07:51 «Prawdaçy» Andreý Mironowiç | |
«PRAWDAÇY» ANDREÝ MIRONOWIÇ
Ýatlamalar
Uruş ýyllarynda düşürilen suratlaryň käbirine göz gezdirip otyrdym. Bir surat hasam ünsümi çekdi. Onuň ýazgysyny okaýaryn: «Prawdanyň» redaksiýasynda (çepden saga): harby habarçy W.P.Stawskiý, «Prawdanyň» redkollegiýa çleni A.M.Malýutin, «Prawdanyň» redaktory P.N.Pospelow. 1942 ý.» Olaryň üçüsem harby geýimdedi. Ertirki çykjak gazetiň täze sanyna göz gezdirip duran Malýutin ýanyndakylardan has ýaş görünýärdi. Wladimir Stawskiý eýýäm şo döwürde soýuzymyzda adygan ýazyjydy. Ine, şol suratyň alnan döwründen bäri kyrk bäş ýyla golaý wagt geçipdir. Bu gün, ine, köne «prawdaçy» Andreý Mironowiç Malýutin segsen ýaşy arka atdy. Emma ony kesesinden synlan adam oňa munça ýaş bermese-de bermez. Ol hakda işdeş ýoldaşlary, dostlary, onuň bilen iş salyşanlaryň, hemmesi «Tüýs hakyky bolşewik, lebzi arassa, adalatly adam» diýip aýdýarlar. – Men nirede işlesem-de, näme kär etsem-de, «Prawdada» işlän ýyllarymy hemişe ýatlaýan. Şo döwürde bile işleşen adamlarym hemişe gözümiň öňünde – diýip, Andreý Mironowiç gürrüň berýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň bütin dowamynda Andreý Mironowiç Malýutin «Prawda» gazetiniň redkollegiýa çleni, partiýa durmuşy bölüminiň müdiri boldy. Urşuň ilkinji aýlarynda partiýa durmuşy bölümi öz işini harby döwrüň talabyna laýyk guramalydy. Kommunistleri söweşiň hem-de göreşiň öň hatarlarynda bolmaga çagyrmalydy. 22-nji iýun - dynç alyş güni. Emma şol gün irden «Prawdanyň» redaktory Pýotr Nikolaýewiç Pospelowyň gyssagly çagyrmagy bilen redaksiýa ýygnanyldy. Pýotr Nikolaýewiç özüniň Merkezi Komitet bilen gürleşendigini, Gitler Germaniýasynyň Sowet Soýuzyna uruş yglan edendigini aýtdy. Bu şum habar ýürekleri lerzana getirdi. Emma hiç kim özüni ýitirmedi. Her kim söweşe iberilmegini sorady. Wagt geçmänkä, gazetiň redaksiýasynda ýazyjy Aleksandr Fadeýew peýda boldy. Ol redaktordan özüni «Prawdanyň» habarçylygyna işe almagyny haýyş etdi. Wladimir Stawskiý, Wsewolod Wişnewskiý, Alekseý Tolstoý, Ilýa Erenburg, Samuiil Marşak, Mihail Isakowskiý, Serafimowiç we başga-da onlarça ýazyjy-şahyrlar özleriniň «Prawda» gazetiniň habarçysy bolmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Mihail Aleksandrowiç Şolohow hem şol gün Weşenskiden redaksiýa jaň edip, gazetde harby habarçy hökmünde işlemäge taýýardygyny aýdýardy. Özlerini harby habarçylyga almagyny sorap Kiewden Aleksandr Korneýçuk, Leningraddan Nikolaý Tihonow hem jaň edipdiler. — Bu ýazyjylaryň merdana sowet halkyny, edermen sowet goşunyny nemes-faşistik basybalyjylaryna garşy göreşe galkyndyran oçerklerdir publisistik makalalar urşuň ilkinji günlerinde «Prawdanyň» sahypalarynda peýda bolup ugrady – diýip, Malýugin aýdýar. Andreý Mironowiç Malýutiniň hem şol döwürde ýazan «Sarsmaz Leningrad» atly oçerki elden-ele geçirlip okalypdy: «Duşman gahar-gazaba münýär. Ol asmandan taşlaýan bombalary bilen, ony top okuna tutmak bilen nejis prowokasion çypdyrmalary bilen lelingradlylaryň howuny basjak bolýar, olaryň göreşe hem-de ýeňşe bolan ynamlaryny ýok etjek bolýar. Emma faşistler şeýle pikir etmek bilen juda gödek ýalňyşdylar. Duşmanyň çozuşlarynyň şähere ýetirýän zyýany uly guramaçylyk bilen gaty çalt dikeldilýär. Şäherde rewolýusion tertip-düzgün höküm sürýär. Hiç kim leningradlylaryň erkini syndyryp bilmez, hiç kim olary gorkuzyp bilmez, hiç kim olary dyza çökerip bilmez. Leningrad öz edermenligi bilen, duşmana bolan gazaply ýigrenji bilen beýikdir hem gözeldir. Leniniň adyny göterýän şäher hiç haçan nemes- -faşistik haramzadalaryň eline berilmez» diýip, «prawdaçy» žurnalist Andreý Malýutin uly ruhubelentlik bilen ýazypdy. Eýsem-de bolsa, ol leningradlylaryň synmaz erkine ýüregi bilen uýýardy. Çünki onuň özem şu şäherde doglupdy, durmuşa ilkinji gezek putýowkany hem ol şu ýerden alypdy. Leningraddaky Kirow zawodynda işçilikden başlanan ýol ony durmuşda taplapdy. Gabaw döwründe Andreý Mironowiç «Prawda» gazetiniň redkollegiýa çleni hökmünde Leningrada geldi. «Ömür ýoly» atlandyrylýan Ladoga kölünde adamlaryň görkezýän beýik gahrymançylygynyň şaýady boldy. Kirow adyndaky zawodda, öňki işdeş adamlarynyň arasynda boldy. Tanyş adamlaryň köpüsi frontdadylar. Olaryň deregini aýal-gyzlar tutupdy. «Prawda» gazetine işe geçmezinden öň ol zawoddaky köp tirajly gazetiň redaktorydy, partkomyň hem çlenidi. Onuň kakasy hem bu zawodda işleýärdi. «Prawda» gazetiniň Leningraddaky habarçylar punktunda D. Rudnew, N. Mihaýlowskiý, Ws. Wişnewskiý, N. Tihonow dagy işleýärdi. Bir gezek Leningrad bölüminiň ýerleşýän jaýyna bomba taşlanypdy. 250 kilogramlyk bomba bir sebäp bilen ýarylman galdy. Şonuň üçinem bölüm başga ýerde, ýerzeminde ýerleşdirilipdi. Onuň içi sowukdy. Oturyp işlär ýaly däldi. Emma hiç kim bu hakda dil ýarmalydyram öýdenokdy. Leningradlylaryň gaýduwsyzlygy hakdaky oçerkler «Prawdada» yzygiderli çap edilýärdi. Ol oçerkleriň aşagynda Aleksandr Fadeýew, Nikolaý Tihonow, Wsewolod Wişnewskiý bilen birlikde Andreý Malýutiniň hem familiýasyny görmek bolýardy. – Leningradlylar «Prawdanyň» her sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. «Prawda» olara ruhy goldaw berýärdi. 900 günläp dowam eden blokada döwründe «Prawda» gazetiniň tipografiýasynda Leningrad filialy gazetiň 899 sanyny (matrisa Moskwadan iberilýärdi) çap etdi. Aragatnaşyk samolýotynyň 990 gezekki reýsinden diňe biri şowsuz bolupdy – diýip, Andreý Mironowiç ýatlaýar. – «Prawdanyň» her gezekki sany şäheriň görnükli ýerlerinde asylyp goýulýardy. Moskwanyň eteginde nemesleriň derbi-dagyn edilişi hakdaky habary hem leningradlylar ilki ýola «Prawdadan» okadylar. Olaryň şondaky begençlerini söz bilen beýan eder ýaly däldi. Guduzlan duşman şäheri yzyny üzmän top okuna tutýardy. Diwarda asylgy «Prawdany» okamak üçin adam bary ýygnanypdy. Emma golaýda ýarylan bomba zerarly olar gazeti okamaga ýetişmediler. Duşman güllesinden ýaňa, diwarda bütewi ýer galmandyr. Adamlar gelip görseler, gazete ýekeje-de ok degmän ekeni. Duşman okunyň astynda olar şol şatlykly habary okamagy dowam etdirdiler. Andreý Mironowiç ine, şeýle günleriň birinde duşman güllesinden tas heläk bolan ekeni. Olar gazetiň harby habarçysy Nikolaý Tihonow hem-de başga-da birnäçe adam bilen söweşiň öň hataryndan gelýärdi. Şonda köprüden geçmeli bolanlarynda, duşman olary oka tutupdy. Şol söweşde olaryň biri duşman güllesinden wepat boldy, Andreý Mironowiç ýeňil ýaralandy. Duşman güllesi onuň harby şinelinden parran geçip, bilinden asylgy sapança degipdi. Ol heläk bolman galypdy. Goja žurnalist gülle deşen şinelini häli-häzirem aýap saklaýar. – 1945-nji ýylyň 3-nji maýynda «Prawda» gazeti Gyzyl baýdak parlaýan reýhstagyň suratyny çap etdi. Gazetiň şol sanyna nobatçylyk eden redaktor Andreý Mironowiç Malýutindi. Bu gün Andreý Mironowiçe ýatlara zat gaty köp. Şol döwürde bile işleşen ýoldaşlaryny -- Pýotr Nikolaýewiç Pospelowy, 1916 njy ýyldan bäri partiýa çleni, L. F. Iliçýowy- redaksiýanyň, jogapkär sekretary, 1924-nji ýyldan bäri partiýa çleni, başga-da onlarça-onlarça adamlary ol mähribanlyk bilen ýatlaýar. A. M. Malýutin Russiýada rewolýusion herekete ilkinji gatnaşyjylaryň biri, 1898-nji ýyldan partiýa çleni, akademik, taryhçy Ýemelýan Mihaýlowiç Ýaroslawskiden tälim alypdy. Žurnalistkanyň täsin tilsimleri hakda ondan köp gezek eşidipdi. Leniniň egindeşinden alnan sapaklar Andreý Mironowiç ömürboýy hemra boldy. Andreý Mironowiçiň aýaly Lýudmila Nikolaýewna käri boýunça wraç. Ol medisina gullugynyň starşiý leýtananty. Urşuň bütin dowamynda söweşlere gatnaşyp, sowet esgerleriniň ençemesini ölümden halas etdi Olaryň uly ogly Sergeý uly alym, Wolodýa jogapkär komsomol işgäri, ikisem Moskwada, gyzlary Nina Aşgabatda ýaşaýar. Ýeri gelende aýtsak. Andreý Mironowiçiň aýal dogany Mariýa Malýutina ýurdumyzda belli lýotçik zenanlaryň biridi. Ol frontda uçuşlaryň birinde agyr ýaralanypdy. Ony gyssagly samolýot bilen Moskwa getiripdiler. Onuň ýüzünde bolsa «Malýutina üçin ar alarys! » diýen ýazgy bardy. Uruşdan soň A.M.Malýutin «Bakinskiý raboçiý» gazetiniň redaktoryka-da, AzK(b)P Baku şäherkomynyň ikinji sekretaryka–da, biregne on ýyllap «Türkmenskaýa iskra» gazetine redaktorlyk edýärkä-de, ýekeje pursatam «Prawda» gazetiniň sapaklaryny unutmady. Türkmenistanda işlän döwründe onuň tälim berip ösdürip ýetişdiren gazet işgärleri az däl. – Andreý Mironowiç bilen «Türkmenskaýa iskra» gazetinde işlemek miýesser etdi. Ol bize ellinji ýyllaryň ahyrlagynda işe iberilipdi. Daşyndan göräýmäge gaty agras bu adam bilen birbada öwrenişäýmegem aňsat düşmedi. Ýöne ol özüniň päk göwünliligi bilen, gazet işine ökdeligi bilen özüni kollektiwe aldyrýardy. Gazetiň redaktory, umuman, gazet-žurnal bilen iş salyşýan her bir adam syýasy taýdan gaty taýýarlykly bolmaly. Bu taýda, meniň özüm-ä, Andreý Miranowiçden köp zatlary öwrendim. Diňe menem däl, onuň bilen bile işleşen adamlaryň isläninden sorap göräýiň, hemmesi meň aýdanlarymy tassyklar. Gazet işinde taplanmagymda eden kömegi üçin men oňa elmydama minnetdar – diýip, tejribeli žurnalist Walentina Aleksandrowna Nemirowskaýa aýdýar. Hut şeýle sözleri žurnalistler M. Medwedew hem, M. Nudelman hem, başga-da gaty köp adamlardan eşitmek bolýar. Andreý Mironowiç häzirem ýaşynyň bir çene baranlygyna garamazdan, jemgyýetçilik işinden çetde duranok. Bir görseň, Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda, bir görseňem pamirli serhetçileriňkide myhmançylykda. Sözüň doly manysynda hakyky kommunist, köne bolşewik, «Prawdanyň» ýetişdireni Andreý Mironowiç Malýutin bu günem öň hatarda gadam urýar. 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |