09:10 Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Adalaty | |
PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI
▶ ADALATY Pygamberimiz adalatly adamdy, ol ýekeje adamynyñ hem hakynyñ kemsidilmeginiñ deñinden gözüni ýumup geçmezdi. Ahlaklylygyñ aýrylmaz bölekleri dogruçyllyk bilen adalat pygamberimize mahsusdy. Adamlar ony ýaşlygyndan bäri: "Emin hem ymamdar kişi" diýip, tanaýardy. Söwdagär ýoldaşlary ol barada: "Kişiniñ hakynam iýmez, kişä hakynam iýdirmez. Hak-hukuk meselesinde kişiden ýüz görmesi ýokdur" diýip, gürrüñini ederdi. Hezreti pygamberimiz (s.a.w) yslama açyk çagyrmak rugsat edilende ol Sada baýyrlygynda durka kureýşlerden: "Şu dagyñ añyrysyndan duşman atlylary size tarap çozup gelýär" diýsem ynanarmysyñyz?" diýip, soranda, olar: - Hawa ynanarys, sebäbi şu çaka çenli seniñ bizi aldan ýeriñ ýok - diýip, jogap berdiler. Mekge döwründe inkär edijiler pygamberimize: "Şahyr, mejnun, jadygöý" diýip myjabat atyp, yslamyñ tiz ýaýramagynyñ öñüni aljak bolup synanyşan wagtlary hem, Oña ýalançydyr ýa-da haýyndyr diýip bilmediler. Hatda pygamberimiziñ hatynu kabul eden Wizantiýa imperatorynyñ: "Ozal şu adamynyñ heý, ýalan sözlän ýeri bolupmydy?" diýip beren sowalyna Pygamberimiziñ şol wagtky esasy duşmany Ebu Sufýan hem: - Ýok, bolan däldir - diýip, jogap bermäge mejbur bolupdy. Allatagala pygamberimize - Buýrulyşy ýaly gös-göni hereket et! - diýen taglymaty beripdi, pygamberimiz hem ömürboýy bu dogry ýoldan - syraty mustakymdan - çykmady. Bir gezek mahzumylardan bie aýal maşgala ogurlykda tutulýar. Ol abraýly maşgaladandy, şol sebäpli hem kureýşler ol aýaly jezalandyrmagyñ tarapdary bolmadylar, hezreti Usameni bolsa araçy edip pygamberimiziñ ýanyna iberdiler. Sebäbi, pygamberimiz hezreti Usameni örän oñat görerdi. Şonda hezreti pygamberimiz şeýle diýdi: "Asly uly, gadymy millet bolup, bu gün boksa medeniýetlerinden hiç zat galmadyk Ysraýyl ogullary şunuñ ýaly tarapgöýlik edenleri üçin heläk boldular. Olar kim garyp bolsa şony jezalandyrdylar, abraýly, baý adamlara bolsa jeza bermediler. Ogurlyk eden gyzym Patma bolaýanda-da men oña degişli jezazyny bererdim".[1] Salebe ogullaryndan bir topar adam Rebezeden Mekgä gelýärkäler şäheriñ golaýynda bir ýerde düşläpdirler. Pygamberimiz olara duş gelip bir düýäni bahaladýar. Söwda edip çekeleşýärler-de ahyry el uruşýarlar. Pygamberimiz düýäni alyp şähere gaýdýar. Ýöne satanlar düýäni alanyñ hezreti pygamberimizdigini bilmeýärdiler. Olar pulyny alman düýäni berip goýberenlerine ökünişip, özara gygyryşyp başlaýarlar. Şonda olaryñ arasynda bir aýal: - Bu goh-galmagalyñyz näme? Beýle mañlaýy giñ adamyny biz-ä ozal görmändik. Üns berdiñizmi, onuñ ýüzi on dördi gijäniñ aýy ýaly nuranady - diýýär. Ol aýal şeýle diýmek bilen, düýäni alanyñ aldajak adama meñzemeýänini aýtmak isläpdir. Aradan köp wagt geçmänkä ýañy iñrik garalyberende bir adam gelip, olara düýäniñ bahasyny hem-de biraz iýer-içer ýaly zat getirip berýär-de: "Bulary Resulalla iberdi" diýýär. Ertesi ýañky adamlar şähere barsa, pygamberimiz mesjitde musulmanlara wagyz-nesihat edip oturan eken. Şol wagt ensarlardan bir adam Salebe ogullarynyñ bir wagtlar öz garyndaşyny öldürendigini, indem özüniñ olardan ganyny alasy gelýändigini aýdyp durdy. Pygamberimiz oña: "Ýok, onyñ bolmaz! Atasynyñ eden günäsi üçin ogly günäkär däldir" diýip jogap berdi.[2] Bir gezek söweşde alnan oljalary paýlaşyp otyrkalar sabyr-etagatsyz birine pygamberimiz: "Sabyrly bol, nobatyña garaş" diýip, hasasyny salgan wagty hasa onuñ ýüzüne degip, sähelçe ýerini sypjyrypdy. Şonda pygamberimiz ur-tut hasasyny onuñ eline berip: "Ynha ýüzüm" diýse-de, ol kişi özüniñ hata goýberendigine düşünip, pygamberimizden ötünç sorady.[3] Pygamberimiz hakykatdan hem adalat we ynsap öýjügidi. __________________________________ [1] Ibn Maje, "Hudud", 6/2547 [2] Şibli, "Asry Sagadat", terj. Ö.Ryza Dogrul, sad, O.Zeki Mollaahmetogly II, 74. [3] A.a.e. 75. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |