08:02 Pyragynyň poeziýasynda «tuýug» setirler | |
PYRAGYNYÑ POEZIÝASYNDA «TUÝUG» SETIRLER
Magtymgulyny öwreniş
Geljek ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy döwlet derejesinde baýram edilip giňden bellenip geçiljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi şygryýet mirasy halkymyzyň ruhy bitewiligini berkarar edip duran milli gymmatlykdyr. Adatça şahyr, ýazar, bagşy-sazanda halkyň ruhybelentligini artdyrýan, ýaşaýyşa höwes-hyjuw döredip bilýän şahslar hasaplanýar. Olaryň sözi, sazy bilen halkyň ruhy galkynyşyny döredip, asyrlardan-asyrlara aşmaga ruhy köpri bolup hyzmat edýärler. Şahyrlar nähili we neneňsi ýol bilen keremlisöze erk edip bilýärler, bu adaty adamlar üçin ylahy syr. Beýik şahyryň “Ismim düşer ilden ile, nagyş ederler dilden dile” diýip, welilik bilen ýazyşy ýaly, bu gün şahyryň poeziýasy dünýä edebiýatynyňaltyn hazynasyna girdi. Pyragynyň şygyrlaryny öz diline terjime edip, öz halkyna ýetiren şahyr-terjimeçiler türkmen halkynyň umumadamzat ähmiýetli şahyrynyň paýhas doly pikirleri bilen halklaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini gurdular. Haýsy ýurtda ýaşaýandygyňa, haýsy millete degişlidigiňe garamazdan akyldar şahyryň eserlerini öwran-öwran okap her gezek täze bir açyş edip, akyl sandygyňa many merjenlerini atyp bolýar, her gezek hem onuň kämilligiň aňry çägi diýdirýän setirlerinden doýup bilmän durkuň bilen ýene şol ummana özüňi urasyň gelýär. Adatça beýik Pyragynyň şygyr mirasy barada gürrüň gozgalanda, onuň eserleriniň aglaba bölegi murapbag, gazal, şeýle hem müsemmes, müseddes ýaly formalarda ýazandygy hakynda aýdylýar. Ýöne şahyr Kerim Gurbannepesowyň - Diýsek-de her kimiň öz bagy bolar, Beýik rubagyçy Pyragy bolar, Üçünji setirin dördünji etseň Köp goşgusy ajap rubagy bolar. - diýip, ýazan goşgy setirlerinde jaýdar belleýşi ýaly, Pyragynyň şygyr mirasyndaky ajaýyp goşgulara içgin üns berenimizde, onuň döredijilik ussahanasynda sünnälenip çykan setirlerde täzeçillik nukdaýnazaryndan seredilende hem ajayp tapyndylaryň üstünden barýarsyň. Taryhyň belli bir döwründe türki halklaryň gadymy edebiýatynda öz köküni halk folkloryndan alyp gaýdýan “Tuýg” goşgy düzlüş žanry giňden ýaýrapdyr.“Tuýg” žanrynyň aýratyn tarapy omonim sözlerden (Bir sözüň dürli many aňladyp gelmegi) gelýän kapyýalardan ybarat rubagy düzmeklikdir. Tuýug žanryny ilkinji bolup edebiýata girizen orta asyr oguz-türkman şahyry Burhaneddin Siwasly hasaplanýar. Ýöne bu žanrda häzirki zaman türkmen şahyrlary hem öz güýjüni synap gördüler. Belki ilkibaşda poetik ekspriment hökmünde ulanylan bu goşgy ýazylyş täri soňlugy billen şahyrlarymyz tarapyndan giňden ulanylyp başlandy. Büdresemde, gülüşmäň siz uýalar! Bu ýaşynda daga çykyp bilmese, Bu agaňyz ilden-günden uýalar. (Halyl Kulyýew, “Güneş”). Miwe köp bolsa eger, Bag başyn aşak eger. (Gurbannazar Ezizow, “Serpaý”). Ýokardaky bentlerde getirilen “uýalar”, “eger” sözleri iki gezek gaýtalanyp gelýärler, aňladýan manylary boýunça bolsa aýry-aýry zatlardyr. Beýle uslyp gündogar şygryýetçligine has bolan häsiýetli aýratynlykdyr. Öz köküni orta asyrlardan alyp gaýdýan şygyr düzlüşiň tuýg formasynda nusgawy edebiýatymyzyň şamçyragy hasaplanýan Magtymguly Pyragy hem özgüýjüni synap gördümikä diýen sowal aňymyza gelýär. Ýönekeý okyjy hökmünde ussat şahyrymyzyň edebi mirasynyň bize gelip ýetenlerine syn salanymyzda tuýug formasynda ýazylan gutarnykly bir esere gabat gelmeýäris. Emma şahyryň dürli goşgularynyň içinde sepelenen dür däneleri kibi tuýug setirleri duş gelýär. Bu inkär edip bolmajak hakykat, beýik Pyragynyň şygryň tuýug görnüşinden gowy habarly bolandygyny görkezýär. Sözümiziň gury bolmazlygy üçin geliň şahyryň goşgularynyň içinden tuýug kapyýalar bilen düzülen setirlere ýüzleneliň: - Magtymguly synam doly ýaradan, Rehim eýläp emin kylsyn Ýaradan... Pelek başym kyldy bendi, Ýumruldy ykbalym bendi... Redifli tuýug Magtymgulynyň bu žanrda täze tapyndysydyr. Uzak ömür ýol agyrdyr, Han işlese bil agyrdar... Iýmek-içmek bilen tapar ten maza, Şirin sözdür jan gulaga geň maza... Akmaýan galmazdyr bir akan aryk, Bir tendäki adam semiz, kä aryk... (aryk, arryk, hor manysynda). Ýa-da bolmasa: Hijran yraga atylsa, Öldürerler gurt tutulsa, Magtymguly at tutulsa, Ozal destan ýazan geler -ýaly setirlere üns berenimizde, beýik şahyryň özünden öňki zamanlarda has meşhur bolan “tuýg” formasynda hem ajaýyp goşgy setirlerini döredip bilendigine magat göz ýetirýärsiň. Şeýlelikde beýik Pyragynyň şygyr bossanynda enaýy gül-gunçalar ýa-da dürdäneleri mysaly şohle saçyp ýatan tuýg bilen ýazylan setirleriň kämil nusgasyna duş gelip, türkmende sözüň piri hasaplanýan akyldar danamyzyň hem şygyr düzülişiň bu formasyna belet bolandygyna äşgär göz ýetirýärsiň. Emma beýik şahyryň şu wagta çenli bize belli bolan goşgularynyň arasynda tutuşlygna «tuýug» kapyýalar bilen düzülen goşgusy ýok. Belki beýik Pyragynyň ýiten diwanlarynyň içinde bütinleý tuýug formasynda ýazylan goşgulary hem bolan bolmagy mümkin. Belki beýik şahyr goşgy düzülişiň «tuýug» formasyny ýeterlik derjede kämilligine şübhelenen bolmagy hem mümkin. Ýöne ol goşgynyň aýry-aýry ýerlerinde «tuýug» kapyýalary ulanmagy makul görüp, ýokarda mysal getiren goşgy setirlerimizi döreden bolmagy mümkin. Ýöne bularyň bary şahyryň duýgy-düşünjelerine bagly zatlar ahbetin. Ýenede bir gyzykly ýeri, bu ilriki žanra “tuýg” ýagny duýmak işliginiň gadymky formasy boýunça at berlipdir. Aslynda hem şahyr halky aňrybaş duýguçyl bolýar ahbeti. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |