11:17 Rulfo: Ýazyjylar - toslamaçy, edebiýat bolsa - aldawçylyk | |
RULFO: ÝAZYJYLAR - TOSLAMAÇY, EDEBIÝAT BOLSA - ALDAWÇYLYK
Edebi makalalar
Huan Rulfo bary-ýogy iki sany kitap - «Alawlaýan düzlük» (1953) atly he kayalar ýygyndysy we "Pedro Paramo" diyen gysgajyk roman bilen dünýä meşhur bolan ýazyjydyr. Bu eserler XX asyr latyn amerikan kyssasynyň ра jarlap ösjekdiginiň buşlukçylary boldy. Ikisi birlikde 300 sahypadan geçmeýän bu kitaplar dünýäniň köp dillerinde terjime edildi, olara bagyşlanan derňewler tutuş bir kitaphanana bolar. Huan Rulfo Meksikanyň San Gabriel diyen kiçijik obasynda 1918-nji ýylda dünýä inýär. Huan köp ýyllara çeken graždan urşundan tozap giden ülkede ýetim ulalýar. Ezilen obalar, dargan etraplar, ölen mekanlar Huan Rulfonuň döredijiliginiň esasyny düzýär. Ýazyjy öz hekaýalarynda ýowuz durmuşy, adamlaryň ajy ykbalyny çeperçilik bilen suratlandyrýar. Onuň realis tik usuldan entek çykmadyk irki hekaýalarynda Meksikanyň milli edebiýatynda yerli daýhanlaryň adaty geple şik dilini yokary çeperçililk derejesine çykarýar. Rulfonyň hekaýalarynyň baş temasy dayhanlaryň garyplygy, olaryň üstünde hökümini ýöredýän adalatsyzlyk, asyrlara çeken ses-üýnsüz boýnny buruklygydyr. Rulfodan öň Meksikanyň, hatda tutuş Latyn Amerikasynyň edebiýatynda-da adamyň içki dünýäsi, onuň wyždany bilen göreşişi, haýra we şere düşünişi ykbala boýunlygy bilen birlikde şeýle çeperçilik ussatlygy bilen açylyp görkezilmändi. Gynansam-da çagalygymda hiç kim maña erteki aýdyp bermedi. Meniň yurdumdaky adamlar diyseň tutuk, islendik adam o yerde özüni keseki yaly duýýar. Olar özara söhbet edÿärler, agşamlaryna oturyp, biri-birlerine dürli wakalary gürrüň beryärler, emma kimdir biri yanlaryna geläýse, derrew dymýarlar ya-da howa barada gürleşip başlaýarlar: "Şu gün yagyş ýagaýmasa, beýlede bulut garalýar". Gepiň gysgasy, maňa ululardan erteki diñlemek bagty miýesser etmedi, şonuň üçin özüm oýlap tapmaly boldum. Hakykatdan-da edebi dőredijiligiň esasy ýörelgesi hyyala getirme diyip hasaplaýaryn. Ähli ýazyjylar - toslamaçy, edebiyat bolsa - aldawçylyk, emma hakykaty janlandyryp bilyän aldawçylyk. Netijede, hakykaty şöhlelendirmek - döredijiligiň esasydyr. Ony şöhlelendirmegiň üç usuly bar: birinjisi - gahryman döretmek, ikinjisi - gahrymanyň hereket etjek daş-töweregini, dünýesini suratlandyrmak, üçünjisi - gahrymanyň özüni açyp görkezjek wakany beýan etmek. Ynha, şu üçüsinden edebi eser döreýär. Öz döredijilik usulym (prossesim) barada bir-iki agyz aýdasym gelýär. Men arassa kagyz bilen galamdan gorky duýgusyny başdan geçirýärin. Hemişe-de gadymy usulda - elim bilen ýazýaryn. Işe başlamak üçin ylhamyň gelerine garaşmaýaryn. Men hiç wagt hem ylhama ynanmadym we edebi dö- redijiligi ilki bilen gara zähmet hasaplaýaryn. Başlangyçda näme boljagyny bilmeýärsiň, telim sahypany garalaýarsyň. Birden hem ýeke-täk bir söz döreýär, ol bolsa näme döretmelidigiňe, mundan näme çykjagyna düşünmäge açar bolup hyzmat edýär. Kähalat bāş, alty, on sahypa ýazýaryn, emma meniň görmek isleýän - hakyky öz durmuşy bilen ýaşaýan gahrymanym görünmeýär. Birden hem ol dogulýar we meni öz yzyna düşür- ýär. Gahrymanym özüniň dörändigini gowy bildirýänçä, onuň geljekki ykbaly anyklaşýança ýörelmedik, näbelli ýollar bilen yzyndan galman, ony hakyky, has dogrusy hyýaly dünýä getirýärin. Şeýdip iň möhüm zady aýdyp bolýar, bolup geçen ýa-da bolup biljek hadysany beyan edýärsiň. Meniň pikirimçe döredijilikde iň esasy zat - öz tejribäñi we aýtmak isleýän zadyň agramyny çekip görmek. Seniň bu toslamaň hakykata berimsiz boljakmy, biziň durmuş hakykatymyza garyşyp gitjekmi, ýaşanlarymyzyň bir bölegine siňip biljekmi? Ildeşlerim meni «Hemişe toslaýaň, hakyky bolşy ýaly gürrüň bereňok» diýip kötekleýärler. Olar: «Seniň ýazanlaryň bolmadyk zatlar» diýýärler. Bu hakykatdan-da şeýle. Hyýalda janlandyrmak meniň üçin döredijiligiň iň ilkinji özeni. Ol ýokarda aýdyp geçen, esasy üç ýolum bilen gidýär, onuň soňy, çägi yok. Eger hyýaly janlandyryşyň şol bir aýlawda aýlanyp başlasa, ony böwü- smeli we çykalga gapysyny tapmaly. Şeýdip, döredijiligiň ýene bir tarapy ýüze çykýar, ol - bolmadyk zady kagyz ýüzünde janlandyrýan duýgurlyk. Gepiň gysgasy, meniň pikirimçe, ýazyjylyk hyýala getirip bilmekde, duýgurlykda we hakykata ýakynlykda jemlenýär. Şu üçüsinden hem hekaýanyň wakasy emele gelýär. Edebiyatda köpläp, bileleşip işlemek bolmaýar. Ýazyjy diňe ýalňyz işleýär we ýalňyzlyk hem ony özboluşly jadygöýe öwürýär. Şonuň esasynda-da okyjy özüne näbelli dünýe bilen aragatnaşyga çykýar, ýazyjy bolsa duýgulary arkaly biygtyýar täze dünýe döredýändigini hem aňmaýar. Meniň düşünişimçe, bu ýagdaý islendik edebi eseriň wakalarynyň esasynda durýar. Indi iň soňky möhüm mesele - tema saýlamak. Esasy temalar bolsa, hemmämiziň bilşimiz ýaly - bary-ýogy üç sany: söýgi, durmuş, we ölüm - başga tema ýok. Şulary hem başgalar tarapyndan aýdylmadyk görnüşde ýazmaly. Bu temalar baky hem-de Adam ata döränden şu güne çenli, ähli kişi şolar barada ýazsa-da her kim özüçe döredýär. Temalaryň düşündirilişiniň esasy görnüşini tapmaly, şol hem edebi döredijilikde baş orny tutýar we okyjynyň esere bolan-gyzyklanmasyny kesgitleýär. Hekaýa ýa-da kitap tamamlanandan, neşir edilenden soň, ýazyjy üçin ölýär, ol gaýdyp ony ýatlamaýar. Emma eser doly tamamlanmadyk bolsa, awtor hakydasynda hemişe oňa dolanyp durýar. Şeýle bolanda baryny başdan-aýak gözden geçirip, nirede ýalňyşandygyňy, şowuna düşmedik keşbiň kimiňkidigini tapmaly. Özüm-ä özüm hakynda gürrüň bermegi halamaýaryn. Eserlerim-de ne maña täsir eden wakalar, ne şahsy tejribäm, ne başdan geçirmelerim - hiçisi ýokdur. Men diňe toslaýaryn ýa-da hakykatda bir direnere nokat bar bolsa, şonuň esasynda düzýärin. Hiç wagt bolup geçen zady gaýtadan gürrüň bermeýärin, oýlap düzmäge itergi berýän duýgyma daýanýaryn. Öň aýdyşym ýaly, iñ esasy mesele - tema saýlap almak, gahrymanyňy tapmak, ony nädip "diriltmelidiginiň" usulyny bilmek. Maňa iň kyn düşýän zat eserimden özümi daşlaşdyrmak bolýar. Men gahrymanlaryma erkin hereket etmäge ýagdaý döredýärin, olary islegime tabyn etmeýärin, ýogsa ýasamalyga we boş warsaka düşjegim belli. Hekaýany romandan has kyn we möhüm žanr hasaplaýaryn. Hekaýada az sahypada köp zatlary aýtmagy başarmaly, hemişe wakany gysby saklap, özüňi çäklendirmeli bolýar. Başgalaryň iki ýüz sahypada aýdýan zadyny sanaýmaly möçberde aytmak juda kyn düşýär. Şu nukdaýnazardan seretseň nowellaçy belli bir derejede şahyra çalym edýär. Şahyr hemişe öz Pegasynyň jylawyndan çekip, saklamaly bolýar. Ýogsa, sözleriň çogmasyna, yazmak maksada öwrüler-de mundan düzüwli netije çykmaz. Nowellacy üçin hem esasy mesele özüňi saklap, boş sözlülikden gaça durmakdyr. Şonuň üçin hekaýany ýaňramaga mümkinçiligi köp bolan romandan ýokarda tutýaryn. Roman ähli žanrlary: hekaýany, dramany, pelsepeli, pelsepesiz eserleri we köp dürli wakalary öz içine alýan žanr diýýärler. Hekaýa bolsa tersine, çäklendirilen, gysby, hadysany az söz bilen açyp görkezýär. Meniň göwnüme gelşine görä, ýazyjy mümkin boldugyça akyldar-intellektual bolmaly däl. Onuň düşünjeleri, pikirleri mydama juda şahsy bolýar we okyja täsir etmeli däldir, ýazyja başgalary öz düşünjesine, ideallaryna görä ýaşamaga mejbur etmek nämä gerek? Eger ýazyjy muňa kesgitli akyl ýetirse, onda nähili hem bolsa bir derejä galdygydyr. Bilşimiz ýaly akylyna gelen ähli zady ýazýan ýazyjy ýokdur: belli bir ýitgiler çekmän pikiriňi kagyza geçirmek gaty kyn, megerem bu hiç kime doly başardan hem däldir. Näçe gynanandyrsa-da bu şeýle. Ähli pikirleriňi bir eserde ýazyp gutarmak hem mümkin däl. Aýdyljak bolunanlaryň köpüsi hemişelik aýdylman galýar - döredijilik işiniň özi şeýle, dogrusy mende-hä şeýle. Döredijiligiň netijesini ýazyjy däl, okyjy kesgitleýär. Awtor eden işiniň näderejede şowludygyny bilmeýär, ol dine eseriniň kämil däldigini, aytmak islänleriniň köpüsini isleýşi ýaly aýdyp bilmändigini, şeýle-de bolsa nämedir bir zatlar aýdangyny, oňa-da okyjynyň baha bermelidigini bilýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |