17:53 Poeziýada Ahlak meselesi | |
POEZIÝADA AHLAK MESELESI
Edebi tankyt
Beýik rus ýazyjysy M.Gorkiniñ "Adam diýen söz belent ýañlanýar!" diýen ganatly sözi asyl manysynda çeperçilik medeniýetiniñ döredijilik baýdagyna öwrülen jümledir. Biziñ türkmen edebiýatymyz proza, dramaturgiýa, çeper tankyt, publisistika ýaly täze žanrlar bilen baýlaşyp, jemgyýetimiziñ ruhy gymmatlyklarynyñ hazynasyna öz goşandyny goşdy we goşup gelýär. Türkmen klassyky poeziýasy şahyrlarymyzyñ häzirki zaman nesline bahasyna ýetip bolmajak baý mirasy peşgeş berdi. Beýik Magtymguly Pyragynyñ poeziýasy dünýä akyl ýetiriş güýji bilen ony öwrenijileri, çeper söze muşdaklaryny haýran galdyryp gelýär. Mollanepesiñ nepis yşky lirikasy, Keminäniñ ýalynly satirasy, Seýdiniñ watançylyga eýlenen goşgulary, biziñ günlerimize gelip ýeten ajaýyp eposlar hem-de dessanlar, gadymy halk aýdymlary hem-de nakyllar - halkyñ çeperçilik mirasynyñ bu deñsiz-taýsyz nusgalary biziñ şindiki şahyrlarymyza özleriniñ düýpli täsirini ýetirdi. Şahyrlaryñ döredijilik aýratynlygyny aýyl-saýyl etmek aslynda poeziýanyñ tebigatyny yzarlamak edebiýaty öwrenijileriñ işi. Biz şu belliklerimizde häzirki zaman türkmen poeziýasynyñ aýry-aýry wekilleriniñ döredijiligindäki häsiýetli taraplary, ylaýta-da poeziýamyzyñ ahlak öwüşginleri barada söz açmakçy. Şunda men belli şahyrlarymyzyñ döredijiligine salgylanmak bilen bir wagtyñ özünde goşguçy hökmünde öz sada tejribämi-de, öz kärimiz baradaky pikirlerimi-de orta atmakçy. Gündelik gazetlere, radio, telegepleşiklere, aýda çykýan žurnallara, kitap täzeliklerine ser salyñ. Goşgy hem-de goşguçy megerem hiç haçan şindiki ýaly şeýle bol-elinçilige eýe bolan däldir. Megerem goşhy hiç haçan şindiki ýaly jomartlyk bilen çap edilen däldir. Goşgy goşup bilýän adamlaryñ känligi bizi haýran galdyranok. Sebäbi, halkyñ çeperçilik derejesi ýokary. Durmuşyñ medeni tarapynyñ baýlaşmagy, çeper höwesjeñligiñ ösmegi - bular döwrüñ alamaty. Beýle ýagdaýda galama ýapyşýanlaryñ köplügi tebigydyr. Goşgy goşmak üçin ýaş ýüregiñ byjyklamasy ýetik. Emma halkyñ hem-de zamananyñ poeziýasynyñ ösüşine şärik bolmak üçin diñe "goşgy goşmak" ýeterlik däl. Okyjylaryñ belli bir böleginiñ göwnünden turaýjak zatlary ýazyp, olaryñ el çarpyşmalaryna mynasyp bolmak, ýagny çemeçillik bilen özüñe ünsi çekdirmek kyn däl. Bu - galplygyñ edähedi. Okyjy köpçüligini öz hakykatyñ baýdagy bilen, öz ynanjyña beslenen zehiniñ gözelligi bilen haýran galdyrmak welin kyn. Emma bu döredijiligiñ ýalñyz dürs ýoly. Şonuñ üçin-de, şahyryñ üznüksiz gözlegleri esasan ahlak gymmatlykaryna gönükdirilendir. Döredijilik ýolumyñ başlarynda ýazan "Suratçy we çopan" atly çaklañja goşgym ýadyma düşýär. Indi-indiler seredip otursam, çeperçilik jähtden asla ýokary derejede ýazylmadyk şol goşgyda ündelýän pikir bütin döredijiligim üçin programma, prinsip bolup galan eken. Bir suratçy bizar etdi çopany, Käte "ýylgyr" diýip, käte "gül" diýip. Ol bendäñem bolşy şeýle ekeni, Gaşyn çytdy gaýtam "bahym bol" diýip. Ol güldürjek boldy, çopan gülmedi, "Ýyrş-ýyrş" etse-de, ugry bolmady. Suratçy torsardy: - "bolmaýar beýle!.." - Alaç ýok, han ogul, ýasalşym şeýle!" - Ýylgyraýda iñ bolmanda ýalandan! - Aý, oñaýdyk onda beýdip meşhur bolandan... Liriki gahrymanyñ şahyryñ şahsyýeti bilen gürrüñsiz baglanyşykly bolany üçin, şahyryñ diñe öz idealyny "dogurýandygy-da" düşnüklidir. Şonuñ üçin-de bu prosesiñ emeli ýagdaýda bolup geçmegi mümkin däl. Poeziýanyñ öwüşginleri dürli-dürlidir. Durmuşda diñe gowy zatlary görüp, diñe şolary teswirleýän şahyrlaram bar, durmuşyñ kölegeli tarapyna has siñe seredýän şahyrlaram bar. Meniñ hut özüm-ä prozada bolşy ýaly poeziýada-da ýüz görmezek realizmiñ tarapdary. Adamkärçilik diýen asylly sözüñ manysy harytlaryñ nyrhy ýaly kän bir üýtgäp durmaýar. Ündelýän pikiriñ çynlakaý formada, saldamly äheñde beýan edilmegi juda zerur. Beýik Magtymgulynyñ didaktiki goşgularyny käbir adamlaryñ "könelen, täsir ediş güýji gaçan" usul hasap etmekleri bilen ylalaşmak mümkin däl. Şindiki köplenç edebi tankytçylar, şahyrlaryñ ýaş nesliniñ wekilleriniñ aglabasy asla öwüt, akyl beriji goşgulary ret edýärler. Emma edebiýatyñ, şol sanda poeziýanyñ düýp maksady eýsem näme? Bu ýerde gep okyjylar auditoriýasynyñ saña uýýanlygynda ýa-da uýmaýanlygyndadyr. A.T.Twardowskiniñ gönümel, kyssalaç poeziýasynyñ güýjüni duýmagyñ özi ýeterlikdir. Zamanamyzyñ şu beýik şahyrynyñ uruş temasyndan ýazan kiçijik bir goşgusy bar. Goşgy tokaýyñ içinde dem-dynç almaga düşlän esgerleriñ agajyñ üstünde höwürtge ýasanýan guşjagaza höwrügişleri barada gürrüñ berýär. Komanda bolansoñ, esgerler ýene öñe gidýär, guşjagaz bolsa "uruş uruşdyr welin, nesil öndürmek hem gerek ahyryn" diýýän ýaly jürküldäp öz höwürtgesinde galyberýär. Adamkärçiligiñ, ahlak sahawatynyñ, haýyr işiñ belent nusgasyny beýan edýän bu goşgy biziñ günlerimiziñ poeziýasynyñ klassykasyna girdi. Dörediji şahsyñ graždanlyk hem-de ynsanlyk gymmatyny kesgitleýän ýeke-täk faktor onuñ dünýägaraýşydyr. Şu dünýägaraýyş bize taýýar görnüşde berlenok. Dünýägaraýyş işlenip düzülýär. Ýöne, hudožnik üçin şeýle işlenip düzülen dünýägaraýyş entek diñe nobatdaky basgançakdyr, başgaça aýdanyñda, mümkinçilikdir. Diñe talant bilen durmuşa beletlik şol mümkinçiligi döredijilik hakykatyna öwrüp biler. Meniñ döredijilik neslim - deñ-duş galamdaşlarym Beýik Watançylyk urşunyñ agyr ýyllarynda ynsan hökmünde kämilleşip, graždan hökmünde taplandy. Hupbatly döwür jyzyrdap ýanýan lenta ýaly bolup biziñ göz öñümizde hem-de hakydamyzda galdy. Agyr synagyñ astynda galan Watan özi hakyndaky biziñ düşünjämizi has çuñlaşdyrdy, biziñ ruhy tejribämizi baýlaşdyrdy. Günbatardan harby tupan turanda Seçme ýaly pytrap giden oglanlar, Üýtgeşik gudraty synlaýan ýaly, Kän nesliñ nazary sizde eglener! Sebäbi: On bäş ýaşa ýetdik bahar çagynda, On altyny bolsa ogurlatdyk biz. Şol demde-de ýigit çykdyk, bir demde - Wagtyñ özündenem öñe gitdik biz. Ine, bizi terbiýelän, taplan döwür: Orýanymyz bugdaý, Saçagymyz boş. Ýygýanymyz pagta, Gytdyr eginbaş. Köwşümiz bitin däl, Işigimiz gar. Öýde öýlänlik ýok, Düşünjämiz bar! Ýorganymyz ýuka, Oraçamyz dar. Odun bolsa, ot ýok, Ynamymyz bar! Kemlikden kösenip Tapypdyk kemal. Öýümiz garypdy, Süññümiz halal. Süññi halallyk, ruhy halallyk ahlak kategoriýasyna girýär, olar ahlaklylygy alamatlandyrýan ilkinji şertlerdir. Türkmen halkynyñ uly şahyry Kerim Gurbannepesow özüniñ goşgy kitaplarynyñ birini "Ömür" diýip atlandyrypdyr. Bu at eýýäm şahyryñ ahlak pozisiýasyny añladýar. Gum hem özi üçin hasyl berenok, Suw hem özi üçin berenok tagty. Bulut hem öz-özün ýuwundyranok, Gün hem özi üçin saçanok ýagty. Tebigat bilen adamyñ arabaglanyşygy kän-kän pähimdarlaryñ, şahyrlaryñ nazaryny özüne çekipdi. Mysal üçin, Ýer jomartlygyñ, çydamlylygyñ, giñgursaklygyñ simwoly bolup galdy. Akar suw berekedi hem-de päkizeligi alamatlandyrýar. Bakylygyñ, belentligiñ simwolyny köp şahyrlar daglarda görüpdi. Goja älemde dogup, ýaşyp mydama hereket edýän Gün hakda oýlanyp, Kerim Gurbannepesow şeýle ýazýar: Irden synladym Günüñ doguşyn, Öýlän synladym onuñ ýanyşyn. Agşam synladym onuñ ýaşyşyn Üçüsen ajap. Şeýdip dogulsyn, Şeýdip ýaşalsyn, Şeýdip ýaşylsyn. Şahyr ynsan aragatnaşyklary barada oýlananda adamyñ adama hemaýatlg bolmalydygy hakyndaky özünden öñ hem köpleriñ aýdan sözleri onuñ ýadyna düşýär. Hawa, megerem dünýäde aýdylmadyk söz, gaýtalanmadyk pikir azdyr. Emma ajaýyp şahyr täze bolmadyk pikire özüniñ inçe duýgularynh goşýar-da, il-güne ýüzlenýär welin hemme zat täzeçe ýañlanýar. ...Ejiz adamlara howandar bolmak Onuñam, meniñem, seniñem borjuñ. Emma diñe ejizlere gol berip, Güýçlüni unutsañ, günäkär borsuñ. Ejiziñ ýüregne iki söz bilen Basyp bolýan bolsa ýitmejek gara, Güýçlüniñ ýüregne ýeke söz bilen Salyp bolar käte bitmejek ýara. Adamlar! Ejize kömek bereliñ, Güýçlä-de jan-dilden bereliñ kömek. Ejize-de kömek zerurdyr weli, Käte güýçlä hasam beterräk gerek. Men ýokarda geçen uruş ýyllaryndaky gytçylygy, odun tapylsa, ot tapmagyñ kyn bolan döwri hakyndaky goşgyng mysal getirdim. Şondan bäri parahatçylykly ençeme on ýyllyklar geçdi. Halkyñ maddy, medeni derejesi ýokarlandy, aýdylşy ýaly, adamlaryñ elleri uzadan ýerine ýetdi. Adamlary gytçylygyñ synaga salýanlygy mälim. Ýöne olary bol-elinçilim hem synagyñ öñünde goýýan bolarly. Ine şeýle döwürde, ruhy taýdan baýlaşmaga, medeni taýdan ösmäge hemme mümkinçilikler dörän döwürde ilatyñ belli bir böleginde zat ýygnamak, gören-eşideniñi toplamak, harsydünýälik meýli güýçlendi. "Birek-birekden galmazlyk üçin" özara ýaryşa meñzeýän ýagdaý emele geldi. Bol-elinçilik gowy. Emma tebähediñ göçmegi, açgözlülik hiç haçan adamkärçiligiñ nusgasy hasap edilmändi. Elbetde, şahyryñ beýle ýagdaýa biperwaý garamajakdygy tebigydyr. Säherler başlanýar aýdym-saz bilen Dañlan başym galdyrmankam ýassykdan. Kemlikden-ä zeýrenmäge hakym ýok, Ýöne, gäbim azaýmasa meslikden. Takyr ýola düşen tigirçek ýaly Ýyndamlandy baharymyz, gyşymyz. Hernä, bu döwletden, beýle bagtdan Aýlanmasyn dostlar, biziñ başymyz. Şeýle zamanada ýaşap ýörüs biz. Tapylýar bir zady küýsese ýürek. Yrsgalymyz ýetik. Ýöne şo zady Göteräýmek üçin injigem gerek. Bir gezek uzakdaky obalaryñ birinde oba adamlary bilen duşuşykda men ýokarky setirleri okadym. Ümsümlik esli wagt dowam etdi. Birdenkä bolsa el çarpyşyp başladylar. Soñ zalda oturan ak sakgally bir ýaşuly ýanyma geldi. - Sag bol. Aýdanlaryñ ýürege jüñk boldy. Menden-ä arkaýyn bol, berlen rysgaly götererçe injigim bardyr - diýip, ol ýaşuly dillendi-de, bir salymdan soñ pikirini jemledi. - Arman, akyla gulluk edýän azalýan ýaly. Men ýaşuly bilen jedelleşip durmadym. Belki, onuñ aýdanynyñ hem jany bardyr, ýöne goşgy okalanda zal doly märekäniñ gymyldaman diñlemegi, pikire çümmegi çeper söze adamlaryñ sarpa goýýandygyna, uýýandygyna güwä geçýär ahyry. ...Baharda tylla topraga tohum sepilýär. Daýhanyñ guwanjy hem-de yhlasy, buýsanjy hem-de umytlary şol sepilýän tohum bilen baglanyşyklydyr. Gadymy orak daýhançylygy şekillendirilse, galam şahyryñ guraly. Gurallaryñ aýry-aýrylygyna garamazdan, daýhanyñ käri bilen şahyryñ zähmetind ýakynlyk bar. Olaryñ tagallalarynyñ maksady biri-birine juda meñzeş. Garnymyzyñ doklugy, egnimiziñ bitinligi üçin daýhana minnetdardyrys. Poeziýa bolsa şol garny dok, egni bitin adamyñ ruhy dünýäsiniñ gözelligi üçin, başgaça aýdanyñda ynsan ýüreginiñ nuranalygy, sahawatlylygy üçin göreşýär. Daýhan topraga bugdaýyñ ýa-da gowaçanyñ tohumyny sepýär. Şahyr çeper söz bilen ynsan ýüregine adamkärçiligiñ tohumyny sepmäge çalyşýar. Bu poeziýanyñ beýik taryhy missiýasy. Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk Ýazyjysy. | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |