09:22 Meni Raskolnikow çagyrdy | |
MENI RASKOLNIKOW ÇAGYRDY
Edebi makalalar
Ir okalan kitaplar näzini çekdireññeç bolýar, özlerini şobada açmaýar. Olar añyñyzda ýakymly täsir galdyrmak bilen çäklenýär, içini dökmegi ençeme ýyldan soñ olara täzeden dolanyp geljek günleriñize saklaýar. Gynansak-da, ýaşlykda käbirlerini diñe okap görmek üçin eliñize alýansyñyz, ýagny şolar ýaly meşhur kitap bilen nätanyşlygyñ aýbyndan gutulmak üçin... Okan zadyñyzdan täsirlenseñizem, inçeliklerine aralaşyp bilmersiñiz. Düşünje dünýäñizi goýaldyp, dar gözýetimiñizi giñeldendirem, ýöne munuñ sebäbini, nähilidigini bilýän dälsiñiz. Geçen hepde duýdansyzlykda köne dostumy ýatlan ýaly "Eý-how, Raskolnikow diýip biri bardy, süýthor aýaly öldüripdi. Günäsini boýun alandan soñ Sibire sürgün edilipdi. Häzir näme edýärkä?" diýip pikir etdim. Onuñ bilen men kyrk ýyl öñ tanşypdym, arasynda ýaşan "Jenaýat we jeza" ýurduna şondan soñ aýak sekmändim. Diñe şoñamy? Orta mekdepden bäri dünýälerine gark bolan beýleki roman gahrymanlarymy-da bir gyrada ýatdan çykaryp, hemişe täzeleriniñ yzyndan ylgapdym. Romanyñ ýatda galan ýerlerini göz öñümde janlandyrjak boldum. Raskolnikowyñ Sonýa atly jelebiñ aýaklaryny gujaklap etmişini boýun alýan epizodyndan başga hiç zat ýadymda galmandyr. Bir däl, iki aýaly öldürendigini, hatda Rodion Ramonowiç diýilýän ady bilen atasynyñ adyny, oña gysgaça Rodýa diýilýänligini-de ýatdan çykarypdyryn. Mazlum Beýhanyñ rus dilinden terjime eden 687 sahypalyk kitabyny elime alanymda az-kem howatyrlanypdym. Soñlap bilmerin öýdüp däl-de, XIX asyryñ roman garaýşyna göwnüm ýetmez öýdüp. Halaýan edebi ugrumda stiliñ we çeper fantaziýanyñ ähmiýeti mazmunyñ öñüne geçýändigi üçin... Emma iki günde demim-demime ýetmän setirleriñ arasyna dañlyp galdym. Kyrk ýyl mundan nämeleri gözden sypdyrandygyma düşündim, meni ýatdan çykarmandygy üçin Rodýa minnetdarlyk bildirdim. Gahrymanymyz adamlary adatdan daşarylar, ýagny kanunlary bozmaga hukugy barlar we adatylar, ýagny maýyşgak gymmatsyzlar diýip bölýär. Özüniñ Napoleon Bonapart ýaly birinji topara degişlidigini ýa-da garyplaryñ ganyny sorýan bit hökmünde gören süýthor aýalyna meñzeýänini soraýar we güýçli bolmak üçin bitleriñ mynjyradylmagynyñ gerekdigi netijesine gelýär. Bular ýaly netijä her kimem gelip bilýär. Bärde Dostoýewskiniñ geniallygy çaknyşygy gowy maksat üçin erbet iş edip bolarmy soragyna oturdandan soñ hawa ýa-da ýok jogaplaryna pitiwa etmeýänliginde ýüze çykýar. Garyplygyñ we az-kemem kelle bulaşyklygy bilen kakabaş häsiýetiñ uniwersitetden daşlaşdyran, eliñ aýasy ýaly kiçijik otagda ýaşaýan ýaş ýigit töwereginde görän köp kişileri ýaly bit däldigini duýýaram duýmasyna, ýöne ol öñünden çykan päsgelçilikleri aşyp biljekmi, egilip häkimiýeti ýerden almaga het edip bilermi? Muny üýtgetmegiñ ýoly jenaýatdan geçýänem bolsa, gandarymyzy gymmatly hasaplaýarys. Çünki ol adatdan daşary dogruçyl adam. Şeýle bir dogruçyl welin, ähli geldim-gitdimleriniñ hem-ä şaýady, hemem sudýasy bolup bilýär. Rodýa ýagdaýyny "Eger meniñ ýerimde Napoleon bolsady we kärine girişmek üçin öñünde Toulandan, Müsürden, Mont-Blankdan geçişi ýaly owadan we memorial zatlar däl-de, gülkünç, biçäre är-aýaly, üstesine-de sandygyndaky pullary ogurlamak üçin öldürilmeli süýthor är-aýaly tapsa we başgaça-da hiç hili çykalgasy bolmasa, bu işden wyždan azabyny duýmak beýlede dursun, munuñ ýatlanmaga mynasyp işdigi ýa däldigi ýaly meseläniñ aklynyñ gyrasyndanam geçmejegini, hatda munuñ adama wyždan azaby berip biljeginem kellesine gelmejegine düşündim" diýende oña däl diýip bilemzok. Gaýtam döwürdeş napoleonlary göz öñüne getirip, "dogry aýdýañ, gardaş" diýýäris. Ýöne ol soñundan: "Ahlak-moral, wyždan taýdan alandan haýsydyr bir tutaryga esaslanmazdan, diñe özüm üçin öldüresim geldi. Ejeme kömek etmek, maddy mümkinçiliklere we häkimiýete ýetmek, şeýdibem adamzada ýardam etmek üçinem öldürmedim. Bularyñ barsy boş sözler. Men muny diñe özüm üçin etdim" diýende, kalbymyz "wah, ganygyzgyn çaga, näme etdiñ sen" diýip, göwünlik beriji sözleri agtarýar. Aslynda ol her iki sözünde-de özüni beýgeldýär. Şeýle-de bolsa, biz ony Sonýa ýaly bagrymyza basmaga, "bu ne beýle betbagtlyk" diýip aglamaga taýýar. Ol bolsa ýelkenleri ýatyranok. Sonýa edişi ýaly bizi-de daşlaşdyrmaga synanyşýar. Bizem onuñ yzyndan galamzok. Hamana biziñ bar işimiz ony bagtly etmek ýaly. Bagtlylygyñ ýolunyñ puşeýmanlykdan geçýänliginu pikir edýäris, emma ol bu meselede ne özüne, ne-de bize ýardam edip bilýär. Günäsini boýun alandygyna garamazdan, özüni günäkärlemeýär. Ikitaraplylygyñ bular ýalysyny görmändik. Geñ galaýmaly. Ony howpurgadan zat bolsa, eden işiniñ hiç kime peýda etmänligi. Eger muny oñaran bolsa köpçüligiñ oña täç geýdirjegini bilýärdi. Şonuñ üçin ol ýakyp-ýandyryjy puşmanlyk duýgusyny başdan geçiresi gelýär. Näme edende-de soñuna çenli çydap bilmän günäsini boýun alyp baranlygy diýäýmeseñ, onuñ içinde puşmanlygyñ gyryndysy-da ýok. Bize puşmanlyk duýgusyny duýmazdanam wyždan azabyny çekip boljakdygyny öwredýän Dostoýewskiniñ öñünde hormat bilen baş egýäris. Akyl-paýhas bilen wyždanyñ arasyndaky göreşiñ şular ýaly näzik, şular ýaly täsirli beýan edilişine telpek goýaýmaly. Gandarymyzdan öwrenişimiz ýaly, gaharly adamlar aslynda azap çekýärler. Gaharladyna bäs gelip bilmeýän bolsalar, bu eýýäm olaryñ çekýän azaplarynyñ ululygynyñ astynda ezilýänliklerindendir. Özüne "Sen öldüren bitiñdenem beter bit" diýen pursatynda, oña gaharlanmaga bolan hukugymyzy elimizden alýar. Ol wyždanyñ sesine eýerip gan dökmegiñ kanuny taýdan gan dökmekdenem beter gorkunç zatdygyny synap görýär. Munuñ temmisini kürek bendisi bolup alma batyrgaýlygyny görkezýär. Bu onuñ biken ylalaşmagymyza ýeterlik bolýar. Çünki durmuşymyzyñ hakyky raskolnikowlaryna düşünip, bagyşlamazdan arzyly sepgide ýetip bilmejegimizi bilýäris. Onuñ bir eli ganly bolsa-da beýlekisi jomart. Biziñ Rodýamyz dilegçilik etjek derejede garypdygyna garamazdan, dul ejesiniñ pensiýasyndan süýşürip ugradan bäş-üç köpügini özünden has kyn ýagdaýdaky adamlara gaşyny çytman berip bilýär, şirin janyny orta goýup ýangyndan iki sany kiçijik çagany halas edip bilýär. Ol şeýle bir ýüregi ýuka welin, ynanýan zatlarynyñ hatyrasyna öñünden meýilleşdirip jenaýat edip biljek derejede tutanýerlidigini göremzogam. Süýthor aýaldan ogurlan puluna degmeýşi bu duýgymyzy mazaly bekedýär. Onuñ şahsynda adam diýilýän jandaryñ ýeke taraply, ýeke reñkli, ýeke ölçegli däldigine düşünýäris. Kitabyñ iki zenan gahrymany uýasy Awdotýa Romanowna (Dunýa) bilen ýazyjynyñ "özüne adam gerek bolansa oña bakan ylgady" diýýän Sonýa Semýonowna Marmeladow (Soneçka) janypkeşlikleri we ýagşy gylyklylyklary bilen biri-birlerine diýseñ köp meñzäpdir. Dunýa ejesini ee doganyny garyplykdan halas etmek duýgusy bilen söýmeýän erkegine durmuşa çykmaga razylyk beren bolsa, Sonýa tenini satyp "Çüýşäniñ düýbünde masgaralanmagy we gözýaşyny gözledim" diýýän alkaş mazohist kakasyna, öweý ejesine, öweý doganlaryna göz-gulak bolupdyr. Ýazyjy kartinany şeýle şekillendirenem bolsa, bizi "başga çäreleri ýokdy" diýen ýaly nebsagyryjylykly duzaga düşürmeýär. Rodýa olaryñ ikisine-de saýlap alan ýollarynyñ ýalñyşdygyny aýdýar. Öz içki garpyşyklary bilen gidişip ýörkä-de, Dunýany özüne heleý edip aljak bolýan Lužinden halas etmek üçin dawalaşýar. Sonýa aýdylýan "Birden ýüzüniñ çyzyklarynda, eger suratlandyryşym ýerinde bolsa, doýmaz-dolmaz gynanç alamatlary göründi" diýşi juda täsirli. Gynanjyñ doýmaz-dolmazlygy ajaýyp añlatma. Sonýa özüni urýan inçekeselli (tuborklýozly) ýarym telbe öweý ejesi hakda aýdanda: "Uranda näme bolýar diýsene. Şolar ýaly betbagt, şolar ýaly bagtdan binesip aýal ol! Özem syrkaw. Ol adalat gözleýär. Arassa aýal. Hemme zatda adalatyñ bolmalydygyna ynanýar we muny isleýär. Isleseñiz, ony kösäñ, ýöne oña birem nädogry zat etdirip bilmersiñiz. Adamlarda adalat bolup bilmejegine düşünmeýär, şonuñ üçinem mydam gaharly. Çaga ýaly, edil çaga ýaly-da" diýýär. Roman tutuşlygyna alanda, birem melodramatiki röwüşe bürenmeýär. Bigünä jelebiñ Rodýanyñ aýdanyny eşden pursatynda barmagynyñ ujuny onuñ kükregine batyryp yza çekilendigi we "Edil häzir dünýäde sizden betbagt adam ýok" diýýän pursaty bilen jadylanýarys. Gahrymanymyz günäsini boýun almak üçin Soneçkany saýlap alyp, ony derejelendiren ýaly bolsa-da, hakykatda gyza seredende öz hapalygyny görýär. Ýer bagyrtlap aýaklaryny öpende utanyp ýere giräýjek bolýan gyza onuñ däl-de, adamzadyñ çekýän horluklarynyñ öñünde baş egýändigini aýdýar. Dostoýewskiý bu sahna bilen bizi bütin dünýäni gujaklamaga çagyrýar. Rodýa özüniñ günälidigi üçin beýle hormat-sylaga mynasyp däldigini aýdýan gyza: "Hawa, sen günäkär. Iñ uly günäñ özüñi boş ýere öldürmegiñ, özüñi gynamagyñdyr. Hem-ä ýigrenýän hapalygyñda ýaşaýarsyñ, hemem bu bolşuñ bilen hiç kime jinnek ýaly peýdañ degmeýänini bilýärsiñ. Mundan has beter gorkunç zat bolup bilermi?" diýip soranda, heýjan bilen Rodýa: "Seniñem Sonýadan parhyñ ýok, ikiñiz bir adam. Ikiñizem "ak jüýje" däl. Siziñ ýoluñyz bir" diýýäris". Şeýle diýip, ikisiniñem Sibire gitmelerini oñlaýarys. Kitapsa kyrk ýyl mundan öñ okanymda bilinmän galan birgiden inçelikler bar. Meselem, Raskolnikow paltosynyñ içinde bukan paltasy bilen gurbanyna tarap ýöräp barýarka öñünden geçen seýilgähine fontan gurulsady ýa-da birnäçe howly birleşdirilip giñeldilen bolsady diýip pikirlenýär. Şol pursatsa onuñ aşa suwsandygyny, bir owurt suwa mätäçlik duýýandygyny, darajyk, garañky, hapa otagyndan daşary çykanda iñ bolmansa giñ we salkyn howludan çykman ýatasynyñ gelýändigini bilýäris. Ol bolsa muny bilenogam, "Her niçik-de bolsa, atylmaga alnyp barylýan adamlaryñam pikiri ýolda görýän zatlaryna sowulýandyr" diýýär. Ol etjek hereketiniñ jezasynyñ ölüm boljagyny bilibem dur. Soñra jenaýatynyñ geldim-gitdimleri bilen gidişip durka, özüni suwa oklap öldüresi gelýär. Emma şol wagtam özüni güýçli duýup, häzirem mertebesini ýitirmän bilýänine begenýär. Gysgaça aýdanda, ony adam öldürmäge iterýänem, her bir ýagdaýda ýaşamagy saýlap aldyrýanam buýsanjy, mertebesi. Kitaby okanda eýsem näçe gandar jenaýatdan öninçä, jenaýaty eden pursatynda we soñunda özüne şeýle ýakyndan seredip bilýär? Real durmuşda eýsem Porfiri Petrowiç ýaly ýiti zehinli, gümanlanýana günäsini boýun aldyrmaga synanyşanda ýañsylaýjy häsiýeti bilen garşysyndaky bilen pişik-syçan oýnuny oýnaýan, wagtal-wagtal pelsepe satýan, edýän işini sungat hasaplaýan sülçiler barmyka diýip soraýarys. Yzyndanam romanyñ hakykary bilen durmuşyñ hakykatynyñ biri-birinden tapawutlydygyny ýatlaýarys. Iñ esasysy-da romançynyñ bizi gahrymanlaryna ynandyrmagy. Ýazyjynyñ bu miweleri hakyky durmuşdan susup alandygyny bizem bilýäris. Beýikligiñ we pesligiñ guýylaryna şol bir çuñlukda inmäge ýürek edip bilmese, olary beýle ynandyryjy roman gahrymanlaryna öwrüp bilmezdi. Dostoýewskiý ömürboýy beden taýdan we ruhy ejiriñ her dürlüsini başdan geçiripdir, ol içinde wulkanlar gaýnaýan adam. Hamana şeýle eserleri ýazyp bilsin diýip, oña şeýle takdyryñ bagyş edilendigine ynanasyñ gelýär. Üstesine, ol maddy-magnawy oñaýsyz şertler zerarly gyssagly ýazypdyr, eserlerini ikilenç gözden geçirip düzediş girizmäge wagty bolmandyr. Rodýasynyñ ýakan gozgalañ ody hiç sönmeýär, biz ony bilýäris. Onuñ "Ýoly-ýodasy gabalan halkyñ üstüne bomba ýagdyrmak forma taýdan alanda hiç kimi bimaza edenok, gaýtam bu edermenlik saýylýar" diýen setirlerini okanymyzda, içimizden "häzirem şeýle Rodýa, häzirem" diýýäris. Özleriçe "gowy" niýet bilen adam öldürýänleriñ arasynda "Jenaýat we jezany" okap görenler barmyka eýse? Eger okasalar, Rodýanyñ özüni soraga çekmegini aşa romantiki, hatda akmaklarça hasaplaýarlarmyka? Eden işleriniñ gorkunç ýalñyşlykdygy hakda ýüreklerine dynnym ýaly-da bolsa şübhe düşermikä diýip, öz-özümiz bilen gürleşýäris. Başga detallaryñam parhyna barýarys: Personažlaryñ dört atly bolmagy (biri çokundyrylanda goýlan ady, biri kakasynyñ ady, biri familiýasy, ahyrkysy adyñ gysgaldylan görnüşi), garyplaryñ ýeke penjireli öýde ýaşamagy we gapynyñ hemişe açyk durmagy, şonuñ üçin hemmeleriñ hemme zada şaýat bolmagy, bizde ýas bolýan ýere nahar äkidilýän bolsa, ruslarda ýas bolýan öýden goñşulara nahar paýlanmagy, XIX asyryñ altmyşynjy ýyllaryñ Russiýasynda ýokary okuw jaýynda okamagyñ özüniñ özbaşdak iñ ýokary status hasaplanmagy, Raskolnikowyñ polisiýa uçastogynda gümanlanýan hökmünde sorag edilip durka-da "Gygyrmañ maña. Men ýokary okuw jaýynyñ talyby, özüme beýle gygyrylmagyna ýol bermerin" diýmegi, romandaky "pes obrazlaryñ" köplügi", ähli personažlaryñ özlerini belli bir derejede kemsidilen ýaly duýup, başgalarynyñ gözünde öz emelleri bilen sylag-hormat gazanmaga synanyşmalary... Elbetde, romanda ýurduñ syýasy we düşünje atmosferasy-da bar. Olary-da gahrymanlaryñ öz aralaryndaky dialoglaryndan öwrenýäris. Maşgalanyñ ýerine aýal-erkek gatnaşyklarynda çäk tanamaýan kommuna durmuşy bilen rasional akyl-paýhasy dine çalşanlaryñ garşysyna ýazyjy injil ahlagy bilen çykýar. Hudaýa ynanmaýandygyny aýdýan Rodýa ejesinden, uýasyndan we Sonýanyñ körpe jigisinsen özi üçin doga-dileg etmegini haýyş edende, Sonýa özüne zor salyp diýen ýaly Isa pygamberiñ (a.s) Hudaýyñ gudraty bilen ölen Lazary nähili direldendigi hakdaky paragrafy okaýar. Düşünişimiz ýaly, onuñ özüne-de günleriñ bir güni mazar boljak Sibirde Isa pygamber gelmeli we edil Lazara seslenişi ýaly "Rodýa, daşary çyk" diýmeli hem-de magnawy taýdan öliden parhy ýok gandarymyz Sonýa bilen bile täze durmuşda ýaşap başlamaly. Romanyñ beýleki gahrymanlary-da ünsümizi çekýär: Arkadiý Iwanowiç Swidragaýlow: Öýünde guwernantkalyk (öý bikesi) edýän Dunýany ýürekbulanjy teklipleri bilen haýykdyran, iñirdiçi, kelesañ, peýdakeş pomeşik. Özüni birwagt batan batgalygyndan çykaran baý aýalyna ikilik eden, ony gamçylap ýenjen, aýalynyñ şübheli ölüminden soñ 15 ýaşly gyz bilen nikalaşyp, bir ýandanam Dunýanyñ yzynda selpeýän obraz. Emma Dostoýewskiý şular ýaly adama-da ýagşylyk etdirýär, Sonýanyñ kakasynyñ we öweý ejesiniñ yzynda galan ýetim çagajyklary öýe ýerleşdirdýär, olaryñ hasaplaryna pul goýdurýar, soñra öz janyna kast etdirýär. Nämüçindir Swidragaýlowyñ bu bolşy ynandyryjy görnenok. Dogry, günäkärlik duýgusyny düzetmek üçin maýda-çüýde bir zat edibem biler, emma netijede ol bigünä etmişlileri ortada goýmaýanam Dostoýewskidir diýip pikir edýäris, Swidrigaýlow öz janyna kast etmänem bilerdi diýýäris. Emma soñra yza dolanyp, onuñ sözlerine ýene bir gezek ser salanymyzda, şu sözlerini gözden salanymyzy duýýarys: "Biz hemişe soñsuzlygy düşünmesi mümkin däl düşünje hökmýnde, şeýle gojaman, beter uly bir zat ýaly pikir edýäris. Bu erbedem däl, ýöne nämüçin şeýle uly zat? Ýogsam bolmasa, bir seredýärsiñem welin, obanyñ kiçijik hammamy ýaly ýerdir. Bugy içinde, burçlary kereplän giden? Pikir edip bilýärsiñizmi? Ynha, size soñsuzlyk! Soñsuzlyk meniñ gözüme käte şeýle görünýär". Ýazyjynyñ janlandyran obrazyna nähili gabat gelýän sözler. Pýotr Petrowiç Lužin: Dunýany aýal edip almaga isleg bildiren adam. Onuñ öýlenjek gyzy garyp bolmaly. Çünki ol özüniñ artykmaç utuş hökmünde kabul edilmegini isleýär. Gyzda oýandyrjak borçlulyk duýgusyndan keýp alasy gelýär. Sypaýylyk nikabynyñ astyndaky zoñtarlygy ýüzüne basan Raskolnikowdan ar almak üçin Sonýa ogurlyk töhmetini atýar. Özüne bolan göwnüýetijiligiñ añyrsynda ýatan zadyñ özüne bolan hormat-sylagyñ ýoklugyndandygyna düşünýärid. Özüni hemmetaraplaýyn görkezýän bu adamyñ ykdysady garaýyşlary-da bize ýat däl: "Ben köýnegimi ikä bölüp, bir bölegini goñşyma bersem, ikimizem birden ýarym-ýalañaç galarys... Ylym näme diýýär: Dünýäde hemme zatdan öñ özüñi söý, çünki dünýäde hemme zat şahsy bähbide goldanýar. Eger bir özüñi söýseñ, işiñi göwnejaý edersiñ. Köýnegiñem ikä bölünmän öz egniñde galar. Ykdysadyýet şol ylmy hakykata şuny goşýar: Jemgyýetde näçe adamyñ işi oñuna bolsa, başgaça aýdanda köýnekler näçe bitinligine galsa, jemgyýetin binýady-da şonça sagdyn we umumy akym şolar ýaly ugruna bolar. Şeýdibem näme bolar. Diñe özüm üçin gazanmak bilen hemmeler üçinem gazandygym bolar..." Lužin ýalylar häzirem aramyzda kän. Daş-töweregimize seredenimizde, kapitalistik mantygyñ kemala getiren bular ýaly adam prototipleriniñ has beterlerini görýäris. Nämüçindir her erbet adama bir gowulyk ýamamaga synanyşýan Dostoýewskiý muny Lužinden gysganypdyr. Meselem, Lužin Sonýa töhmet atanda, "aýallaryñ umumy ulanşygyna" ynanýan otagdaşy Lebezýatnikow sesini çykarman oturmaýar, ol Lužiniñ ýalanyny ýüzüne basýar. Ýöne azajygam bolsa Lužinden muña deñli-derejeli jogap bolmaýar. Romanyñ öñe sürýän iñ esasy ideýasy - azatlyga diñe kösenip, horlanyp ýetip boljakdygy. Bulam rus prawoslaw ynanjynyñ Isa pygambere (a.s) meñzejek bolmagyna yşaratbedýär. Biziñ ynanjymyza meñzeş taraplary juda känem bolsa, ullakan tapawut edýär. Musulman özüne bagly däl sebäpler bilen başyna gelen bela-beterlere sabyr edip, azatlyga ýetýär. Sabyr edip gezmegi özüne perde tutunmaýar, arkasynda Adam atanyñ günäsi we Isa pygamberiñ haçy ýoklugyndan diñe kösenenleriñ biri bolmak üçin özüni bilnikli pese düşürmeýär. Ýazyjy asketizmiñ ýalñyş düşündirişleriniñ adamy nirelere iterip biljekdigini-de bilýär. Süýthor aýalyñ ýaşan jaýynda diwary hekläp ýören Nikolaý Mikolka etmedik jenaýatynyñ jogapkärçiligini üstüne alýar. Ol merkezi buthana garşy separatistik dini hereketiñ ýolbaşçysynyñ müridi. Dini öñbaşçysynyñ terkidünýälik etmegi mukaddesleşdirýän Injiliñ çakdanaşa täsiri bilen özüni asmaga synanyşandan soñ doly terkidünýäligiñ bilbiline öwrülmek üçin jenaýat edendiginiñ düşündirişi berilýär. Okyjysy şu ýerde islese-islemese Nikolaýyñ biziñ günlerimizdäki wersiýasyny göz öñüne getirýär, mafiýa bilen baglanyşykly ýa-da syýasy sebäpler bilen başga biriniñ günäsini götermäge mejbur edilenleri... Romany okap gutaranymda Rodýanyñ kalbymyzdaky gizlin ganhora ýerinden gozgandygy üçinmi ýa-da özüne hiç haçanam ýalan sözlemändigi üçinmi beýle täsirlenendigimizi bilemzok. Emma ýazyjyny nämüçin gowy görýändigimizi bilýäris: Hiç bir ýagdaý we adam üçin soñky sözüni aýtmazlygy, ol uçdan bul uja ähli ähtimallyklary sanap geçmegi, ähli ahwallaryñ gatlarynda bizi aýlamagy, az pikir ýöredip dialoga köp üns bermegi, sýužetiniñ ýönekeýjeligini obrazlaryñ köplügi bilen sazlamagy, ganhoryñ kimdigini başyndan bäri bilýändigimize garamazdan, heýjanlylygymyzy soñuna çenli saklatmagy... Roman garañky we dar otaglarda, ser-sepilligiñ höküm sürýän köçelerinde we meýhanalarda geçmegine, iñ bolmanda gülüñ ysyny almaýandygymyza garamazdan ýadatdyranok. Biçäre, alkaş, ahlaksyz, mazohist, çapraz, häsiýetsiz, ölçegsiz, gopbamsy, gaharly, şeýtanpisint, agressiýa meýilli, inçekeselli obrazlardan jadylanýarys. Rodýa bilen Sonýadan aýrylanda gynanyp aýrylýarys. Sibire gidýäris. Jenaýatyñ üstünden birýarym ýyl geçipdir. Bir şäherdediklerine garamazdan seýrek görüşýärler. Gyz oglany daş döwmek ýaly işler üçin daşary çykanda görüp oñmaly bolýar. Çünki söýýän oglany onuñ ýüzüne, ýagny aýnasyna ýigrenç bilen seredýär we hiç hili geplemeýär. Şeýle-de bolsa, biri-birleriniñ barlygyndan güýç alýarlar. Dünýä Rodýa garabasma ýaly görünýär: Hiç kim hiç kime düşünenok, hemmeler hakykata öz añlaýşy ýaly düşünýär, garşysyndakynyñ muña düşünmeýänliginden kösenýär. Adamlar kimiñ sud ediljegini, nähili sud ediljegini bilmeýär, kimiñ aýyplanjakdygy, kimiñ aklanjakdygy-da belli däl. Adamlar manysyz öç-ýigdenç bilen biri-birlerini öldürip ýörler. Elbetde, bularyñ barsyndan halas bolan birküç sany saýlama adam bar, ýöne olaryñam sesleri eşdilmeýär. Dostoýewskiý bu romany hamana düýn ýazan ýaly biziñ bolşumyzy suratlandyrýar. Gahrymanymyz haosa boýun bolmaýar, imi-salalygy gözlemegini dowam etdirýär. Ir säher bilen alebaster gaýnatmak üçin peje öwrülen baraklaryñ birinde işlemäge çykanda kenarda oturyp garşydaky kenara seredýär. Göçme çadyrlardan düşnüksiz aýdymlar eşdilýär. Ol ýerde hamana Ybraýym pygamberiñ döwri başdan geçýän ýaly. Edil şol wagtam onuñ ýanynda Sonýa peýda bolýar. Syrkaw bolansoñ Rodýadan gorkýar, çekinýär. Emma Rodýa bu gezek gyzyñ aýaklaryny gujaklap aglamaga başlaýar. Ýassygynyñ aşagyndaky bir gezegem okamadyk Injilini ýatlaýar. Munuñ özi ikisiniñem gaýtadan direlýän pursatydyr. Megerem, Dostoýewskiniñ hemmämizden islän zady - günäkärlemezden öñ düşünmegimizdir. Nuriýe AKMAN. "ZAMAN" gazeti, 27.08.2012 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |