08:45 Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Mähri we merhemeti | |
PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
▶ MÄHRI WE MERHEMETI Kadyr Alla Kurany Keriminde: "Biz seni älemlere rehmet üçin iberdik" (Enbiýa, 21/107) diýýär. Älemiñ rehmeti üçin iberlen Muhammet pygamberimizdir. Hezreti Ibn Apbas bu aýaty tefsir edende: "Onuñ rehmeti iman getirenlere-de, iman getirmediklere-de ýetýändir. Iman getirenler Onuñ rehmetinden bu dünýäde-de, o dünýäde-de nesibelerini alýandyr. Iman getirmedikler bolsa, inkär edýändikleri sebäpli "Kökünden büs-bütin heläk bolmak" azabynyñ soña (ahyrete) goýlandygy üçin şu dünýäde onuñ rehmetinden eşret tapýarlar" diýýär. Hezreti Ebu Bekir (r.a): - Eý, Resulalla, sizem garradyñyz! - diýende, pygamberimiz oña: -Meni garradan Hud, Wakyga, Murselat, Amme ýetesaelun, Izeşşemsu kuwwirat süreleri boldy - diýip, jogap beren. Şarih (şerh edýän onuñ bu sözlerini şeýle düşündirýär: Bu sürelerde ahyret barada gürrüñ edilýän ýerleri bar. Pygamberimiz öz jany barada däl (oña hiç zat bolabilmezdi), ýöne Ol bizi özümizden oñat tanaýardy, şol sebäpli hem biziñ başymyza düşjek kynçylyklar barada, ymmatynyñ şol sürelerde aýdylýan ahwalatlara duçar bolmazlyklary barada alada edýärdi. Onjñ başyny agardan hem şol ahwalatlardy.[1] Allatagala şeýle emr edýär: "Size öz içiñizden bir pygamber geler welin, siziñ çekmeli boljak ejirleriñiz oña juda kyn hem agyr düşer. Onuñ bar küýi-pikiri siz bolarsyñyz. Ol hakukatdan hem möminleriñ ýazygyny geçijidir we bagyşlaýjydyr." (Toba, 9/128) Şu aýatdan görnüşi ýaly, pygamberimiz ymmatynyń (ahyretde) ejir çekjekdigine gynanandygyny-ha aýdyp hem oturmalyñ, ol belli zat, ýöne Ol ymmatynyn bu dünýäde-de agyr zähmet çekmeli bolýandygyna hem gynanardy. Ymmatynyñ gynanjy onuñ gynanjydy, ymmatynyñ guwanjy onuñ guwanjydy. Manysynu ýokarda agzap geçen aýatymyzda Kadyr Alla özüniñ söýgüli atlary bolan Rаuf we Rаhym (iñ mähirli we iñ merhemetli) atlary bilen lutuf we keremi hökmünde diñe pygamberimizi atlandyrypdyr. Bu hem Allatagalanyñ gullaryna merhemetli bolşy ýaly, hezreti Muhammediñ (r.a) hem ymmatyna mähirli we merhemetli bolandygyny düşündirýär.[2] Bir gezek bir adam pygamberimizden duşmanlaryny näletlemegini sorapdyr. Pygamberimiz ol adama: - Men nälet okamak üçin däl-de, äleme rehmet (eşret) üçin iberildim -diýip, jogap beripdir.[3] Ol Mekge döwrüniñ biçak agyr günlerinde-de duşmanlaryna bet doga etmändi. Taifliler ony daşlapdylar, endam-jany, esasan hem aýaklary gara gana boýalypdy. Islese Allatagala Taif we Mekge şäherlerini ýer bilen ýegsan edip hem bilerdi, emma pygamberimiz Rebbimiz Alladan beýle zatlar dilemeýärdi. Tersine: "Eý, Allam, bular hakykaty görenoklar, ýöne umydym bar, bir gün geler, bularyñ çagalary hakykaty görerler" diýýärdi.[4] Mekge alynanandan soñra, Taifiñ gabawy uzaga çekenligi sebäpli ol ýerden gitmeli bolnanda pygamberimiz olara nälet okaman rehmet diläp: - Allam, taiflileriñem düzelip, musulman bolup, huzuryma gelenini bir görsem -, diýipdi. Mekge alnandan soñra, Käbäniñ howlusynda 22 ýylyñ dowamynda ellerinden gelen ýamanlygy edip, indem öñünde bagyşlanmagyna garaşýan, ýesir duran mekgelilere pygamberimiziñ rehimi inip, olary bagyşlamagy hem Onuñ rehimdarlygyñ nä derejede belent bolandygyny görkezýär. Allanyñ rehmetini hem-de geçirimliligini diñe özüne we pygamberimize degişli edip okan bir çarwa adama Allanyñ Resuly: - Allanyñ lutuf we rehmet jaýyny juda daraltdyñyz - diýýär.[5] Ol ynsanlar ben bir hatarda haýwanlary-da, tebigaty-da söýerdi. Hemişe: [i]"Haýwanlara agyr ýük urmañ, olara gowy serediñ, ezýet bermäñ" diýerdi. Eger-de, kyýamat gopjak bolup durka-da, elindäki agajyñ nahalyny oturtmaga wagt tapsa, oturdyp öljekdigini aýdardy. Içgileri adamlar üçin zyýanly bolanlygy üçin gadagan ederdi. Maşgalanyñ dargamazlygy üçin humary (humarly oýunlary), nesili goramak üçin bolsa zynany gadagan ederdi. Musulmanlary otly çukura gaçyrmajak bolup ýadawsyz gorardy. Ol mähir hem merhemet pygamberidi. _________________________________________ [1] Ibn Sad "Tabakat" 1, 435; [2] E.Hamdy Ýazyr "Hak dini, Kuran dili", IV, 2654; Ö.Nasuhybilmen "Kurany Kerimiñ türkçe mealy we tefsiri", III, 135 (Toba süresiniñ 128-nji aýatynyñ tefsiri); [3] Şibli "Asry Sagadat", II, 13; [4] Tejrid, II, 760; Ibn Hişam "Essiretün-nebewiýe", II, 62; [5] Tejrid, XII, 128/1975. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |