14:35 Pyragynyñ perýady / hekaýa | |
PYRAGYNYÑ PERÝADY
Hekaýalar
Ýok, ol asla beýle bolan däldir… Keseräk bakýan ýüz, gysby dodaklar… Hawa, ol buýsanjaňdy, ýöne hiç wagt başyny şeýle görnüşde tutmandy. Ol juda parasatlydy ahyry. Dodaklaryň ýowuz hökmürowanlygyna näme diýjek… Ol özüniň adamlaryň üstünden hökmürowandygyny bilýärdi. Ýöne bu häkimlik dodaklary şeýle ýazgaryjy hem hondanbäri görnüşe getirýän häkimlik däldi. Onsoňam, başga bir pikiri, garşylygy ykrar etmeýän dikboýunlyk… Heý-de, mydama ejir çekýän, şübhelenýän şahyr şeýle bolup bilermi? Ol bolsa hakyky şahyrdy. Bolmasa, onuň aýdymlary iki ýüz ýyl bäri aýdylyp ýörülmezdi. Seýilgähde çagalar oýnap ýör. Töwerek-daşda ýalkymly Aşgabadyň şowhuny. Talyp bolsa gerek, milli nagyşly köýnek geýen bir ýetginjek eýýäm on minut bäri ýadygärligi synlaýar. Gözlerinde – oý-hyýallar. Ol egnini bildirer-bildirmez gysandan soň, bu ýerden ugrady… Bütinleý başga biri şeýle adamdy. Ine, şol gysgajyk boýnundaky kellesini sähelçe gapdala öwrüp saklaýardy. Şonuň dodaklarynyň özünden göwni hoşdy we olar ýaňsyly, ýazgaryjy gyşarýardy. Gürrüňdeşi ony bar ünsüni jemläp, diňe donundan däl, derisinden çykaýjak ýaly bolup diňleýärdi. Şahyr bolsa gapdalda otyrdy we eýýäm näçenji gezek tanyş ýüze göz aýlaýardy. Ol bu türkmenlere meňzeş bolmadyk çalymtyl gözli ýylmanak ýüzi juda gowy tanaýardy we ýazgarýardy. Hywa kernaýyndan çykýan ýaly ýaňlanyp duran diýdimzor sesi-de nijeme gezek eşidipdi. Häzir ol şeýle adamlaryň nädip döreýändigi hakynda oýlanýar. Şahyr onuň dodaklarynyň edil öýüň hojaýynynyňky ýaly gyşarýandygyna üns berdi. Ol adamlara düşünmek islände, özi bilmezden olaryň boluşlaryny, hereketlerini gaýtalaýardy. Başgalar hakynda pikir edende, köplenç, özüni ýatdan çykarýardy. Ýöne Seýit han bilen beýle bolmady. Ol onuň her bir hereketini jikme-jik gaýtalap bilse-de, bu adamyň näme hakda pikir edýändigine göz ýetirip bilmeýärdi. Munuň özi diňe bir Seýit hanyň çylşyrymly häsiýetiniň bardygy üçinem däl. Onuň islegi edil entek çabalanyp ýatan janly awy dişleri bilen ýolup-ýyrtyp iýmäge höwesli her bir ýyrtyjynyň islegi ýaly ýönekeý, düşnükli. Olar – şahyr bilen bu ülkäniň hökümdary bütinleý başga-başga adamlar. Ine, hojaýyn körpençeden galyp, keltejik synasyny ör boýuna dikeltdi. Adamlarda diňe ady eşidilenden gorky döredýän bu keltejik adamyň kellesi göwresine nälaýyk uly, eginleri gysby, aýaklary gysgady. Ýöne ol synasyny dik saklamaga çalyşýardy, şonuň üçin yzy kiçijik maýmynyň yzy ýaly gabaryp durýardy. Şahyryň aňynda bar zada keltejik boý günäkär diýen pikir döräp gitdi. Ol durmuşda kelte boýly adamlaryň uly hem gorkunç görünmek isleýändiklerine köp gabat gelipdi. Şu sebäpli olarda özüňi artyk söýmek, şübhe, zabunlyk ösýär. Her öňünden çykan olaryň “maýdajyklygynyň” üstünden gülmäge taýyn duşman ýaly görünýär. Şonuň üçin olar uly adamlardan ar alýarlar, olary kemsitmäge çalyşýarlar… Ýok-la, bu ýönekeý bir mesele däl. Şahyr uly ýürekli kiçijik adamlaryň, gör, näçesine gabat gelipdi! Seýit han halynyň üstünde keýtikläbräk eýlä-beýlä ýöredi, araplardan geçen däbe görä, diwarda asylgy duran gymmatbaha owgan gylyjyny elleşdirdi. Ol her bir gorkak adamlar ýaly, ýaragy örän gowy görýärdi. Hatda egnine-de hemişe harby don geýýärdi. Aslynda, bu adam hiç haçan söweş üçin eýere atlanmandy. Birwagtlar, ýigrimi ýyl gowrak mundan ozal, Yspyhan gabalanda, ol gajarlaryň garakçy toparlaryna at eltip beripdi. Şondan bäri ol özüni goşunbaşy – serdar saýýar. Onuň agsaklygam söweş ýarasy sebäpli däl. Kim bilýär, onuň ýaşlygy nirede geçdi, entek şa tagty hakynda ýaňy oýlanyp başlan gajarlar ony nirelerden tapyp aldylar… Seýit han ýerine dolanyp, ýene körpençä gondy. Ol agsamazlyga çalyşýardy, şonuň üçin ýörände, bir ysmaz ýeri bar ýaly tisginýärdi. Halk arasynda-da oňa Agsak diýilýärdi. Dogry, bu ýerde – şäherde özara gepleşiklerde onuň adyny “Ýaşuly” diýibem tutýardylar. Ýöne bu adam babatynda şeýle hormatly sözi ulananlarynda adamlaryň ýüzünde ýakymsyz bir ýylgyrma döreýärdi. Eger gajarlar tapyp almadyk bolsa, Seýit han kim bolardyka? Şahyr ony mirap, täjir ýa-da ýöne bir sarwan hökmünde göz öňüne getirip gördi. Ol hem ýönekeý adamlara mahsus kemçilikleri bolan beýleki miraplar, täjirler ýa-da sarwanlar ýaly bolardy. Belki, zähmet onuň kalbynyň düýbünden mähribanlygy, adamlara bolan duýgudaşlygy ýokary galdyrardy. Adamlaryň, olaryň ömürleriniň hem ölümleriniň, çagalarynyň hem emläkleriniň üstünden edilýän gorkunç häkimlik bu adamy häzirki Seýit han edipdi. Onsoňam, ýowuz hem pes adamlar özleriniň hut häkimlik etmek üçin doglandyklaryna şeýle bir tiz ynanyp başlaýarlar. Seýit hanyň myhmany äpet aç it ýaly, hojaýynyň göni gözüniň içine seredip, ýene-de öz meselesini gozgady. Ol sagdyn, güýçli, merdana ýüzli adamdy. Şeýle ýüzli adamlarda ýaranjaňlygy, gulçulygy görseň, ýaşaýyş ýigrenji görünýär. O ýerde, Mämmet serdaryň dolandyrýan deňizýaka obalarynda häkimlik atly şeýtan bilen zäherlenen adamlar kändi. Olar serdaryň ýüzüne ýaranjaňlyk edýärdiler, ýöne günüň gününe Seýit hana, hut şanyň özüne şugulçylary iberip durýardylar. Olar, edil açgöz syrtlanlar ýaly, Mämmet serdary diriligine iýýärdiler. Hawa, edil onuň özünden öňkini iýşi ýaly iýýärdiler. Onuň ýene näçe wagtlap dolandyrjakdygy Seýit hana baglydy. Mämmet serdar Seýit hanyň gözlerine aç it ýaly bakyp oturyşyna, onuň gelen netijesini çaklamaga çalyşýardy. Täze adamlar geldiler. Käbirlerine Seýit han öz elleri bilen mahmal ýassyklary oklaýar, beýlekilerine diňe baş atyp, ýerleşmegi teklip edýär. Şahyr gelenleriň hemmesini gowy tanaýar. Ine, Seýit hanyň sag tarapyndaky körpençä et-ýagdan ýaňa dykylan ganara dönen Kakabaý aga özüni goýberdi. Ol Seýit hanyň köne dosty hem garyndaşy. Hanyň arka tarapyna onuň wepaly kömekçisi Muhammet Porsy sessiz çökdi. Muhammet Porsy wagtal-wagtal hojaýyna bir zatlar pyşyrdaýardy, hojaýynam gaşlaryny bürjeşdirýärdi. Bu mekir şagaly ýigrenýärdiler we ondan şäheriň, töwerekdäki obalaryň häkimi bolan Kakabaýdan-da beter gorkýardylar. Muhammediň hajymeliklikden ýaňa göwresi agralan ýalta hojaýynyny isledigiçe elinde pyrlaýandygyny hemmeler bilýärdi. Seýit hanyň çepinde dag obalarynyň ýowuz häkimi Durdy han otyrdy. Onuň keltejik göwresi hem gaharjaň häsiýeti Seýit hanyň boluşlaryna meňzeýär. Gara sakgally, at ýüzli Hojamyrat aga körpençäniň üstünde uly dereje bilen dim-dik otyrdy. Seýit hanyň hut özi oňa hormat bilen çaýly käsäni äberdi. Hojamyradyň kiçeňräk urugy hiç hili salgyt tölemeýärdi, hatda şanyň çapawulçylygy üçin hem atlylary bermeýärdi. Olaryň asly pygamberiň özünden gaýdan hasaplanylýardy. Şonuň üçin Hojamyradyň adamlary ganly uruşlar döwründe-de Hywa, Buhara, Eýrana gatnap bilýärdi. Hiç kim olara el galdyrmaga milt etmeýärdi. Olar mukaddes işanlaryň we täjirleriň urugyndandy. Ýöne şahyr bu keramatly Hojamyrat aganyň entek ýaşlyk döwründe özüniň häkimlige barýan ýoluna böwet bolmaga çalyşan doganoglanyny Etrek derýasyna gark edenini bilýär. Ýakynda bolsa ony başga biriniň aýaly bilen tutdular. Ol bu beladan bigünä adamyň ömrüni pida edip sypdy. Bu barada şäherde myş-myşlar kän. Beýleki serdarlardyr hanlar adamlaryň üstünden edýän häkimliginiň derejesi boýunça belli bir tertipde oturdylar: Hojageldi han, Gowşut han, Saparly han… Olaryň her biri hanyň arzyly mahmal körpençäniň üstündäki ornuna geçmek üçin Seýit hany parçalamaga taýyndy. Ýöne häzirlikçe onuň agzyna garap, ümsümjek otyrdylar. Dykyz, semiz garynlar, tirýekden ýaňa ýyldyraýan gözler, sandyrawuk eller… Olaryň barysy şahyryň gözüne gorkunç bir sany ýüz bolup görünýärdi. Olar hakda şahyr öz aýdymlarynda şeýlebir oňaryp aýdar entek! Olary adamlara köptaraplaýyn açyp görkezer! Şahyryň ýumruklary düwüldi, gözlerinde uçgun köredi… Ýöne, ine, onuň eginleri ýene sallandy, ýumruklar kem-kemden ýazyldy. Aňyna gelen sözler şobada bir hili solgunlaşdy, manysyny ýitirdi. Gözleri Seýit hanyň öýüne ýazylan ägirt uly gökleň halysynyň üstünde oturanlaryň gözi ýaly adaty görnüşe geçdi. Häzir şahyr, ýaşlyk döwürlerindäki ýaly, dogruçyllygy zerarly köp ejirler çekmeli bolan sadalaç ýigit däldi. Yzarlamalaryň, sergezdançylygyň uzak ýyllary ony paýhasly edipdi. Nätjek, dünýäň gurluşy şeýle, munda güýçli ejizi ezýär. Adam ejir çekmek üçin dogulýar. Öňem şeýledi, ýene-de şeýle bolar. Ol nädip durmuşyň şeýle ýönekeý paýhasyna öz wagtynda düşünmändir! Onuň dostlarynyň köpüsi muňa eýýäm ýigrimi, käbirleri otuz ýaşynda düşünipdiler ahyry. Ol bolsa… Basym elli ýaşaýar. Şahyryň aýdymlary bir wagtdan bäri gelejekde akylly hem seresap adamlaryň onuň döredijiligine “çapraz” diýip baha bermegine sebäp bolan garşylyklardan doly. Şahyr ýene-de oturanlara göz aýlady. Indi, göwnüne, olar beýle bir erbet adamlaram däl ýaly. Olar durmuşyň manysyna şahyrdan gowy düşünýäne meňzeş. Şahyryň kalbynyň çuňluklarynyň bir ýerlerinde özüniň geňeşe çagyrylmagy ýakymly duýgy döredýär. Ol beýle pikiri aňyndan basym kowup, mertebe bilen dikelip oturdy. Şahyry göz astyndan synlaýan Muhammediň ýuka dodaklary ýakymsyz ýaňsy bilen gyşardy… Hywa hany öz gazabyny ýomutlaryň üstünden eňteripdir. Olar suw üçin gan bilen hasaplaşmaýan döwürleri mydama şeýle bolýardy. Ýomutlar ýene-de hanyň demirgazykda alyp barýan urşy üçin atly bermändirler. Munuň üçin han ýaplara böwet basdyrýar. Ýomutlar suwy güýç ulanyp açýarlar, han hem olara güzap görkezip başlaýar. Hywanyň agyr leşgeri olaryň topragyny basgylaýar, halky gyrana berýär, aman galanlary bärligine gaçyp gaýdýarlar. Ýolda hywalylar balkan tekeleriniň üstüne-de çozýarlar. Han däli derýa Jeýhun bilen şanyň ýerleriniň aralygynda ýekeje janly zat galmasyn diýip buýrupdyr. Bulary Durdy han asuda ses bilen gürrüň berdi. Ol Hywa hanyna düşünýärdi. Bosgunlary nähili kabul etmeli? Olar aç-ýalaňaç, ýanlarynda hiç zatlary ýok. Onsoňam, Gara Gumlardan geçen hywaly atlylar Horasanyň öňüne gelensoňlar, saklanyp durarmyka? Her kim başyny Seýit hana egibräk gürleýärdi… Goý, Maňgyşlaga gitsinler. Geçirip goýbermeli, goý, kürtleriň ýerlerine gitsinler. Hywanyň hany bolsa Eýranyň şirine gulluk edýän ilata degmäge milt etmez. Diňe Durdy han dymýardy. Şahyr eýýäm daglarda gizlinlik bilen iki ýüz töweregi ýomut atlysynyň tutulyp saklanandygyny eşidipdi. Ýene-de, Izmiriň, Damaskyň gul bazarlarynda syrylan türkmen kelleleri peýda bolar. Durmuş garaňky, ýowuz, onda ýekeje-de yş görünmeýär. Bu topraga Allanyň lagnaty siňipdir. Şahyr diňe pelegiň gerdişi hakynda aýdym aýdyp bilýär. Amala aşmajak arzuwlar bilen adamlary tolgundyrmak gerek däl. Jahanda barça närse ötegçi. Şa bol, geda bol – hemmä gabyr garaşýar. Ol şahyra-da garaşýar. Soňky döwürler ölüm hakdaky pikirler has ýygy peýda bolýar onuň aňynda, dodaklary bolsa owadan, ýöne umytsyz sözleri köp pyşyrdaýar. Nije asyrlardan bäri şeýle sözleri gaýtalaýar bu töweregiň şahyrlary. Has agyr döwürlerde bolsa olar birje pursatyň şatlygy hakda, söýgüli ýar bilen duşuşyk barada, haram edilen şeraby içmek hem serhoş ýoklugyň tümlüginiň teýine batyp gitmek hakynda… aýdym aýdyp başlaýardylar. Seýit han däp bolan dessura görä hemmeleri diňledi. Soňra karara geldi. Goý, nirä gitseler, şoňa gitsinler. Ýomutlary gökleň obalaryna goýbermeli däl, suw, at bermeli däl, karary bozanyň başy ölümli, maly talaňly. Bu barada obalaryň hemmesine jar çekmeli. Goý, biziň olar bilen umumy zadymyzyň ýokdugyny görsün Hywa hany. Seýit hanyň sözüni entek soňlamanka böldüler. – Eý, dana hökümdar! – diýip, Garaja şahyr gaty seslendi. Öz pikirine gümra bolup oturan şahyr onuň gelenini bilmän galypdy. Togalak, ýylmanak, ýagly, bäbegiňki ýaly ýüzünde gara gözleri ýyldyraýan Garaja şahyr söwdasy oňan başçaran töwrizli täjire meňzeýärdi. Ol, dogrudanam, iň utançly söwda – söz söwdasy bilen meşgullanýardy. Şahyr ony gowy aýdymlary aýtmagy başarýan görmegeý oglanjyk wagtyndan bäri tanaýardy. Ýöne şahyryň sakgaly agaranda-da düşünmedik durmuş paýhasyna Garaja şahyr eýýäm on bäş ýaşynda düşünipdi. Häzir Garaja şahyryň şäherde üç-dört sany öýi, daglarda bäş ýa alty müň goýny bardy. Dogry, ol söze erk etmäni bütinleý ýatdan çykarypdy. Ýöne söze erk etmek oňa nämä gerek: bir döwüm nan ýa bir köne tünek üçin başga bir adamlar oňa gowy şygyrlary düzüp berýärdiler. Häkimleriň, urug serdarlarynyň maslahatlaryna-da ony ençeme ýyl bäri çagyrýardylar. Şygyrlary Hywada, Bagdatda okalýan şahyry bolsa, ine, häzir birinji gezek çagyrýarlar. Olar Magtymgulyny bu gün näme üçin çagyrdylarka? Ýok, ol entegem öňküsi ýaly ajap goşgulary ýazýar ahyry. Ýöne, näme üçindir, ýazmak barha kynlaşýar, zerur sözler uzak wagtlap aňyna gelmeýär, özüne, başgalara gahar edýär. O indi, köplenç, hut şol sözi gözläp oturman, adaty sözleri ýazyp goýberýär. Belki, bu garrylykdandyr. Ýöne ol beýle derejede garram däl ahyry. Ýa-da… belki, oňa durmuş paýhasyna düşünendigi päsgel berýändir? Bu paýhasa irde-giçde hemmeler, hatda, şahyrlar hem düşünip başlaýar… Seýit han ony öz maslahatyna näme üçin çagyryp başladyka?! Hanyň ak tüwüsinden palaw iýdiler. Soň Garaja şahyryň aýdymlaryny diňlediler. Ol aýdymlarda akja aýakly, gül bedenli, uzyn mar deý saçly birmeňzeş zenanlar kändi. Ol, hamana, bu aýallary satmak üçin mahabatyny ýetirýän ýaly, nahardan lezzet alýan deý dodaklaryny tamşandyryp aýdym aýdýardy. Garry Hoşgeldi hanyň agzyndan gyllygy akyp başlady. Hoşlaşanlarynda Seýit han şahyr bilen ýumşak degişdi. Şahyra ýene-de ýakymly boldy… Ol öýüne barýardy we bu hakda oýlanýardy. Hawa, oňa ýakymly boldy. Adam, näme diýseňem, şeýle ejiz! Köçelerde adam kändi. Şäher ertirki bazara taýynlanýardy: ýükli arabalar gelýärdi, mallary sürüp barýardylar. Şäher arygynyň ýanynda kellesi küýzeli owadan ermeni zenany şahyryň öňüni kesdi. Ol onuň yzyndan garap, uludan demini aldy. Öň owadan zenanlary görende, eginlerini ýazyp, onuň garaýşyny gapyp alýardy. Ýaşaýyş oňa ýaraýardy. Dünýäni şeýle ýaradan Alla akyl edipdir diýip hasaplaýardy. Indi zenana gözi düşen badyna ol öz bedeniniň agyrlygyny, sakalynyň çalyny duýýar, öz-özünden utanýar. Ýaşlykda ol çalasyn zenan garaýyşlaryna olaryň ýüzlerinde duýdansyz döreýän gyzarmalara, jogap edilen ýylgyryşlara endik edipdi… Ýokarlygyna ýöräp ýadan şahyr dem almak üçin saklandy. Döşi agyrlyk bilen galyp-düşýär, ýüregi gysylýar hem yza berýär. Ol, adatça, türkmen obalarynyň ýerleşýän ýerinde, şäheriň eteginde ýaşaýardy. Şäheriň darajyk, tozanly köçeleri oňa ýaranok. O ýerde türk, pars, ermeni täjirleri, salgytçylar, mürzeler, bakgallar ýaşaýar. Diňe juda garyp düşen ýa-da öz tiresinden kowlan türkmenler şähere gidýärdiler. Beýik palçyk diwarlaryň agramyna basylan, özleri üçin adaty bolmadyk goh-galmagala güň bolan bu türkmenler basym gan gaýtaryp başlaýarlar we çölüň asudalygyny küýsäp aradan çykýarlar. Oňa derek olar özlerini şäheriň eteginde ýeňil duýýarlar. Bu ýerden ýalaňaç gyzyl daglar görünýär, şemal jülgelerden ýowşanyň, ajy ýandagyň, tapbat bolup gyzan çägäniň mährem ysyny getirýär. Bu ýerde öýler hem bir-birinden uzakda salynýar. Daşly palçykdan salnan bu kepbelere ýagtylyk düşer ýaly darajyk deşikler goýlandy. Ýöne her öýüň golaýynda keçe bilen ýapylan ýeňiljek gara öýler hem bardy. Ýüzli ägirt uly sary itler öýleriň rahatlygyny goraýardy. Her güýzde gara öýleri söküp, düýelere ýükläp, demirgazyga – Gara Gumlara tarap gidilýärdi. Diňe tiräniň goýun-düýe aladasy bolmadyk juda garyplary galýardy. Olar eýýäm özlerini gara ýere baglapdylar we gara tomzaklar kimin ýere güýmenýärdiler. Şahyryň goňşusy Sähetdurdy hem şolaryň biridi. Ol häzirem öz öýüniň ýanynda işleýär. Şahyr saklandy-da, daýhana uzak wagtlap seretdi. Ol dyzyna çenli suwuň içinde durşuna, laý topragy pil bilen zyňyp, arygyň gerek ýerlerine böwet basýardy… Bu bütinleý başga bir dünýädi, Seýit hanyň dünýäsine asla meňzemeýärdi. Kimiň şähere häkim boljakdygy Sähetdurdynyň piňine-de däl: Kakabaý aga bolsun, ýa onuň ýerine göz gyzdyrýan Saparly han bolsun, parhy ýok. Ol diňe häkim geçip barýarka, ýolda durmagyň gowy däldigini bilýärdi. Şol bir wagtyň özünde, ol Hojamyrat aga bilen gan garyndaşdy. Sähetdurdam öwlatlardan ahyry. Ýöne ol täjir hem, işan hem däl. Onuň, hatda, aty hem ýok. Tire üçin zerur bolanda, oňa baý garyndaşlary at berýär. Basym goňşy garyplykdan çykar. Hojamyrat aganyň hut özi onuň gyzyna öýlenýär. Ana-da, şo gyzyň özi. Ol çalasyn hereketler bilen tamdyryň gyzgyn külüni gyrdap aýyrýar. Onuň hereketleri nähili owadan, çalasyn! Şahyr goňşusynyň gyzynyň ýetişenini bilmän galypdyr. Gyz öwrülip, şeýle bir çuňňur gara gözleri bilen garady welin, olara seretmegem howply boldy. Ýok, bu jereniň gözleri däl. Jereniň gözleri owadan, ýöne gorkajyk hem pikirsiz. Eýýäm niçe ýyl bäri iň owadan gyzlara Hojamyrat aganyň urugy eýe çykýar. Bu keramatly urugdan hiç haçan hiç bir zenan sypmandy. Gyz öýe tarap geçende, şahyr onuň boýnunda kümüş halkanyň bardygyny görüp galdy. Diýmek, ol eýýäm adaglanan. Indi Hojamyrat agadan başga hiç kimse onuň adamsy bolup bilmez… Ol öýüne gelip, işlemäge oturdy. Ol inçejik ige bilen kümüş tegelegiň ýüzüne nagyş çekýärdi. Zenanlaryň döşüni bezeýän gülýaka taýyn diýen ýalydy. Täsin aýlawlar we egremçeler tegelegiň ortasyndan gyralaryna ýaýrap gidýärdiler. Diňe ýörite oňarlan ýerlere täjirleriň Gulzumyň – Gyzyl deňziň kenarlaryndan getiren garaňky gyzyl gaşlaryny berkidäýmelidi. Ol ussat zergärdi, ýöne öz işini halamaýardy. Bu kär uzak wagtlap oturmagy, çydamlylygy talap edýär, ol bolsa çagalyk ýyllaryndan bäri sabyrsyzdy. Ýöne hemmeleriň söýüp diňleýän aýdymlarydyr goşgulary üçin hiç kim tölemeýärdi. Olar şahyry diňe çykdaja goýýardylar. Ol ylahy ylmyň gymmatlyklaryny meşhur Şirgazy medresesinde öwrenen alym mollady. Şeýle-de bolsa, nika gyýmaklygy adamlar, näme üçindir, goşgy ýazmaýan mollalara buýurýardylar. Olaryň dogasy has ynamdar ýaly görünýärdi. Biraz işländen soň, şahyr gülýakany gapdala goýdy we egri gylyjyň gynyny ele aldy. Olar ýokardan aşaga çenli biri-birine ulaşyp gidýän inçejik hem täsin nagyşlar bilen bezelendi. Nagyşlar onuň goşgularyny ýatladýar: olar edil goşgular ýaly seýkin, täsirli, ruhy güýçden doly. Nagyşlaryň sepgidinde gymmatbaha daşlar lowurdaýardy, ýöne olar gyzyl däl-de, gara hem gökdüler. Bu oňa nesilden nesle geçip gelen gylyjyň gynydy. Oňa gylyç bilen gyny nämä gerek? Ol şejeräniň wesýetini ýatlady. Söweşlerde bu mukaddes gylyç hakyky imanyň duşmanyna aýgytly soňky urgyny urmak üçin gol boýy uzap bilýär. Öýünde çaga sesi ýokka, ol gylyjy kime geçirsin? Ýöne bu ýürekden lezzet almak üçin edilýän işdi. Şahyr sargytlara görä işlemegi hiç halamaýardy. Şonuň üçin ol gülýakany gapdala süýşürip, gyna nagyş salmaga başlady. Ige demiriň üsti bilen ýuwaşja hem deňagramly hereket edýärdi. Pikirler kem-kemden ony heläk edýän aladalardan daşlaşdyrdy. Agşam namazynyň wagty geldi. Ol uzak wagtlap hiç zat hakda pikirlenmän durdy we ünsüni jemläp bilmedi. Dodaklary endik eden Haka ýüzlenmäni gaýtalaýardy, pikir bolsa ýokdy. Ýene-de ýüregi agyr awuşap gitdi… Ol uzynly gije gara öýüň serpilen gapysyndan asmana seredip ýatdy. Öň özüne juda sada görnen dünýä şeýle bir çylşyrymly. Dünýä diýmegiň özi näme? Ol akar suw ýaly üýtgäp dur. Ony her kim özüçe görýär. Onuň goňşusy Sähetdurdynyň bir dünýäsi bar, onuň özüniň başga dünýäsi, Seýit hanyň bolsa üçünji bir dünýäsi. Onuň Alla tarapyndan döredilen hakykysy haýsy bolmaly? Ol kapyrlyk edýändigini bilip, günäli pikirleri kowmakçy boldy. Ýöne olar zol gelip, ony ýatmaga goýmadylar. Ol özüni hiç wagt şular ýaly gowşak, ejiz we biçäre duýmandy. Ýaşaýşyň bu tümlüginde ýekeje bir yş galmandy. Allanyň eradasy bilen bu ýaşaýyş adamlary synamak üçin iberilipdi, onsoň, oňa boýun bolmakdan gaýry çäre ýok. Ertesi onuňka şäher häkiminiň kömekçisi Muhammet Porsy myhmançylyga geldi. Ol et böleklerini çörek bilen berkje tutup iýdi we akyldarlyk bilen şahyryň mahabatyny ýetirdi… Olar bir-birini halamaýardy. Muhammediň özi birwagtlar şahyr bolmaga synanyşypdy. Onsoň, her bir işi şowuna düşmeýän beýleki adamlar ýaly, Allanyň söz sungatyna erk etmek ukybyny beren her bir adamsyny ýigrenýärdi. Şu ýigrençden beter gorkunç hem ejirli hiç bir närse ýok. Ol edil ýylan ýaly bolup, göribiň kalbyny sorýar, o ýylana doýup-dolma ýok. Şahyrda bolsa, ýöne bir nadanlary sulhy almaýar diýäýmeseň, bu adam hakda başga bir ýaramaz pikir ýok. Oňa bu sary ýüzli hortap adam näçe ýamanlyklar edipdi! Ýöne, ine, ol şahyry öwüp otyr, oňa-da şu ýaraýar. Onuň göwnüne göwnüne “Muhammet beýle bir erbedem däl ýaly” diýen pikir gelip başlady. Şahyr ýene-de adamyň ejizligi hakynda oýlandy. Bu mekir Porsy onuň ýanyna näme üçin geldikä? Şahyryň hiç zada parh goýman, adamlaryň hemmesine ynanýan bagtly döwri geçip gitdi. Muhammet meselä uzakdan aralaşyp başlady. Ol Seýit hanyň parasatlylygy, asyllylygy hakynda uzak gürledi. Zehini bolan bolsa, ol hökman hany şygyrda wasp ederdi. Seýit han, elbetde, oňa mynasyp baha bererdi. Ol şahyryň adyna berilýän dürli manyly aýdymlary-da bagyşlardy. Ýaşlykda ýalňyşmaýan adam barmy! Gepiň gerdişine görä aýtsak, Seýit han basym uly toý tutýar. Eger şo ýerde gowy aýdymlar aýdylsa, hojaýyn örän razy bolardy. Şahyr maslahaty üçin myhmana edep bilen hoşallyk bildirdi. Ol bu adama şeýlebir düşünýärdi! Bu adamyň uly iliň öňünde şahyryň özünden artyk ýeriniň ýokdugyny juda subut edesi gelýärdi! Myhman gidenden soň, şahyryň kalbyna ýene-de agyr gussa çökdi. Birwagtky manysy düşnükli aýdyň gussa däl, bulanyk, çykalgasyz gussa… Hawa, Muhammet ondan akyllyrak. Edil Garaja şahyr ýaly, ol durmuşyň manysyna has irräk hem çuňňur düşünip başlady. Hiç hili artykmaç ýeri bolmadyk bu adam durmuşyny Allanyň beýik peşgeşiniň eýesi bolan şahyrdan has gowy gurnady. Onsoňam, akyl diýmek näme? Öňler bu ülkelerde iň paýhasly adam hökmünde onuň atasy tanalýardy. Ýöne her gezek mata söwdasyny edende bahada, gulaçda atasyny aldaýan şemahly söwdagär Mustafa şahyryň ýadynda. Olaryň haýsy akyllydyka, nadan Mustafamy ýa-da yslam ylmynyň köklerine aralaşan, bu ugurdan beýlekileri okadýan atasymy? Mustafa diňe öz ýanyndan ýaňsyly ýylgyrýardy. Ol, elbetde, şahyryň atasyny iň uly samsyk hasaplaýardy. Onda näme etmeli? Ol Seýit hanyň hormatyna nämedir bir gowy zady nädip ýazyp biler? Birden, özüniň köçeden barşy, adamlaryň onuň gözüne bakyşy şahyryň göz öňüne gelip gitdi. Ganyň gyzgyn tolkuny ýüzüne urdy. Şu ýeriň özünde-de Kakabaý aganyň, Saparly hanyň, Muhammediň gözlerini gördi. O gözlerde näçe hondanbärisiräp özlerine buýsanýan gizlin dabara bar! Obalara nähili gürrüňler ýaýrar – toý örän uludan tutuljak ahyry! Ýok, ol ýazmaz! Goý, asylzada möjegiň dişleri dökülipdir diýip pikir etmesinler! Onuň ýene-de ýumruklary gysyldy. Ol tarsa aýaga galyp, ýumşak keçäniň üstünde eýlä-beýlä ýöredi. Kellede, burgy tutan ýaly bolup, gazaply, teýeneli setirler dogulýardy. Ýöne şahyr özüni aldaýardy. Kalbynyň töründe ol eýýäm Seýit hanyň toýuna goşgy ýazjakdygyny bilýärdi. Ol muny Muhammet gepläp başlan badyna bilipdi. Ol haýalrak ýöräp başlady, saklandy, birneme durdy, soňra oturdy. Şahyr gije ýene gözlerini açyp ýatdy. Ol indi diňe nähili ýazmalydygy barada oýlanýardy. Elbetde, Garaja şahyr ýaly, hany aýagynyň astynda togalanyp şöhratlandyrmaz. Ol ýöne bir hanyň awa gidişini, gizlin ýerde ýyrtyjy haýwanlara sabyrlylyk bilen garaşyşyny, elleriniň kuwwatyny beýan eder. Bular ýalan hem däl. Aýdyşlaryna görä, Seýit han ökde awçy bolmaly… Ertir irden şahyr çaý içdi, üzüm bilen çörek iýdi we ýazmaga oturdy. Ol gaty kagyzy iki gezek gapdala süýşürdi, ýene-de ele aldy. Soňurrak işi ýola düşüp ugrady. Käteler kümüşe nagyş çekende bolşy ýaly, barha gyzyklanyp başlady. Ak döwet galamyň ujundan akyp başlan owadan sözler ony yzyna düşürip äkitdi. Ol ýazýardy hem şol bir wagtda özüne, aňdaky pikirlerine, duýgularyna… gapdaldan syn edýän ýalydy. Bu zatlar, öňki pikir edişi ýaly, şeýle bir kyn hem däl ekeni. Ol gaýtadan okady, hatda ýazanlary göwnündenem turdy. “Goý, garaja şahyr şular ýaly ýazmaga synanyşyp görsün” diýen pikir aňda görnüp gitdi. Ol uzynly gün ýazdy. Özüni sowukganlylyk bilen gapdaldan synlamagyny bes etmän, şygyr bilen barha köp gyzyklandy. Ýazylanlaryň jeminden bir pikir döräp biler: ýyrtyjyny başarjaňlyk hem mertlik bilen öldürip bilýän adam halky edil şolar ýaly ynam hem paýhas bilen dolandyryp biler. Ol ýaýdanyp saklandy – şu pikiri ýene-de ösdürmek zerurmy? Ýöne ýene basym özüne göwünlik berdi: onuň goşgusyny okandan soň, Seýit hanyň özi gowy, mert adam bolmak islär. Şeýle-de bolsa, şahyr soňky goşgyny hana okap bermezligi ýüregine düwdi. Bu waka daglarda ýyldyrym çakan ýaly, duýdansyz ýüze çykdy. Güneşli toý günüdi. Şahyr parahat ädimläp Seýit hanyň öýüne tarap barýardy. Elinde goşguly kagyzyň düýrmegi bardy. Hany şöhratlandyrýan beýleki kagyzy bolsa ol donuň aşagynda gizläpdi. Zerur wagty ony basym çykaryp boljakdy. Birden ümsümlik aralaşdy. Şeýlebir ümsümlikdi welin, ýürek urmasyny goýan ýalydy. Şahyr haýallyk bilen öwrüldi we olary gördi… Olar köçäniň ortasy bilen hatar-hatar bolup gelýärdiler. At toýnaklary ýoluň ýumşak topragyna seresap basylýardy. Her bir atda bir-birden ýa iki-ikiden golsuz oglanjyklar otyrdy. Munuň özi şeýle bir geň ýagdaý bolansoň, sesler bogazda doňup galdy. Olar bolsa şol gidip barýardylar. Sessiz ýomut oglajyklary. Olaryň hemmesiniň goşarlarynyň gutarýan ýerinde pagta bölekleri gyzaryşyp durdy. Hywa hanynyň atlylary indi hiç wagt egri gylyjy tutup bilmez ýaly, oglanjyklaryň ellerini çapypdylar. Oglanjyklaryň sany näçedikä: onmy, ýüzmi?.. Kim sanap görüpdir! Onuň göwnüne zeminiň ähli çagalarynyň eli çapylan ýaly göründi. O çagalar şahyryň öňünden, şu tozanly ýoldan soňsuz hatar bilen geçip barýardylar… Asylly bedewler ölüm halyna çenli ejir çeken bolsalar-da, hemişekisi ýaly, başlaryny dik tutup barýardylar. Giňden açylan gurap galan gözli çagalar bedewleriň üstünde ümsüm otyrdylar… Olary uzyn boýly, örän ýaş teke ýigidi alyp gelýärdi. Ol gara ahal aty bilen iň öňden ümsüm barýardy. Gylyjyň howply urgulary onuň gyrmyzy donuny dikligine ýyrtyp goýberipdir. Ol durşuna gandy, öz gany hem ýat gan. Ýüzi hem gan, hatda beýik ak telpeginde-de gan tegmilleri bar. Ýöne ol şonda-da özüni parahat tutup barýardy. Diňe gara gözleri ýanýardy. Tutuş tiräniň içinden ýigidiň ýalňyz özi hywa atlylaryndan sypyp bilipdi. Taşlanan gurruk guýudan ölüp barýan çagalary şol tapyp, ýaralaryny sarap, yzyna düşürip alyp gelipdi. Ýolda olara hywalylardan gutulmagy başaran birnäçe çowdur hem teke maşglalary goşuldy. Olar gündizlerine gyzgyn tozanly çöllerde ýatypdylar. Garaňky düşensoň, teke ýigidi oglanjyklary gezekli gezegine ata oturdýardy. Gara Gumlaryň içi bilen gijelerine aýyň öçügsi yşygyna gussaly, sessiz kölegeler süýşüp barýardy. Ine, olar adamlaryň ýanyna geldiler… Ýoluň iki tarapyndaky adamlar ümsüm durdular. Ýekeje adam garaşylmadyk myhmanlary öýe çagyrmak üçin dillenmedi. Olar gajarlaryň dikmesiniň permanyny bozmagyň nämäni aňladýandygyny bilýärdiler. Ine, üstünde elsiz oglanjyk oturan bir at tisgindi hem entiredi. Beýleki atlar saklandy. Olar näme bolýandygyna düşünmän gulaklaryny gymyldatdylar. Atlar çöl bien sökülen agyr ýoldan soň gök öwüsýän obalarda özleriniň suwa ýakylmadyk, iým berilmedik gezegini ýada salyp bilmeýärdiler. Diňe elsiz çagalar hiç zada geň galman, nirädir bir ýerlere dartgynly bakýardylar. Mähelläniň üstünden ýeňiljek şemal öwsen ýaly boldy. Ýüzlerçe berk erkek elleri akyla gulak asman, ýykylyp barýan golak çaga tarap uzadylar. Ýöne şobada yza serpikdiler: her kim arka tarapynda öz çagasynyň durandygyny ýada saldy. Göni adamlaryň öňünde Seýit han bilen onuň myhmanlarynyň dok, sarç bedewleri dabyrdaşýardy. Olar bu oglanjyklar hakynda eşidesoňlar, toý saçagynyň başyndan turup gaýdypdylar. Mahmally beýik eýerlerde kiçijik Durdy han, gan guýlup doldurylan ýaly äpet Kakabaý, dodaklary göm-gök garry Hoşgeldi han dagy otyrdy. Atlar birsellem duransoňlar, ýuwaşlyk bilen ýerinden gozgandylar. Içgysgynç ümsümlikde toýnaklaryň ýyly tozana ýumşak urulmasy çalaja eşidilýärdi. Ýykylyp barýan at soňkuja güýjüni jemläp, dyzyny ýerden galdyrmaga çalyşýardy. Ol tozanly ýolda urunýardy, onuň paýhassyz pahyr gözlerinde ýaş görünýärdi. Birden bir adam ýoly göni kesip geçdi. Ol atyň ýanyna baryp, üstündäki ýaraly, ysgynsyz çagany goltuklap aldy. Soňra, Seýit hana üns bermän yzyna öwrülip, adamlara seretdi. Şondan soň adamlar çagalara tarap topuldylar. Olar çagalary ikiden, üçden göterip, dürli taraplara alyp gitdiler. Zeminiň ýokarsynda janly, ýagty Güneş nur saçýardy!.. Seýit han dymýardy hem gözlerini bürüşdirip şahyra seredýärdi. Şahyr bolsa ony ýadyndan çykarypdy. Şahyryň elinde kellesi arkan gaýyşyp duran ysgynsyz, ýaraly oglanjyk ýatyrdy. Şu golsuz oglanjyk bilen deňeşdireniňde, dünýädäki ähli beýleki zatlar nämä durýar! Seýit han bilen onuň myhmanlary näme etjeklerini bilmän, duran ýerlerinde butnaman durdular. Diňe Durdy han şahyra gözüni aýyrman seredýärdi. Iň soňky golsuz oglanjygy ýoldan alyp gidenlerinden soň, Durdy han öz atyny gazap bilen gamçylap başlady. Ol jylawy goýbermän, atyň tekiz mahmal ýaly arkasyny aýylganç urgular bilen daraw-daraw edýärdi. Aňkasy aşan at harryldap, duran ýerinde pyrlanýardy. At derisiniň bölejikleri, gan damjalary ýumşak tozanyň üstüne gaçýardy. Atyň tumşugynda ak köpürjikler gaýnaýardy. Agyr ukuda ýatan oglanjyk tisginip, ýuwaşja aglady. Ýöne ol durmuşdan gorkunç nähili düýş görüp bilerkä? Eýýäm näçe wagtdan bäri ýatan çagajygyň ýüzüne seredip oturandygy şahyryň ýadyndan çykyp gitdi. Aýaly sessiz kölege ýaly girip-çykýardy. Aňy üýtgän bu aýal oňa ýogalan agasyndan galypdy. Onuň söýgülisini, onuň Meňlisini gaýry birine berenlerinde, zeminde mundan agyr gussa bardyr öýtmändi. Bu agyr gussa hakda ol näçe ýangynly goşgular ýazypdy! Ýöne ol şol döwürde hakyky, ine, şular ýaly ynsan gussasyny göz öňüne getirip bir bilerdimikä? Golsuz ýomut oglanjygy bilen onuň öýünde peýda bolan gussany? Nijeme ýyllyk sergezdançylykdan soň ol ýene Meňlä duşdy. Ýüreginde bir zatlar gymyldaşyp gitdi, süýji yza duýuldy. Ýöne muňa dar maňlaýly, giň dulukly şu adaty aýal sebäpkär däldi. Şahyr ýöne bir ýaşlygyny ýatlady. Ol soňra Meňlä her gün diýen ýaly duşýar, ýöne ýüreginde boşluk. Dünýäde ýeke-täk serwi boýly, gara gözli gökleň gyzy ýaşlygyň bir ýerlerinde ýitip gitdi… Onuň galdyran şu gussasy bolsa şahyryň ömri tamamlanandan soň hem ýitip gitmez. Oglanjyk aglaýardy, basyrganyp ellerini kelemenledýärdi. Öz göwnüne elleri bilen bir zatlary tutýan ýalydy. Şahyryň bokurdagy doldy. Ol elini gözlerine ýetirip, olaryň öldügini duýdy. Emma bu gezek şahyr ýerinden galkyp turmady, ýumrugyny gaty gysmady. Ol ýuwaşjadan şemdany süýşürip, döwet galamy ele aldy. Töwerek-daşda tüm gijelik höküm sürýär. Onuň edil öňünde ýorganyň aşagynda näsag çagajyk ot bolup ýanýar, iki ýana urunýar. Ol ýazyp başlady, göwnüne sözler hut ýüregiň özünden çogup çykýan ýalydy. Şonda ol Alla bilen hiç haçan şeýle açyk ýüzleşmändigine düşündi. Ýeriň ýüzünden gözýaşlar, ganlar akýar. Pyragy hem siziň bilen bile aglaýar, eý, adamlar. Bular Pyragynyň gözýaşlary, Pyragynyň gany. Sebäbi ol – adam… Bu sözüň nireden gelendigini onuň özem aňman galdy: Pyragy – Bagtyndan jyda düşen. Ýöne ol özüni mundan beýläk başga hiç bir at bilen atlandyrmaz. Ýanynda golsuz oglanjyk ýatyrdy ahyry. (dowamy bar)... | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |