13:41 Pygamberimiziñ keşbi, ahlagy we edebi: Öýlenmekçi ýaşlara kömek edişi | |
PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI
▶ ÖÝLENMEKÇI ÝAŞLARA KÖMEK EDIŞI Hezreti Aly (r.a) Patmany gelinlik dilemek üçin Pygamberimiziñ (s.a.w) huzuryna barypdyr. Ýöne ol utanjyna aýtjak sözlerini aýdyp bilmän, dili tutulan ýaly bolup oturypdyr. Hezreti pygamberimiz: "Görýän welin, sen Patmany dilemäge gelen bolmaly" - diýip, oña söz açmaga kömek edipdir. Hezreti Aly begenip: "Hawa" diýipdir. Ýöne onuñ elinde galyñ ujundan geçirer ýaly zady ýok eken. Bu meselede-de pygamberimiz oña kömek edipdir, oña söweş eşiklerini galyña derek ulanyp biljegini ýatladypdyr. Sahabalardan biri hezreti Ala goç berdi. Kömekçileri-de üýşüp mekge ýygdylar, şeýdibem toý sowarlyk ýygnandy. Pygamberimiz: "Allahym, Hezreti Aly bilen Patma ikisini bagtly et, olar üçin haýyrly bolsun!" diýip, dileg etdi. Hezreti Alynyñ (r.a) öýünde hasyr (agaç gabygyndan dokalan düşek), ýassyk, gap-gaç, küýze ýaly goşlary bardy. Ol bulary-da söweş geýimlerini satanda düşen pullaryna alypdy. Öý goşlaryndan artanja pula ol hezreti Patma (r.a) şaý-sep alyp beripdi. Resuly Kerim hezreti Patma (r.a) üçin bir parça mata, bir küýze, ýassyk, boýra düşek, öý goşy öñden taýýarlap goýupdy.[1] Resulallanyñ hyzmatyny edýän bir ýaş ýigit bardy. Adyna Rebiga diýerdiler. Ýaşynyñ ötüşip barýandygyny gören pygamberimiz ondan: "Öýlenmek niýetiñ ýokmy?" diýip sorady. Rebiga öz ýagdaýy hem-de edýän işi barada oýlanyp: "Ýok" diýip jogap berdi. Hezreti pygamber täzeden oña ýene şol soragyny berdi. Rebiga oña ýene şol öñki jogabyny gaýtalady. Ýöne pygamberimiz soragyny üçünji gezek gaýtalandan soñra ol munuñ bie hikmetiniñ bardygyny añyp: "Öýlenesim-ä gelýär, Resulalla, aýdyñ men näme etmeli?" diýdi. Hezreti pygamber ony ensardan bir kowmuñ üstüne iberdi, ol hem şol ýere gitdi. Rebiga pygamberimiziñ iberen salamyny gowşuryp, olaryñ gyzlaryna söz aýtdy. Olar hem: "Baş üstüne!" diýip, jogap berdiler. Rebiga bolan işleri uly begenç bilen hezreti pygambere ýetirdi. Ýöne Rebiga garypdy, öý goşy, galyñ we toý sowmak üçin pul gerekdi. Hezreti pygamber derhal sahabalara ýagdaýy düşündirdi. Ur-tut kömek üçin pul toplanyp başlandy. Ýygnanan pula gelin üçin, şaý-sep, öý goşy, bir goç satyn alyndy. Pygamberimiz: "Üwäp un edinersiñiz" diýip öz öýündäki arpadan berdi. Şunlukda, pygamberimiziñ kömegi bilen Rebiga hezretleri üçin toý tutulyp täze bir maşgala guruldy.[2] Musulmanlaryñ içinde Jüleýbib (r.a) diýen bir adam bardy. Ol adam aýallaryñ ýanynda özüni ýaman alyp barýanlygy bilen tanalardy. Musulmanlar maşgalalaryny ondan daşrak saklanlaryny kem görmezdiler. Ine, adamlary özünden daşlaşdyran şu adama-da hezreti pygamberimiz arka çykdy. Hezreti pygamber derrew ensarlaryñ üstüne baryp, olaryñ gyzynyñ bire söz aýtdy. Gyzyñ ene-atasy pygamber gyzlaryna söz aýdýandyr öýdüp razy boldular. Ýöne Muhammet pygamber (s.a.w) Jüleýbib (r.a) üçin söz aýdandygyny aýdanda, gyzlaryny oña bermejekden boldular. Ýöne enesiniñ üsti bilen işiñ nähilidigine göz ýetiren gyz: "Resulalla hiç wagt meniñ betbagt bolmagymy islemez" diýip, Jüleýbibe barmaga razyçylyk berdi. Nika gyýyldy. Şeýlelikde, ýene bir maşgala emele geldi. Söweşleriñ birinde Jüleýbib (r.a) şehit boldy, ol söweşe Resulalla-da gatnaşýardy. Onuñ şehit bolanyny gören adamlar: "Ýedi duşmany öldürdi, soñ özi hem şehit boldy" diýip, güwä geçdiler. Muhammet pygamber (s.a.w): "Jüleýbib menlikdir, menem onlukdyryn" diýip, ony öz elleri bilen topraga duwlady. Resuly Ekrem özüni sylap, Jüleýbib (r.a) bilen ýaşamaga razy bolup, indem ýaş başyndan dul galan aýala şunuñ ýaly doga etdi: "Eý, Allahym! Bu bendäñ işini özüñ oñuna et, ol ömürboýy agyr gün görmesin!"[3] _______________________________________ [1] Ýusup Kandehlewi, "Haýatüs-Sahaba", Terj.edenler: Ahmet Büýükçynar, A. Omar Tekin, Ýaşar Erol, Stambul-1975 ý, III, 1275. [2] A.a.e. III, 1275. [3] A.a.e. III, 1275. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |