylar. Jenap Senders olara hiç hili ýagdaýda-da syr bildirmedi, olara bu ýerde ylmyň dürli ugurlaryndan birnäçe tejribeleriň geçirilýändigni aýtdy we olara tejribeler barada dürli-dümen hasabatlar berip durdy. Bellige alnan adamlaryň ählisi bu ýere bir aýlyk ekskursiýa bahanasy bilen jemlenipdi. Olar ýedi ýaşdan kyrk bäş ýaş aralygyndaky sagdyn adamardy. Bellige almak işi bilen jenap Sendersiň özi meşgullanypdy. Üç gün geçensoň jenap Senders bellige alnan adamlaryň ýigrimi bäş ýaşdan ýokarylaryny bir ýere jemläp, garaşylýan ahyrzaman we düzülen meýilnama barada gürriň berdi. Ol iki sagadyň dowamynda ählisini olara aýan etdi. Olara özleriniň goralýandygny aýtdy we halas bolmagyň örän möhümdigni hem-de howsala düşmegiň zyýanlydygny nygtady... 2078-nji ýylyň 19-njy dekabry. Asman gümmezi jaýryk açdy. Asmanyň reňki mawydan gülgüne we melewşe reňklere bürendi. 20-nji dekabrda gün plazma akymy sebäpli aýlawyny üýtgetdi. Ol indi gübatardan gündogara hereket edip başlady. Ýeriň magnit meýdany hem üýtgedi, demirgazyk indi günortady, günorta bolsa demirgazyk boldy kompaslar ugruny üýtgetdi asmandaky uçarlar kontroly ýitirip heläkçilige uçrady. Güýçli magnit meýdany ýerýüzündäki magnitleri, demir, kobalt we nikel elementlerini hem-de magnetizmi güýçli bolan adamlary ýokary asmana tarap çekdi. Ýokara çekilen adamlaryň bedeninden plazma akymy geçip, olary küle öwürdi. 21-nji dekabrda plazma akymy indi asmandan ýere uryldy. Tokaýlar ýandy, ýer titredi, sunamiler boldy. Ýer ýüzünde diňe bulara öňden taýýarlyk gören adamlar diri galdy. 22-nji dekabrda gün edil haly ýaly düýrlendi, indi ol ýere nur saçmasyny bes edip, asmana nur saçdy. Asmanda nämäniň bardygy aýan boldy, gümmez we onuň aňyrsyndaky plazma akymy. Aý bolsa ikä bölündi. 23-nji dekabrda jaýrylan asman kem-kemden bitip başlady. Asman gümmeziniň daşyndaky plazma boşansoň ol ilkibaşdaky ýaly suw bilen doldy. 24-nji dekabrda kyýamat gopdy. Alty günde ýaradylan dünýä, alty günde-de ýok boldy. 2078-nji ýyl 25-nji dekabr ýa-da Täze eýýamyň 1-nji ýyly, ýanwar aýynyň birinji güni. Bu gün asmanda güniň (Ýanusyň) iki ýüzi görünýärdi. Täze ýylyňyz bilen!!! Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. 16.04.2022. Redaktirlendi: 27.08.2022. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||