09:06 Porno zyýanlymy? | |
PORNO ZYÝANLYMY?
Publisistika
Internet durmuşymyza ymykly aralaşandan soñ, indi pornografiýa öñkülerden has añsat görülýän elýeterli güýmenjä öwrüldi. Eýsem-de bolsa, pornografiýa adamyñ özüni alyp barşyna, gatnaşyklaryna we arzuw-isleglerine nähili täsir edýärkä? Dünýäniñ dürli ýerlerinde adamlar dürli dillerde gepleýär, dürli naharlary iýýär, hatda dürli duýgulary başdan geçirýär. Edil şolar ýaly-da millionlarça adamyñ gözünde hemmetaraplaýyn edim-gylymlaryñ birem pornofilmlere tomaşa etmekdir. Şular ýaly köp görülýändigine garamazdan, porno jemgyýetçilik keseli hökmünde görülýär. Hatda ABŞ-nyñ Ýuta ştatyndaky syýasatçylar pornony jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hasaplaýar. Internet we ykjam aragatnaşyk arkaly porno soñky ýyllarda öwrülişik sepgidini başdan geçirdi. Mysal üçin, Nýukasl uniwersitetiniñ ylmy-barlagçylary wirtual realizm porno tomaşaçysyny alysdaky şahs bolmakdan çykaryp, baş gahrymana öwürdi. Hünärmenler bu ýagdaýyñ hakykat bilen fantaziýanyñ arasyndaky liniýany bulaşdyrma, gatnaşyklary gowşatma we zyýanly çemeleşmelere synanyşma howpunyñ bardygyny duýdurýar. Eýsem-de bolsa, pornonyñ adamlara näderejede täsirini ýetirýändigi barada nähili maglumatlar bar? Bu öwrenilmesi kyn tema. Adamlaryñ porno endiklerini bolşy ýaly ýañzytmagy ýa-da tebigy däl laboratoriýa şertinde görkezmegi kyn görülýär. Muña garamazdan bu boýunça geçirilen barlaglaryñ netijelerini jemläp, şu netijelere gelinendigini aýdyp bileris: • Jynsy agressiýa Porno bilen baglanyşykly meselelerden bidem zorluk we jynsy eden-etdiliklere meýil etdirmäge, adatylaşdyrmaga we gylawlandyrmaga sebäp bolup bolmaýanlygydyr. Bu baglanyşyk uzak wagt bäri öwdenilýär. Mysal üçin, ýetmişinji ýyllarda Kopengagen uniwersutetinde krimonologiýa professory Berl Kutçinskiý Daniýadaky, Şwesiýadaky, Germaniýadaky jynsy jenaýatlaryñ derejesini hasaplady. Altmyşynjy ýyllaryñ ahyry bilen ýetmişinji ýyllaryñ başlarynda porno bu ýurtlarda kanunylaşypdy. Pornonyñ jenaýat hasabyndan aýrylmagy bilen jynsy jenaýatlaryñ arasynda baglanyşygyñ arasy kesildi. Tersine bu döwürde zorlama we çaga zorlama ýaly birnäçe jenaýatlarda azalmalaryñ bolandygy göze ildi. 1995-nji ýylda bolsa bu boýunça geçirilen 24 ylmy-barlagyñ netijeleri öwrenilip, 4.000 adamy öz içine alýan şekilde porno tomaşa etme bilen zorlamalar we jynsy hüjümler babatdaky düşünjäniñ arasynda arabaglanyşygyñ bardygyna-ýokdugyna seredildi. "Birinji görüşenlerinde erkegiñ öýüne barýan aýal eýýäm sekse taýýar bolup bolýar" diýen ýaly "zorlama miflerini" pornofilmlere tomaşa edýänler has köp dogry hasaplaýar. Emma bu ýagdaý synaglary öz içine alýan barlaglarda şeýledi. Gatnaşyjylaryñ beýanatyna esaslanan barlaglarda welin haýsydyr bir baglanyşyk tapylmandy. Emma soñky ýyllarda porno has köp agressiýany öz içine almakda aýyplanýar. Bu boýunça taýýarlanan dokumental filmde öñki porno ýyldyzy togsanynjy ýyllarda pornonyñ "düşekde jübütleēme" sahnalaryny öz içine alýan bolsa, 2010-njy ýylda öwrenilen 300 porno epizodynyñ 88%-de fiziki hüjümlere gabat gelip bolýardy. Muny edýänleriñ köpüsi erkek, hüjüme sezewar bolýanlaram aýaldy we aýal bular ýaly epizodlarda hüjüm edilşinden keýp alýan ýaly ýa-da hiç zat bolmadyk ýaly garşylyk berýärdi. 2009-njy ýylda segsen ylmy-barlagy gözden geçiren başga bir barlagda bolsa pornolara tomaşa etmek bilen agressiýanyñ arasyndaky sebäpleýin baglanyşyk gowşak hasaplandy. Bular ýaly tapyndylar aýratynam mediýadyr syýasatçylat tarapyndan bolşundan bäşbeter çişirilip görkezilýärdi. Habarnama "Pornografiýanyñ jynsy hüjümi öz içine alýan hereketleriñ artmagyna sebäp bolýandygy baradaky pikirlerden el çekmegiñ wagty geldi" netijesine gelýärdi. Kaliforniýa uniwersitetinden Neýl Malamut porno bilen jynsy agressiýany öwrenýän birnäçe ylmy-barlag işlerini geçirdi. Barlagyñ başyndan eýýäm jynsy topulmalara meýilli erkekleriñ has köp dozadaky jynsy taýdan hüjümleri öz içine alýan pornofilmleri gören ýagdaýynda jynsy hüjümleri etme ähtimallygynyñ artýandygy görüldi. Emma Malamut jynsy hüjümiñ sebäbi pornolara baglanyşdyrmaýardy. Ol pornofilmlere tomaşa etmek yzygiderli arak içme endigine çalym edip, özünde howply elementleriñ ýokdugyna, ýöne edil arakhorlardaky ýaly dürli hili howp faktorlary bolan adamlar üçin howply bolup biljekdigine ünsi çekýärdi. • Beýin we beden 2014-nji ýylda geçirilen ylmy-barlagyñ netijesi pornolara endik eden adamyñ beýnisinde keýp alma bilen baglanyşykly zolagyñ kiçelmegine sebäp bolup biljekdigini ýüze çykarypdy. Berliniñ Maks Plank adyndaky institutynyñ barlagçylary pornolara tomaşa edende altmyş erkegiñ beýnisini öwrenip, pornofilme seretme endikleri barada sorag berdi. Pornolara aşa köp seredýän erkekleriñ beýnisinde sylag sistemasyny emele getirýän striatum sebitiniñ kiçelendigi we täsirini duýmak üçin has ekstremistik mazmunly pornolara seretme mätäçligini duýýandyklary görüldi. Şeýle-de ereksiýa meselesi köplenç porno tomaşa edýändigi sebäpli jogapkärçiligiñ ýitirilmegine baglanyşdyrylýar. Emma muny subut edip biljek barlag ýok. Laboratoriýasa pornofilme seretdirilende köplenç pornolara tomaşa edýän erkekleriñ has añsat ereksiýa bolýandyklaryny aýdýandyklary görüldi. • Gatnaşyga ýetirýän täsiri "Bir tanşym gyz tanşynyñ porno ýyldyzlary ýyla geýinmegini we şolar ýaly hereket etmegini isleýär. Indi hezil, pornolar hemmelere elýeter. Erkek okuwçylar okuw sapagynda, awtobusda, el telefonlarynda pornolara tomaşa edýärler". Angliýada 17 ýaşly ýetginjegiñ aýdan bu sözüne mekdeplerdäki jynsy zorluklar we jynsy hüjümler boýunça taýýarlanan resmi habarnamasynda salgylanylýar. Pornonyñ aýratynam ýaş oglan-gyzlaryñ arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirýändigi barada pikirler bolmak bilen birlikde, ylmy-barlaglar uly ýaşlylar boýunça has köp geçirilýär we çapraz netijeler ýüze çykýar. 1989-njy ýylda geçirilen bir barlagyñ netijesinde Duglas Kenrik pornolara seretmegiñ erkeklerde partnýorlaryna garşy gyzyklanmanyñ azalýandygyna sebäp bolýandygyny aýdýardy. Bu barlagyñ psihologiki taýdan uly täsiriniñ bardygyny aýdýan Rhonda Balzarininiñ geçen ýyl 150 geteroseksual aýal bilen 400 geteroseksual erkek boýunça geçirilen barlaglary bu pikiriñ dogry däldigini ýüze çykardy. Emma Balzarini 1989-njy ýyldaky pornolaryñ sanynyñ we mazmunynyñ häzirkilersen has tapawutly bolandygy sebäpli başga hili netijeleriñ orta atylmagynyñ mümkindigi bilenem ylalaşýar. Şu ýylyñ maý aýynda çap edilen başga bir barlagyñ netijesinde bolsa pornolara seretmäge başlamagyñ aýrylyşmagyñ öñüsyrasyndaky alamat bolup biljegi nygtalýardy. Aýda iki-üç gezek pornofilme seredýändigini aýdýan amerikan erkeklerinde aýrylyşma ähtimallygy has ýokary bolup çykypdy. Emma bu barlagyñ pornolara seredip başlamagyñ netijesidigini ýa-da şowsuz gatnaşygyñ görkezijidigini anyklamak kyndy. Ýöne iñ esasysy bu barlagda aýratyjam her gün pornolara seredýänleriñ hiç seretmeýänlere garanda aýrylyşma ähtimallygynyñ has azdygy görüldi. • Jynsy durmuş Porno umuman alanda är-aýalyñ jynsy durmuşyna oñaýsyz täsirini ýetirýän zat hökmünde görülýär. Bu ýerde tomaşa edilen pornonyñ görnüşi täsirli bolup bilýär. Ylmy-barlagçylar has köp pornofilm görýän erkekleriñ jynsy durmuşlaryndan nägilediklerini görkezýär. Aýallar babatda bolsa munuñ tersi. Hünärmenler muny aýallaryñ pornony ýeke özüniñ däl-de, partnýorlary bilen bile seretmegine baglanyşdyrýar. Erkekler bolsa ýeke seredenlerinde iki tarapyñ razylygyna esaslanýan seks mazmunly pornony has az görýär. Başga bir barlagda bolsa partnýorlary bilen porno görýänleriñ ýeke görýänlere garanda özlerini gatnaşyklarynda jynsy taýdan has kanagatgär we has örklenen ýaly duýýandyklary görüldi. • Garaşlylyk Pornonyñ ýaramaz täsirleri boýunça sanawyñ başyna gelýän zatlaryñ birem garaşlylykdyr. Kembriž uniwersitetinde geçirilen barlagyñ netijesinde porno garaşlylygyny neşekeşlige meñzedipdi. Bularyñ ikisi-de beýnidäki birmeñzeş üç zolagy oýarýardy. Geçirilen synaglarda neşekeşlere narkotiki serişde görkezilende beýnide aktiwleşýän nokatlar seks garaşlylaryna porno görkezilende-de aktiwleşýär, bular adaty adamlara garanda jynsy taýdan has köp meýil bildirýärdiler. Edil neşekeşler ýaly olaram bu garaşlylygy keýp alýandyklary üçin däl-de, halaýandyklary üçin dowam etdirýärdiler. Emma barlagçylar munuñ pornonyñ garaşlylyk döredýändigini añlatmaýandygyny aýdýarlar. Angliýanyñ Döwlet Saglygy goraýyş hyzmatlary edarasy seks garaşlylygyny neşekeşlige meñzedýär. Kontroldan çykan porno endigine seks garaşlylygy hökmünde garaşlþar. Emme porno seks garaşlylygynyñ komponenti bolsa-da, onuñ beýle garaşlylyk döredýändigi heniz subut edilenok. • Jynsy çemeleşmeler Pornonyñ adamlary seks meselesinde has arkaýyn we açyk pikirli edýändigi aýdylýar. Emma geçirilen bir barlagyñ netijesi pornonyñ adamlary gereginden artyk arkaýyn hereket etmähr iterýändigini görkezdi. Gomoseksual erkekler bilen geçirilen bir synagda tomaşa edip duran pornolarynda prezerwatiw ulanylyp-ulanylmaýandygyna baglanyşyklylykda goranyş pikirleriniñ üýtgeýändigi görüldi. Şeýle-de porno tomaş etmek wagtyñy geçirmek we çem gelen biri bilen jynsy gatnaşyga girmek babatynda-da ýedi esse artyşa sebäp bolup bilýär. Emma munuñ has köp betbagt adamlarda bolýandygy aýdylýar. 2002-2004-nji ýyllarda geçirilen bir barlagda porno tomaşa edýänleriñ has köp jynsy partnýorlylardygy we puluna jynsy gatnaşyga girme ähtimallygynyñ has ýokarydygy netijesine gelindi. Emma beýleki barlaglarda bolşy ýaly, beýle çemeleşmelere porno sebäp bolýarmy ýa-da şonsuzam öñden bar bolan sebäplere esaslanýandygy anyklyk gazananok. • Aýala garşy tutum Porno umuman alanda jynsyýetçi hereketlere we real däk jynsy tamalara sebäp bolmakda aýyplanýar. Bu boýunça geçirilen barlaglar bolsa gapma-garşylykly netijeleri ýüze çykarýar. Kopengagen we Kaliforniýa uniwersitetinden ylmy-barlagçylar uly ýaşlylaryñ 200-si bilen geçiren synagynda pornofilm görlüşini we bäş esasy şahsy aýratynlygyñ biri bolan uýgunlylygyñ derejesini öwrendi. Synaga gatnaşan erkekler laboratoriýada pornofilme tomaşa edenden soñ has köp porno görmegiñ aýallara garşy ýaramaz tutumlara sebäp bolýandygy görüldi. Emma bu diñe şahsy aýratynlyk hökmünde uýgunlylyk we ýumşaklyk derejesi pes erkekler üçin şeýledi. • Netije? Pornofilme seretmek şahsy hem-de jemgyýet taýdan birnäçe nogsanlyk bilen baglanyşdyrylýar. Emma bu baradaky ylmy-barlaglarda dürli hili netijelere gelinýär, porno görmegi maslahat bermeýän her bir barlagyñ yzyndan başga hili ylmy netije orta atylýar. Barlaglaryñ usuly we öwrenilen toparyñ ululygy taýdan çäkilililer bolandygy üçin bu boýunça orta atylýan görkezijiler hem dürli hili çykyp bilýär. Pornonyñ gün geldigisaýy rowaç tapandygy sebäpli howplar artyp bilermi? Häzirden anyk bir zat diýmek kyn. Porno boýunça geçirilen barlaglarda sebäp-netije gatnaşygy taýdan bökdençlik bolup geçýär. Şowsuz gatnaşygy başdan geçirýän, beýnisindäki sylag merkezleri kiçi bolan ýa-da seksiñ ölemen bendisi bolan adamlarda pornofilmler jynsy hüjümlere meýil etmekde sebäp bolup bilýärmi ýa bolmasa bu adamlar pornofilme seretmäge has ýakynmy? Bulary anyk görnüşde öwrenip, netije çykarmak kyn. Emma anyk netijelere gelinçä, bu boýunça orta atylan görkezijiler pornonyñ ýaramaz täsirini ýetirmegi oña tomaşa eden adamyñ özüne baglydygyny görkezýär. Jessika BRAUN. "BBC Future", 29.09.2017 ý. | |
|