20:39 Pulsuz günüm. Duşuşykda | |
PULSUZ GÜNÜM. DUŞUŞYKDA
Goşgular
Gel, şu gije teatra gitmäli, Görmedigmiz kino bolsun şu gije. Biz bu gije näme edeli diýsene, Ýyldyzlara syn edeli bileje. Seýl edeli ýyldyzlaryň mülküne, Bileje sanaly Ýedigeni biz. Diýýärler her kimiň ýyldyzy barmyş, Belki-de taparys öz ýyldyzymyz. Asmana kakylan bu tylla çüýler Şaýadydy başky duşuşygmyzyň. Ýadyňdamy, saňa söz aýdan gijäm Astynda nurana Aý yşygynyň?! Şonda ýüregime sygmadyk yşkym Bir goşga salypdym kalpdan körügen. Dünýäm, maňa seni bereni üçin, Şol goşgymy gowy görýän özümem. Ýene okap bereýin şol goşgyny, Söýgä siňen didelerňe seredip. Ýöne öz ýanyňdan diýmeseň bolýar: “Bü-ýä halys, ýadatdy-la ýöredip.” Ýyldyzlaň astynda, Aý yşygynda Gezim etmek taýsyz lezzetdir, dünýäm. Ýene bir syr açaýynmy? Söýginiň Bezegi pyýada gezmekdir, dünýäm. Isleseň, asyl-ha ulaga münmän, Pyýadaja ugradaýyn öýňüze. Belki, uzar şonda bu süýji pursat, Gözlem gözleriňde köpräk güýmener. ...Gözelim gözlerni gözlerme dikýär, Gözlerni dikýär-de, dymýar ýylgyryp... Söýüşmek her näçe ajap bolsa-da, Şonçarak kyn eken talyp ýyllaryň. 26. 03. 2011 ýyl | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |