22:34 Rewolýusioneriň ömür ýoly: Garry Kulyýew | |
REWOLÝUSIONERIŇ ÖMÜR ÝOLY
Taryhy şahslar
1917-nji ýylyň fewral agdarylyşygynda soň, Gyzylarbatdaky es-eserleriň bolmajysy boldy. Olar işçileriň öňündäki çykyşaryny has ýygjamladyp, olaryň pikirini garyşdyrmaga çalyşýardylar. Ilkibada olar işçilere öz täsirlerini ýetirmegi başardylar. Ýegorow, Sedyh, Sedow ýaly es-erleriň Aleksandrowskiden gaýdyp gelmegi bilen bu täsir hasam güýjäpdi. Bu päliýamanlaryň münen otlusy Gyzylarbat stansiýasynda saklananda es-erlerdir partiýada däl işçileriň bir bölegi olary gujak açyp garşylapdy. Olaryň şanyna öwgüli sözler aýdylypdy. Olar stansiýadan tä demirýolçularyň klubyna çenli eginlerinnde göterip äkidipdiler. Zawoddan çykyp, mesaýy gürrüň edip gelýän Wasilýew bilen Garry Kulyýew bu mähelläni görüp aýak çekdi. Olaryň es-eserlerdigini derrew tanadylar. Wasilýew depoda köpden bäri işleýärdi, köne işçidi. Garrynyň hem bu ýerde işläp ýörenine ep-esli ýyl bolupdy. Wasilýewiň gahary depesine urdy. Ol murtuny sypady. Gaty gahary gelende onuň şeýtmesi bardy: -Haý, siziň bir... köpeý ogullary... – diýdi-de, tüýkürip goýberdi. – Işçilere näm gerek diýsene! Olar öz ýollaryny dowam etdirdiler. Garry bu rus adamsyndan gaty köp zatlary öwrenipdi. Bolşewikleriň adalat ugrunda alyp brýan syýasatyna-da, menşewikleriň pyssy - pujyrlygyna hem şu adamyň üsti bilen göz ýetiripdi. Häzir Russiýada dowam edýän ýagdaýdanam Garrynyň habary bardy. Fewral agdarylyşygy döwründe Gyzylarbatda ýeke – täk syýasy gurama – es-erleriň partiýasy hereket edýärdi. Sanly günüň içinde olaryň hatary ösüpdi. Işçilriň ep-esli bölegi şol guramanyň hataryna girdi. Emma sowatly işçiler es-erleriň halky agyr günden dyndaryp bilmejegine düşünýärdiler. Şonuň üçinem olar bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. Ýakyn günlerde Wasilýew hem ilkinjileriň biri bolup bolşewikleriň hataryna goşular. Onuň yzysüresi bolsa Garry Kulyýew bolşewikler partiýasynyň çleni bolar. Bu şeýle bolupdy. Bahar aýynyň bir günüdi. Gijeki smenada Wasilýewiň bir özi nobatçylyk edýärdi. Şol wagt onuň ýanyna işdeş ýoldaşy Wasiliý Polýakow geldi. Olar bir-bbirlerine janlaryny ynanyşýardylar. Ondan-mundan gürrüň edenlerinden soň, Wasiliý özleriniň bolşewikleriň guramasyny döredýändiklerini, onuň ilkinji ýygnagyny hem ussahananyň gullukçysy Konstantinowyň öýünde geçirilýändigini aýtdy. Ýygnagyň ilkinji mejlisine alty adam gatnaşdy. Şol gün agşam işçileriň arasynda aýry-aýrylykda gürrüň geçirip, öz taraplaryna köpräk işçi toplamak kararyna gelindi. Wasilýew ertesi Garra bu hakda aýdyp, onuň hem bu gurama girmegini maslahat berende, ol ýaýdanman: - Men taýýar – diýip jogap berdi. Şeýlelikde, guramanyň hatary düşünjeli işçileriň hasabyna artyp ugrady. Emma guramada bolşewistik ugur bilen gidýänler agdyklyk edýän-de bolsa, entek onuň içinde menşewikleri goldaýanam, çepçi es-erleriň akymyna goşulanlaram bar. Mutnow familiýaly soldat bu gurama ýolbaşçylyk edýärdi. Ol hakyky bolşewikdi. Onuň tagallasy bilen şäherde ençeme guramaçylyk işleri ýola goýlupdy. On ýedinji ýylyň güýzünde ol Gyzylarbatdan gidipdi. Inidi onuň ýerine Dianow familiýaly bolşewik ýigit galypdy. Dianw örän guramaçy, biçak dilewar adamdy. Ol işçileriň dilini tapmagy başarýardy. Olary göreşe ruhlandyrýardy. Dianow Garry Kulyýewi ýakyn kömekçisi hasaplaýardy. Buržuaziýaniň, menşwekileriň şäheriň etegindäki obalarda geçirýän galp syýasatyny paş etmek üçin, ol hemişe Garryny iberýärdi. Munuň örän jogapkärli partiýa ýumşudygyna Garry aňryýany bilen düşünýärdi. Garry Kulyýew öz ýanýoldaşy Enäni hem rewolýusiýon işe çekdi. Oktýabr rewolýusiýasy baradaky tolgundyryjy habar Gyzylarbada-da gelip ýetipdi. Ýegorow, Sedyh, Sedow, är-aýal Domenýuklar, Kutuzow, Kazakow, Kogtew ýaly es-erler bu habardan soň şäherde hasam guduz açýardylar, işçileriň arasynda özleriniň täsirini saklajak bolup oda-köze düşýärdiler. Bolşewikleriň guramasy olara garşy aýgytly göreş alyp barýardy. Rewolýusiýanyň ähmiýetini, adalatly ýoly arman-irmän düşündirmeli bolýardylar. Dianow gaty köp çykyş edýärdi. Garry Kulyýew hem köplenç onuň ýanyndady. Häkimiýet Sowetleriň eline geçse-de, entek doly ýeňiş gazanylanokdy. Çünki sowetleriň sostawynda menşewik, es-er, sagçy es-er elementler özleriniň gara işlerini irginsizlik bilen dowam etdirýärdiler. Olar bolşewikleriň janyna kast edýärdiler. Asgabatda häkimiýet akgwardiýaçylaryň ellerine geçenden soň, Gyzylarbatdaky ýagdaý örän howply bolup galdy. Beýleki onlarça bolşewikler ýaly, söwer dosty Dianow akgwardiýaçylar tarapyndan wagşylyk bolen öldürilipdi. Türküstan Rewkomynyň çleni Frolow hem pitne döwründe Gyzylarbatda akgwardiýaçylaryň okundan wepat boldy. Garry Kulyýewe bir sebäp bilen akgwardiýaçylaryň eline düşmän, gaçmak başardypdy. Jansyzlar onuň yzyny tapjak bolup, iki ýana urundylar. Ol ömrüniň şol pajygaly pursatyny soň-soňlaram ýürek awusy bilen ýatlaýardy. Iň kyn ýagdalarda bolsa “Meniň ýerime şu wagt Dianow bolan bolsady, nähili hereket ederdi!” diýýärdi. Rewolýusiýoner ýoldaşlaryny ýatlanynda, onuň bedenine gujur-gaýrat goşulan ýaly bolýardy. Ol her bir meselä öz mugallymy bolşewik Dianowyň pähim-paýhasy, şonuň nazaryýeti bilen garamagy öwrenipdi. Garry Kulyýew 1929-njy ýýylyň 8-nji iýunynda özi hakda şeýle ýazypdy: “Men 1888-njy ýylda Gyzylarbatda eneden boldum. Kakam ilki-ilkiler maldarçylyk bilen meşgul bolýardy. Emma soňabaka malyň azalmagy bilen, ol ekerançylyga baş goşdy. Şol döwürde kakamyň bir söwdagärden pul karz alyp, dükanjyk edinişi, ýarpy söwdasyny hem ol adama berendigi ýadymda. Ýöne ol söwdadan peýda görüp bilmedi. Bergi-borja batdy. Ýöne onuň dadyna bir garyndaşy ýetişip, onuň algydarlary bilen üzlüşdi. Kakam şondan soň söwda baş goşmady. Galan ömrüni ekin-dikin bilen geçirdi. Häzir ol zähmet çekmäge ýaranok, kiçi oglunyň eklenjinde durýar. Meni 7-8 ýaşlarymda obamyzdaky köne mekdebe berdiler. Men şol ýerde 13-14 ýaşyma çenli okadym. Şol döwre çenli diňe okamagy öwrendim. Okuwymyň daşyndan kakamyň hojalyk işlerine kömekleşýärdim. 16-17 ýaşlarymda men oba arçynynyň ýasawuly boldum, munuň üçin maňa aýda alty manat berýärdiler. On ýedi ýaşymda Orta Aziýa demir ýolunyň Gyzylarbatdaky baş kärhanasynyň materiýal skladynda ýönekeý işçi bolup işe başladym. Men bu ýerde birnäçe ýyllap nebit skladynyň garawuly boldum, soň depo geçdim. Kommunistik (bolşewikler) partiýasyna 1918-nji ýylda girdim. 1919-njy ýylda Gyzyl Goşun Gyzylarbady eýeländen soň, meni Gyzylarbat oba komitetiniň başlygy edip saýladylar. Bu wezipede 1920-nji ýylyň dekabryna çenli işledim. Sowetleriň wolost gurultaýynda meni wolispolkomyň çleni edip saýladylar, wolost ýer bölüminiň müdiri bolup işledim. 1921-nji ýylyň iýunynda, Sowetleriň II wolost gurultaýynda wolispolkomyň başlyklygyna saýladylar. 1922-nji ýylda Poltorask uezd ispolkomynyň çlenligine saýlandym. 1923-nji ýylda partiýanyň obkomynyň kararyna laýyklykda Tejen uezdiniň Saragt wolispolkymyň başlyklygyna bellendim. Birnäçe aýdan soň, partiýanyň obkomynyň karary bilen Aşgabada çagyryldym. 1923-nji ýylda Sowetleriň soňky uezd gurultaýy tarapyndan Poltorask uezd ispolkomynyň başlyklygyna saýýlandym. Bu wezipede 1924-nji ýylyň maýyna çenli işledim...” Hawa, Garry Kulyýew 1923-nji ýyldan Poltorask ispolkomynyň başlygy hemem oblast kontrol komissiýanyň çleni boldy. 1924-nji ýylyň maýynda Türküstan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň kararyna laýyklykda sowet işinden partiýanyň Türkmen oblast komitetiniň jogapkär sekretarlygyna işe alyndy. Şeýle hem Türküstan K (b) P MK-nyň we Türküstan MIK-niň çlenligine saýlanyldy. Milli bölünişikden soň G.Kulyýewi täze döredilen Türkmenistan Rewkomynyň çlenligine saýladylar. Ol işçi-daýhan inspeksiýasyna ýolbaşçylyk etdi. Sowetleriň Bütintürkmenistan I gurultaýynda bolsa Türkmenistan MIK-niň çlenligine saýlandy, soňky plenumda bolsa ony Işçi-Daýhan inspeksiýasynyň halk komissary edip bellediler. Bolşewikler partiýasynyň Bütintürkmenistan I gurultaýynda Merkezi kontrol komissiýanyň başlyklygyna, soňky plenumda bolsa TK(b)P Merkezi kontrol komissiýasynyň başlyklygyna saýlandy. Garry Kulyýew BK(b)P MKK-nyň, TK(b)P MK-nyň hem-de TSSR MIK-niň çlenidi. BK(b)P-niň XII, XIV, XV gurultaýlaryna delegat bolup gatnaşypdy. Komissaryň ilkinji aladalary Türkmenistan milli respublika diýlip yglan edilenden soň, G.Kulyýew täze döredilen hökümetiň sostawyna girizilip, oňa örän jogapkärli wezipe ynanyldy: ol indi işçi-daýhan inspeksiýasynyň halk komissarydy. Halk komissarynyň öňüünde ägirt uly wezipeler ýatyrdy. Bu wezipäniň ilkinjisi komissariýatda işlejek kadrlary saýlap-seçip almalydy. Olar rewolýusiýanyň işine jany-teni bilen berlen, ak ýürekli, eli arassa, göreşlerde polatdan taplanan adamlar bolmalydy. Bu örän jogakärli wezipedi. Şonuň üçinem başda, komissariýatyň işiniň ugrugyp gidibermeginde bu wezipe az kynçylyk döretmändi. Okruglar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmalydy. Anyk iş planyny düzmelidi. Komissariýat öz işini oba hojalyk kooperasiýalaryndaky işiň ýagdaýyny barlamakdan başlady. Leninskide, Poltarskide, Krasnowodskide, Merwde, Baýramalyda bu işiň gidişi bada-bat barlanyldy. Düýpli kemçilikleriň ençemesi ýüze çykaryldy. Indi toplanan materiýallary çuňňur we her taraplaýyn öwrenilmelidi. Şeýle hem ilkinji günlerde ýerlerde arza-şikaýatlara seredilişiniň ýagdaýy bilen hem içgin tanşyldy. Poltaraskide Merkezi arza-şikaýat býurosy döredildi. Şeýle býurolatyň dördüsi beýleki okruglarda hem döredildi. Daýhanlar köpçüligine has ýakyn durmak maksady bilen, şeýle býurolary raýonlarda döretmek hem komissariýat tarapyndan göz öňünde tutulýardy. Komissariýat merkezi we ýerli edaralar hakyndaky düzgünleri ara alyp maslahatlaşylmaga gatnaşýardy. *** Garry Kulyýew ýerlerde gaty köp çykyş edýärdi. Kärhanalara aýlanýardy, raýonlarda daýhanlar bilen içgin gürleşýärdi. Olaryň arza-şikaýatlaryna eserdeň garaýardy. Günäkärlere berk temmi berilmegini gazanýardy. Ýigrimi ýedinji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrky günlerinde halk komissarynyň Poltaraskide kursda okaýan oba ýaçeýkalarynyň sekretarlrynyň öňünde eden çykyşy köpleriň ýadynda galypdy. Ol Merkezi kontrol komissiýasynyň IV plenimunyň netijeleri hakda doklad bilen çykyş etdi. Oňa oba ýaçeýkalarynyň ýüze golaýy gatnaşdy. Kursdakylar halk komissarynyň bir ýarym sagatlyk çykyşyny uly höwes bilen diňlediler. Aýratynam olary G.Kulyýewiň düşnükli dilde kagyzsyz-zatsyz çykyşy haýran galdyrdy. Dokladça ýüzden gowrak sowal berildi. Diňleýjileri komissiýanyň obada alyp barýan işleri gyzyklandyrdy. Olar oba şuralarynyň işini ýüz görmän tankyt etdiler. Diňleýjiler peýançylyga, neşekeşlige, galyň, köp aýallyga garşy barlyşyksyz göreşmegiň gerekdigini nygtadylar. Oba ýaçeýkalarynyň sekretarlary bilen bolan duşuşykda bu meseleler barada aç-açan gürrüň edilipdi. Garry Kulyýew şonda oba adamlarynyň täze durmuşa batyrgaýlyk bilen ädim uruşlaryna ýene-de bir gezek göz ýetirdi. Sanlyja ýylyň içinde adamlaryň aňynyň näderejede özgerendigine öz ýanyndan guwandy. Müň dokuz ýüz ýigrimi ýedinji ýylyň sentýabr günleriniň biridi. TSSR işçi-daýhan inspeksiýasynyň halk komissary Garry Kulyýew kabinetinde uly oýa batyp, bir zatlaryň pikirini edýärdi. Nazaryny bir nokada dikip, soňam öňündäki bloknota bellik edişdirýärdi. Megerem, halk komissary ýakyn günlerde TK(b)P MK-nyň hem-de Merkezi kontrol komissiýasynyň bilelikde geçiriljek plenumynda etjek çykyşy hakda oýlanýandyr. Plenumda sowet we hojalyk guramalarynyň işini täzeden gurmak ýaly möhüm meselä garaljakdy. Bu ýeňil-ýelpaý, ýüzüň ugruna düzedäýmeli iş däldi. Ýeke bir karar çykaranyň bilen işi gülala-güllük edip boljak däldi. Bu babatda Işçi-daýhan inspeksiýasynyň üstüne uly wezipeler ýüklenýärdi. Öňde edilmeli, bitirilmeli uly işler ýatyrdy. Aýdaly, Maryda taýýarlaýyş edaralarynyň dördüsi bardy. Emma şol edaralaryň bitirýän işiniň hötdesinden iki edara gelip biljekdi. Şonuň üçinem bir topar adam işledim bahanasy bilen hak alýardy. Transportda hem ýagdaý şeýledi. Bu ugurda ştat meselesini kemeltmek hakda-da birnäçe karar kabul edilipdi. Emma şu çaka çenli bu ugurdanam agyz dolduryp aýdar ýaly iş edilenokdy. Ýa-da bolmasa, Mary rewolýusion ispolnitel komitetini hem-de şäher ispolkomyny birleşdirmek hakdaky mesele-de henize çenli öz çözgüdini tapanokdy. “Täzeden gurmak işini büs-bütünleýin Işçi-daýhan inspeksiýasynyň üstüne ýükläp oturybermek nädogry – diýip, Garry Kulyýew içini gepletdi. – Bu işe döwlet we hojalyk guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ählisiniň gatnaşmagy gerek. Biri-biriniň işini ýerine ýetirip ýören edaralary birleşdirmezden, ştatlary kemeltmezden öňürti adamlaryň bu meselä bolan garaýşyny üýtgtmegimiz zerur. Ýöne bu-da ýeterlik däl. Munuň üçin partiýa we profsoýuz guramalarynyň ählisiniň, zähmetkeş daýhanlaryň giň köpçüliginiň tagallasy gerek.” Bu inspeksiýa işçilere we daýhanlara nirede işleýändigine, haýsy wezipäni eýeläp oturanyna garamazdan, býurokratizm döredýän adamlara garşy barlyşyksyz göreşmegi öwredýärdi. - Apparaty gowulandyrmak üçin öňden gelýän köneçilligi üýtgedip gurmagy, gerek bolsa ony birnäçe gezegem üýtgedip gurmagy Lenin aýdypdy ahyryn. Biz bolsak, işimizde ýöwsellige ýol berýäs. Şol bir ownuk meseleleriň töwereginde aýlanyp ýörüs. Partiýanyň biziň öňümizde goýan uly meselelerini çözmäge batyrgaý çemeleşip bilemzok – diýip, halk komissary kimdir birine gürrüň berýän ýaly, içki pikirini daşyna çykardy. Edilmeli iş, çözülmeli mesele az däl. Döwlet apparatynyň işini ýokardan aşaga çenli täzeden seretmeli, düýpli gurluşyk baradaky kararyň ýerine ýetirilişini barlamaly, Sowetleriň işini janlandyrmaly, bu aýratynam milli respublika üçin zerurdy, çünki onuň köp bölegini heniz oba daýhanlary düzýärdi. Ýönekeý işçilerden we daýhanlardan bolan adamlary sowetleriň işine köpräk çekmelidi. Şeýle çäreler her hili gözboýagçylygyň, býurokratizmiň öňüni almak üçin uly ýardam edip biljekdi. Işçi-daýhan inspeksiýasy döwlet apparatyny gowulandyrmagyň ýaragy. Şol sebäplem ony nusga alarlyk edara öwürmek üçin gowy kadrlar hakda oýlanmalydy. Döwlet apparatyny rejeleşdirmek hakda oýlananda, Ol TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň aýdan sözlerini ýatlady: “Bu inspeksiýanyň rejeleşdirmek barada alyp barýan ugry dogry. Bizde basgançak-basgançak edaralaryň gör näçesi bar. Bir meseläni çözjek bolsaň, şol basgançaklardan geçmeli bolýar. Ilki bilen ine, şolary kemeltmeli. Biri – biriniň işini ýerine ýetirip ýören näçe edara, näçe bölüm bar. Ine, şolary kemeltmeli.” Emma käbir ýerlerde bolsa ştaty kemeltmek işine soňuny saýmazlyk bilen çemeleşýärdi. Gyzylarbadyň demir ýol ussahanalarynda şeýle ýagdaýa ýol berildi. Bu ýerde ştaty kemeltmek işini işçilerden başlapdyrlar. Ussahanada iki ýüz töweregi adam işden çykarylypdyr. Soň görlüp oturylsa, bu kärhanada gös-göni önümçilikde işçi-güýji köre-körlük bilen kemeldilipdir. Indem işçi güýji ýetenok. Bu işde kompaniýaçylyga, “haý bol-haý bola” ýol bermeli däldi. Döwlet apparatynyň işini gowulandyrmakda diňe bir maksatdan – tygşytlylykdan ugur aljak bolmagyň hiç bir jähtden oňyn bir netije bermejekdigine Garry Kulyýew oňat düşünýärdi. Täze döredilen apparat işe ukyply bolmalydy. Eger-de bir işgäre aýda ýüz manat hak tölenilýän bolsa, onda şol işgärden hem ýüz manatlyk iş talap etmelidi. Dogrudanam, döwletiň pulunyň nirä sowulýandygy şu çaka çenli köpleri gyzyklandyrmaýardy. Esasy etmeli işiň daşyndanam gerekmejek mejlislere örän köp wagt sarp edilýär. Aýdaly, bir mesele – alyjylar kooperasiýasynyň meselesi ara alnyp maslahatlaşylýan bolsa, oňa dahylly-dahylsyz wekilleriň gör, näçesi çagyrylýar. Şeýdibem gör, näçe adamy işden goýýas... Garry Kulyýew ýaňy-ýakynda Merkezi Komitetde bolup geçen möhüm mejlisde TSSR söwda halk komissary Akmyrat Orazowyň aýdan sözüni ýatlady: “ Biz döwlet apparatynyň işini tertipleşdirmek işine taýýarlyksyz başladyk. Bu işe başlananda wedomstwalaryň ýagdaýy, kararlary hakynda maglumat taýýar däldi. Şonuň üçinem inspeksiýanyň söwda sindikatorlarynyň ähli wekilhanasyny ýatyrmak hakyndaky kararyny esassyz hasaplaýaryn. Netijede halky söwda harytlary bilen üpjün etmek meselesi bilen biziň öňümizde uly kynçylyklar döredi. Bu ýagdaýy, gynansak-da, inspeksiýa göz öňünde tutmady. Elbetde, rejeleşdirmek gerek. Bu döwrüň talaby, ýöne welin döwlet apparatyny gowulandyrmagy biz birjik-de ünsden düşürmeli däl. Eýsem-de bolsa, heniz taýýarlykly däl diýip, ýerli milletlerden bolan kadrlaryň ençemesiniň işden boşadylmagy hem kanagatlanarly ýagdaý däl. Bu hakda inspeksiýanyň dogry ugry saýlap almagy gerek !” Şonda Garry Kulyýew onuň pikirini ikelläp goldapdy. Bu işi öz akymyna goýbermek bolmaz. Bu babatda çözmeli wezipeleri gyssagly anyklap, dogry görkezme bermelidi. Şol mejlisde käbir ýoldaşlaryň işi gülala-güllük etjek bolmagy ýalňyşdy. Ýustisiýa halk komissarlygyndan Artyk Rahmanowyň “Biziň işimizde hiç hili býurokratizm ýok” diýmegi Garry Kulyýewda nägilelik döredipdi. Ol Artyk Rahmanowyň ýalňyş pikiri babatynda degerli çykyş edipdi. Işçi - daýhan inspeksiýasynyň halk komissary Garry Kulyýewiň çykyşy bolsa oturanlarda uly kanagatlanma duýgusyny döredipdi. *** Proletiýatyň awangardy bolan Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylyk güýjüni has berkarar etmegi üçin, öz hatarlarynda tertip-düzgüni, agzybirligi berkitmegi diýseň zerurdy. Garry Kulyýew: “Leniniň öwredişi ýaly, tertip-düzgüniň hem-de berk agzybirligiň netijesinde biz öz öňümizde durýan ägirt uly wezipeleriň hötdesinden gelip bileris” diýýärdi. -Ine, şonuň üçinem berk agzybirligi hem-de partiýanyň hatarlarynyň arassalygy hakyndaky göreşi Merkezi kontrol komissiýasy öz işiniň esasy edip goýdy. Biziň Türkmenistan kommunistik guramamyz öz işini agyr şertlerde alyp barmaly bolýar. Birinjiden, gurama örän ýaş, ikinjiden hem, uly proletar kärhanalaryň azlygy sebäpli, işçi kadrlaryny taýýarlamak örän haýal barýar. Ýerli milletden bolan kadrlar örän azlyk edýär. Daýhanlaryň hem-de batraklaryň arasynda bolsa heniz geçmişiň zyýanly galyndylary ýaşamaklygy dowam edýär. Bu ýagdaýlar biziň partiýamyzyň işine aralaşmak bilen, onuň hatarlarynyň berkleşmegine azda-kände ýaramaz täsirini ýetirýär – diýip, Garry Kulyýew halk komissariýatynyň kollegiýasynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy. - Biz öz işlerimizi adatdan daşary yzagalaklygyň şertlerinde alyp barýarys. Golaýda geçirilen barlagyň netijesinde partiýa çlenleriniň 53 prosendiniň düýbünden sowatsyzdygy, 11 prosendiniň bolsa az-owlak sowatlydygy, diňe 36 prosendiniň sowadynyň bardygy anyklanyldy. Şu sebäpli hem Sowet Soýuzynyň başga ýerlerine garanyňda bizde partiýanynyň liniýasynyň artyk bozulmagynyň mümkindigi her kime-de aýandy. Ine, şu ýagdaýlar hem partiýanyň hatarlarynyň arassalygyny, leninçilik tertip-düzgüniň berk agzybirliginiň berkararlygyny goramakda bizi hemişe hüşgär bolmaga mejbur etdi – diýip, ol öz çykyşyny jemledi. Garry Kulyýew TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew bilen dürli mesele dogrusynda ýygy-ýygydan duşuşyp durýardy. Olaryň bu gezekki duşuşygy hem respublikada dowam edýän ýaramaz nogsanlyklar hakda boldy. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, Gaýgysyz Atabaýew söze başlady: - Ýaramaz hadysalara garşy berk göreş alnyp barylýar. Emma bularyň soňuna çykylmagy üçin bütin jemgyýetçiligiň aýaga galmagy zerur. Biziň partiýa guramamyzdaky esasy ýaramaz hadysa partiýa etikasynyňň, partiýa tertip-düzgüniniň bozulmagydyr. Galyberse-de, wezipeden hyýanatçylykly peýýdalanmak, gündelik durmuşda edilýän etmişler ýaly ýaramaz hadysalar dowam edýär. Garry Kulyýew baş atdy-da, onuň sözüne goşuldy: - Bu ýagdaý esasanam işçiler köpçüliginden daşlaşýan gullukçylaryň birtoparyna degişli. - Dogry aýdaň! Häzir peýançylyga garşy göreşi hem gowşatmak bolmaz. Bu babatda biziň işlerimiz heniz gülala-güllük däl. Peýançylyk eden adamlaryň sany 3 prosende ýetdi. Çärjewde bu san 40 prosent boldy. Peýankeşligi, elbetde, bir günüň içinde ýok edip bolmaz. Bu hakda diňe gürrüň edeniň ýeterlik däl, muňa garşy göreşe bütin partiýa jemgyýetçiligini aýaga galdyrmaly. Aýal-gyzlaryň kemsidilmegi ýol berilmesiz ýagdaý. Bu ugurda ýörite kanunlar çykaryldy. Her bir partiýa guramasy bu kanunlaryň berk goralmagy üçin elinde baryny etmelidi. Emma muňa garamazdan, munuň tersine edilýän işleriň ençemesiniň mysallary ýüze çykdy. -Hut düýnüň özünde bir signal gelip gowuşdy. Aşgabadyň eteginde oba ýaçeýkasynyň sekretarynyň ozal iki aýaly bar ekeni, indem ol üçünjisini alypdyr. Oba ýaçeýkasynyň ýolbaşçysynyň özi şeýle zatlara garşy göreşmelikä, onuň bu akyla sygmajak hereketleri berk ýazgarylmalydyr. - Fakt dogry ekenmi? - Hawa, ýa-da başga bir fakt. Partiýa çleni öz ýanyna bir komsomol ýigidini hem-de çlenlige kandidaty alyp, öz dogany üçin gijäniň ýary gyz ogurlapdyr. Elbetde, şeýle jenaýatkärler öz almytlaryny alarlar. Ýöne biz muny diňe sözde däl-de, görkezme sud prosesi arkaly aýan etsek, has netijeli boljak!.. Olaryň gürrüňi uzaga çekdi. Wagtam bir çene ýetipdi. Garry Kulyýew Atabaýew bilen hoşlaşyp çykanda, şäher asuda ukuda-dy... *** Garry Kulyýew Çärjew okrugynda partiýý öňünde eden çykyşynda şeýle diýipdi: - Gynansak-da, dini wagyz edýänlere garşy göreşi gowşak alyp barýarys. Partiýa guramalary bu babatda örän seresap hereket etmeli. Biziň partiýa guramamyz berkedi, guramamyzda türkmenlerden müňden gowrak partiýa çleni bar. Indi käbir partiýa çleninden dinden arasyny belli-külli ara açmagyny talap etmegimiz gerek. Partiýa ýaçeýkasynyň bu işe gatnaşmagy, onuň her bir partiýa çleniniň diňe bolan gatnaşygynyň näderejededigini bäş barmagy ýaly bilmegi zerur. Ýöne ýaçeýkalaryň bu ugurda alyp barýan işinde öňe gidişlik duýlanok. Çärjew partiýa guramasynda partiýa çlenligine kandidatyň molladygy gülkünç ýagdaý. Ol on iki ýyl bäri metjitde mollaçylyk edipdir. Ýaçeýkanyň mundan habary bolsa-da, sesini çykarman geldi... G.Kulyýewiň MKK-nyň plenummynda eden çykyşyndan: - Her bir partiýa çleniniň, onuň haýsy wezipäni eýeleýändigine garamazdan, biziň synpy göreşde ýeke-täk syýasaty alyp barýandygymyzy bilmegi gerek. Rewolýusion kanun hakdaky göreş barada birki agyz söz: Andriýewskiý MKK-nyň ştat meselesinde Ýustisiýa halk komissarlygyny gysýandygy hakynda aýtdy. Ýöne iş onuň aýdyşy ýaly däl. Komissariýat ştat bilenem, pul serişdesi bilenem üpjün. Merkezi kontrol komissiýasy MIK-niň çleni, WSNH-iň öňki başlygy Gartmanyň goh turzan işi bilen baglanyşykly barlag geçirdi. Gartman “Prokuroryň teklibiniň ýerine ýetirilmejekdigini oňa aýdyň” diýip, bihaýalyk bilen ýazypdyr. Ýöne prokuraturada hem işleriň heniz göwne laýyk alnyp barylmaýandygyny hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrs. Partiýa guramasy onuň işini berk gözegçilige almalydyr. Prokuratura işgärleri tarapyndan kanunyň bozulýan halatlary seýrek bolanok. Aýdaly, gulluk komandirowkasy döwründe prokuroryň kömekçisiniň otlynyň wagon restoranynda arakdan gerk-gäbe doýup, goh turzup, wejera bolup ýörendiginiň faktlaryna gabat gelinýär. Ýa-da bolmasa, arak içip huliganlyk eden tanyşyny sypdyrjak bolup, prokuroryň milisiýa işgärleriniň ýazan protokolyny ýok etmekçi bolan mysallary hem az däl. Partiýanyň III gurultaýynda rewolýusion kanunçylyk hakdaky meselä aýratyn ähmiýet bermeli. Gurultaýyň kararynda oppozisiýaçylara garşy göreşi pugtalandyrmak üçin ýörite punktlary ýazmaly. Bu ugurda ýoldaş Ibragimow MK-nyň hem-de MKK-nyň bilelikde alyp baran işleri dogrusynda örän giňişleýin durup geçdi: -Biz oppozisiýaçylara berk daradyk. Olar hiç ýerde goldaw tapmadylar. Şeýle hem oppozisiýaçylar merkezden özlerini degişli her hili görkezmeleri almak bilen, partiýa hatarlarynda agzalalyk döretmäge synanyşyk edýärler. Biz düýn şol oppoziçyýaçylaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk. Gynansak-da, biz olardan partiýanyň bitewi agzybirligine dahylly, proletariat diktaturasyna dahylly ägirt uly meseleler babatynda hiç hili anyk jogap alyp bilmedik. Biziň “oppoziçiýaçylaryň ýolbaşçylarynyň saýlan ugruny, ýagny diňe işçiler synpynyň arasynda iş alyp barmagy ynanýaňyzmy?” diýen sowalymyza olar kesgitli jogap berip bilmediler. Şol sebäpli hem oppozisiýaçylaryň galyndylaryna garşy göreşi gowşatmaly däldiris. Partiýa hem-de işçiler synpy oppozision ýodajygyň nirä alyp barýandygyna gowy göz ýetirmelidir. Bizde oppozisiýaçylar goldaw tapmasalar-da, olaryň hyýanatçylykly hereketlerini ile äşgär etmelidirs. Indi döwlet apparatynyň işi hakda birki agyz aýdaýyn. Biziň hemmämiziň bilşimiz ýaly, W.I.Lenin partiýa halklaryň berk agzybirligini, berk tertip-düzgünini gorap saklamak bilen birlikde, döwlet apparatynyň işini gowulandyrmak hakdaky meseläni Merkezi kontrol komissiýanyň öňünde uly wezipe edip goýupdy. Döwlet apparaty işçiler bilen daýhanlaryň arasyndaky bileleşigiň ýol görkezijisi bolmaly. Döwlet apparaty halk köpçüligine näçe ýakyn dursa, onuň talaplaryny öz wagtynda berjaý edip bilse, ine, işçiler hem-de daýhanlar Sowet häkimiýetiniň näderejededigine şoňa garap baha berer. Hökümetiň respublikada nyrhlary aşaklatmak baradaky görkezmeleri doly berjaý edildi. Biz şu çaka çenli ştatlary kemeltmegiň hasabyna nyrhlary aşakladyp gelen bolsak, indi bu işe has düýpli çemeleşmelidirs. Dogrymyzy aýtmak gerek, 26-27-nji ýyllarda eýeçiliksizligiň köp faktlary ýüze çykanam bolsa, häzir bu babatda bir giden öňe gidişlikler bar. Ýöne munuň özi biziň işlerimiziň birjik-de gülala-güllükdigini aňlatmaýar. Geçirilen barlaglar suw hojalygynda, ýaşaýyş jaý gurluşygynda, pagtaçylykda hem-de oba hojalyk salgydyny ýygnamakda heniz düýpli kemçilikleriň bardygyny ýüze çykardy. Eger-de üns berlen bolsa,onda suw hojalygyndaky gözboýagçylyklaryň, gerekmejek çykdajylaryň, eýeçiliksizligiň öňüni öz wagtynda almak bolardy. Pagtaçylyk komiteti kooperasiýa hem-de taýýarlaýyş işine gözegçiligini ep-esli derejede gowşadypdyr. Kooperasiýanyň ýüzüni pagtaçylyga tarap öwürmegimiz gerek. *** Partiýanyň hatarlaryny gowşatmak isläp, ýeriň pesi bilen iş görýänleriň ýüzünden perdesi sypyrylýardy. Bu barada Mahmyt Tumaýilowa garşy G.Kulyýewiň alyp baran göreşini ýatlamak ýeterlikdir. Halk komissary Garry Kulyýew bilen onuň orunbasary M.Tumaýilowyň arasynda ine, şeýle aç-açan gürrüň bolupdy. Garry Kulyýew: - Meniň düşünişimçe, Tumaýilow, sen ýönekeý işçileriň görýän zadyny görmezlige salýaň. Işçileriň synpy biziň ýurdumyzyň hakyky eýesi, olar häzir ýurduň hojalygynyň näderejededigini gowy bilýärler. Olar şeýle hem zawoddyr fabriklerden düşýän girdejileriň hemmesiniň özlerine sarp edilmeli däldigine-de oňat düşünýärler. Bu hakykaty partiýada däl her bir işçi-de, partiýada däl daýhan-da gowy bilýär, emma sen, Tumaýlow, muny bilmediksirän bolýaň. Men ýakynda Gyzylarbatda bolup geldim. Gyzylarbadyň bolsa işçiler şäheridigini gowy bilýäňiz. Şonda men işçileriň arasynda bolup, olaryň aýlyk-günlügi bilen gyzyklandym. Olaryň ýekejesem öz aýlygynyň azlygyndan zeýrenmedi. Sen heý, bir wagt işçileriň arasynda bolup gördüňmi? Hiç haçanam bolmansyň. Mahmyt Tumaýlow: -Meni işçileriň arasyna goýberiň. Işçileriň kimiň yzyna düşýändigine şonda özüňiz göz ýetirersiňiz. Garry Kulyýew: -Sen näme, Troskiden abraýlydyrn öýdýäňmi? Sizi hiç kim tananok ahyryn. Bu ters pikiriň bilen seni işçem, daýhanam öz golaýyna eltmez. Tumaýlow: -Muny iş ýüzünde synap göräýeli. Kulyýew: -Näme, işçileriň Troskini Putilow zawodyndan it masgarasy edip kowanyndan seniň habaryň ýokmudy? Näme, sen şondan ökdedirin öýdýäňmi? Sen daýhanlar meselesinde-de ters pikire gulluk edýäň. Bu meselede-de adamlaryň aňyny garyşdyrjak bolýaň. “Daýhanlaryň elli prosentini oba hojalyk salgydyndan boşatmaly” diýýäň. Türkmenistanda näçe kulagyň barlygyndan seniň habaryň beri barmy? Tumaýlow: -Işçi-daýhan inspeksiýasynyň mundan habary barmykan? Kulyýew: -Sen bu inspeksiýada işleseňem, ondan habaryň ýok. Bilmeýän bolsaň, onda gulak goý. Ýurdumyz boýunça olar umumy hasabyň 4-5 prosentini düzýär. Obalarda esasy köpçülik orta daýhanlar. Sen bolsa ony iki topara bölmek isleýäň. Eýsem-de bolsa, munuň özi partiýa nazarýetinden goýlan meselemi? Tumaýlow: -Muny siz, gowusy, çaýhana baryp, adamlardan soraň! Kulyýew: -Ýok bu kommunist adamyň goýjak meselesi däl. Tumaýlow: -Men Merkezi kontrol komissiýanyň çleni. Eýsem-de bolsa, meniň işçi-daýhan inspeksiýasynda oppozisiýa döretmek üçin fraksiýa döretmäge hakym ýok-da? Kulyýew: -Işçi – daýhan meselesiniň oppozision iş üçin döredilmeýändigine aklyň çatmaýanyna men-ä haýran, ýoldaş Tumaýlow. Sen bu ýerde gullukda durmak bilen, Işçi-daýhan inspeksiýasy üçin çigit ýalyjagam iş etmän, gije-gündiz oppozisiýanyň hasabyna iş gördüň. Haçan-da Ispolbýuroda meseläň garalanda: “Kulyýew meň pikirimi goldaýa, emma häzir muny boýun almaga bogny ysanok” diýdiň. Myjabat, ýene bir gezek myjabat. Zähmet rugsadyndan gelemde: “Tumaýlow, akylyňa aýlan. Seniň alyp barýan ugruň ters” diýip aýdanym ýadyňdan çykdymy? Men ýene-de saňa: “Eger seniň her bir meselä öz garaýşyň bar bolsa, onda sen ony partiýa düşündirip aýt. Gerek bolsa, ara alnyp maslahatlaşylar” diýipdim. Emma sen şu çaka çenli öz pikiriňi aýtman, çöpe-çalama urýaň. Ýakynda bir köne kommunist ýanyňa gelip, platformadan el çekmegiňi maslahat berende, sen onuň ýüzüni aldyň. Sen şonda “Siz patyşa hökümeti sürgüne iberende öz göreşiňizden el çekipmidiňiz?” diýip, oňa sowal berdiň. Seniňçe, onda proletariýat diktaturasy patyşa hökümeti ýaly zat-da!.. Gaty ýalňyşýaň, Tumaýlow.... Şondan soň kän wagt geçmänkä, Tumaýlowyň hereketi respublikanyň partiýa guramasy tarapyndan berk ýazgaryldy. Garry Kulyýew bu gezegem bolşewistik ygtybarlygy elden bermän, partiýanyň işine wepalydygyny ýene bir gezek subut edipdi. • Anna Aşyrowanyň ýatlamasyndan: - Biz Garry Kulyýew bilen 1934-nji ýylyň 1-nji maýynda Daşkentde durmuş toýuny tutdyk. Şo günüň ertesem Dörtgüle tarap ýola düşdük. Garry Kulyýew täze wezipä bellenipdi. Ol indi Garagalpagystan Işçi-daýhan inspeksiýasynyň halk komissarydy. Şol mahallar Daşkent bilen Dörtgülüň arasynda demir ýol gatnawy ýokdy. Bu ýere gelenimizden soň, menem gol gowşuryp oturmadym. Ilki-ilkiler Amyderýanyň akymynyň ugruny öwrendim, suw joşan mahaly onuň öz ugruny nähili üýtgedişiniň kartasyny düzýärdim. Bir gezek derýa joşup, şäheriň üstüne agyr howpuň abanandygy heniz-henizlerem göz öňümde. Soň mekdepde çagalary okatdym. Şol mekdebiň esasynda-da Dörtgülde mugallymlary taýýarlaýan institut açyldy. Ilki onuň okuw müdiri, soň hem direktory bolup işledim. 1935-nji ýylyň dekabrynda biz Aşgabada gaýtdyk. Garry Kulyýew bu ýerde TSSR sosial-üpjünçilik halk komissary wezipesine bellenildi. Garry Kulyýew uzyn boýly, eginlek, gaty işeňňir adamdy. Özem diýseň dilewardy. Çykyş edende dagy kagyza seretmesi bolmaz. Ýönekeý dil bilen öz aýtjak pikirlerini adamlaryň aňyna ýetirmegi başarýardy. Ol Magtymgulyny elinden düşürmän okaýardy. Bu oňa obalarda bolanda ýönekeý zähmetkeş adamlar bilen bada-bat dil tapmaga kömek berýärdi. Işden boş wagtlary ol küşt oýnamagy gowy görerdi. Onuň töweregindäki adamlaryň ählisi rewolýusiýanyň işine, onyň beýik gazananlaryny goramaga, artdyrmaga jany-teni bilen berlen adamlardy. Iwan Mežlauk, Gaýgysyz Atabaýew, Halmyrat Sähetmyradow, Gurban Sähedow, Hajy we Öwezgeldi Atabaýewler, Anna Muhammedow, Baky Muhammedow, Oraz Täçmämmedow, Tolpygo, Boris Grigoriýwiç Gorodeskiý, Annaguly Artykow, Iwan Timofeýiwiç Gladyşew... garaz, onuň gowy görşüp, gatnaşyk eden adamlary gaty kändi. Olar ýaşlara okamagy sargyt edýärdiler. Biziň öýmüzde doganym Annamyrat, Garrynyň uly ogly Nurmuhammet, Aýtguly Geldiýew bolýardylar. Olaryň hersi bir okuw jaýynda okaýardy. Soň Aýtguly Geldiýew respublikanyň magaryf halk komissary, TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary, SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty boldy. Beýik Watançylyk urşuna meýletinlik bilen gidip, gahrymanlarça wepat boldy. Respublikada Garry Kulyýewiň hormaty, sylagy uludy. Ol iş-alada bilen öz dogduk mekany Gyzylarbatda seýrek bolýardy. Ýöne, muňa garamazdan, özüniň obadaşlaryny, bile işleşen ýoldaşlaryny ýygy-ýygydan ýatlardy. Ýadymda, 1937-nji ýýylyň tomsunyň ahyrky günleridi. Biz Garry Kulyýew bilen Gyzylarbada gitdik. Bu habary eşiden obadaşlarymyzyň köpüsi wokzala gelipdir. Otludan düşenimizde, munça adamyň bizi garşylamaga çykanyna Garry birhili boldy. Ol şonda obadaşlarynyň öňünde çykyş etdi. Duşuşygyň soňy toýa ýazdy. Adamlar şatlandylar, geçeni ýatladylar. Garry şonda gören-eşiden zatlary hakda kän gürrüň etdi. Gyzylarbatdan gelenimize köp wagt geçmändi. Şu günki ýaly ýadymda, biz Karl Marks köçesinde ýaşaýardyk. Şol ýylyň 8-nji sentýabr agşamsy Garry Kulyýewi äkitdiler. Garrynyň ejesi şol mahal bizde ýaşaýardy, emma şol gün ol Aşgabatda ýaşaýan uly oglunyň öýüne gidipdi. Şo gije biziň üstümize inen agyr belany ol görmedi. Gapydan çykjak bolanynda Garry maňa garap: “Ejemiň bolmany hem gowy boldy, Gülüm!” diýdi (ol maňa hemişe gülüm diýip ýüzlenýärdi). Onuň şo gidişi-gidişi boldy. Özi bilen onuň gymmatly dokumentleriniň, partiýa we döwlet işgärleri bilen bile düşen suratlarynyň, gurultaýdaky stenografik ýazgylarynyň... hem şol gidişi-gidişi boldy... Bütin ömrüni Leniniň işine, partiýanyň işine bagyş eden Garry Kulyýewiň gidenine ýarym asyr geçse-de, şu günem onuň ruhy, aýdan sözleri, beýik Leniniň, rewolýusion işine çäksiz wepalylygy maňa goltgy berýär, durmuşda gabat gelýän her hili nogsanlyklara garşy barlyşyksyz göreşmäge çagyrýar... Hawa, rewolýusioner Garry Kulyýewiň ýoldaşy professor Anna Aşyrowa otuz ýedinji ýylyň şol agyr günleri hakynda tolgunman gürrüň berip bilenok. Şondan soň Garry Kulyýewiň maşgalasynyň başyna agyr günler indi. Näçe gynançly bolsa-da, olara halk duşmanynyň maşgalasy hökmünde garadylar. Bu nähak töhmetiň labyry çekip - çydardan agyrdy. Otuz altynjy ýylda medinstituda okuwa giren Anna Aşyrowany hiç hili esassyz okuwdan çykardylar, akuşerçilik mekdebiniň müdiri wezipesinden boşatdylar. Ýarym ýyllap diýen ýaly ondan sorag üstüne sorag etdiler. Bu agyr kemsidilmelere sezewar edilen zenan ýüregi ruhdan düşmedi. Göreşdi. Rewolýusiýanyň iinde taplanan Garry Kulyýewiň merdana keşbi oňa hemişe hemaýat berdi. - Garry Kulyýew öz dost-ýarlaryna hiç haçan ikilik eden adam däldi. Ol gerek bolsa, bir döwüm çöreginem paýlaşyp bilýän adamdy. Ol türmede ýatan döwründe-de özi ýaly nähak töhmmetiň pidasy bolan ýoldaşlary hakynda alada edipdir. Sowukda üşemez ýaly, öz geýip oturan güpbüsini söküp, ýanyndaky keselbent ýoldaşy Bäşim Gulbeşerowa geýiner ýaly egin-eşik edipdir. Bu wakany gürrüň berenlerinde, men aglaman durup bilmedim. Ine, pahyryň ýasawy şeýledi-dä. Ýüregi ýuka adamdy. ... Garry Kulyýewiň Baýramgül atly gyzy ir ýogalypdy. Ol ilkinji türkmen skripkaçylarynyň biri Annamämmet Muhadowyň aýalydy. Onuň beýleki bir gyzy Nyýazgül Kulyýewa medisina ugrunda alymlyk derejesine eýe bolupdy. Ol Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen zenanlarynyň biridi. Ömrüniň soňky döwrüni Kiýewde ýaşady. Ol diagnostika ugrundan Kiýewde iň bir tanymal wraçlaryň biridi. Arman, onuň ömri gysga boldy. Ol 1959-njy ýylyň ýanwarynda agyr kesel zerarly aradan çykdy. Onuň ogly Serdar Muhammedow häzir Aşgabatda ýaşaýar. Özem wraç. Garry Kulyýewiň ogly Nurmuhammet Beýik Wataançylyk urşunda Kawkaz ugrundaky söweşde gahrymanlarça wepat boldy. Onuň söweş edermenligi hakynda front gazetinde-de ýazylypdy. G.Kulyýewiň beýleki bir ogly Baýmyrat bolsa şofýordy. Ol 1985-nji ýylda Aşgabatda ýogaldy. ...Ýyllar geçdi. Halk duşmany diýip, nähak töhmet atylan adamlaryň atlary dikeldildi. Bu gün Gyzylarbat şäherindäki mekdepleriň biri Garry Kulyýewiň adyny göterýär. 1987 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |