13:02 Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Alysdan gelenleri kabul edişi | |
PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
▶ ALYSDAN GELENLERI KABUL EDIŞI Mekge alnyp, Hewazinde-de ýeñiş gazanylandan soñra, Arap ýarymadasynyñ hemme ýerinde yslama girmek meýli artdy. Sebäbi, araplar: "Ozal hem bular Käbäniñ goñşusy, goraýjysy, serenjam berijileridir" diýip, kureýş tiresini sylardy. Ýöne kureýşler yslam goşunyndan ýeñilip, erkinliklerini ýitiripdiler. Mekge musulmanlar tarapyndan dolandyrylmaga başlanypdy. Taifiñ eteginde hewazin we beýleki kowumpar ýeñilipdiler. Netijede Medinede yslam güýçlenipdi. Şol sebäpli-de arap taýpalary Kurany Kerimiñ belleýşi ýaly, yslama girmek üçin topar gurap, ýer süýşen ýaly bolup gelýärdi. Alysdan gelen wekillerden ýaña Medinede ýer tapylanokdy. Hezreti pygamberimiz (s.a.w) olary ýörite myhmanhanalarda ýerleşdirýärdi. Mümkinçiligi bolan baý musulmanlar gelenleriñ käbirlerini toplumy bilen öz öýlerinde myhman alýardy. Toplum biçak uly bolsa, onda ony böleşip öýlere paýlaýardylar. Olary iýip-içirmek öý eýesiniñ boýnunady. Öý eýesiniñ myhmanlary üpjün edip bilmejek wagty olaryñ çykdajysy döwlet hazynasynyñ hasabyna alynýardy. Hezreti pygamberimiz bu toplumlary köplenç mesjitde kabul ederdi, şol ýerden hem olary myhman alynjak ýere ýollardy. Hezreti pygamberimiz bu delegasiýalara mugallym berkiderdi. Olar alysdan gelenlere yslamyñ esaslaryny öwredýärdi. Olaryñ arasyndan zehinliräk birini ymamlyga taýýarlaýardy. Tiz taýýarlanylan ymam soñ pygamberimiziñ öñünden geçmelidi. Synagdan geçenler: "Öwrenenleriñizi gidiñ-de öz ýurduñyzdaky adamlara öwrediñ" diýip ugradylýardy. Içinde yslamdan gowy baş çykýany hem-de Kurany ýatdan bilýäni bolsa, ony ymam bellärdiler, yslam gelmezden öñ kim baştutan bolsa, yslam döwründe-de şol adam baştutan saýlanýardy. Pygamberimiz alysdan gelen myhmanlary ýurtlaryna ugratjak bolanlarynda olara täze geýim-gejimlerden serpaý ýapardy, sowgat bererdi, özi-de olar bilen duşuşjak bolanda iñ bezemen eşiklerini geýerdi. Şu işler bilen meşgul bolup ýörkä-de, Pygamberimiz olaryñ käbir bolgusyz hereketlerine sabyrlylyk we geçirimlilik ederdi, olara hemişr ýeñillik dörederdi. Emma myhmanlaryñ içinde yslama dil ýetirýäni bolaýsa, onuñ derrew jogabyny bererdi. Gowy niýet bilen gürleşip düşünişmek üçin gelenleriñ sözlerini sabyrlylyk bilen soñuna çenli diñlärdi we olar bilen söhbetdeş bolardy. Meselem, Amir ibn Tüfeýl bilen Erbed ibn Kaýs yslama dil ýetirjek bolanda Ol şobada jogabyny pert beripdi. Nejrandan gelen hristianlar bilenem pygamberimiz sabyrlylyk bilen jedelleşdi. Hatda olar bilen mubahale ("kimiñki nädogry bolsa, oña Allanyñ näleti bolsun" diýmek) baglaşmak hem isledi. Ýöne hristian monahlary: "Birden Muhammediñki dogry bolaýsa, bize erbet bolar" diýip, munahale etmekden çekindiler.[1] Pygamberimiz Beni Temimden gelen toplumyñ haýyşyny kanagatlandyryp, olaryñ şahyr we wagyzçylary bilen yslamyñ şahyr we wagyzçylarynyñ arasynda ýaryş geçirmäge-de rugsat beripdi.[2] _____________________________________ [1] Ibn Sad "Tabakat", II 357; Halebi "Ynsanül Uýun" III, 212. [2] Ibn Sad "Tabakat", II, 293; Halebi "Ynsanül uýun", III, 218; M.Asym Köksal, "Yslamyñ taryhy", IX, 31. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |