12:21 Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Wepalylygy | |
PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
▶ WEPALYLYGY Resuly Kerim (s.a.w) wepaly adamdy, lebzine ygrarlydy, bir aýdanynda durardy, sözünden dänmezdi. Özüne, töweregindäki sahabalara kömek edeni asla unutmazdy, dostlary bilen görşüp, olaryñ hal-ýagdaýlaryny sorap durardy, musulmanlara-da şeýle etmegi maslahat bererdi. Ine, muña bir mysal: Abdylla ibn Ebil-Hamsa (r.a) şeýle gürrüñ berýär: - Hezreti pygamber bilen söwda etdim. Şonda men oña biraz garaş, ynha gelerin diýdim. Ýöne oña gelerin diýip söz berenimi unudaýypdyryn. Aradan üç gün geçenden soñra birden ýadyma düşdi. Onsoñ, üç gün geçirip barsam, Ol şindem şol ýerde maña garaşyp duran eken.[1] Ine, görşüñiz ýaly, pygamberimiz wadasynda tapylýan täjir bolupdyr. Ol ýöne bir ýoldaşyna-da garaşaýmandyr-da, eýsem, "onuñ başyna bir iş düşäýen bolmasyn" diýip, howatyrlanan hem eken. Bir gezek Hebeşistan hökümdarynuñ ilçileri pygamberimiziñ huzuryna gelenler. Pygamberimiz olar bilen gaty içgin gyzyklanypdyr. Sahabalardan käbirleri: "Eý, Allanyñ Resuly! Özümiz hyzmat ederis, siz dynjyñyzy alyberiñ, bize näme etmelidigini aýtsañyz bolany" diýýärler. Emma pygamberimiz olara şeýle jogap beripdir: "Bular Hebeşistana göç eden sahabalarymyza ýer görkezip, hyzmat edipdiler. Olaryñ eden ýagşylygy üçin men olara hyzmat edesim gelýär." Mutýym ibn Adiý kureýş inkärçileriniñ baştutanlaryndan biridi. Bir gezek Taifden gelýärkä, duşmanlary pygamberimizi şähere goýbermeýärler. Pygamberimiz öñünde duran mekgelileriñ birnäçesinden hemaýat etmeklerini sorady. Ýöne olaryñ hemmesi ony ret edýärler. Diñe Mutýym Oña arka çykýar. Ogullaryny ýaraglandyryp, hezreti pygamberi şähere tarap alyp gaýdýar. Aradan ýyllar geçdi, Bedir söweşinde Mutýym hem beýleki kureýşler ýaly musulmanlara garşy uruşýar we söweşde heläk bolýar. Hezreti pygamberimiziñ şahyry Hassan onuñ ölümini ýatlap ýazan bir goşgusynda Mutýymyñ pygamberimize şol eden kömeginden söz açyp, ony ýagşylykda ýatlaýar. Pygamberimiz onuñ özüne eden ýagşylygyndan diýseñ razydy. Duşmanyñ ýesirlerini näme etmelidihi barada jedelleşip durkalar, pygamberimiz: "Mutýym ibm Adiý diri galyp, menden ýesirleri diläm bolsady, men bularyñ baryny gara şaýy alman boşadardym" diýýär.[2] Hezreti pygamberimiz öz soýuzdaşlaryna (ýaranlaryna) diýseñ wepaly adamdy. Hudeýbiýe ylalaşygynda musulmanlara tarapdar bolan Beni-Huzaýe kowmy kureýşe tarapdar bolan Beni-Bekiriñ zulmuna sezewar bolýarlar. Bu zulmy kureýşler hem aşaklyk bilen goldaýardylar. Huzeýeliler öz ýagdaýyny hezreti pygambere ýetirenlerinde Ol ur-tut kureýşlere ultimatum iberdi we goşun toplamaga başlady. Bu waka Mekgäniñ alynmagynyñ sebäbi bolubam taryha girdi. Şeýlelikde pygamberimiz zuluma uçran soýuzdaşyny ýeke taşlamaýan adam bolup çykýar.[3] Pygamberimiz öz ýanyna alysdan gelýän taýpa ýolbaşçylaryny myhmanhanalara ýerleşdirerdi, olaryñ aladasyny ederdi, mugallymlar taýýarlardy, maddy mätäçliklerine seredýän ýörite adamlar bellärdi, yzyna, kowumlaryna gaýtmakçy bolanlarynda azyk taýýarladýardy, täze lybaslar alyp, sowgat bererdi. Yslam dini bilen gyzyklanyp, Medinä gelen bu adamlary ýatlaryndan çykmaz ýaly mähir bilen ýola salardy. ____________________________________ [1] Ibn Sad "Tabakat", VII, 59; Şibli "Asry-Sagadat", I, 137. [2] A.Azzam "Resuly Kerimiñ nusgalyk ahlagy", terj. H.Karaman, 36. [3] A.Azzam "Resuly Kerimiñ nusgalyk ahlagy", terj. H.Karaman, 3. | |
|