00:09 Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Geçirimliligi | |
PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
▶ GEÇIRIMLILIGI Pygamberimiz geçirimli, giñ göwünli bolupdyr. Allatagala Onuñ adyny: "Iñ rehimdar, iñ mähirli" diýen manydaky sözler bilen ýazdy. Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýýär: "Resulalla hapa, ýaramaz sözleri agzyna almazdy. Edep-terbiýä sygmaýan haýasyz işleri etmezdi. Bazarlarda gaty gürläp, galmagallap ýörmezdi, ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermezdi - bagyşlardy". Hezreti Äşe (r.a.) ýene-de şeýle diýýär: "Hezreti pygamber edýän işinden ikiden birini seçip almaly bolsa, eger günä bolmasa, añsadyny saýlardy. Eger günä bolsa welin, Ol şol işden iñ bir daş durýan adam bolardy. Resulalla Eziz we Jelil bolan Allany sylamadykdan başga adamdan kine saklap, öç almazdy".[1] Abdylla ibn Omar (r.a.) şeýle diýýär: "Hezreti pygamber işinde we hereketinde hiç wagt gyzmalyk etmezdi. Ol gyzmalyk edenem däldir". Hezreti Äşe (r.a.) şeýle gürrüñ berýär: "Resulalla Alla ýolunda jihaddan başga, ýekeje adama-da, ne aýala, ne-de hyzmatkärine elini galdyran däldir. Ol dili bilenem, eli bilenem kişä ezýet beren däldie. Ol dostlaryndan hiç wagt kine saklamazdy. Ýöne Jelil we Eziz bolan Alla barada bir edepsizlik edilse, gaharlanyp ar alardy".[2] Kady Beýzawy bu meseläni şeýle anyklaýar: "Hezreti pygamberiñ häsiýetiniñ ýumşak bolandygy, özünin sabyrly hem-de hak-hukugy gorandygy mälimdir. Eger-de Ol Allanyñ hem-de ynsanlaryñ hakyny ýerine salmasa, Oña agyr degerdi. Eger ol nebsi üçin ar alan bolsa, sabyrsyz saýylardy. Pygamberimiz kemter gaýtmakdan we aşa geçmekden daş bolup, sabyrlylygy hem-de adalatlylygy iñ oñat hem-de mylaýym görnüşde kalbyna siñdiren adamdyr". Enesi ibn Mälik (r.a.): "Resulalla gargan, käýinen, hapa söz aýdan ynsan däldir" diýýär. Ýene hezreti Enes (r.a.) sözleriniñ üstüni ýetirip, şeýle diýýär: "Resulalla bilen gidip barýarkak bir çarwa bende hezreti pygamberimiziñ syýyndan şeýle bir gaty çekdi welin, öwrülip seretsem, Onuñ boýny sypjyrylan eken. Çarwa: - Eý, Muhammet! Ýanyñdaky malyñdan maña-da bir bölegini bersinler diýip, emr et! - diýdi. Pygamberimiz öwrülip, ýylgyrdy-da, ony razy etmeklerini buýurdy".[3] Hezreti Enesiñ (r.a.) gürrüñ bermegine görä Resuly Kerim hezretleri adamy gynandyrjak zady ýüzüne aýtmaz, kişiniñ aýbyny ýüzüne urmaz eken. Hata goýberen adamy ynjytmazlyk üçin gadagan hem-de terk edilen zatlary edýän adamlar barada daşdan aýlap, umumy gürrüñ eder eken. Sähel yşaraty hem buýruk hökmünde kabul edilýän hezreti pygamberimiz ymmatyny ynjytmajak bolup, özüni diýseñ mylaýym alyp barar eken. Pygamberimiz bir adamyñ üstünden gelýän ysyñ adamlary biynjalyk edýänini görüpdir. Ol adamyñ ýüzüne çalnan reñki sap-sary bolup, göze dürtülip duran eken. Tä ol turup gidýänçä, pygamberimiz sesini çykarman oturypdyr, onuñ aýbyny ýüzüne urmandyr. Gidenden soñra bolsa oturanlara: "Bu adama ýuwaşlyk bilen duýduryñ, ol barçany bimaza edýän ysly sary reñ zady ulanmasa oñat bolar" diýipdir. Sahabalar pygamberimiz barada: "Bir zady halamasa, ýüzünden bilip durmalydy" diýip ýazýar. Pygamberimiziñ şu aşakdaky hadysynyñ manysy biçak uludyr: "Hiç biriñiz başga biriñiz barada maña gep getirip bermäñ. Sebäbi men ýanyñyza ýüregimi şatlykdan dolduryp gelmek isleýän". _________________________________ [1] Tejrid, IX, 276/1457; [2] Müslim, "Fedail", 79; [3] M.Asym Köksal "Yslam taryhy" IX, 450. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |