21:14 Rus sowet sazly teatry | |
RUS SOWET SAZLY TEATRY
Teatr we kino sungaty
Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, rus saz sungaty özüniň täzeçe ösüş döwrüne başlaýar. Rewolýusiýadan soň teatrlar halk diňleýjileri-işçiler, esgerler, krestýanlar (oba daýhanlary) üçin açylyp blapdyr. Öňdebaryjy sungat işdärleri öňden gelýän nusgawy adatlary saklap, saz sungaty bolan operany döwrüň talaplaryna görä ösdürip başlapdyrlar. 1917-nji ýyldan başlap ýurdiň iň iri teatrlaryndan başlap ähli teatrlar döwletiň garamagyna geçirilipdir. Sowet häkimýetleriniň ilkinji ýyllaryndan başlap, öňden gelýän klassyky we gadagan edilen operalary täzeden işläp, teatrlaryň repertuarlaryna goşup başlapdyrlar. N.A.Rimskiý-Korsakowyň "Altyn horazjygynyň”, "Kaşeý Bessmertnisiniň”, M.P.Musorgskiniň "Boris Godunowynyň” 1928-nji ýylda Leningradyň opera we balet teatrynda (öňki Mariinskiý teatr) sahna çykarylmagy uly hadysa hökmünde garşylanypdyr. "Boris Godunow” awtoryň öz redaksiýasynda goýlupdyr. Opera medeniýetiniň merkezi öňküleri ýaly Uly we Mariinskiý (öňki) teatrlary bolmagynda galypdyr. Sebäbi, bu iki teatrda aýdymçylar F.I.Şalýapin, A.W.Neždanowa, I.W.Ýerşow, L.W.Sobinow, N.A.Obuhowa, K.G.Deržin-skaýa, W.R.Petpow, dirižýorlar W.I.Suk, M.M.Ippolitow-Iwanow, A.M.Pazowskiý, D.I.Pohitonow, N.S.Golowanow, E.A.Kuper, W.A.Dranişikow, S.A. Samosud, režissýorlar W.A.Losskiý, Ws..E.Meýerhold, I.M.Lapiskiý ýaly teatr ägirtleri jemlenipdir. Repertuary baýlaşgyrmak, saz eserlerini häzirki zaman talaplaryna golaýlaşdyrmak üçin köne operalara tazeden seretmek synanyşyklary edilipdir. Öňden gelýän "Gaýgy” operasyndan "Kommuna ugrunda göreş” operasyny, "Iwan Susanin” operasyndan ,,Orak we çekiç” operasyny döretmek ýaly işlere-de baş goşulypdyr. Şol döwürde daşary ýurt operalaryny sahna çykarmak ugrunda-da belli bir işler edilipdir. Daşary ýurt kompozitori A.Bergiň "Wossegi” iň ýörgünli operalaryň biri bolupdyr. 20-nji ýyllarda häzirki zamana degişli A.P.Gladkowskiý bilen M.W.Prusskanyň "Gyzyl Petergrad ugrunda” (1925), graždanlyk urşuny öz içine alýan A.F.Pasenkonyň "Bürgütleriň gozgalaňy” (1925), rewolýusion geçmişe degişli W.A.Zolotarýowyň "Dekabristler” (1925) peralary sahna çykarylypdyr. 20-nji ýyllarda sazly teatra W.W.Barsowa, A.S.Pirogow, M.O.Reýzen, I.S.Kozlowskiý, M.D.Mihaýlow, N.K.Peçkowskiý, W.P.Sliwinskiý, N.S.Hanaýew, S.Ý.Lemeşýew, M.P.Maksakow ýaly täze wokalçylar goşulypdyrlar. Wokalçylardan başga A.W.Gauk, W.W.Nebolsin, B.E.Haýkin ýaly dirižýorlar, L.W.Baratow, N.W.Smoliç ýaly režissýorlaram işe başlapdyrlar. Sowet saz sungatyny ösdürmekde K.S.Stanislawskiý bilen W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň ähmiýetleri uly bolupdyr. K.S.Stanislawskiý Uly teatryň ýanyndaky Opera studiýasyna ýolbaşçylyk eipdir. Ol şol ýerde ýaş aýdymçylary-artistleri terbiýelemek bilen olara-da saz bilen sahnanyň ýakymly sazlaşygyny öwretmäge çalşypdyr. Onuň goýan spektakllary täzeçe režissýorçylyk baha bermek (traktowka), realizme çuňňur psihologik taýdan aralaşmak arkaly tapawutlanypdyr. W.I.Nemirowiç-Dançenko Moskwanyň Çeperçilik teatrynyň (MHAT-yň) studiýasyna ýolbaşçylyk etmek bilen goýan sazly spektakllary MHAT-yň realistik garaýyşlaryndan ugur alypdyr. 30-njy ýyllarda sazly teatrlarda realizmiň milli adatlardaky häsiýetleri ýüze çykyp ugraýar. Şol ýyllaryň saz eserlerindäki esasy mazmun rus halkynyň taryhdaky azat edişlige bolan göreşlerinden ybarat bolupdyr. W.W.Želebunskiniň "Kamarinli erkek" (1933), A.F.Geigiň "Alyp gitmäniň ugrunda” (1934), S.I.Potoskiniň "Böwüsme” (1930), A.A.Dawidenko bilen B.S.Şehteriň "1905-nji ýyl” (1935) operalary rus halkynyň azatlyga bolan taryhy göreşlerini beýany edilipdir. I.I.Dzeržinskiniň "Ýuwaş dony” (1935 ý. 2-nji redaksiýasy 1955) operasyny sahna çykarmagy bilen sowet opera döredijiliginde täze döwür başlanýar. Bu operda rewolýusiýa we graždanlyk urşy döwrüniň wakalary öz beýanyny tapypdyr. Operada sazly aýdym žanry gahrymanlaryň keşpleriniň düýp manysyny bermäge geregiçe ýardam edipdir. Bu opera 30-njy ýyllarda O.S.Çişkonyň "Bronenoses Potýomkin” (1937), I.I.Dzeržinskiniň "Göterilen tarp” (1937), T.N.Hrennikowyň "Tupana tarap” (1939), A.A.Kasýanowyň "Stepan Razin” (1939) ýaly operalaryň döremegine täsir edipdir. Ýurduň durmuşynda operalara belli bir derejeli hadysa hökmünde garalmagyna D.D.Şostakowiçiň "Msen uezdinden bolan ledi Makbet” (1934). Bu operanyň rus görnüşi "Katerina Izmaýlowa” atlandyrylypdyr. Opera özünde tragik güýji, satirik ýitiligi jemlemek bilen lirizmiň üsti bilen berlipdir. Opera Moskwanyň, Leningradyň teatrlarynda goýulandan soň, esassyz tankyda sezewar edilip repertuardan aýrylypdyr. Bu opera diňe 1963-nji ýyldan soň täzeden işlenilip sahna çykarylýar. Uly aýdyňlygy, şireli žanr häsiýetliligi bilen Fransuz Galkynyş eýýamynyň keşpleri esasynda döredilen D.B.Kabelýewskiniň R.Rollanyň "Koli Brýunon” atly eseri boýunça döredilen "Klamsiden bolan ussa” (1938) operasy, S.S.Prokofýewiň reçitatiw deklomasiýa görnüşde ýazylan, graždanlyk urşy döwrüniň wakalaryny açyp görkezýän "Semýon Kotko” (1940) operasy öz döwründe tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp bilen saz eseri hasaplanýar. 30-njy ýyllarda RSFSR-de sazly teatrlar özleriniň uly baýlygy, geriminiň giňligi bilen tapawutlanypdyr. Uly teatr rus klassyky eserlere täzeden ýüzlenip ugraýar. Kompozitor M.I.Glinikanyň "Iwan Susanini” (1940) şahyr S.M.Gorodeskiniň täzeden işlän ýazgysynyň esasynda sahna çykarylypdyr. S.M.Gorodeskiý kompozitor M.I.Glinikanyň operany döreden döwründäki göz öňünde tutan watançylyk pikirlerini dolulygyna opera girizmegi başarypdyr. S.M.Kirow adyndaky opera we balet teatry W.A.Dranişnikowyň ýolbaşçylygynda kompozitor J.A.Rossiniň "Wilgelm Tell”, kompozitor J.Werdiniň "Luiza Miller”, A.M.Pozowskiniň ýolbaşçylygynda P.I.Çaýkowskiniň "Jadygöý” operalarynyň täzeden sahna çykarylmagy gazanylypdyr. Teatrda şol döwürde dirižýorlar D.I.Pohitonow, S.A.Samosud, A.Ş.Melik-Paşaýew, aýdymçylar G.M. Nelepp, A.P.Iwanow, S.P.Preobraženskaýa, Ýe.D.Kruglikowa, A.A.Halylýewa, N.D.Şpiller,W.A.Dawydow, režissýor B.A.Pokrowskiý işläpdirler. 1926-njy ýylda Moskwada W.I.Nemirowiç-Dançenko adyndaky Sazly teatryň açylmagy "Sowet operalary üçin synag meýdançasyna öwrülipdir. Bu teatr 1941-nji ýyldan K.S.Stanislawskiý we W.I.Nemirowiç-Dançenko adyny göterýär. 1918-nji ýylda Leningratda Kiçi opera teatry açylýar. 1931-nji ýylda Kuýbyşýew şäherinde opera we balet, 1935-nji ýylda Gorkiý şäherinde A.S.Puşkin adyndaky opera we balet, 1928-nji ýylda Saratow şäherinde N.G.Çernyşýewskiý adyndaky opera we balet, 1945-nji ýylda Nowosibirskide opera we balet teatrlary açylyp işe başlapdyr. 1934-nji ýyldan başlap saz sungatynda täze bir hadysa Radiokomitet tarapynda opera aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde radionyň üsti bilen operalar ýaýlyma berlip ugrapdyr. Radionyň üsti bilen ýaýlyma goýberilýän operalara dirižýorlar G.Sebastýan, O.Frid, A.I.Oplow we başgalar ýolbaşçylyk edipdirler. Rus opera mekdebi sazly teatrlary döretmekde SSSR halklaryna uly täsir edipdir. Rus kompozitorlar doganlyk halklaryň kompozitorlary bilen golaý aragatnaşykda bolup saz eserlerini bilelikde döredipdirler. Kompozitor R.M.Glier G.Sadykow bilen, kopozitorlar W.A.Wlasow we W.G.Fers A.Maldybaýew bilen döredipdirler. Şeýle bilelikde işlemek Türkmenistanda-da dowam etdirilipdir. Kompazitor Ý.S.Meýtus bilen G.Gulyýew, D.Öwezow, kompozitor A.Şapoşnikow bilen D.Öwezow we başgalar bilelikde döredipdirler, işläpdirler. 1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşy döwründe kompozitorlarda watançylygy, gahrymançylygy wasp etmeklik has-da ýokary galypdyr. Kompozitor D.B.Kabalýewskiniň "Ot içinde” (1942) operasynda duşmany oda deňäp şol ody söndürmäge halky çagyrsa, kompozitor M.W.Kowal özüniň "Ýemelýan Pugaçýew” (1942) operasynda rus halkynyň geçmişindäki gahrymançylyklaryň üsti bilen halka ruhy güýç bermäge synanşypdyr. Kompozitor S.S.Prokofýew "Uruş we parahatçylyk” (1-nji redaksiýasy 1944-nji ýyl, 2-nji redaksiýasy 1955 ý.) operasynda rus halkunyň ýokary ahlak aýratynlyklaryny açmak bilen, rus saz sungatynyň ägirt güýjüni, gahrymanlaryň häsiýetlerindäki aýdyňlygy bermek arkaly, dramaturgiýadaky täzeligi sazyň diline geçirmegi ussatlarça başarypdyr. Urşuň tamamlanmagynyň ilkinji ýyllary sazly teatrlaryň ösüşi gowşap, diňe 50-nji ýyllarda özüne gelip başlapdyr. Kompozitor D.W.Kabalýewskiniň 'Tarasyň maşgalasy” (2-nji redaksiýasy 1950), S.S.Prokofýewiň "Hakyky adam hakynda powest” (ýazylan wagty 1948-nji ýyl, sahna 1960-njy ýylda çykarylypdyr) operalaryň ikisine-de mylaýym saz we aýdym heňleri siňdirilip reçitatiw-deklamaiýa görnüşinde sahna çykarylypdyr. Halkyň taryhy-epiki göreşini suratlandyrýan Ý.A.Şanoriniň "Dekabristler” (1953-nji ýylda şeýle at bilen W.A.Zolatarýewiň operasy 1925-nji sahnada goýlan) operasynda rus dworýan rewolýusenerleriniň taryhy keşpler janlandyrylypdyr. D.W.Kabalýewskiniň graždanlyk urşunyň gahrymanlarynyň keşbini suratlandyrýan "Nikita Werşinin” (1955) operasy halkyň sazly-drama adatlary esasynda ýazylypdyr. W.I.Muradeliniň "Oktýabr” (1961) operasynda ilkinji gezek opera serişdeleriniň üsti bilen W.I.Leniniň keşbini açmaga synanyşyk edilipdir. Operada aýdym žanryny ösdürmeklik M.Gorkiniň adybir eseri esasynda T.N.Hrennikowyň "Ene” (1957) operasynda dowam etdirilipdir. R.K.Şedriniň "Ýeke bir söýgi hem däl” (1961) operasynda häzirki zaman çastuşkalary bilen baglylykda labyzly (intonasiýaly) täze saz heňleri goşulypdyr. Uruşdan soň komediýa žanrly operalarada üns çekilipdir. S.S.Prokofýewiň "Buthanadaky okuw” (Ýazylan wagty 1940-njy ýyl, sahnada 1946-njy ýylda goýlupdyr), U.Şekspiriň eseri boýunça W.Ý.Şebaliniň "Nadaranyň nogtalanyşy” (1957) T.N.Hrennikowyň "Frol Skobeýew” (1950) komediýalarynda aýdyň, lirizme ýugrulan psihologik häsiýetler şireli žanrlaryň üsti bilen berlipdir. Şol ýyllarda liriki-psihologik häsiýetler A.E.Spadawwekkianyñ "Gögeýin” (1957), K.W.Molçanowyň "Del Korno köçesi” (1960), W.N.Trambiskiniň "Gazma nagyşçy Nastýa” (1963) operalarynda geregiçe ösdürilipdir. 50-60-njy ýyllarda opera teatrlarynyň repertuarlarynyň köp bölegini Sowetler döwründe sahnadan düşürilen nusgawy operalar eýeläp başlaýar. Şol göwürde Rus Sowet opera sahnasyna aýdymçylar A.F.Kriwçenýa, P.G.Lisisian, I.I.Maslennikowa, L.I.Maslennikowa, A.P.Ogniwsew, I.K.Arhipowa, G.P.Wişnewskaýa, A.A.Iwanow, I.I.Petrow, K.A.Laptew, Ý.G.Kibkalo, dirižýorlar E.P. Grikurow, Ýe.F.Swetlanow, G.N.Roždestwenskiý we beýlekiler gelip goşulypdyrlar. 60-njy ýyllardan soň, sazly konsertler bilen bir hatarda opera eserleri radionyň, telewideniýanyň üsti bilen diňleýjilere, tomaşaçylara ýetirilip ugrapdyr. 1964-1965-nji ýyllarda S.S.Prokofýewiň "Oýunçy”, "Üç apelsine bolan söýgi” we Günbatar Ýewropa awtorlarynyñ operalary yzygiderli radio, telewideniýäniñ üsti bilen ýetirilipdir. Rus klassyky operalar bilen bir hatarda sowet döwründe doredilen saz eserleriniň çägi giňäp ugrapdyr. Uly teatr Italiýa, K.S.Stanislawskiý we W.I.Nemirowiç-Dançenko adyndaky sazly teatr GDR-e (Germaniýa) yzygiderli gastrollar gurapdyr. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |