21:27 Moris Simaşko | |
MORIS SIMAŞKO
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Moris Dawidowiç Simaşko (hakyky familiýasy Şimas), tanymal gazak ýazyjysy, ssenarist, Gazagystanyñ halk ýazyjysy. Moris Simaşko 1924-nji ýylyñ 18-nji martynda Ukrainanyñ Odessa şäherinde ýewreý maşgalasynda dünýä inýär. Ol Orta Aziýanyñ we Russiýanyñ halklarynyñ taryhyna degişli köp sanly taryhy eserleriñ awtorydyr. Ýazyjy Gazagystanyñ Prezidentiniñ "Dünýäniñ ruhy bileleşigi" baýragyna eýe boldy. Şeýle hem I.Ýesenberlinanyñ ,,Çarwalar'' trilogiýasyny rus diline terjime edendigi üçin 1986-njy ýylda Abaý adyndaky edebi baýragyna mynasyp boldy. ■ Moris Simaşko kim? Moris Simaşko 1924-njy ýylyñ 18-nji martynda Parižiñ Kommuna Güni dünýä inendigi üçin Moris ady dakylýar. Onuñ kakasy mikrobiolog, biologiýa ylymlarynyñ doktory Dawid Lazarewiç Şamisdir (1902-1972-nji ýyllarda Gazagystanda ýaşap geçen). D.l.Şamis 1958-nji ýylda Alma-Atada Gazagystan SSR-niñ korrespondent agzasy, Alma-Atada Gazagystan respublikasynyñ mikrobiologiýa we wirusologiýa Inistitutynyñ esaslandyryjy hem ilkinji direktorydyr. Şeýle hem ol Gazagystan respublikasynyñ at gazanan ylmy işgäridir. Moris Simaşko öz Watan çagyryş boýunça harby gullugy Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Türkmenistanyñ Mary şäherine golaý ýerleşen, sowet-eýran serhetýaka zastawasynda gulluk edýär. Onuñ edebiýata bolan islegi gijiräk ýüze çykýar. Haçan-da ýazyp başlandan soñ deñ-duşlary tarapyndan tutulýan "Simaşko" lakamyny öz familiýasy hökmünde ulanyp başlaýar Uruşdan soñ 1946- njy ýylda Odessanyñ pedagogik institutyny tamamlaýar, 1950-nji ýylda Kirow adyndaky Gazak uniwersitetiniñ žurnalistika fakultetiniñ gaýybana bölüminde bilim alýar. 1950-nji ýylda BKP-nyñ agzasy bolýar. Mugallymçylyk institutyny tamamlandan soñ Odessada, soñra Türkmenistanyñ Mary şäherinde mugallym bolup işleýär. Žurnalistika bilimini ele alanyndan soñ, "Туркменская искра" gazetiniñ ýörite habarçysy, ondan soñam Habarlar Gullugynyñ (ТАСС) "Советской культуры" ("Sowet medeniýeti") "Учительской газеты" ("Mugallymlar gazeti") gazetlerinde işleýär. Alma-Atada "Жазушы" neşirýatynda we "Простор'' žurnalynda-da işleýär. Gazagystanyñ Ýazyjylar birleşigine durup, Gazak PEN klubyna ýolbaşçylyk edýär. Orta Aziýanyñ türki halklary bolan türkmen, gazak, özbek, gyrgyz, uýgur halklarynyñ umumy taryhyna degişli taryhy romanlary bilen meşhurlyk gazanan Moris Simaşko 1999-njy ýylda 75 ýaşynda Ysraýyla gyzynyñ ýanyna repatrirlenilýär. Şondan bir ýyl geçenden soñ, ýagny 2000-nji ýylda Tel-Awiwde aradan çykýar we Netanina şäherinde jaýlanýar. Moris Simaşkonyñ ady ýaş ýazyjy-şahyrlarymyz üçin nätanyşam bolsa, ýaşuly ýazyjylarymyz ony gowy bilýändir. Gyrgyzlaryñ Çingiz Aýtmatowy, türkmenleriñ Rahym Esenowy, Seýitnyýaz Ataýewi, azerbaýjanlaryñ Çingiz Abdyllaýewi ýaly eserlerini rus dilinde ýazan Moris Simaşkonyñ taryhy eserleri türkmen okyjylary üçinem juda gymmatlydyr. Mysal üçin onuñ "Mazdak" romany Sasanylar patyşalygy döwründe Eýrany we Orta Aziýany öz içine gurşap alan Mazdagyñ halk gozgalañy barada söz açýar. Sasanylaryñ kömek soramagy esasynda bu ganly gozgalañy basyp ýatyryp, asudalygy üpjün etmekde esasy rol oýnan bolsa Ak hunlar (Eftalitler - abdal türkmenleriniñ ata-babalary) döwletidir. "Ýemşan" powesti hem gazak we türkmen halklarynyñ ortalyk buýsanjy, türkmenleriñ gadymy gypjak taýpasyndan bolan we Müsürde hökümdarlyk eden Soltan Beýbars baradadyr. Onuñ türkmen halkynyñ taryhy bilen baglanyşykly ýene-de "Pyragynyñ höwesi" we "Daşgaladaky waka", "Parfiýa balladasy" powestleri-de bardyr. ■ Senariýalary: 1). 1963: ''Daşgaladaky waka'' ("Случай в Даш-Кале"); 2). 1973: ''Gara çägelikde'' ( "В чёрных песках"); 3). 1984: "Bagtyndan jyda düşen Pyragy'' ("Фраги - разлученный со счастьем"); 4). 1989: ''Soltan Beýbars''; 5). 1990: ''Gu-ga''. ■ Romanlary: 1). 1971: "Mazdak"; 2). 1978: "Komissar Jangeldin" 3). 1979: "Искупление дабира"; 4). 1982: "Jañ" ("Kолокол"); 5). 1988: "Semiramida" (bu roman Gazagystanyñ PEN kluby tarapyndan Nobel edebiýat baýragyna hödürlenilýär) ■ Powestleri: 1).1960: "Pyragynyñ perýady" ("Искушение Фраги"); 2). 1966: "Ýemşan" ("Емшан"); 3). 1973: "Gara çägeliklerde" ("В чёрных песках"); 4). 1989: "Soltan Beýbars" 5). 1989: "Gu-ga"; 6). "Hajу Haýýamyñ Parfiýa balladasy" (1966-njy ýylda çap edilen). | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |