16:52 Rus baleti | |
RUS BALETI
Teatr we kino sungaty
Russiýada ilkinji balet spektakly 1673-nji ýylda şa Alekseý Mihaýlowiçiň gapy teatrynda "Orfeý we Ýewridika hakynda baletiň” goýulmagy bilen başlanýar. Spektaklyň baletmeýstri N.Lim bolupdyr. Spektaklda paster I.Gregoriniň okaýan daşary ýurtly we rus tansçylary bolupdyr. Russiýada opera we balet spektakllarynyň yzygideli görkezilip başlanmagy XVIII asyryň 30-njy ýyllarynda Anna Ioannownanyň gapy teatryndan başlanypdyr. 1738-nji ýylda fransuz Ž.B.Lande tarapyndan Peterburgda tans mekebi gurnalypdyr. Häzirki Sankt-Peterburgyň (öňki Leningradyň) Horeografiýa uçilişesi öz taryhy köklerini şol tans mekdebinden alyp gaýdýar. 50-nji ýyllaryň aýaklarynda balet spektakllary özbaşdak goýlup başlanam bolsa, kähalatlarda opera spektakllary bilen aragatnaşyk saklapdyr. 1786-njy ýyllardan başlap balet spektakllary gapy teatrlaryndan başgada Kamenniý (Häzirki Uly teatr) teatrda petek satmak arkaly köpçülige tömaşa etmäge mümkinçilik döredilipdir. 80-nji ýyllaryň aýaklaryndan başlap opera we balet spektallarynyň görkezilişi diňe 1860-njy ýylda bina edilen Mariinskiý teatrynda bolup geçipdir. Opera we balet spektakllarynyň Moskwada yzygiderli görkezilişi XVIII asyryň 70-nji ýyllaryndan başlanýar. 1773-nji ýyllarda Moskwanyň terbiýeçilik öýünde balet klasy gurnalýar. Wagtyň geçmegi bilen bu klas Moskwanyň Horeografiýa uçilişesine öwrülipdir. 1776-njy ýylda şahsy opera we balet teatry açylyp, Moskwanyň Uly teatrynyň taryhy başlanýar. Şahsy teatryň hasabyna 1825-nji ýylda Moskwanyň Uly teatry açylýar. Rus baleti esasan Peterburgyň we Moskwanyň Imperatorçylyk teatrynyň direksiýasynyň hasabynda bolmak bilen ösdürilipdir. XIX asyryň başlarynda rus baletiniň ösmeginde ilkinji şahsy hojaýynlarynyň (antreprizleriň) teatrlarynda terbiýelenen krepostnoý balet truppalarynyň täsiri hem juda uly bolupdyr. Şol döwürde şahsy teatrlar Odessada, Harkowda, Kiýewde, Nižniý Nowgorotda, şeýle hem Imperatorçylyk teatrlaryň truppalarynyň köpüsinde döredilipdir. Rus balet teatrlary ilki döredilip ugranda anakreontiçlik mifologik ugra we klassyky eýýamynyň patomim balet žanrlaryna ýykgyn edipdirler. Şeýle baletler başga ýurtlardan ýörite çagyrylyp getirilen F.Hilferding, G.Anjolini, J.Kansiany, Ş.Le Pikom, balet reformatory Ž.Ž.Nower ýaly baletmeýstrlar tarapyndan goýlupdyr. Olar tarapyndan goýlan baletleri rus tomaşaçysy ýeňillik bilen kabul edilipdir. Sebäbi, goýulýan baletler mazmuny we sýužetleri boýunça rus teatr sungatyna golaý bolupdyr. Muňa garamazdan balet artistlary daşary ýurtly ýerine ýetirijiler bolupdyr. Rus balet artistleri diňe ikinji derejeli partiýalarda çykyş edipdir. Belli wagtyň geçmegi bilen rus milli tans medeniýetiniň adatlarynyň balet sungaty bilen özara golaý gatnaşygy netijesinde balet sungary öz çäklerini kesgitläp hakyky milli medeniýete öwrülipdir. Rus balet sungaty Günbatar Ýewropa reformatorlarynyň magaryflaşdyrma we klassizm eýýamynyň täzeçe ideýalaryny kabul etmek arkaly baýlaşypdyr. Bu ugurdan daşary ýurt baletmeýstrleri F.Hilferdingiň, Ž.Ž.Noweriň, G.Anjolininiň täsiri uly bolupdyr. Şolaryň güýji bilen XVIII asyryň 2-nji ýarymynda Rus balet teatrlarynda öwrenijilikli, terbiýeçilikli, uly göwrümli, köp bölümli balet spektakllary sahna çykarylypdyr. G.Andžolini A.P.Sumarokowyň "Semira” (1772) tragediýasynyň sýužetine balet spektaklyny sahnada goýupdyr. Bulardan başgada sýutaly halk tanslarynam sahna çykarypdyrlar. Rus folklory balet sazlaryna, teatrlaşdyrylan tanslara, tansçylaryň ýerine ýetirijilik sungatyna öz uly täsirini ýetiripdir. XVIII asyryň 60-njy ýyllarynda rus sazlarynyň we tanslarynyň peýda bolmagy bilen şol tanslar komiki operalarda giňden ulanylypdyr. M.A.Matinskiniň "Sankt-Peterburg Myhmanhana meýdançasynda” (1782) operasy komiki-satira ýugrulan balet bolmak bilen spektakl intermediýalaryň we diwertismentleriň hasabyna sahnada goýlup, ýokarda bellän tanslarymyz, sazlarymyz ulanylypdyr. XIX asyryň 1812-nji ýylynda Watançylyk urşy ýyllarynda rus baletiniň dikeldilmegine ýardam etmek üçin spektakllary goýujy baletmeýstrler I.I.Walberh, I.M.Ables, I.K.Lobanow, S.I.Dawydowyň, K.M.Kawosyň diwertismentlerini ulanmak arkaly balet spektakllaryny goýupdyrlar. XVIII-XIX asyrlaryň çäklerinde goýulan balet spektakllary sentimentalizme golaý bolup, rus edebiýatynda gabat gelýän täze gahrymanlar, ýönekeýje adamlar, adamlaryň arasyndaky deňlikler, gatlaklaryň arasyndaky köneden gelýän ters, ýalan dini düşünjeleri paş etmeler sahna çykarylýan spektakllaryň sasy mazmuny bolupdyr. Şeýle spektakllaryň ilkinjileri, ilkinji rus baletmeýstiri, pedagogy I.I.Walberh tarapyndan sahnada goýlup başlanýar. I.I.Walberh baletmeýstrler G.Andžoliniň we D.Kansianiniň okuwçysy hasaplanýar. Ol 1786-njy ýylda Peterburg teatr mekdebini tamamlap, gapy teatrynyň balet truppasynda solist bolup işe başlapdyr. Rudolfyň "Medeýa we Ýazon” baletinde Ýazonyň, dürli saz awtorlarynyň eserlerine garyşdyrylyp döredilen "Dönükde” Alekseýiň, Şteýnbeltiň "Romeo we Ýuliýasynda” Romeonyň, Parisiň "Ruslar Germaniýada, ýa-da Watana bolan söýgüniň yzarlanmagynda” Iwanyň keşplerini döredipdir. Ol 1794-nji ýyldan Peterburgyň teatr mekdebimde balet mugallymy bolup işläpdir. I.I.Walberh şol ýerde işlän döwründe soň ussat balet artistleri bolup ýetişen Ýe.I.Kolosowany (Hakyky familiýasy Neýelowa), A.I.Tukmanowany, Ý.Lýustihi, I.M.Ablesi terbiýeläp ýetişdiripdir. Ol ilkinji rus baletmeýstri bolmak bilen "Bagtly puşman” (1795) baletini sahna çykarypdyr. Ikinjiligine garamazdan spektakl şowly çykypdyr. I.I.Walberh Titowyň "Pawel we Wiriginýa”, "Täze Werter” (ikisem 1799), Watançylyk urşy gidip durka K.M.Kawosyň "Watana söýgi” (1812) ilkinji bolup U.Şekspiriň Şteýbeltiň işlemeginde "Romeo we Ýuliýa” (1809), K.M.Kawosyň A.Gretri bilen bilelikde erteki sýužetlerinden düzen "Rarul göksakal” (1815), Şteýbeltiň "Sandrilono" (1815) baletlerini sahna çykarypdyr. Ol umuman 40 sany täze baleti, 10 sany baleti täzeden işläp sahnada goýupdyr. XIX asyryň başlarynda rus ýerine ýetirijiligi mekdebinde esasy aýratynlyklar girizilip ugraýar. Bu täzelige I.I.Walberhiň şägirtleri, döwrüň belli tansçylary Ý.I.Kolosowa, N.P.Berilowa ýolbaşçylyk edipdirler. Rus balet sungatyna XIX asyryň 30-njy ýyllarynyň aýaklarynda, 40-njy ýyllaryň başynda fransuz arzuwçyllyk eýýamynyň täsiri aralaşyp ugrapdyr. 20-nji ýyllarda Ş.Didlo bilen A.P.Gluşkowskiniň, 30-njy ýyllarda F.Gýulen-Soryň sahna çykarýan tans garyşdyrylan dramalary arkaly ýuwaş-ýuwaşdan rus balet spektakllary kämilleşip ugrapdyr. Balet işgärleri rus arzuwçyllygyny öz içine alýan A.S.Puşkiniň, W.A.Žukowskiniň eserlerine ýüzlenipdirler. A.S.Puş-kiniň eseri boýunça kompozitot Fridrih Şolsyň (Fýodor Ýefimowiçiň) "Ruslan we Lýudmila ýa-da Gazaply jadygöý Çernomoryň agdarylmagy” (1821), K.M.Kawosyň "Kawkaz ýesiri, ýa-da Gelniň kölegesi” (1823), F.Şolsyň "Üç guşak ýa-da rus Sandrilony” (1826) ýaly balet eserleriniň hasabyna ösüp, kämillige tarap ýol çekipdir. Baletmeýstr Ş.L.Didlo tarapyndan täze žanr-drama baleti sahnada peýda bolup ugrapdyr. Şeýle balet spektaklynda pantomima bilen tans goşulyp soňundan doly tansa öwrülip sahnada liriki tans poemasy emele getirilipdir. Kompozitor K.M.Kawosyň "Zefir we Flota, "Amur we Psiheýa” baletleri ýokarda bellän ýagdaýlarymyzda sahna çykarylypdyr. Şeýle taýýarlyklar rus baletinde arzuwçyllyk serişdeleri örän aýdyňlyk bilen täzeçe ýüze çykmalara getiripdir. Baletmeýstrler Ş.I.Didlonyň, A.P.Gluşkowskiniň balet spektakllarynda çykyş edýän tansçylar A.I.Istomina, A.A.Lihutina, N.O.Gols, T.I.Gluşkowskaýa wagtyň geçmegi bilen beýik tansçylara (solistlere) öwrülipdirler. Rus balet teatrlarynda arzuwçyllyk ugruň ösmeginde baletmeýstrlar M.Taloninyň, onuň kakasy F.Taloninyň öz balet truppalary bilen Russiýada gastrollarda bolmagam uly täsir edipdir. Soň, ýokarda atlaryny bellän baletmeýstrleimiziň repertuarlaryna giren Şneýgofferiň "Silfida”, A.Adanyň "Dunaý gyzy” (1836) baletlerinde Rus tansçylary çykyş edipdirler. 40-50-nji ýyllarda Russiýada baletmeýstr Ž.Perro işläpdir. Onuň döredijiliginde spektakly goýmakda esasy zat tans hereketleriniň aýdyň bolmagy öňe sürlüpdir. Şeýle etmeklik rus baletiniň ösmeginde ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir. Ž.Perro S.Puniniň "Esmeralda” (1844 ý. Bu balet W.Gýugonyň "Hudaýyň enesiniň Pariždaky ybadathanasy” romany esasynda döredilen) "Katerina ýa-da Galtamanyň gyzy” (1846), "Korsar” (1858) baletlerinde mazmun taýdan dramaturiýa birligi, kompozision çözgüdi saklanyp, hereketiň, sahna bezeginiň, egin-eşigiň sahnadaky ýagdaýyna görä spektakldaky saz režissýoryň öňe sürmelerine doly tabyn edilipdir. Baletmeýstr Ž.Perro üçin demokratik sýužetlere ýüzlenmek adaty häsiýetleriň biri bolypdyr. W.Gýugonyň, J,Baýronyň öňdebaryjy arzuwçyllyk häsiýerlere ýugrulan eserlerine ýüzlenmegi özüne adat edinipdir. Onuň sahna çykarýan baletlerinde arzuwçyl rus artistleri Ý.A.Sankowskaýa, Ý.I.Anderýanowa, T.P.Smirnowa, I.N.Nikitin çykyş edipdirler 60-70-ýyllarda rus edebiýatynda, sazynda, şekillendiriş sungatynda realistik adatlar emele gelip ugrapdyr. Balet sungaty bolsa öňki ösüş adatlaryny saklap, diwertismentnost, güýmenje ýoluna ugrukdyrylypdyr. Şeýle adatlar Günbatar Ýewropa ýurtlarynda giňden ýaýrap, rus baletine-de öz täsirini ýetirmäge başlapdyr. Rus baletinde ýaýrap ugran bu adat esasan baletmeýstr A.Sen-Leonyň döredijiliginde köp gabat gelipdir. Onuň döredijiligi köp sanly diwertisment tanslardan we biri-birine gowşak baglaşýan sýuželerden ybarat bolupdyr. Ol hat-da S.Puniniň 1864-nji "Küýki taýçanagynam” ýokarda bellän ýagdaýymyza salypdyr. XIX asyryň aýaklarynda rus balet sungatynyň aýratynlygy Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň balet sungatyndaky ýaly feýerilere (ertekilere) rewýulara (teatr oýunlarynyň bir görnüşi) tarap ýykgyn etmändir. Rus balet sungatyndaky içki göreş XIX asyryň 1-nji ýarymyndaky dörän däpleri saklamakdan ybarat bolupdyr. Baletmeýstr M.I.Petip erteki-spektakllara, baý diwertismentlere üns bermek bilen rus balet spektakllaryna mahsus göwrümli arzuwçyllyk sýužetlerinden ybarat, Ýewropa teatrlarynyň repertuarlarynda ýitip ugran "Žizel”, "Esmeralda” spektakllaram öz repertuaryndan aýyrmandyr. M.I.Petip öz goýýan spektakllarynda tansy keşp döretmekdäki häsiýetli serişde hökmünde ulan-mak bilen esasy ünsi "pa d’ aksona” (fransuz dilinde "pas d’ akstion”. Bu özbaşdak bir görnüş bolmak bilen sazly tansyň balet hereketlerindäki sýužetleriniň ösüşişini, balet sahnasynda, balet spektakllarynda dramaturgiýa mazmunyň açylyşyny aňladýar. "Pad’ aksona” sahnada hereket edýänleriň hemmesi gatnaşýar) beripdir. M.I.Petipiň baletleri arzuwçyllyk döwrüniň baletleri bilen beňeşdireniňde köp babatda hereketsiz (statiçny), dramaturgiýa tarapdan gowşak, käbir aýratyn tanslar sahnada baletiň umumy mazmunyna doly baglanyşyksyz, muňa garamazdan tanslaryň aýry-aýry bölekleri mazmunly, kompozisiýa taýdan gutarnykly. M.I.Petipiň dramaturgiýa taýdan beýan etmäge bolan ymtylyşy balet kompozitorlaryň sazlarynyň üsti bilen suratlandyrmakda garşylyklara sezewar bolupdyr. Bu ýagdaý esasanam kompozitorlar S.Puni, A.Mikus bilen işleşende hasam duýlupdyr. Rus simfoniki sazlary tans üçin golaý bolupdyr. Kompozitor M.I.Glinikanyň "Hyýaly walsy”, "Elýetmez Aragonly gyz” operalary üçin ýazan simfoniki sazy balet sahnalary üçin ýaramly bolup, şol sazlaryň netijesinde simfoniki balet döräpdir. Balet teatrynyň täzeden ösüş döwrü P.I.Çaýkowskiniň balet sazlary bilen bagly bolup ol balete ýüzlenen ilkinji simfoniýaçy-kompozitor hasaplanýar. P.I.Çaýkowskiniň balet sungatyna salan täzeliginde heniz şonuň böwrüne çenli balet spektakllary goýulanda üsti açylmadyk saz keşpleriniň içki hereketlerine, ösüşine, göreşine girip bilipdir. P.I.Çaýkowskiniň girizen täzeligi baletmeýstrler M.I.Petipiň "Ukudaky gözelinde” (1890), L.I.Iwanowyň "Guw kölünde” (1895) azda-kände başardypdyr. Bu spektakllarda sahnadaky hereketde, tanslaryň käbir böleklerinde, duetde, ansamblyň hereketlerinde, sahna birliginiň çäklerindäki sazyň, horegrafiýaýanyň mazmunynda sazyň bütewiligine, tutuşlygyna ýetilipdir. P.I.Çaýkowskiniň sazynyň doly simfoniki häsiýetleri L.I.Iwanowyň "Guw kölündäki” guwlaryň tansynda has-da açylypdyr. XIX asyryň ahyrlarynda balet tansçylary Ý.O.Wazem, Ý.P.Sokolowa, O.I.Preobraženskaýa, M.F.Kşesinskaýa, P.A.Gerdt, N.G. we S.G.Legatylar, M.M.Fokin, M.K.Obuhow rus baletiniň meşhur tansçylary hasaplanypdyr. Şol döwürde rus baleti dünýä möçberindäki ilkinji ýerleri eýeläpdir. Dünýä tejribesinde rus baleti öz repertuaryny we ýerine ýetirjilik adatlaryny saklap bilipdir. Şol döwürlerde dünýäniň köp ýurtlarynda balet sungaty doly pese düşmelere baryp ýetipdir. XX asyrdan başlap dünýä ýurtlarynda balet sungatynyň täzelenmegi, galkynyşa eýe bolmagy rus balet sungatyna bagly boup galýar. Has takygy şol döwürde köp ýurtlarda balet sungatynyň galkynmagy üçin tus baleti çeşme bolup hyzmat edipdir. 20 asyryň başlarynda rus balet sungatynda öňki geçilen ýola täzeden ser salmak, horeografiýa sungatyna täze estetiki garaýyşlary girizmek ýaly zatlar peýda bolup ylgapdyr. Balet sungatynda reforma geçirmekligiň awtory baletmeýstr M.M.Fokin bolupdyr. Ol XX asyryň başlarynda rus çeperçilik intelligensiýasynyň beýik wekilleri A.A.Blok, W.Ý.Brýusow, W.A.Serow, A.N.Benua, A.Ýa.Golawin, L.S.Bakst, I.F.Strawinskiý bilen golaý döredijilik aragatnaşyk saklamak arkaly rus baletine, şol döwrüň rus sungatyna, şol döwrüň keşplerindäki ideýa-mazmuny girizmek meselesini orta atypdyr. M.M.Fokiniň sahna çykarýan spektaklarynda joşgunly psihologik keşpler, häzirki zaman adamsynyň dünýäni golaýdan duýuşy, horeografiýa sungatynyň dürli serişdeler arkaly döredilşi öňe sürlipdir. M.M.Fokin balet sungatynyň sahnada ýeketäk sazly-dramaturgiýa, gözelligi öz içine alýan çeperçilik mazmuna eýe bolmagyny talap edipdir. Ol döwrüň beýik hudožnikleri A.N.Benua, L.S.Baket, A.Ý.Golowin bilen galaý döredijilik gatnaşykda bolup Rus we Ýewropa kompozitorlarynyň simfoniki sazlaryna ýüzlenipdir. M.M.Fokin nusgawy tanslaryň ösmegine öz garaýşyny mälim etmek bilen, tans sungatyna çäk goýýanlara, köre-körlük bile bir gaýtalanyny gaýtalap, subutnamasyz öňe sürmelere (dogmatizme) garşy bolupdyr. Ol şol bir gaýtalanýan sada balet hereketlerine garşy bolmak bilen tans hereketleriniň dürli görnüşlerini çäklendirmekligiň ýalňyşdygyny bellemek arkaly täze hilli balet hereketleriniň üstünde yzygiderli işlemelidigini, olary çeperçilik taýdan ösdürmelidigini öňe sürüpdir. M.M.Fokin reformator hökmünde çykyş etsede geçmişiň bahasyna ýetip bolmajak, ýaşamaga ukyply balet sungatynyň adatlaryny saklap galmalygyň zerurlygyny belläpdir. Onuň sahna çykarýan baletlerinde arzuwçyllygyň täze häsiýetleri peýda bolmak bilen köplenç ýagdaýda impressionizme bolan täsirlerini, meýillerini güýçlendiripdir. Ol taryhyň dürli eýýamyna degişli spektakllary sahna çykaranda häzirli zaman adamsynyň dünýäni duýşyny, kabul edişini ýüze çykarmaga synanyşypdyr. M.M.Fokin I.F.Strawskiniň "Şopeniana” (1908), "Şährizada” (1910), "Jüýje horaz (1911), M.Raweliň "Dafnis we Hloýa” (1912) baletlerinde adamlaryň dünýä garaýyşlaryny ilkinji hatarda goýupdyr. M.M.Fokin öz halypalary M.I.Petipanyň, L.I.Iwanowyň balet sungatyndaky salan ýoluny ösdürmek bilen täze görnüşli, häzirki zaman baý dramaturgiýa çözgütli balet spektakllary bilen sahnany bezäpdir. M.M.Fomin täzäçilligini onuň özi bilen bir wagtda baletmeýtr A.A.Gorskiý durmuşa geçirmäge çalşypdyr. Ol spektaklda dramaturgiýanyň bitewiligini saklamak, sýužetler ösdürilende realistik esaslary (motiwirowka) gözlemek, tansçylardan realistik mizanssenany talap etmeklik, şahsy keşplerde, gahrymanlarda, köpçülikleýin sahnalarda real duýgyny, gaýgy-hasraty berip bilmekligi gazanmak baletmeýstriň esasy wezipesi hasaplapdyr. Onuň şu öňe sürmeleri N.K.Simonowyň sazyna sahna çykaran "Gudulynyň gyzy” (1902), A.F.Arendsyň sazyna sahna çykaran "Salambo” (1910) spektakllarynda ýokarda bellänlerimiz geregiçe aýdyňlygy bilen ýüze çykarylypdyr. M.M.Fokiniň we A.A.Gorskiniň daşyna meşhur rus balet tansçylary ýygnanypdyr. Olardan A.P.Pawlowa inçe, çeýe sazlaşygyň tehnikasynyň aýdyňlygyny, keşplerde adamçylygyň ýokary ruhubelentligini döredip bilmegi, tansçylar W.F.Nižinskiý, T.P.Karsawina, Ý.W.Gelser, W.D.Tihomirow, M.M.Mordkin öz ýerine ýetirýän tanslarynda arzuwçyllygy real hakykatyň üsti bilen açyp bilmekligi ussatlarça başarypdyrlar. M.M.Fokiniň rus baletine girizen tazelikleri Günbatar Ýewropa ýurtlarynda uly özgerişikleri döredipdir. M.M.Fokiniň "Rus balet möwsümi daşary ýurtlarda”, S.P.Dýagilýewiň "Rus baleti” truppalarynyň gastrol çykyşlary Ýewropa ýurtlarynda balet sungatynyň ösmegine belli bir derejede goşant goşupdyr. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |