17:08 Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Jomartlygy | |
PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
▶ JOMARTLYGY Jomartlyk hezreti pygamberimiziñ (s.a.w) iñ esasy, iñ meşhur sypatlaryndan biri bolupdyr. Mysal üçin Jabir ibn Abdylla (r.a) şeýle gürrüñ berýär: "-Resuly Kerim serwerimizden şu dünýä degişli bir zat dilenip, onuñ hem "Ýok" diýip, jogap berenini men görmedim. Ol soralýan zat özünde bar bolsa-ha şol bada bererdi, ýok bolsa-da "Taparys" diýip wada ederdi.[1] Indi hezreti Omaryñ (r.a) beren gürrüñini ýatlalyñ: Resulallanyñ huzuryna bir garyp gelip, ondan bir zat diledi, ýöne onuñ dileýän zady pygamberimiziñ özünde ýokdy. Şol sebäpli ol gelen adama şol zady bazarsan öz adyna (ýagny Muhammet pygamberiñ adyna) ýazdyryp almagyny tabşyrdy. Pygamberimiziñ öñem ol adama kömek edeninden hezreti Omar habarly eken. Şol sebäpli hem ol: - Eý, Resulalla, bu kişiniñ öñem-ä bir möhümini bitiripdiñiz. Indi oña kömek etmegiñ geregi beri barmy? - diýmekçi bolýar. Ol diýmesine diýýärem, ýöne onuñ aýdany hezreyi pygamberimize hoş ýakmandyr. Omar muny onuñ ýüz keşbinden añypdyr. Şol wagt ensarlardan biri: "Eý Resulalla, möhümini bitiriñ, möhüm bitireniñiz bilen arşyñ eýesi Allatagala sizi garyp düşürer diýib-ä gorkmaly däldir diýip düşünýändiris biz-ä, bu meselä" diýipdir. Ol adamyñ pikiri pygamberimiziñ göwnünden turupdyr hem Ol: "Men sahy bolmakdanbwe garyplykdan gorkmazlyk emrini aldym" diýipdir. Ol sahylyk hem-de ýoksullara kömek etmek adamyny garyp düşürer diýen pikire pisint etmezdi.[2] Hezreti Äşäniñ (r.a) aýtmagyna görä, bir adam sowgat getirip beräýse, pygamberimiz oña özüniñkidenem zyýat zady sowgat berer eken. Pygamberimiz bilen döwürdeş bir musulman aýalyñ beren gürrüñi muña aýdyñ mysaldyr. Ol aýal şeýle gürrüñ berýär: "Men hezreti pygamberimize birnäçe hyýar eltip berdim. Ol maña bir ýanawuç aýal şaý-sepini sowgat diýip gaýtargy salan eken". Muslimde şeýle bir gürrüñ bar: Resulalla yslam üçin özünden dilenen zady bererdi. Bir gezek bir adam şeýle dileg bilen gelende, Resulalla oña bir deräni dolduryp duran goýun berip goýberdi. Ol adam öz tiredeşleriniñ arasyna baryp: "Eý, tiredeş kowumlar, musulman bolalyñ, çünki Muhammet garyp galmakdan heder etmän, kän ýagşylyklar edýär" diýipdir.[3] Ýene Muslimde şeýle bir zat ýazylypdyr. Safwan ibn Umeýýe (r.a) şuny gürrüñ berdi: - Allanyñ adyndan ant içýän, Resulalla maña kän zat bagyşlady. Başda, meniñ pikirimçe, ol ynsanlaryñ arasynda iñ bir ýigrenji adamdy. Emma ol maña yhsan etmesini dowam ediberdi. Indi ol meniñ üçin ynsanlaryñ içinde iñ gowusy boldy duruberdi.[4] Ynha, hezreti Enesiñ (r.a) beren bu gürrüñi-de şonuñ ýaly wakalardan habar berýär: "Kä wagt adamlar baýlyga gyzyp musulman bolardy, ýöne yslamy kabul edenlerinden soñra musulmanlyk olar üçin dünýäden hem dünýä malyndan ileri bolardy".[5] Hezreti ibn Abbas (r.a) şeýle berýär: Hezreti pygamber halkyñ içinde iñ jomardydy. Onuñ iñ bir jomart wagty hem Remezan aýydy. Jebraýyl perişde her ýyl Remezan aýynda Resululla bilen hökman duşuşardy. Resululla oña Kurany çykyp bererdi. Jebraýyl bilen görüşýän döwürlerinde Resululla il-gün üçin halkyñ januna ýarasyn diýip öwüsýän şemal ýaly jomartdy. Mätäçleriñ dadyna ol ençeme gezek gaty tiz ýetişendir.[6] ___________________________________ [1] Muslim "Fedail" 56; Ibn Sad "Tabakat" 328; [2] Hoja M.Raif Efendi, a.a.e., 244; [3] Muslim "Fedail" 57; [4] Muslim "Fedail" 59; [5] Muslim "Fedail" 58; [6] Hoja M.Raif Efendi "Mugtasar Şemaýyly Şerif", terjime 243. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |