12:22 Pursatlar | |
PURSATLAR
Ýatlamalar
Türkmen zenanlarynyň arasynda biologiýa ylmy ugrundan ilkinji doktor, professor Anna Aşyrowa bilen segsen altynjy ýylyň aprelinde söhbetdeş bolupdyk. Ol otuz ýediniň ajy şarpygyny dadanlaryň biridi. – Otuz ýedinji ýylyň güýzi gaty yssy boldy. Ine şo yssy gijeleriň birinde enkewede işgärleri gapymyzy kakdylar. Şol gün adamym Garry Kulyýewiň ejesini uly oglunyňkyda goýup gaýdypdym. Öýümiz dökülýärkä ol: “Gülüm, ejemiň bolmany hem gowy boldy” diýdi. Öýümizi agdar-düňder edip oturanlaryň biri türkmen ýigididi. Men ony tanaýardym. Adamymy äkitdiler. Ol ýigit şondan soň maňa göz gyzdyryp başlady. “Durnanyň üstüne urna” diýleni-dä. Alty aýlap sorag etdiler. Özünem diňe gijesine sorag edýärler. Bir gezegem meni soraga äkidenlerinde bir gapyny açdylar. Meniň ýaňky diýýänim ýeňini çermäp, birini aýak astyna alyp oturan ekeni. Ol bizi gördi-de: – Swoloç, sen ony nirä getirýäň. Ýok bol – diýip azgyryldy. “Meň bu zatlarda hiç hili günäm ýok” diýip aýtsa aýdybersin, onuň azgynlygyny men öz gözüm bilen gördüm. Soň bu hakda şo döwrüň eden-etdiligi paş edildi weli, Moskwa ýörite hat ýazdym. Ol adam, elbetde, almytyny hem aldy. Ýöne ol öz wagtynda gaty köp adamy gyrdy-da. Ol gargyşsiňen Oraz Şyhmyradowdy. Anna Aşyrowna uzak durmuş ýoluny geçipdi. Kemsidilmelerem az bolmandy. Ol sowet döwrüniň eden-etdiligi hakda janygyp gürrüň beripdi. * * * Söwdada işleýän obadaşymyzy gapjapdylar. Türmeden boşap gelensoň, ol bir ahwalaty gürrüň berdi. Düýşüne aksakal goja girip: “Oglum, gam-gussa batyp oturma, enşalla, boşajak günüňem uzakda däl” diýip, gözden gaýyp bolanmyş. Soň ol-a maşgalasyny alyp, bizem oba gezelenç ederis diýip bile ýola düşdük. Gürrüňi edilýän piriň gubury beýik daglary ýassanyp ýatan Şyhattar gonamçylygynda ýerleşýärdi. Kimde-kim Şyhattara zyýarata gelse, hökman şo pire-de sežde edýärdi. Bardyk. Şyhattar Orta asyrlardan galan enaýy ýadygärlik mawzoleýi. Ol ikinji müňýyllygyň başlarynda ýaşap geçen beýik adamyň – filosofyň, şahyryň, lukmanyň... hatyrasyna bina edilen bolmaly. Hawa, zyýarat edip, piriň başujunda-da aýat okaly diýdik. Ýaňky obadaşymyz maşynynyň o ýerine, bu ýerine seredeýin bahanasy bilen galarman boldy. Menem oňa kömekleşmeli boldum. Ol maşynyň aşagyna girenem şoldy welin, eňaşak duran maşyn öz-özünden gozganyp başlady. Bolsa-da obadaşymyz ulagyň aşagyndan çykmaga ýetişdi. Maşyn öňünde ösüp oturan daýaw agaja özüni urdy. Şol agaç bolmadyk bolsa, maşyny bu günde-ertede çukurdan çykaryp bolmajak çukura gapgaryljakdy. Menem, maşynyň eýesem bu ahwalata haýranlar galdyk. Ýörite zyýarata diýip gelibem, şoňa ýaltanan obadaşymyza tebigat göz görkezäýdi öýdýän. Başga näme diýjek?! * * * Babyş aga iliň-günüň derdine ýaraýan ýaşuludy. Mahal-mahal ikimiz söhbetdeş bolýardyk. Onuň ýazyjy-şahyrlardan hem tanaýany az däldi. Köplenç Ata Atajanow hakda soraýardy. Dünýä wakalaryndanam gürrüň açyberýärdi. Üýtgedip gurmak döwri başlanypdy. Bir gezek oňa öýüniň ýanynda gabat geldim. Gürrüňimiz gyzyşdy. Gojanyň asly Bäherden tarapdandy. Haýsy obasyndandygy ýadymda däl. – Bolşewik gelende, biz ýaş oglandyk. Obamyzda Gara hoja diýip, uly iliň sylaýan ýaşulusy bardy. Ine, şoň aýdany ýadymda: “Adamlar, darykmaň. Bu bir gara ýeldir, geçer gider” diýipdi pahyr. Inim, bu wakalara ser salsaň, Gara hojaň aýdany çynyrgajak ýaly bolup dur – diýdi. Hawa, şeýle-de boldy. Bolşewik belasy gara ýel ýaly geçip gitdi. Külli türkmeniň bagtyna Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Garaşsyzlygy Gün deý dogup, älem-jahana nuruny çaýdy. * * * Garaşsyz türkmen döwletini esaslandyran Saparmyrat Türkmenbaşy hakda ýurdumyzda şahyrlar şygyr döredýär, bagşylar aýdym aýdýar. Elbetde, bu ýöne ýere däl. Çünki, Saparmyrat Türkmenbaşy ençeme ýüzýyllyklardan soň, türkmen halkyna Garaşsyzlyk getirdi. Garaşsyz türkmen döwletiniň düýbüni tutdy. Türkmen döwletiniň Gerbi, ýaşyl Tugy onuň paýhasy bilen dünýä indi. Beýik Serdarymyz öz watanyndan aýra düşen arkadaşlarymyza türkmen topragyna aýak basmaga, kowum-garyndaşlary bilen duşuşmaga ýol açdy. Şonuň üçinem ol sözüň hakyky manysynda Türkmenbaşy diýen beýik ada mynasyp boldy. Ýadyma düşýär, “Eýrandan ahun gelipdir” diýen habar Aşgabada ýyldyrym çaltlygynda ýaýrapdy. Adamlar hakyky ahuny görjek bolup, topar-topar bolup, onuň ýanyna salama barardylar. Märekäniň yzy üzülenokdy. Meýdançada gurlan uly çagyrda adamlar hyryn-dykyndy. Ahun o diýen ýaşuly adamam däldi. Biziň şonda ak pata alan hakyky ahun bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolşumyzdy. Şonda bolup geçen bir waka heniz-henizlerem gözümiň öňünden gidenok. Salam berip giren daýaw ýaşuly adam eýranly ahun bilen gujaklaşyp durşuna hamsygýardy. Ýaşulynyň gözlerinde gözýaşlary doňup galypdy. Ýaşuly daglyk Garawul obasyndan gelen Hakberdi mollady. Abdylgapur ahun bolsa onuň ýegenidi. Eger-de Garaşsyzlyk bolmadyk bolsa, bu duşuşyk hiç haçanam bolmazdy diýip, men şo wagt öz içimden pikir ýöredipdim. Bu ahwalat meni başga bir döwre, uzak oglanlyk döwründe bolup geçen bir wakany maňa ýatladypdy. * * * Ellinji ýyllaryň ahyrlary bolsa gerek. Bir gün obamyzyň hat gatnadyjysy öýümize bir bukja gowşuryp gitdi. “Kimden geldikä?” diýip, gyzyklanyp görsek, bukjanyň ýüzünde bize nätanyş hat ýazylgydy. Kakam agşam işden geldi. Bukjany görkezdik. Ol näme üçindir bukjany açmaga howlukmady. Şeýdip ol hat birküç günläp öýde ýatdy. Soň ol haty kakam işine äkidipdi. Hat okalmadam, zadam edilmedi. Yzyna gaýtaryldy. Çünki, döwür gorkuly bolansoň, kakam Eýrandan iberilen ol syrly bukjany açmady. Ol ätiýajy elden beren bolmaly däl. Soň enem pahyryň bize aýdyşy ýaly, ol hat onuň erkek dogany Abdylmälikden gelen bolmaly. Enemiň aňyrsy ahun maşgalasyndandy. Molla Ysmaýyl ahun onuň atasydy. Ady uly ile ýaýran Goçmyrat ahun bolsa, Molla Ysmaýyl ahunyň doganydy. Ol geçen asyryň başlarynda Durdy bagşy tarapyndan ýazylan “Goçmyrat ahuny bardyr Nohuryň” diýip waspy edilen şahsyýetdi. Onuň ölümine bagyşlap Mätäjiniň ogly Molladurdy gaýgyly goşgy hem ýazypdyr. Sowet häkimiýeti tarapyndan yzarlanan ahunlar maşgalasy toplum-toplum bolup, otuzynjy ýyllarda serhetden aşmaly bolupdyrlar. Gürrüň berişlerine görä, enemiň başga bir dogany Abdylmejit bolsa, ömrüniň ahyryna çenli günde-günaşa diýen ýaly serhet ýakasyna gelip, dagyň üstünde oturyp, Sumbary ýakalap oturan öz dogduk obasyna garap, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýän ekeni. Muny bize soň onuň ogly gürrüň beripdi. Watan hasraty bilen bu adamyň keseki ýurtda çeken ruhy azaplaryny hiç bir zat bilen ölçäp boljak däldi. Molla Ysmaýyl ahun ölmezinden öň uly bir sandygy kitapdan dolduryp ýere gömdüripdir. Soň-soňlar enem muny bize gürrüň berip, gömlen ýeri bize çak bilen görkezýärdi. Ýöne ol ýeri hiç kim gozgamaga milt edip biljek däldi. Bilinse, gürrüň ula ýazjakdy. Babamyz obada metjit saldyryp, çagalary okadýan ekeni. Sowet döwründe onuň metjidini sklada öwrüpdirler. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, ol ýene-de obanyň metjidine öwrüldi. * * * Türkmen zenanlaryndan radionyň ilkinji diktorlarynyň biri, soň uruş ýyllary radiokomitetiň başlygy bolup işlän Nurjemal Durdyýewa bilen ömrüniň soňky ýyllarynda söhbetdeş bolupdym. Ýeňiş habaryny türkmen halkyna radio arkaly buşlanam Nurjemal daýzady. Radionyň ýanynda halk aýdym-saz topary hem şonuň aladasy bilen döredilipdi. Kiçi Geldymyrat, Giçgeldi Aman, Abdylla Amanja ýaly bagşylar hut şonuň öz alada etmegi bilen ansamblyň işine çekilipdi. – Mylly aga, Pürli aga, Geldi Ugurly dagy bilen gatnaşygymyz gowudy. Mylly aga gije-de bolsa geläýer öýe. Bir gezek oňa Gürgenden hat gelipdir. Muňa-da Mylly aganyň ýüregi ýarylýa. Asyl ýüzi dagam saralypdyr. “Eýrandan hat gelipdir. Kimkän hat iberen? Men gitmesem bolmaz” diýýär. Gije aýaly bilen öýüme geläýdiler. “Hä, näme, Mylly aga? Näme boldy?” diýýän. Ol maňa: “Şu haty oka!” diýýär. Men: “Okap bilemok men muny, Mylly aga! Ýöne arapça okaýan oglanlar bar, şolara okatdyrarys. Onsoň size aýdaryn. Oturyň, çaý içiň” diýdim. “Ýok, biz gideli. Namazym bar” diýdi. “Okaberiň, şu ýerde namazy” diýdim. Radioda bolsa-da, ol namazyny okaýardy. Oňa: “Görünmän namazyňy okaber” diýýän bolara çemeliler. “Ýok, men özüne aýtman okajak däl” diýip, menden sorady. “Mylly aga, namaz okama!” diýip saňa gadagan edip biljek däl, okaber – diýerdim. Onsoň men ertesi howpsuzlyk komitetinde işleýän Aşyr Muhammedowy ýanyma çagyryp: “Me, şu haty al-da, oka, näme ýazylypdyr? Terjime et-de, getir. Mylly aga örän biynjalyk bolýar” diýdim. – Biz köp ýyllar dowamynda Gürgende ýaşaýas. Meniň kakam dagy Eýrana ozal gelen ekeni. Meniň özüm şu ýerde önüp-ösdüm. Daýy diýenim üçin gaty görme. Biz hemişe siziň sazyňyzy diňleýäs. Şo sazlaram özümiz çalýas. Soň Gürgen radiosynda-da çykyş edýäs. Siziň ömrüňiz uzak bolsun. Köpräk, gowrak sazlar çalyň” diýip, ol hatynda ýazypdyr. Men Mylly agany edara çagyryp: “Ynha, me, özüňem oka. Hiç hili gorkarlyk zat ýok. Hemme zat gowulyk. Olar saňa “Daýy” diýeni üçin garyndaşyňdyr öýdüp pikir etme” diýip, Nurjemal daýza ussat sazanda bilen bolan bir wakany gürrüň beripdi. Şo wagt halypa sazandanyň näme üçin biynjalyk bolandygyna sowet döwründe ýaşan her bir adam düşünse gerek. “Edebiýat we sungat” gazeti, 25.10.2002 ý. * * * Büzmeýinli goja seýis Aman Garagul ogly bütin ömrüni ahalteke bedewine bagyşlan adamdy. Täsin söhbetdeşdi. – Gylýalda Allatagalanyň gudratlary bar – diýip, ol söze başlady. – Ýer titrände hem oýa ýatyrdym. Ýarym sagat, kyrk minut çemesi öňünden ala-zenzele boldy welin, öz içimden şeýle diýdim: “Eý-ýa, Hudaý, ýa-ha höwür atlaň, biri ýa-da baýtallaň biri boşanyp, daş çykan bolaýmasyn diýdim. Ýa-da myhman gelýärmikä? Ýogsam gylýal bimahal hiç wagt aňsat zenzele etmeýär ahyry. Bir alamat görmese, at janawer kişňemeýär. Haýdap bardym. Iň gowy görýänimiz Per baýtal. Ol-a daş çykypdyr. Gär baýtal bar. Periň enesi Kör baýtal bar. Bürgüdiň enesi. Sag-aman çykypdyrlar. Elime demir turba ildi. Şoň bilen atlary çykaryp ugradym. Kolhoz başlygy birini iberipdir, ylgap gelýä. “Adamlary çykarsyn, atlar, goý, ölse ölsün” diýipdir pahyr. “Atlar bilen işi bolmasyn” diýipdir. Birentegini halas etdim, birentegem urnup ýatyr. Ölenem kän boldy. Çala diýilýän janawer öldi. Çabalanyp ýatyr weli, ýeke özüm. Gelýän ýok. Bir adamam gelenok. Kakam geldi giçden soň. Şonda men-ä bir zady aýtdym: “At janawer ýer titremäniň öň ýanynda uly zenzele etdi-dä”. Ol zenzele biderek däl-dä. Çirkin. Yz ýanyndanam köp wagt geçmänkä ýer titredi-dä. Janawer duýýar. Şeýle bir bilgir at, şeýle bir duýgur at. Muňa hiç söz ýok, diýip aýdar ýaly däl. Ine, büzmeýinli goja seýisiň bu gürrüňleri heniz-henizem ýadymdan çykanok. * * * Ýer titrände radionyň başlygy bolup işlän Nurjemal daýza bilen söhbetdeşligim hem ýadymda. Ol aýylganç ýer titremesi hakynda gürrüň beripdi: – Ilki beýnime uran zat “Radiokomitete näme bolduka?” diýen pikir boldy. Bu ýerik gelemde Öwezowa diýen diktorymyzyň ýeriň aşagynda galandygyny bildim. Garaz, radionyň jaýy ýykylypdyr. Radiouzele barsam, onuň jaýy çat açan ekeni. Radiostansiýadan efiri işledip boljagyny ýa-da bolmajagyny anyklamagy uzeliň başlygyna tabşyrdym. “Özümiňkilerden kimiň diri galanyny bilemok” diýip, öýe geldim. Erkek doganym elektrik bolup işleýärdi. Ol ýer sarsan dessine rubilnigi aşak basýar. Bizden habar tutmak üçin gaýdýar. Ýeriň aşagynda galanlary jaýlanymdan soň, meniň bar aladam radionyň işini ýola salmak boldy. “Radio gepleýär. Radio bar. Aşgabat bar” diýdirmek, halky köşeşdirmek, meniň baş maksadymdy. Radiokomitetiň howlusynda çadyr gurup, şo ýerde bolup, radiony ilkinji açyp, “Gepleýär Aşgabat” diýip, gepleşige başlanam, meniň özüm boldum. Soň iş bilen Mary welaýatyna baramda, bir käse çaý içmek üçin Aga Ýusup Alyň öýüne sowlamda, ol maňa şeýle gürrüň beripdi. “Biz radio haçan geplärkä?” diýip garaşdyk. Birdenem birnäçe wagtlap ses çykmadyk radiodan “Gepleýär Aşgabat” diýip, siziň sesiňizi eşitdik weli, “Geliň, how, Aşgabat diýdi. Durdyýewa-da gepleýär” diýip, bütin oba buşladym diýdi. * * * Başga bir söhbetdeşim şo döwürde ýolbaşçy wezipede işlän Ýusup Öwezow ýer titremesi hakda şu zatlary aýdypdy. – Aşgabatda ýykylman, abat galan jaýlaryň bir-ä döwlet bankynyň pul saklanylýan otagy hemem dokma fabriginiň täze sehiniň jaýy galdy. Şo wagtlaram şo sehi guran gurluşygyň baş inženerini “Puly köp sowupsyň” diýip, türmä basypdylar. Gaýtam onuň guran jaýy abat galdy. Baş inžener Orsyýediň bir ýerinde türmede eken. Sehiň ýykylman galanlygy üçin ony türmeden boşatmaly boldy. Ýer titrän güni men şäheriň etegindäki obalara aýlanmaga gitdim. Olaryň hemmesi aýak üstündedi. Biri-birine kömek edýärler. Ýer titremesi bu ýerlere-de uly zyýan ýetiripdir. Ýekeje-de abat jaý galmandyr. Elektrik togy ýer titränden iküç günden soň diňe Azatlyk köçesinde ýandy. Bir hepdeden soň bolsa, dizel oturdyldy. Birnäçe wagt geçensoň hem bize üç sany elektrik otlusy berildi. Şäherde elektrik togy şondan soň birneme gowulaşdy. Ostrowskiý köçesinde çagalar internaty bardy. Iki gat Ýerzemini bardy. Demir gözenekli. 60-dan gowrak okuwçy okaýardy. Ýangyn dörände olaryň ählisi heläk bolupdyr. Ýerlere ugramankam, “Haýwanat bagyndaky ýyrtyjylary nätmeli?” diýen mesele orta atyldy. Bu şu wagt gürrüň edilmegine-de degmeýän zat bolup görünmegi mümkin. Ýöne şol wagt ol haýwanlar şäher ilatynda belli bir derejede howp döredipdi. Sebäbi diýeniňde, ýer titrände ähli ýyrtyjy haýwanlar boşanyp köçä çykypdyr. Olaryň arasynda gaplaňam bar, ýolbarsam, möjegem bar. Garaz, adyny tutan haýwanyň bar-da. Ýöne, olar hiç kime degmän, gapdallaryndan geçip gidipdirler. Daň atan soňam ählisi haýwanat bagyna üýşüpdirler. Ýöne, olary idedýän adam ýok. Hemmesi kesegiň astynda galypdyr. Emma aç haýwanyň adamlara degjegi ikuçsyz. Şonuň üçinem ýyrtyjy haýwanlary ýok etmeli diýen karara gelipdiler... “Edebiýat we sungat” gazeti, 04.10.2002 ý. * * * Segseninji ýyllaryň ortalary bolmagam ahmal. Telewideniýede işleýärdim. “Kerim aga keselhanada ýatyr” diýseler, soramaga bardym. Şol günki täze çykan gazet-žurnallardan ýüklenipdim. Kompozitor Nury Halmämmedow hem ýaraman keselhanada ýatan ekeni. Eşitmändim. Kerim aganyň yzyndan eli zatly baryp, Nura-da boş baranyma utanmanam durmadym. Sebäbi bu kompozitor bilen ýetmiş birinji ýyldan bäri tanyşlygym bardy. Soň soramaga baramda, bu säwligi düzetdimem-le. Nury Halmämmedow altynjy palatada akademik Tagan Berdiýew bilen bile bolýan ekeni. Ikisem obadaşdy. Garrygalanyň Daýna obasyndan. Ol biziň goňşy obamyzdy. Soň-soňlar baýry magaryf işgäri, obamyzda juda sylanýan Orazmämmet aga Öwezow Nurynyň çagalygy hakda bir gürrüň beripdi. Orazmämmet aga uruş ýyllary Daýna obasyndaky mekdebe ýolbaşçylyk edipdir. Şol günleriň birinde Nury we onuň doganlary bir günüň içinde ata-eneden jyda düşüpdirler. Nätmeli? Ýetim çagalara kim seretmeli. Her kim öz maşgalasyny oňarsa zor boldugy. Şol günleriň birinde oba ýaşulusy Taňryberdi aga Bäherdene iş bilen gitmeli bolýar. Şonda Orazmämmet aga ýaşajyk Nuryny hem etrap merkezindäki ýetimler öýüne tabşyrmagy ondan haýyş edipdir. Çaganyň egin-başyny oda atsaň tütejek däl. Şonda Orazmämmet aga çaga dözmän, işe geýýän ýeke-täk akja köýnegini çykaryp, oglanjyga geýdirýär. “Bar gardaş, alnyňy hak açsyn, bu günlerem geçer” diýip, oglana ak pata beripdir. Eşege artlaşyp münen ýaşuly bilen ýaş oglanjygyň uzak dag ýodasyny külterläp baryşlary, oglanjygyň bütin dünýäni unudyp, ilkinji sapar Tagarow daglarynyň gözelligine nebsewürlik bilen synlap barşy gözümiň öňünde. Onuň ömür başlangyjynyň Taňryberdi aga bilen başlanyp, ömür ýolunyň ahyrynyň hem şol maşgala bilen baglanyşykly bolandygyna haýranlar galýaryn. Ýaňy Nurynyň soňky gezek keselhanada akademik Tagan Berdiýew bilen bile bir palatada ýatandygyny aýdypdym. Olaryň “ýogalypdyr” ajy habarlarynyň arasyna onçakly uzak wagt düşmändi. Beýik kompozitor jaýlanandan soň, onuň başujunda öz obasyndan getirip, ýaşajyk agaç nahallaryny ekipdim. Bu ýazgyny kompozitorynyzyň başujunda oýa giden käbir şu setirler bilen tamamlasym gelýär. Beýik-beýik daglaryňa sygyndyň, Daglar boldy köňül beren syrdaşyň, Nazarym eglense dogduk diýarda, Ilki bilen ýada düşýäň gardaşym. Barmaklaryň hünärine boýun men, (Oňa boýun däl adamy aparyň!) Ýürek owazyňa diň salyp mydam, Ýalňyz çagym ýitigimi taparyn. Gezen daglaryňa seýil etdim men, Tagarowda gördüm aýak yzyňy. “Daýnanyň öňüniň beýik arçasy...” Saklapdyr oglankaň çalan sazyňy. Wagt boldy, gideýin men hoş indi, Ýürek köşeş, keç ykbaldan nalama. Bu gün ýene ýolagçy men daglara, Nury gardaş, Daýna barýan salama. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |