07:49 Pursatlar | |
PURSATLAR
Ýatlamalar
Biziň söhbetdeşimiz TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň professory Nagym Aşirow. Ol Türkmenistanda filologiýa ylmyny ösdürmekde belli bir hyzmat bitiren adam. Ömür pursatlary! Bu pursatlaryň hersi hakda uzak wagtlap gürrüň etse bolardy. Ýöne gazet sahypasynyň çäkliligi sebäpli onuň ömrüniň käbir pursatlary hakda kelam agyz söz aýdasymyz gelýär. Baryp ýigriminji ýyllaryň ahyrynda Daşkentde darel mugallymy, ýagny inprosy tamamlan Nagym Aşyrow Orta Aziýa pedagogik institutynda okuwyny dowam etdirýär. Otuzynjy ýyllaryň ortalarynda Aşgabatdaky pedinstitutda assistent bolup işe başlaýar. — Türkmen dili we edebiýaty kafedrasyna professor Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiý ýolbaşçylyk edýärdi. Gaty mähriban adamdy. Ýerli halkdan kadr az bolansoň, onuň gözlegi milli kadrlardy. Hojamyrat Baýlyýew morfologiýadan, Hydyr Derýaýew sintaksisden okadýardy. Türkmen edebiýatyndan Ruhy Alyýew, Ahmet Gürgenli okadýardy. Birki gezek söhbetdeş bolansoň Poseluýewskiý meni professor Çapliniň assistenti edip işe aldy. Ol Ukrainadan gelipdi, özem sapak berýärdi. Men onuň leksiýasyny terjime edýärdim hemem praktiki sapaklary geçýärdim. Poseluýewskiý 1938-nji ýylda maňa türkmen sowet edebiýaty kursuny okatmagy tabşyrdy. Täze kurs. Hiç hili gollanma ýok diýen ýaly. Aleksandr Petrowiç onuň üçin meni Daşkende komandirowka iberdi. O ýerde men kursy okatmagyň tärlerini öwrenip gaýtdym. Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiý şo döwürde pedinstitutda kafedra müdiri bolup işlemek bilen, Türkmen döwlet ylmy-barlag dil we edebiýat institutynda hem dil sektoryna ýolbaşçylyk edýän eken. Institut häzirki Karl Marks kitaphanasynyň ýerindedi. Özi iki ýerde işlänsoň, ol muny şeýtmegi bize-de teklip edýärdi. Şeýdilse, leksiýa bilen ylmy iş kybapdaş gider diýip düşündirýärdi. Her bir mugallym ylmy iş bilen meşgullanmaly diýýärdi. Ol menem edebiýat sektoryna geçirdi. Institutyň direktory Medine Isgenderowna Bogdanowady. Ol 1936-njy ýylda Aşgabatda geçirilen lingwistleriň konferensiýasyna gatnaşypdyr. Şol forumda terminologiýadan doklad bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň hökümeti onuň Aşgabatda galdyrylmagyny haýyş edýär. Gaty sowatly aýaldy. Adamkärçilikli maşgalady. Ol institutyň işgärleriniň öňünde edebiýatdan kitap döretmek meselesini goýýar. Öwrenip ýörenimiz gadymy edebiýatdy. Halk şahyrlarynyň döredijiligini öwrenmek Nepes Hojaýewe tabşyryldy. Durdy Gylyjy, Ata Salyhy, Baýram şahyry, Hally şahyry ýeke-ýekeden Aşgabada çagyryp, olardan bilýän zatlaryny ýazyp aldy. Öz goşgularyny hem-de beýleki dessanlardan. Ýarym aýlap, bir aýlap iş edinýärdi. 1939-njy ýylda Nepes Hojaýewiň tagallasy bilen Ata Salyhyň ýygyndysy çap boldy. – Nepes Hojaýew kimdi? – Ol folklorçydy. Arman, uruşda wepat boldy. Ahmet Gürgenli gadymy edebiýat bilen meşguldy. Hally Şahberdiýew täze edebiýat bilen gyzyklanýardy. Ýöne o neressäň ykbaly başga boldy. Ýazyjy işe girişen wagty türmä basyldy. Ol edebiýata ökde adamdy. Hally Daşkentde biziň tamamlan institutymyzy bir ýyl öň tamamlapdy. Oň özi edebiýatçy bolsa-da şol institutyň syýasy soiial-ykdysadyýeti bölüminde okady. Türkmen sowet edebiýatyny biz ikimiz işlemelidik. O gitdi, men ýeke özüm bu ugurdan işlemeli boldum. – Birki agyz Hally Şahberdiň soňky ykbaly hakda-da aýdaýsaňyz? – Soň ol türmeden geldi. Köp ýatmady. Baýramala gitdi. Şo ýerde mugallymçylyk etdi. Aşgabada-da käte gelýärdi. «Aý. men indi mugallymçylyk etjek. Ylmy iş siziňki. Käte görşüp durarys» diýdi. – Şo döwürde siziň işleýän ylmy barlag institutyňyzda başga-da basylan boldumy? – Ýalňyşmasam Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiniň özi hem girip çykdy. Bogdanowa-da girip çykdy. Olar 37-de gidip, 38-de geldiler. Soň Medine Isgenderowna Aşgabatdan göçüp gitdi. Onuň deregine Şaja Batyrowy direktor edip bellediler. – 1940-njy ýylda Poseluýewskiniň tagalla etmegi bilen bizi – üç adamy Ahmet Gürgenlini, Hojaberdi Hanowy hem-de meni Leningrada aspirantura iberdiler. Poseluýewskiý orta boýludy. Biçak mähriban adamdy. Göwin ýeten adamsynyň üstünde ganat gerýärdi Türkmençe bilýärdi, ýöne çalgyrt gepleýärdi. Köp dil bilýärdi. Özem elmydam tigir münerdi. Ýer titrände wepat boldy. Ony Mämmetnazar Hydyrow ikimiz Köşiň baýrynda jaýladyk. Mämmetnazaryň maşyny bardy, şoňa salyp gonamçylyga äkitdik. – Çagalarynyň ykbaly niçik boldy-ka? – Aýaly, çagalary diri galdy. Bir ogly köp wagtlap Çärjewiň pedinstitutynda işledi. Soň olaryň neneň-niçiksi bolandygyny bilemok. – Ýaňy gürrüňimiziň başynda pedinstitutda türkmen sowet edebiýaty kursunyň açylandygyny ýaňzydypdym. Şo kursy okatmagyň metodikasy bolmansoň. Poseluýewskiý meni Daşkende iberdi. O ýerde institutda meni okadan mugallym bardy, Şarafutdinow diýip. Ol özbek sowet edebiýatyndan spesialistdi. Oňa men maksadymy aýtdym. Ikimizem özbekçe gürleşýäs. Öýüne äkitdi. Gürleşip köp oturdyk. Şonda ol «Ilki özbek sowet edebiýatynyň görnükli wekilleriniň aýry-aýry eserlerini okap öwrenýän, öwrenenimden soň şol ýazyjynyň tutuş döredijiligini göz öňüne getirýärin. Soňrak bolsa özbek sowet edebiýaty hakda gürrüň edýärin. Sizem şonuň ýaly ediberiň» diýdi. Soň men Leningrada gitdim. Bu babatda professor. Ewgeniý Eduardowiç Bertels bilen söhbetdeş boldum. Bertelsi men ilkinji gezek görşümdi. Gürrüňimiz bada-bat alyşdy-da gidiberdi. Ol maňa kursy okatmagyň metodikasy hakda gymmatly maslahatlar berdi. Halypanyň aýdan sözleri häzirem gulagymda ýaňlanyp dur. Şonda ol şeý diýdi: — Ýazyjylaryň aýry-aýry eserlerini öwrenersiň. Ol mysal edip, Berdi Kerbabaýewiň «Amyderýa» poemesyny getirdi. – Poemany okadym – diýdi. – Gowy eser. Ýöne göwnüme bolmasa, şahyr Amyderýany has jeýhun edip görkezipdir. Men şo poemaň ähmiýeti barada aýdyp. şonuň ýaly öteräk giden ýerleri hakda-da belläp geçerdim. Şo ýerde adamyň zähmeti doly görkezilmändir. Heý, bolmanda Seýdini ýatlasady. Onuň «Hoş imdi!» goşgusy bar. Goly gylyçly, eli kitaply adamyň dogduk diýaryny gözýaş döküp taşlap gidişini görkezse, has täsirli bolardy – diýdi. Ýewgeniý Eduardowiçiň beren maslahatlary ýüregime jüňk boldy. Soň men bu kursy kyrk ýyl okatdym. Hemişe onuň maslahatlaryndan ugur aldym. – Siz soň Bertels bilen has ysnyşykly işläpsiňiz. Şo hakda-da aýdaýsaňyz? – Kyrkynjy ýylda aspirantura okuwa gitdik. Bertels bize atalyk nazary bilen garady. Uruş başlananda biz Leningraddadyk. Üçimizem fronta meýletin gitdik. Şonda Ýewgeniý Eduardowiçiň özi bizi fronta ugratdy. Şonda ol türkçe: – Weten goramak kibi böýük işde size böýük galaba isleýurin – diýip, bize ak pata berdi. Şonda «Weçerniý Leningrad» gazeti «Türkmen aspirantlary Leningrady goramak üçin meýletinlik bilen fronta gitdiler» diýen habary çap etdi. Soň şol habar «Türkmenskaýa iskra» gazetinde çap edilipdir. – Bilşimize görä, size frontda köp söweşmek miýesser etmändir. – Hawa, aýagymdan agyr ýaralandym. Aşgabada iberdiler. Aşgabada gelemde halym agyrdy. Muny eşiden Şaja Batyrow (ol şo wagt TK(b)P MK-nyň sekretarydy) meniň bilen gürrüňdeş boldy. Professor Pletnýowdan maňa seretmegi haýyş etdi. Professoryň aladasy bilen men aýak üstüne galdym. Soň Şaja meni ýanyna çagyryp «Aşgabat pedinstitutyna ýolbaşçylyk et» diýdi. Birnäçe ýyl institutyň direktory bolup işledim. Mugallymçylyk etdim. «Türkmen sowet edebiýaty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goradym. Ylmy ýolbaşçym Ýe. E. Bertels boldy. – Ýoldaş mugallym, otuzynjy ýyllaryň ahyrlarynda siziň gatnaşmagyňyzda mekdep okuwçylary üçin edebiýatdan okuw kitaplaryňyz wagtyň synagyndan geçdi. Siz ilkinji bolup 1939-njy ýylda 5-nji klaslylar üçin edebiýat okuw kitabyny ýazdyňyz. Soň ony professor M. Kösäýew, ýazyjy G. Gurbansähedow bilen kämilleşdirdiňiz. Ine, şo okuw kitaby indi elli ýyldan bäri okuwçylara hyzmat edip gelýär. Türkmen klassyk we sowet ýazyjy-şahyrlaryna bagyşlap ýazan kitaplaryňyz, ylmy makalalaryňyz bir ýa iki däl. Olar onlarça. Öz döwründe siziň işleriňize ilkinji bolmak miýesser edipdi. Biz siziň Dil we edebiýat institutyna ýolbaşçylyk edendigiňizdenem... – Bagyşlaň, şu ýerde bir zady anyklalyň. Magtymgulynyň 225 ýyllyk ýubileýi geçirilende Dil we edebiýat instituty ikä bölündi. Biri Magtymguly adyndaky edebiýat instituty boldy, beýlekisem Dil instituty. Edebiýat institutyna meni, dile hem Maşan Hamzaýewi direktor belläpdiler. – Hawa, siz az wagtlygam bolsa respublikanyň Halk magaryf ministrligine hem ýolbaşçylyk etdiňiz. TKP MK-nyň çlenligine saýlandyňyz. Ýöne siz haýsy ýolbaşçy wezipelerde işleseňiz-de mugallymçylygyňyzy unutmadyňyz! Häzir hasaplap görýäs welin, öňi-soňy altmyş ýyla golaý siz mugallymçylyk edipsiňiz. Bu hakda näme aýdyp biljek? – Dogrudanam men mugallymçylyk kärine hiç haçanam ikilik etmedim. Birhili gelşiksizrägem bolýan ýaly, ýöne biziň maşgalamyza mugallymlar maşgalasy hem diýýärler. Meniň özüm Tagtabazar raýonynyň Horasanly obasynda doglan. Uruş turanda meniň doganym – Kasym, Rozy, Gurban, Hekim, Muhammetguly mugallym bolup işleýärdiler. Olaryň bäşisem mugallymçylygyny goýup, urşa gitdiler. Soňky üçüsi jeň meýdanynda wepat boldy. Ýöne men şu mugallymçylyk eden altmyş ýylymyň içinde bir zada göz ýetirdim. Häzir terbiýe meselesi örboýuna galdy. Men size bir zat aýdaýyn. Eger ussa uzyn agaç getirseň, ol saňa käýäp durmaz. Artykmaç ýerini keser. Eger oňa gysga demir getirseň, oň üçinem käýinip durmaz. Emma çaga terbiýesinde welin, bi beýle däl. Çagany kesibem bolanok, sozubam bolanok. Ýeke-täk ýol – çagany dogry ösdürmeli, dogry terbiýelemeli. Munuň üçinem terbiýäniň esasynda watançylyk, ahlak, sahawatlyk pähimi bolmaly. Şonuň biri kemterlik etse, onda çagany hiç haçanam dogry terbiýeläp bolmaz diýen netijä geldim. – Siz indi 1950-nji ýyldan bäri SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çleni... – Leningrad temasy meniň döredijilik işimiň esasy boldy. Gabaw döwründe leningradlylaryň edermenligi, çydamlylygy, hiç bir söz bilen beýan eder ýaly däl. Türkmenlerde «Bir gün duza müň gün salam» diýen pähim bar. Şäheriň başyna agyr howp abananda leningradlylar bilen bir döwüm çöregi deň paýlaşdyk. Men leningradlylara bagyşlap «Ýürek we ýarag», «Ak kepderi», «Buzly ýoluň rowaýaty» atly kitaplary ýazdym. Leningrad frontunyň söweşjeň ýoly hakda «Mukaddes ömür» atly romany ýazyp gutaryp, neşirýata tabşyranyma birnäçe ýyl geçdi. Olam okyjylara gowşar diýen inçe tamam bar. Azabyň ýerine düşse gowy! 1989 ý. Iýun. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |