21:03 Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Haýa-şerimi | |
PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
▶ HAÝA-ŞERIMI Haýa-şerim söýgüli pygamberimizde paýrap açylan gül mysalydy. Ol hiç kimi kyn ýagdaýa salmazdy, üýtgeşik bir gaty ýylgyrmazdy. Kilçikligi, gopbamlygy asla halamazdy. Pygamberimiziñ çagalygy hem-de ýetginjekligi Arabystanyñ Hijaz diýen ýerinde geçipdi. Ol döwürde şol ýerlerde edep we haýa her hili öte geçýän adatlar bilen gurşalgydy. Beýik Resul olar ýaly adatlaryñ hiç birine-de imrinmeýärdi. Allatagala gelejegiñ buşlukçysyny bu ýaramaz urp-adatlara uýmakdan gorap saklapdy. Ol wagtlar Arabystanda Käbäniñ daşyndan ýalañaç aýlanmak, başgalaryñ gözüniñ öñünde ýalañaçlanyp ýuwunmak ýaly haýa-şerimden daş bolan dessurlar hem bardy. Pygamberimiz bu gelşiksiz hereketleri hemişe ýigrenerdi. Mekgede kakasynyñ doganynyñ goýunlaryny bakýan wagtlary Ol kureýş ýaşlarynyñ oglan-gyz garyşyp edýän tomaşa-hezilliklerine bir gezek giden hem bolsa, şol ýere ýetmän bir daşyñ üstünde, ýolda gözlerini uky bürüp, uklap galypdy. Oýananda bolsa ol tomaşa-hezilligiñ gutarandygyny görüpdi. Ol gaýdyp şonuñ ýaly ýerlere barmandy.[1] Käbäniñ dikeldilýän wagtlary Ol hem Abdulmutallybyñ ogullaryna derek daş daşardy. Kureýşiñ ýaşlary daşy eşikleriniñ etegine toplap eginlerine goýup daşardylar, şeýtseler olaryñ egini agyrmaýardy. Ýöne eteklerini açan wagtlary olar haýa-şerimsiz görünýärdiler. Başy ýaş bolansoñ, bir gezek hezreti Muhammet hem şeýle etmekçi bolupdy. Emma gizlin bir el (perişde) onuñ etegini şeýle bir güýçli aşak dartýardy we pygamberi kureýş ýaşlarynyñ düşen ýagdaýyndan gorapdy.[2] Pygamberimiz butlary ýigrenerdi. Olar üçin berilýän sadakalara-tomaşalara goşulmazdy. Emma bir ýyl kakasynyñ aýal doganlary (bibileri) oña zorluk etjek boldular. Kureýş tiresinden bolan abraýly maşgalalaryñ goşulyşyp, butlarynyñ hatyrasyna edýän bir baýramçylygyna ýegenlerini hem alyp gitmekçi boldular. Hezreti pygamber heniz çaga-da bolsa, ol ýere gitmek islemeýärdi. Ýöne bibileri: "Munuñ ýaly günde Abdyllanyñ ýetimini öýde ýeke goýup gidip bolmaz, bu biziñ abraýymyz üçin ýagşy däl" diýip pikir edýärdiler. Ýöne olar ýola düşenlerinde, pygamberimiziñ gulagyna bir şaññy owaz eşidilýär. Hezreti Muhammet ýykylýar, ýüzüniñ reñk-peti öçýär. Bibileri ony goýup gitmekçi bolup, öýlerine alyp gaýdýarlar hem-de gaýdyp butlaryñ hatyrasyna geçirilýän baýramçylyklara ony alyp gitmeýärler. Görnüşi ýaly, haýa-şerimden daş işlerden yslamdan öñki döwürde-de hezreti Muhammedi Allatagala öz penasynda saklapdyr. Ebu Said el-Hudri (r.a) şeýle diýýär: - Nebi haýa-şerimde öýde oturan uly gyzdan hem utanjañdy.[3] Resuly Kerimiñ haýa-şeriminiñ nähili bolandygy Ebu Said el-Hudri hezretleriniñ bu sözlerinden has-da aýan görünýär. Pygamberimiz gybat etmezdi, gybaty gadagan ederdi, ýanynda kim-de bolsa biriniñ gybaty edilse halamazdy. Ynsanlaryñ hata goýberen kişiniñ ýalñyş-hatasyny ýüzüne basman, şol ýalñyş-hatalar barada umumylaşdyryp köpçüluge gürrüñ bererdi, adamlara beýle zatlardan çeke durmagy ündärdi. Biçak utanjañ birini dostlary erbet gyssanlarynda pygamberimiz: "Ony erkine goýuñ! Çünki haýa imandandyr" diýýär. Başga bir gezek sahabalaryndan birine: "Haýa ynsanyñ zynatydyr" diýip, öwüt-ündew edipdir. Bir zady berk bilinse ýagşydyr: haýa ynsan häsiýetiniñ bezegidir. Haýa-şerimsiz millet bolmaz. Fazyleti arzuwlan ynsan üçin edep we haýa ylahy nurlae bilen örtülen täçdir, ony geýen her hili erbetliklerden halasdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |