22:28 Rus teatry | |
RUS TEATRY
Teatr we kino sungaty
Rus drama teatry özüniň gözbaşyny uzak geçmişden alyp gaýdýar. Rus teatrynyň geçmişi halk oýunlary, halk adatlary we baýramçylyklary, halk sazlaryny we aýdymlaryny ýerine ýetirjiler bilen golaý aragatnaşykda bolup drama hereketleriniň emele gelip ugramagyna ýol açypdyr. Ýönekeýje halk oýunlarynyň teatra öwrülmegine "skomoroh” aktýorlar sebäp bolupdyrlar. Olar ilkinji bolup halk oýunlaryny, halk adatlaryny şäher meýdançalarunda, oba ýerlerinde halk köpçüliginiň öňünde, barly adamlaryň gapylarynda özbaşdak ýagdaýda ýerine ýetirip başlapdyrlar. Skomorohlaryň - aktýorlaryň sungaty köp taraply bolup, olar komiki-gülküli, satiriki tankydy, sahna söhbetdeşlikli, aýdymly-sazly, göz bagçylykly, gurjakly, kähalarlarda eldeki edilen haýwanly-aýyly çykyşlary gurapdyrlar. XI asyrlardan başlap skomorohlaryň - aktýorlaryň sungatynyň ösüşi barada ilkinji gezek 1068-nji ýylda bellenip geçilipdir. Skomorohlar - aktýorlar çykyşlaryny tatar-mongol basybalyjylarynyň döwri bolan XVI asyrda-da, umumy rus ýokary galyş döwründe-de ösmegini dowam etdirip sungatyň professional derejesine golaýlapdyr. "Poteha oýunlary” ("poteha”- teatr bolmak bilen "skomorohlar” yzygiderli belli adamlryň, boýarynlaryň gapylarynda çykyşlaryny dowam etdiripdirler. Gerek wagty rus şalarynyň öňünde-de ussatlyklaryny görkezmegi başarypdyrlar). Skomorohlar buthana wekilleriniň garşylyklaryna garamazdan dürli ýollar bilen halka zorluk-sütem getirýänleriň üstünden gülmek arkaly şatlyk paýlamaklaryny dowam etdiripdirler. Buthana wekilleriniň irginsiz edýän arzlaryny göz öňünde tutup 1648-nji ýylda şa Alekseý Mihaýlowiç skomorohlaryň çykyşlaryny gadagan edipdir. Güýç bilen arasy kesilen sungat rus teatryna ýetirýän täsirini dürli ýollar bilen dowam etdiripdir. Skomorohlar potehalardaky tärlerini satirada dowam etdirip balagurçylyk (balagurçylyk - degişme, bäşilik, henek, ýomak atmak) ýaly görnyşleriň üsti bilen amala aşyryp, dini wekilleriň, täjirleriň gysgançlygynyň, krepostnoý baýlaryň gazaply şalaryň üstünden gülmeklerini dowam etdirmekligi başarypdyrlar. Döwrüň ýagdaýyny ýiti duýup bilmeklik, ýurtdaky dyrmuşyň real hakykatyna düşünmek arkaly satiranyň ugryny halk teatryna tarap ugrukdyrmakda skomorohlaryň-aktýorlaryň alyp baran ussatlyklary şu günüň rus teatrynyň sakasy bolmagynda galýar. Russiýadaky buthana teatrlary skomorohlaryň "şeýtan oýunlaryna” garşy durupdyrlar. Buthana teatrlarynyň alyp barýan işleri hiç-hili üstünlikden peýdalanmandyr. Olaryň dürli adatlary öňe sürüp taýýarlaýan "aýagyňa täret almak”, kürreli gitmek” ýaly çykyşlary özüniň baý bezegine garamazdan tomaşa edýänleriň islegini ödäp bilmändir. Olaryň skomorohlardan täsirlenip döreden "pyýada hereket” oýunlaram pateha - teatr derejesine ýetmekden bärden gaýdypdyr. Şol döwürde rus buthana wekilleri özlerine dünýewiligiň aralaşmagyndan gorkup, buthana teatrlaryny döretmekden daşlaşypdyrlar. XVI asyryň aýaklarynda XVIII asyryň başlarynda Russiýada mekdep teatrlaryny döretmek işine üns güýçlendirilipdir.Mekdep teatrlary ilkinji sapar Kiýewiň, Moskwanyň dini akademiýalary tarapyndan döredilip ugrapdyr. Bu ýerlerde dini sýužetlere baý göçme manyly, şol döwrüň gündelik talabyna laýyk häsiýetli pýesalar goýlupdyr. Muňa garamazdan Rus döwletiniň ylma bolan islegini kämilleşdirmek hem göz öňünde tutulypdyr. Esasanam Simeon Polowskiniň "Azgyn ogul hakynda komediýa” diýen pýesasynda bu ýagdaý öňe sürlüpdir. Mekdep teatrlaryndan pýesanyň mazmynynyň, görnüşiniň talap edilmeginden başga-da, keşpleri ýerine ýetirijiden joşgunlylyk, daşky dabaralylyk, deklomasiýany oňat okap bilmeklik talaby güýçli bolupdyr. Mek-dep teatrlarynyň pýesalarynyň hataryna intermediýalaryň, kähalatlarda gülküli, satiriki sahnajyklaryň goşulmagynam ýola goýupdyr. Şeýle sahnajyklar ,skomorohlaryň çykyşlaryna örän golaý bolupdyr. Akademiýanyň okuwçylary dynç alyşa çykan wagtlary şäherlerde, obalarda spektakl bilen çykyş edipdirler. Olar öz oýnaýan spektakllaryna tomaşaçylaram çekip, olaryňam spektaklda oýnamaklaryny gazanypdyrlar. Şeýle ýagdaýda Rus teatrlarynyň ilkinji teatr medeniýet öjaklarynyň döremegine ýol açylypdyr. Russiýada 1672-nji ýylda gapy teatry gurnalypdyr. Şeýle teatr boýar A.S.Matweýewiň tabşyrygy boýunça ruhany I.G.Gregoriý tarapyndan gurnalyp, şol truppa Moskwada ýaşaýan daşary ýurtly ýaşlar alnypdyr. Truppanyň çykyş etmegi üçin şa Alekseý Mihaýlowiçiň Moskwanyň etegindäki tomusky bolýan rezidensiýasy saýlanyp alynýar. Şol ýerde "Komediýa köşgi” (horomina”) gurulýar. Bu ýerdäki goýulýan spektakllaryň sýužetleri Injilden alynýanam bolsa, esasy mazmun Russiýanyň we onuň şasynyň beýikligine tomaşaçy düşer ýaly edilip syrykdyrylypdyr. Bu ýagdaý esasanam "Iudif”, Artakserksowa hereketinde” pýesalarynda aýdyň duýlupdyr. Bulardan başga- da durmuşy degişmeleri öz içine alýan sahnajyklaram goýulypdyr. "Komediýa köşgünde” ýokary görnüşli buffonlary, gödek joşgunly sahnajyklary goýmak bilen birlikde iňlis komediýalaryndan alnan naturalizme degişli sahnajyklaram goýulypdyr. Şeýle sahnajiklar ruhany I.G.Gregori tarayndan täze-den işlenilipdir. 1673-ýulda I.G.Gregoriniň ýerine Çižinskiý işe başlapdyr. Ol ýaşlara aktýor ussatlygyny öwremekde meşşanlar maşgalasyndan bolan rus ýaşlaryna bil baglapdyr. Şa Alekseý Mihaýlowiç aradan çykandan soň, 1676-ýylda teatr ýapylypdyr. 1702-nji ýylda jemgyýetiň aňynyň ösmeginde ýurtda Magaryflaşdyryşyň gerekliginiň ýüze çykmagy netijesinde Pýotr I-iñ buýrugy esasynda Moskwanyň Gyzyl ploşadynda hemmeler üçin mümkinçiligi bolan "Komediýa köşgi” gurulýar. Bu teatrda I.H.Kunstanyň nemes truppasy çykyş edipdir. Ol aradan çykandan soň, 1703-nji ýyldan truppanyň ýolbaşçylygy O.Fýursta geçipdir. Truppanyň ýolbaşçysy I.H.Kunsta aktýorçylyk sungatyny öwretmek üçin berlen rus çagalary teatrda daşary ýurt pýesalary goýulýandygy, şol goýulýan pýesalaryň rus durmuşyndan örän daşdygy sebäpli rus ýaşlary tarapyndan sahna çykarylýan spektakllar hiç-hili meşhurlykdan peýdalanmandyr. Pýotr I özüniň halky teatryň üsti bilen aňly-düşünjeli etmek ugrundaky ideýasynyň I.H.Kunstada, O.Fýurstada amala aşmandygy üçin 1706- njy ýylda teatryň serişde bilen üpjün etmegini kesýär. Şondan soň teatr işlemegini bes edipdir. Pýotr I öňe süren ideýalary XVIII başlarynda Moskwanyň Slawýan-Grek-Latyn akademiýasynyň mekdep teatrynda amala aşyrylyp ugraýar. 1703-ýylda bu mekdep teatrynda "Prawoslaw dünýäsindäki baýramçylyk” spektakly goýulýar. Spektaklda Pýotr I-iñ harby ýörüşleri beýgeldilip görkezilipdir. 1710-njy ýylda bolsa "Hudaýy ýatdan çykaran gopbamsylaryň dargadylmagy” spektaklda şwed goşunlarynyň Poltawanyň eteginde derbi-dagyn edilişi wasp edilipdir. Mekdep teatrynda esasy ýeri Feofan Prokopowiçiň "Wladimir” (1905) tragekomediýasy eýeleýär. Bu tragekomediýada Pýotr I Russiýany täzeden dikeltmek we onuň ganym duşmanlaryna garşy alyp barýan göreşi göçme manyly (allegorik) ýagdaýda tomaşaça ýetirilipdir. Hemmeler üçin niýetlenen teatr ýapylsa-da, rus aktýorlary wagtal-wagtal demokratik äheňli dramalar bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmeklerini dowam etdiripdirler. Şeýle çykyşlar Pýotr I-iñ aýal dogany Natalýa Alekseýewnanyň, doganynyň aýaly Praskowiýa Fýodorownanyň guramagynda Lefortow gospitalynda bolupdyr. Spektakllaryň çeper ýolbaşçylygyny doktor Bidloo ýerine ýetiripdir. XVIII asyryň ortalarynda şa köşgüniň gapysynda daşary ýurt teatrlary-nyň gastrol truppalary öz spektakllary bilen çykyş edip başlapdyrlar. 1733-nji ýylda italýan truppasy özüniň "del arte“ komediýalary, 1740-njy ýylda K.Neýberiň ýolbaşçylygynda nemes drama truppasy gastrolda bolup öz sungatlary bilen rus tomaşaçysyny tanyş edipdir. 1742-nji ýylda Serini öz truppasy bilen XVII-XVIII asyr Fransuz dramaturglarynyň pýesalaryny rus to-maşaçysyna hödürläpdir. 1747-1748-nji ýyllarda Akkerman özüniň nemes drama truppasy bilen Russiýanyň köp ýerlerinde gastrolda bolupdyr. Bu zatlara garamazdan demokratik pikirli rus tomaşaçysyny rus milli medeniýeti gyzyklandyrypdyr. XVIII asyryň ortalarynda okuw jaýlarynda teatrlary gurnamak işine üns çekilipdir. Bu ýagdaý Rus teatrlaryny umumy milli ýokary göterlişe çagyrypdyr. 1747-njy ýylynda Peterburgyň Şlýahtyn korpusynyň okuw jaýynda, 1756-njy ýylda Moskwa uniwersitetinde teatrlar gurnalypdyr. Şol döwürlerde (1747-ýyllarda) Peterburgda gurnalýan tomaşalara I.Lukin ýolbaşçylyk edipdir. Moswada gurnalýan tomaşalara K.Baýkulaw, diwan işlerini alyp barmaga Halkow bilen Gluşkow, ýazuw Işlerini alyp barmaga Iwanow dagylar gatnaşypdyr. Ýaroslawldaky tomaşalar N.Serow tarapyndan gurnalypdyr. 50-nji ýyllaryň ortalarynda Ýaraslawlda F.G.Wolkow tarapyndan görkezilýän spektakllar uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Bu zatlara garamazdan Rus teatrlarynda dramaturglaryň, aktýorlaryň ýetmezçiligi sözüň doly manysyndaky ösüşe päsgel beripdir. 1747-nji ýylda A.P.Sumarokow tarapyn-dan ýazylan ilkinji pýesa "Horýew” peýda bolupdyr. Pýesa şol ýylyň özünde Peterbugda açylan Şlýahtin korpusynda A.P.Sumarokowyň ýolbaşçylyk etmeginde teatr sahnasyna çykarylypdyr. Şol teatrda "Sinaw we Truwor”, "Gamlet” (ikisem 1750) we A.P.Sumarokowyň birnäçe tragediýasy goýlupdyr. Sahna çykarylan pýesalaryň hemmesm üstünlikden peýdalanypdyr. Şeýle taýýarlanyş işleriniň hemmesem rus professional teatryny döretmekde uly ýardam bolup hyzmat edipdir. 1752-nji ýylda Ýaraslawldaky F.G.Wolkow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän teatr truppasy Peterburga çagyrylýar. Merkezde görkezilen birnäçe şowly spektakllardan soň, truppanyň zehinli aktýorlary A.F.Popowa, I.A.Dmitrýewskiý Şlýahtyn bölüminiň teatrynda aktýorlaryna sapak bermek üçin alnyp galynýar. Az wagt geçenden soň, Şlýahtyn bölüminiň teatryna F.G. we G.G.Wolkowlar,olaryň dört gyzdan ybarat şägirtleri Zoryna, aýal doganlar Ananinyhlar, A.M.Musina-Puşkina işe getirilipdir. 1756-njy ýylda Peterburgda (Golowkinleriň jaýynda) hemmeler üçin niýetlenen elýeterli ilkilji rus professional teatry döredilýär. Teatr truppasyna aktýorlardan başgada Şlýahtin bölüminiň teatrynda okaýanlar, F.G.Wolkowyň Ýaroslawl teatrynda işleýän birnäçe aktýorlar, şeýle hem komik aktýor Ýa.D.Şumskiý çagyrylypdyr. Teatryň truppasyna A.P.Sumarokow ýolbaşçylyk edipdir. Teatryň repertuaryny esasan rehimsiz hökmürowanlyklar, tragediýalar, satira ýugrulan komediýalar ýaly žanrlar tutupdyr. A.P.Sumarokow sahna çykarýan pýesalarynda ýurtda monarhiýanyň, dworýançylygyň hökümdarlygynyň hökmanydygyny öňe sürüpdir. Ol monarhy ýeke-täk şahsyýet hökmünde öňe sürse-de, onyň sütemkär bolman ahlak taýdan terbiýeli bolmagyny isläp, monarhyň dworýanlar üçünem mekdep bolup hyzmat etmegini ýaňzydypdyr. A.P.Sumarokowyň bu öňe sürmeleri köşk adamlarynyň we dworýan gatlaklarynyň arasynda oňa bolan gapma-garşylyklaryň döremegine alyp barypdyr. Netijede, A.P.Sumarokowyň teatryň direktory wezipesinden boşadylmagyna getiripdir. Şeýlelik-de, A.P.Sumarokowyň aktýorlaryň oýunlaryny halk sungatyndan peýdalanyp Klassizimiň esaslaryna geçmeklikdäki öňe sürmeleri gutarnykly bolmandyr. F.G.Wolkowyň sahnadaky "guduzlan” joşgunlylygy dogrusynda onuň döwürdeşleri, onuň yzyny dowam etdirijiler köp ýazgylary galdyrypdyrlar. Komik aktýor Ýa.D.Şumskiniň sahna oýunlary gadymdan gelýän skomorohow oýunlaryna has golaý bolupdyr. Rus teatr sungatynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri I.A.Dmitrewskiý Klassisizmiň wekilli hasaplansa-da kähalatlarda onuň duýgy-lary ony öňe-geljege, Arzuwçyllyga tarap ugrukdyrypdyr. Russiýada bolup geçen daýhanlar urşy (1773-1775) jemgyýetçiligi aýaga galdyrmakda fransuz rewolýusiýasy bilen arabaglanyşykda bolup, ýurtda birnäçe sosial gapma-garşylyklaryň emele gelmegine getiripdir. XVIII asyryň ikinji ýarymynda emele gelen bu ýagdaý realistik häsiýetli adatlary özünde jemläp, dramaturgiýada we aktýorçylyk sungatynda klassisizmiň garaýyşlaryna, häsiýetlerine garşy göreş yglan edilipdir. 60-njy ýyllaryň aýaklarynda sahna sungatynda we dramaturgiýada çendenaşa duýgurlygy, tolgundyryjylygy, sentimentalizmi dikeltmäge synanyşyklar başlanypdyr. 1760-njy ýyllarda W.I.Lukiniň "Söýgi bilen düzedilen Mot” (1765) "gözýaşlar komediýasy”, M.I.Werýowkiniň, M.M.Heraskowyň meşşan dramalary peýda bolup ugrapdyr. Şol döwürde esasan satiriki komediýalaryň ösüşi has ýokary galypdyr. Klassisizm tragediýalary Magaryflaşdyrma ideýalarynyň täsiri astynda öz mazmunyny üýtgedip başlapdyr. Şol bir ýagdaýda täze žanrlaram peýda bolupdyr. M.I.Popowyň "Anýuta” (1772), N.P.Nikolýewiň "Rozana we Lýubim” (1778) komiki operalarynda oba adamlarynyň keşpleri, M.A.Matinskiniň "Sankt-Peterburg myhmanhanasy” (1782) operasynda täjirleiň keşpleri geregiçe suratlandyrylypdyr. Demokratik pikirli toma-şaçyda A.O.Ablesimowyň "Jadygöý-kilwan, ýalançy we guda” (1779 ý.- Sokolowskiniň sazy esasynda), Ýa.B.Knýažniniň "Gyşarmak” (1784) atly komiki operalary uly meşhurykdan peýdalanypdyr. D.I.Fonwiziniň "Ulalyp oňalmadyk” (1782) komediýasynda rus krepostnoý gurluşyň üstünden ýiti we ajy gülünýär. W.W.Kapnistiň "Ýabeda” (1798) komediýasynda döwrüň rus býurokratiýasynyň, parahorlygynyň, çinownikçliginiň üstünden gor-kman ajy gülüpdir. Rus teatr sahnasynda dramaturglar P.Bomarşyň "Figaronyň öýlenişi” (1787), I.F.Şilleriň "Galtamanlar” (1793), şeýle hem L.Mersýeniň birnäçe pýesalary terjimede rus teatrynyň sahnasyna çykarylypdyr. Gornükli rus rewolýusioneri A.N.Radişýew rus teatr sungatynyň ynsanperwerçilige bolan ynamy, zorluga bolan garşylygy döredip biljekdigine ynanypdyr. Teatrlaryň jemgyýetçiligiň aňyna girýändigini, täsiriniň ulydygyny, şol bir wagtyň özünde çeperçilik taýdan üznüksiz ösýändiginem belläpdir. Daýhanlar urşy (1773-1775) döwründe sosial garşylyklaryň ösýän-digi täzeden işlenen halk dramasy bolan "Gaýyjakda”, dilden aýdylýan gepleşik žanry bolan "Hojaýyn we arçynda” aýdyň syratlandyrylypdyr. XVIII asyryň 2-nji ýarymynda aktýor sungatynda gahrymanlara aýratyn psihologik häsiýetleri berip bilmeklik, döredilýän keşplerde durmuşy hakykaty açyp görkezmeklik ýaly wajyp zatlara üns çekilipdir. Şeýle ýagdaýlar aktýorlar A.M.Kruiskiniň,W.P.Pomeransowyň, S.N we Ý.S.Sandunowlaryň, A.G.Ožoginiň döreden keşplerinde has-da aýdyň duýlupdyr. Şol bir wagtyň özünde I.A.Krylow, N.K.Karamzin ýaly teatr takytçylaram peýda bolup, olaryň teatr babatda ýazýan tankydy makalalaram rus teatrynyň ösmeginde belli bir derejede goşant bolup hyzmat edipdir. W.I.Lukin, P.A.Plawilşikow ýaly teatry öwrenijileriň ýüze çykmagy rus teatrynyň ösmeginde, umumy teatr babatdaky meseleleriň çözülmeginde öz netijesini beripdir. Rus teatrynda täze adatlaryň ýüze çykmagy döwlet gadaganlyklarynyň güýjemegine getiripdir. Ýazylýan pýesalar köp halatlarda mazmun taýdan üýtgedilipdir, kesilipdir. Köp pýesalary sahna çykarmak, çap etmeklik gada-gan edilipdir. D.I.Fonwiziniň "Ulalyp oňalmadyk” komediýasy kesilip mazmun taýdan tanalmaz derejesine ýetirilipdir. W.W.Kapnistiň "Ýabeda” spektakly dördünji görkezilişden soň gadagan edilip satylan petekler köýüp gidipdir. Häkimýetler tarapyndan dramaturglar D.I.Fonwizin, Ýa.B.Knýažnin, W.W.Kapnistin we başgada birnäçeleri yzarlanmalara sezewar edilipdir. 1793-nji ýylda Ýekaterina II ýörite görkezmesi boýunça Ýa.B.Knýažniniň döwlet gurluşynyň ideýalaryny öňe sürýän "Wadim Howgorodskiý” tragediýasy ýakylypdyr. Teatrlaryň repertuarlary reaksion mazmunly Ýekaterina II komediýalary we O.Ýe.Kosebunyň terjime dramalary bilen doldurylypdyr. Krepostnoý gurlyşy ýokary derejä göterýän, pomeşikleriň - "atalaryň”, "çagalaryň” krepostnoýçylyk gurluşy goldamaklaryna, şol babatda öňe sürülýän pýesalaryň sahna çykarylmagyna giňden ýol açylypdyr. W.I.Maýkowyň "Oba baýramçylygy, ýa-da Gowulyga ýugrulan” (1777) pýesasy ýokarda bellän spektakllarymyzyň hatarynda bolup sahna irginsiz çykarylypdyr. Teatrlarda diňe wagt geçirmek üçin sahna çykarylýan spektakllar yzygiderli höweslendirilipdir. Häkimýetler tarapyndan yzarlanmalar şäher teatrlarynyň ösmegini togtadyp olaryň dargamagyna çenli alyp barypdyr. Sahna çykarylýan spektakllar hiç-hili manysyz bolup tomaşaçylary "pantomima-arlekinadalar” bilen güýmemäge çalşypdyrlar. XVIII asyryň aýaklarynda krepostnoý teatrlary ýaýrap ugrapdyr. Şeýle teatrlardan Kuskowada we Ostankinoda Şeremetýew teatry, Arhangelskide Ýusupow teatry işläp başlaýar. Şol teatrlarda goýulýan spektakllar döwlet teatrlaryndan ýokarda bolupdyr. Teatrlarda işleýän aktýorlara sapak bermek üçin döwrüň iň meşhur aktýorlary çagyrylyp getirilipdir. XIX asyryň başlarynda teatrlaryň eýeleri öz teatrlaryny kommersiýa teatrlaryna öwrüp ugraýarlar. M.S.Şepkin, L.P.Nikulina-Kosiskaýa ýaly krepostnoý aktýorlar, erkin teatrlara pul gazanmak üçin oýna gatnaşypdyrlar. XVIII asyryň 70-80-nji ýyllarynda şeýle teatrlar Harkowda, Penzede, Tulada, Kalugada, Tambowda we beýleki welaýatlaryň şäherlarinde döredilipdir. Kän wagt geçmänkä-de welaýat ýolbaşçylary teatrlary hususy eýeçilige (antrepenýorlara) beripdir. 1757-nji ýylda Uniwersitet gimnaziýasynyň ýöriteleşdirilen çeperçilik synplarynda (klaslarynda) truppalar emele getirilip Uniwersitet tetry döredilipdir. 1776-njy ýylda Uniwersitet truppasy Petrowskiý (Medoksa teatry) atlandyrylypdyr. 1805-nji ýylda teatr ýangyn sebäpli weýran bolýar. 1824-nji ýylda teatr truppasy täjir Warginiň öýüne geçirilip häzirki Kiçi teatr ady berilýär. 1832-nji ýylda Peterburgda Nikolaý I-iñ aýalynyň hormatyna Aleksandrynskiý teatry bina edilýär. Bu teatr häzir Sankt-Peterburg-daky A.S.Puşkin adyndaky Akademiki drama teatry atlandyrylýar. Teatrlaryň sanynyň artmagy, ösmegi netijesinde teatrlary döwlet öz gol astyna almak niýeti bilen 1766-njy ýylda Imperatorçylyk teatrlarynyň Direksiýasy döredi-lipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu teatr döwrüň öňdäki teatryna öwrülýär. Napoleon Fransiýasynyň garşysyna bolan uruşda krepostnoý Rossiýada watançylyk häsiýetler ösüp başlaýar. Şol bir wagtyň özünde köp düpli garşylyklaram emele gelipdir. Ýurtda emele gelen rewolýusion ýokary göteriliş edebiýatda we teatrda Azruwçyllyk hereketiniň başlangyjy bolup hyzmat edipdir. Teatrlar bilen baglanyşykly çeperçilik, ylmy, dilewarlyk meseleleri "erkin” jemgiýetçiliginiň maslahatlarynda ara alnyp maslahatlaşylypdyr. A.N.Radişýewiň yzyny dowam etditiji I.P.Pnin özünüň "Russiýada Magaryflaşdyrma meseleleriniň deňeşdirilmegi dogrusynda” (1804) kitabynda teatryň jemgyýeti Magaryflaşdyrmakdaky täsiriniň uludygyny tassyklaýar. Şeýle öňe sürmeleriň netijesinde dramaturg W.A.Ozerowyň "Edip Afinada” (1804), "Dmitriý Donskoý” (1807) tragediýalarynda öz beýan edilişi bo-ýunça watançylyk ugra ýykgyn edilipdir. Şol tragediýalarda keşp döreden Ýa.Ýe.Şuşeriniň, Ýe.S.Semýonowanyň, A.S.Ýakowlewiň aktýorçylyk zehinleri giňden açylypdyr. Olar öz döreden keşplerinde klassisizmiň kadalaryndan arany açyp, döredýän keşplerine çuňňur psihologik duýgyny bermäge çalşypdyrlar. Keşplere şeýle psihiologik duýgyny berip bilmeklik I.W.Şilleriň, U.Şekspiriň tragediýalarynda-da gaýtalanyp tomaşaçynyň söýgüsine mynasyp bolupdyr. Teatrlarynyñ repertuarlarynda dworýan jemgyýetçiligindäki ýetmezçilikleriň üstünden gülmeklik I.A.Krylowyň "Täsin dükanjyk" (1806), "Gyzlaryma sapak” (1907) komediýalarynda belli bir ýeri eýeläpdir. Teatrdaky täze ösüşler, ýokary göteriliş Russiýanyň Fransiýadan üstün çykmagy bilen gazanylan ýeňşinden soň has-da belli bolupdyr. rewolýusion kružoklar bilen golaý aragatnaşykda bolan öňde baryjy rus ýazy-jylary, geljekgi dekabristler sungatyň esasy ugry romantizm we realizm bolmalydyr diýip, tassyklapdyrlar. Olar teatrlardan durmuşy bolşy ýaly suratlandyrmagy, krepostnoýçylyk gurluşy we samoderžawiýany paş etmek, ýokary graždan ideallaryny wagyz etmek, sahnada gulçulygyň, zulumkärçiligiň garşysyna göreşýän gahrymanlary döretmegi talap edipdirler. XIX asyryň 20-nji ýyllarynyň öňdebaryjy hudožnikleri bolan ýazyjylar A.N.Radişýewyň, N.I.Nowikowyň, D.I.Fonwiziniň adaty miraslaryny dowam etdirmek bilen olar epigon klassisizminda peýda bolýan reaksion garaýyşlary tankyda sezewar edipdirler. A.S.Puşkinem şol döwürde teatr meselelerine ýüzlenip estetiki garaýyşlaryny işläp düzüpdir. Ol rus teatrynda esasy tytymyň halkylykdygyny tassyklap, "adam ykbaly”, "halkyň ykbaly" dramaturgiýanyň esasy düýp mazmuny, özeni bolmalydygyny öňe sürüpdir. Şol dörüň iň ajaýyp pýesay bolan A.S.Gribaýedowyň "Akyl zerarly hasraty” (ýazylan wagty 1824-nji ýyl, döwlet tarapyndan gadagan edilip, 1831-nji ýylda sahna çykarylýar), A.S.Puşkiniň "Boris Godunowy” (ýazylan wagty 1925-nji ýylda döwlet tarapyndan gadagan edilip, 1866-njy ýylda sahna çykarylýar) atlaryny bellän şu pýesalarymyzyň ikisem "adam ykbalyny”, "halkyň ykbalyny” tomaşaça aýdyňlygy bilen ýetiren pýesalar bolyp, Rus teatr sungatynyň taryhyna giripdir. XIX asyryň 20-nji ýyllarynyň aýaklarynda sahna sungaty öz göreşini dürli ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrypdyr. Esasan Ýe.S.Semýonowanyň pýesalaryna Rasinyň, Walteriň, Lonžeperiň keşplerini salmagy uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Sungatdaky bu ýagdaýa A.S.Puşkinam, dekabristlaram uly baha beripdirler. Ý.S.Semýonowanyň gahrymanlary akýürekliligi, göwnüaçyklygy, onuşyksyzlygy, barlyşyksyzlygy bilen özüne çekipdir. 20-nji ýyllarda döwrüň öňdebaryjy toparlarynyň arasynda B.A.Karatyginiň gahrymanlarynyň keşpleri hem üstünlik getiripdir. Şol döwrüň komediýa aktýorlarynyň arasynda I.I.Sosniskiý, M.I.Walberhowa ussat hökünde tanalypdyr. 1825-nji ýylda dekabristleriň gozgalaňy ýurtda halkyň aňyny üýtgetmekde uly täsirini ýetiripdir. Şol gozgalaň A.A.Gersena rewolýusion wagyzlara ýüz urmaga, krepostnoý gurluşa we çäksiz häkimlilige (samoderžawiýa) garşy bolmaga ýol açypdyr. Ýöne, dekabristlaryň gozgalaňynyň basylyp ýa-tyrylmagy häkimýetleriň reaksion syýasatynyň güýjemegine alyp barypdyr. 1826-njy ýylda teatrlaryň hemmesi Imperatorçylyk ministrliginiň garamagyna berlipdir. 1826-njy ýylyň başyndan teatrlarda öz hökmürowanlygyny ýöretmek üçin Imperatorçylyk Ministrligi pýesalara goşmaça döwlet gadaganlyklaryny salyp başlaýar. Bu işe ministrligiň 3-nji bölümi jogapkär edilýär. Bu ýagdaý 1829-njy ýyldan her teatryň ýeketäk hökümdary hasaplanýan direk-toryn ygtyýaryna berilýär. Döwrüň iň beýik dramalarynyň biri bolan M.Ý.Lermontowyň "Maskarady” (1835-36) ýazylanam bolsa, gadaganlyga düşüp diňe 1862-nji ýylda dolulygyna Kiçi teatryň sahnasyna çykarylýar. Rus dramaturglarynyň pýesalary örän kynlyk bilen özlerine ýol açypdyrlar. Teatrlaryň repertuarlary hakykatdan daşda bolan, diňe daşky görnüşlerine bat berilen melodramalardan, boş wodewillerden doldurylypdyr. Dramaturglar N.W.Kukolnikiň, N.A.Polewoýyň, P.G.Obodowskiniň ýeke-täk hökümdarlygy wasp edýän pýesalaryna giň ýol açylypdyr. Teatrlaryň repertuarlarynyň şeýle pes ýagdaýa düşmegine döwrüň progressiw pikirli jemgyýetçiligi baş galdyryp ugraýar. Hat-da W.G.Belinskiý, N.W. Gogol ýaly beýiklerem öz tankydy makalalary bilen teatrlaryň düşen ýagdaýyny açyp, jemgyýeti göreşe çagyrypdyr. W.G.Belinskiý teatr sahna sungatyny gorap, onuň jemgyýetçilik aňyny, Arzuwçyllygy, realizmi ösdürmekde teatryň ähmiýetiniň juda uludygyny bellemek bilen ony aýdyňlaşdyrypdyr. 1836-njy ýylda N.W.Gogolyň sosial komediýasy bolan "Derňewçiniň” sahna çykarylmagy jemgyýetçilikde we teatr durmuşynda uly waka hökmünde kabul edilmek bilen reaksionerlerde gahar-gazaby döredipdir. Rus teatrynda N.W.Gogolyň bu komediýasy realizmi ösdürmekde yly ähmiýete eýe bolmak bilen dramaturgiýada teoretiki,ylmy akyma bolan garaýyşlary döretmek arkaly öz-zama-nasynyň spektakllarynda umumy ideýa-mazmyny bir birleşen, aýrylmaz bitewilige, ansambla öwürmeklige çagyrypdyr. Ol aktýor sungatynda durmuş hakykatyny gözlemek şol bir wagtyň özünde aktýordan döredýän keşbinde umumy adamzat durmuşynda bar bolan aňlatmalary "tapyp” bilmegini talap edipdir. Kiçi teatryň truppalarynda döwrüň ajaýyp aktýorlary bolan P.S.Moçalowyň, M.S.Şepkiniň ýolbaçylygynda aktýorlar öz demokratik ugurlaryny bir ýere jemlemeklige ýykgyn edipdirler. P.S.Moçalowyň gahrymanlary aktýor sungatynyñ üsti bilen emele gelen rewolýusiýanyň, arzuwçyllygyň beýik wekilleri bolupdyrlar. Ol Ferdinandanyň (1829), Karla Mooryň (1828) keşplerini döretmek bilen gahar-gazabyň garşysyna göreşijini dünýä inderipdir. Onuň Gamletiň (1837) keşbini döretmegi W.G.Belinskide begençli seslenmäni döredipdir. W.G.Belinskiý özüniň U.Şekspiriň "Gamlet” dramasynda Moçalow Gamletiň keşbinde” makalasynda uly joşgun bilen ýazypdyr. P.S.Moçalow U.Şekspiriň tragediýalary bolan "Otellosynda” Otellonyň (1838), "Korol Lirinde” Korolyň (1839) keşbini döretmek bilen ynama girip aldawa düşen gahrymanyň ýagdaýyny açýar. Rus sahna sungatynda realizmiň düýbüni tutujylaryň biri aktýor M.S.Şepkin hasaplanýar. Ol A.S.Griboýedowyň "Akyl zerarly hasratynda” Famusowyň (1831), N.W.Gogolyň "Derňewçisinde” şäher häkimi Gorodniçiniň (1836) komediýalarynda demokratik pikirli jemgyýetçiligi Russiýada krepostnoýçylyk gurluşy döredýänleriň we ony goldaýanlaryň garşysyna çagyrypdyr. M.S.Şepkin komizme itekleýän serişdäni ulanmak bilen keşplerde adatdan daşary ulaltmalara (grotesk) ýüzlenipdir. M.S.Şepkin döredýän keşplerinde hakyky ynsanperwerçilige ýüzlenmek arkaly "kiçijik” adamlaryň üsti bilen olaryňam özbaşdak duýgylarynyň, özbaşdak artykmaçlyklarynyň, özbaşdak erkin güýçleriniň, özbaşdak buýsançlarynyň bardygyny aýdyň etmegi başarypdyr. Ol I.S.Turgenýewiň "Salahynda” Moşkiniñ (1849), "Nan ýagysynda” Kuzowkiniň (1862) keşpleriniň üsti bilen "kiçijik” adamlaryň özboluşly aýratynlyklary doly açylypdyr. M.S.Şepkin Kiçi teatrda truppa ýolbaşçylyk etmek bilen, teatryň beýik pedagogy hökmünde öz hatlarynda, ýatlamalarynda, öz şägirtleri, okuwçylary bilen bolan söhbetdeşliklerinde sahna sungatyndaky gelşikly, owadan garaýyşlaryny beýan edipdir. Ol aktýoryň özüne ynalynan keşbe "keşbiň ruhy bolup girmelidigini”, dogrusy onuň "hereket edýän personažiniň hamynyň içinde boup geçýän ähli dünýäni” daşyna çykaryp bilmegini nygtapdyr. M.S.Şepkiniň döredijiligindäki tankydy realizm usuly rus sahna sungatynda öňde baryjy hereket hökmünde kabul edilipdir. M.S.Şepkiniň saha sungtyny babatda öňe sürmelerini Aleksandrinskiý teatrynyň aktýory A.Ýe.Martynow dowam etdiripdir, çuňlaşdyrypdyr. A.Ýe.Martynowyň sungatdaky baş wezipesi "kiçijik”, "peseldilen we basgylanan” adama ynsanpererçilikli gatnaşygy bolupdyr. Ol wodewellerde çykyş etmek bilen häsiýetleriň hakykylygyny, psihologik çuňlygy açmaga çalşypdyr. A.Ýe.Martynowyň A.N.Ostrowskiniň "Tupanynda” döreden Tihonyň (1859) keşbi özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlanypdyr. Demokratik ugra gönükdirilen akaba aktýorlar M.D.Lwowa-Sineskaýananyň, P.I.Orlowanyň, W,N.Asenkowanyň, W.I.Žiwokiniň döredijiliginde ösdürilipdir. Rus teatryndaky şeýle akym aktýor W.A.Karatyginiň döredijiliginde açyk beýanyny tapyp şertleýin klassik çäklere baryp ýetipdir. 30-40-njy ýyllarda merkezden uzaklarda-da ýerli teatrlaryň sany artypdyr. Şeýlelikde, ýurduň durmuşynda teatrlaryň jemgyýetçilik täsiri gitdigiçe giňäp ugraýar. Şol ýerli teatrlarda-da meşhur aktýorlar K.T.Solenik, L.I.Mlotkowskaýa peýda bolup ugrapdyr. Rus teatrynyň täze ösüş taryhy A.N.Ostrowskiniň döredijiligi bilen bagly bolup galýar. Kiçi teatrynyň sahnasyna A.N.Ostrowskiniň "Öz arabaňdan başga araba münme” (1853) atly ilkinji dramasyna sahnada görkezmeklige döwlet tarapyndan ygtyýar edilipdir. Şu pýesanyň yzyndan Kiçi teatryň repertuaryna "Garyplyk aýp däl” (1854), "Öz adamlarymyz-düşünişeris” (1861), "Tupan” (1859), "Düşewüntli orun” (1863), "Galyňsyz” (1878), "Jeňňel" (1871), 'Möjekler we goýunlar” (1875) we beýleki meşhur pýesalary yzygiderli girizilipdir. A.N.Ostrowskiniň pýesalarynyň Kiçi teatryň sahnasynda peýda bolmagy bilen teatr giňişleýin milli realistik repertuara eýe bolupdyr. Ol sahna çykarylýan pýesalaryny ýerine ýetirijilerden sahnada bütewi ansambly döretmekligi, durmuşy häsiýetleri açyp bilmekligi, personažlaryň özboluşly dil aýratynlyklaryny berip bilmekligi talap edipdir. A.N.Ostrowskiý öz sahna çykarylýan pýesalaryna gatnaşmak bilen aktýorlardan çeperçiligi, hakykaty duýmaklygy, sahna ansamblyny döretmegi, sahnada režissiýoruň işini ýokarlandyrmagy iň zerurlyk diýip bilipdir. Onuň döwrüň dramaturgiýasyny ösdürmek, hemmeler üçin niýetlenen milli teatry döretmek, teatrlarda düýpli reforma geçirmek baradaky göreşi, öňe sürmeleri esasan onuň öz pýesalarynyň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Onuň pýesalary rus teatr medeniýetiniň ösmegine, tankydy realizmiň emele gelmeginde esasy ugur bolup hyzmat edipdir. XIX asyryň 2-nji ýarymynda aktýorçylyk sungaty durmuşyň ösüş tarapynyň takyklygyny, durmuşy hakykaty, sosial ýagdaýy belli bir görnüşe getirmek ýaly zatlara ýol çekýär. Şol döwürde beýik aktýorlaryň biri P.M.Sadowskiý öňe çykýar. P.M.Sadowskiniň sungaty M.S.Şepkiniň aktýorçylyk sungatdaky adatlary bilen baglanyşykly bolup, özüniň täze ýokary hilliligi artdyryp, dramaturg A.N.Ostrowskiniň döredijiliginiň täsirine düşýär. P.M.Sadowskiý keşplerde sosial-durmuşy, psihologik häsiýetleri çuňlaşdyryp, öz döredijiliginde ýönekeýje durmuşy geregiçe belli belentlige galdyrypdyr.Onuň baş çeperçilik serişdesi aktýoryň düşnükli dili, dogry we ynandyryjy hereketi bolupdyr. XIX asyryň 50-60-njy ýyllarynda Kiçi teatrda zehinli aktýorlar L.P.Nikulina-Kosiskaýa, S.W.Wasilýew, I.W.Samarin, S.W.Şumskiý peýda bolupdyr. Aleksandinskiý teatryň beýik aktýory A.Ýe.Martynow aradan çykandan soň, onuň ýerini P.W.Wasilýew (S.W.Wasilýewiň dogany) eýeleýär. Ol beýik Rus aktýory A.Ý.Martynowyň ýoluny dowam etdiripdir. Aleksanrinskiý teatrynda durmuşy keşpleriň aýdyň ussady W.W.Strelskaýa, keşpleri özgertmäniň ajaýyp ussady W.W.Samoýlow sahnada özboluşly ýiti häsiýetli keşpleriň uly galereýasyny döredipdirler. Aleksandrinskiý teatrda şeýle ajaýyp aktýorlaryň bardygyna garamazdan repertuwara kabul edilýän ýeňil pýesalar aktýorçylyk sungatynyň jemgyýetçilik ugryny pese gaçyrypdyr. Ýerlerdäki teatrlar şol döwürde telekeçileriň ellerinde boup, demokratik pikirli intelligensiýanyň teatrlary Magaryflaşdyrjak bolup edýän göreşlerine garamazdan edenine däl diýilmeýän buržuaz-meşşan tomaşaçylarynyň isleglerini kanagatlandyrmaly bolupdyr. Bu garşylyklara garamazdan XIX asyry üçünji böleginde progressiw pikirli jemgyýetçilik ýerlerdäki teatrlara, aktýor-demokratlara öz täsirini ýetirip ugrapdyr. Şol döwürde tragik keşp-leri dörediji ajaýyp aktrisa P.A.Strepetowa A.F.Pisemskiniň "Ajy ykbalynda” Lizawetanyň, A.N.Ostrowskiniň "Tupanynda” Katerinanyň, A.Potehin bilen W.Krylowyň "Puluň töweregindäkisinde” Stepanidanyň keşplerini döredip ýönekeý rus zenanynyň hukuksyzlygynyň, ezýet çekmeleriniň garşysyna göreşi yglan edipdir. Uly joşgun bilen aktýor M.T.Iwanow-Kozelskiniň A.S.Griba-ýedowyň "Akyl zerarly hasratynda” Çaskiniň,A.N.Ostrowskiniň "Düşewüntli ornunda” Žadowyň, U.Şekspiriñ "Gamletinde” Gamletiň keşbini göretmegi jemgyýetçilik tarapyndan örän ýokary derejede garşylanypdyr. A.F.Pisemskiniň "Ajy ykbalynda” graždan paýhaslylygyny özüne siňdiren keşbi döretmek bilenem aktýor M.T.Iwanow-Kozelskiý aýratynlyk gazanypdyr. Aktýor W.N.Andreýew-Burlak A.N.Ostrowskiniň "Jeňňelinde” Arkaşanyň, N.W.Gogolyň adybir powesti esasynda döredilen "Däliniň ýazgylarynda” Poprişiniň keşp-leriniň üsti bilen bir burça gabalan "kiçijik” adamlaryň durmuşynda bolan duýgyny açyp bilmegi döwrüň batyrlygy hasaplanypdyr. W.N.Andreýew-Burlak M.Ýe.Satykow-Şedriniň "Jenap Golowlýowynda” Iýuduşkanyň satira ýugrulan keşbiniň üsti bilen berip bilmegi Russiýada dowam edip gelýän buržuaz gurluşyň çüýrükdigini, Iýuduşkalaryň adam ykballaryny çözýändiginden habar beripdir. XIX asyryň aýaklarynda käbir teatrlar P.M.Medwedow, N.N.Dýukow ýaly guruply telekeçileriň eline geçýär. Şol teatrlar özünde zehinli aktýorlardan bolan truppalary toplap goýulýan spektakllaryň medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda synanyşyklar edipdirler. Emma, şol wagtlar iň demokratik hasaplanýan teatrlaram halk üçin elýeterli bolmandyr. Halk üçin diňe çala taslanan gülküli, gödek, bihaýaçylykly masgarabazlara, sirk estradalaryna tomaşa etmekden başga zat galmandyr. Asyryň 70-nji ýyllaryndan soň, sahna çykarylýan pýesalar monarhiýanyň ideýalaryny öňe sürmeli edilipdir. Muňa garamazdan sahnada gep uruşdyrmalaryň, ýomaklaryň, improwizasiýalaryň (toslamalaryň), intermediýalaryň, kiçijik tankydy satiralaryň, urp-adatlaryň üsti bilen häkimýetlere bolan nägilelikler bildirilipdir. XIX asyryň aýaklarynda rus teatrlarynyň repertuarlary senagat pýesalary bilen doldurylypdyr. Şol pýesalaryň esasi awtorlary W.A.Krylow, W.A.Dýaçenko, M.I.Çaýkowskiý, I.W.Şpažinskiý, P.M.Newežin bolupdyrlar. Kähalatlarda daşary ýurt awtorlarynyňam eserleri ulanypdyrlar. Şeýle pýesalarda belli bir ideýanyň bolmazlygy, häsiýetleriň üstünde doly işlenmezligi, dratur-giýa mahsus bolmadyk zatlaryň garyşdyrylmagy aktýor we režissiýor sungatynyň ösmegine erbet täsirini ýetiripdir. Şeýle ýagdaýda sahna ansamblyny döretmek mümkinçiligi bolmandyr. Mazmunlar göçürmä öwrülipdir. Spektakllar bir-iki sapar zordan görkezilipdir. Sahna bezegleri diňe şol bir zady gaýtalapdyr. Döwrüň öňdebaryjy sahna ussatlary demokratik pikirli jemgyýetçiligiň goltgy bermegi bilen çeperçilik we mazmun taýdan ýokary, realizmiň ösmegine goltgy berip biljek repertuaryň düzülmegi üçin göreşipdirler. Şol göreşleriň netijesinde teatrlardan pýesalara edilýän gadaganlyk aýrylypdyr. Döwlet gadaganlygy aýrylandan soň ilkinjileriň hatarynda L.N.Tolstoýyň "Häkimýetdäki tümlük” (1895) pýesasy sahna çykarylypdyr. L.N.Tolstoýyň jemgyýetçilik ösüşi bilen baglanyşykly "Magaryflaşdyrmanyň miweleri” (1891) komediýasy sahna çýykarylýar. Şol döwürde Kiçi teatr özüniň Iň oňat adatlaryny ösdürmegini dowam etdiripdir. Döwrüň beýik tragik aktrisasy M.N.Ýermolowa Lessingiň adybir powesti esasynda Emiliýa Galottynyň, Lope de Weganyň "Fuenteowehunasyndaky” Layrensiniň, A.N.Ostrowskiniň "Tupanyndaky” Katerinanyň, I.F.Şilleriň "Orlean gyzyndaky” komediýada Ionnanyň keşplerini ussatkyk bilen tomaşaça berip bilipdir. Şol döwürde Mariýa Stýuart we beýlekiler Rus teatr sungatyny aýdyňlyga çykarmak üçim göreşipdirler. Aktýorlar F.P.Goreýew, A.I.Ýužina öz döredijiliklerini realistik ugra tarap gönükdirmekligi başarypdyrlar.Sahnada aýdyň realistik häsiýetleri döretmekde G.N.Fedotowa, M.P.Sadowskiý, O.A.Prawdina, P.M.Medwedowa, K.N.Rybakowa, Ýe.K.Leşkowskaýa, N.I.Mezulýa we beýlekiler belli bir derejede teatr sungatynyň ösmegime goşant goşupdyrlar. A.N.Ostrowskiniň pýesalaryndaky gahrymamlaryň sahna keşpleriniň giden galereýasyny döretmek bilen aktrisa O.O.Sadowskaýa uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. A.P.Lenskiý özüniň aktýorçylyk we režissiýorçylyk döredijiliginde personažlaryň medeniýetiniň içki duýgylaryny, häsiýetlerini açmakda, olary düýpliligi, guňlylygy bilen tomaşaça berip bilmekde belli bir derejede ussatlyk gazanypdyr. Sungatda realistik ussatlygyň ýokary derejeli nusgalaryny gazanmaklyk Aleksandrinskiý teatrynyň sahnasynda aktýorlar K.A.Warlamowa, W.N.Dawydowa, M.G.Sawina, W.P.Dolmatowa başardypdyr. Sahnada arzuwçyllyk adatlaryny berip bilmekligi aktýorlar M.W.Dalskiý, Ý.M.Ýurýew dowam etdiripdirler. 1860-njy ýyllaryň aýaklarynda merkezde döwlet monopoliýasynyň (häkimiýetleriň) garşy bolmagyna garamazdan hususy teatrlary döretmäge bolan synanyşyklar edilipdir. 1865-nji ýylda öwreniji we professional aktýorlaryň gatnaşmagynda "Artistler kružogy” atly teatr açylýar. Şol teatra A.N.Ostrowskiý, N.G.Rubinşteýn, Kiçi teatrdan bolan aktýor N.Ýe.Wilde ýolbaşçylyk edipdir. 1872-nji ýylda Moskwa şäheriniň Politehniki sergisinde "Halk teatry” açylýar. Bu teatry döwrüň uly senetkärleri gerekli serişdeler we pul kömegi bilen üpjün edipdirler. Şol senetkärleriň kömegi bilen merkezden uzakda bolan ýerlerden zehinli aktýorlar P.A.Strepetow, A.P.Lenskiý, M.I.Pisarýew, W.N.Andreýew-Burlak, N.H.Rybakow, W.A.Makşeýe işe çagyrylypdyr. 1882-nji ýylda döwlet monopoliýasy bolan Imperatorçylyk teatry mejbury ýagdaýda teatrlaryň üstünden edýän hökmürowanlygyndan el çekmeli bolupdyr. Şol döwürde Moswadaky "Korşa teatrynyň” truppasy meşhurlyga eýe bolupdyr. Teatryň esasy tomaşaçylary buržuaz-meşşan gatlakdan bolup, olara wagt geçirmeklik üçin oýunlar hödürlenipdir. 1880-nji ýylda Moskwada A.A.Brenko teatry, 1883-nji ýylda M.W.Lentowskiý tarapyndan "Skomoroh” teatry döredilipdir. Bu teatrlaryň ikisiniňem ugry demokratik pikirli tomaşaçylara niýetlenen bolupdyr. 90-njy ýyllarda halk öýleri döredilip şol öýlerde işçiler üçin niýetlenen spektakllar görkezilipdir. Bu öüler üçin ýörite gadaganlyklar döredilip, olar polisiýanyň göz astynda bolmaly edilipdir. Peterburgda "Wagt geçirme we haýry” atly teatr döredilýär. Ol teatryň çeperçilik bölümine A.Ýa.Alekseýew-Ýakowlew ýolbaşçylyk edipdir. Bu teatrda halk intelligensiýasy bilen baglanyşykly sahnajyklar we husgawy damalaryň gysgalydylan görnüşi sahna çykarylypdyr. XIX asyryň aýaklarynda progressiw pikirli teatr işgärleri täze teatrlary gurnamagyň ugruna çykypdyrlar. Jemgyýetçilik sungary we edebiýaty kružokda ýaş K.S.Stanislawskiý spektakllary sahnalaşdyrypdyr. Moskwanyň jemgyýetçilik filarmoniýasynyň Sazly-drama uçilişesiniň drama klasynda talyplara teatr ugrundan pedogogik terbiýe berlip başlanýar. 1898-nji ýylda K.S.Stanislawskiý we W.I.Nemirowiç-Dançenko tarapyndan Moskwada MHT teatrynyň (Moskwanyň häzirki M.Gorkiý adyndaky Çeperçilik Akademiki teatry - MHAT-yň) düýbi tutulýar. Bu teatryň ilkinji aktýorlary W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň filarmoniýa uçilişesinde okadan we K.S.Stanislawskiniň "Jemgyýetçilik sungaty we edebiýaty kružogynda” terbiýelenen ýaşlar bolupdyrlar. MHT teatrynyň peýda bolmagy bilen ýurtda jemgyýetçilik-syýasy ýokary göteriliş emele gelip, 1905-1907-nji ýyllarda Russiýada bolup geçen rewolýusiýalara taýýarlyk hökmünde kabul edilipdir. Teatr A.K.Tolstoýyň "Şa Fedor Ioannowiç” spektakly bilen 1998-nji ýylyň 14-26-njy oktýabrynda (käbir ýazgylarda 14-27-nji diýlip berilýär) açylýar. Bu barada K.S.Stanislawskiý: "Biziň maksatnamamyz öz işine başlady. Özünem rewolýusion ýagdaýda. Biz sahnada köneden galan ulgamlara garşydyk. Gerekmejek joşgunlylyklardan, deklomasiýalardan, samsyklaç şertleýinliklerden, aktýorlaryň sahnadaky geldigeçer oýunlaryndan, sahnanyň manysyna gabat gelmeýän bezeglerden bizardyk. Dowam edip gelen şu ýagdaýlar sahnada bitewi ansambly, spektakllaryň gurluşyny, teatryň repertuaryny doly bozýardy”- diýip, ýazypdy. (Eserler ýygyndysy, Moskwa, 1-nji tom, 1954-ý., sah. 189). MHT teatry A.P.Çehowyň pýesalarynyň täzeden dünýä inmeginede alyp gelipdir. Onuň "Çarlagy” (1898), "Wanýa daýysy” (1899), "Üç uýalary” (1901), "Ülje bagy” (1904) sahna çykarylypdyr. Pýesalaryň gahrymnlary öz daşlaryny gurşap alan kynçylyklardan çykmaklygy arzuw edýän intelligensiýa wekilleri bolupdyrlar. Teatrda ilkinji sapar M.Gorkiniň "Meşanlar” we "Na dne” (ikisem 1902), "Günüň çagalary” (1905) sahna çykarylýar. Bu pýesalarda ahlak taýdan bozuk adamlaryň ýurdy soraýandygy, geljekgi ýurduň eýeleri boljak garyp gatlaga zor salýandygy açylyp görkezilýär. MHT-nyň sahnasyna A.P.Çehowyň pýesalarynyň çykarylmagy bilen täze görnüşli, täzeçe pikirlenip bilýän aktýorlar toparyny ösüp ýetişýär. Ol aktýorlarda personajlaryň psihologik aýratynlyklaryny açyp bilmeklik, adalatly sözler bilen personažlaryň içki dünýäsini doly açmak arkaly sahna sungatynda bütewi ansambly döretmeklik ýola goýulýar. MHT-nyň sahnasynda hereket edýän gahrymanlaryň üsti bilen durmuş we sosial hakykat tomaşaça dolulygyna ýetirilip başlanýar. Sahna sungatyndaky ideýa-çeperçilik esasan režissýoryň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Bu ýerde K.S.Stanislawskiniň aktýor oýunlary we režissura baradaky ylmy ulgamynyň taslamalary başlanýar. Şol taslamalaryň esasynda K.S.Stanislawskiniň we W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň ýolbaşçylygynda sahna sungatynyň ägirtleri bolan aktýorlar I.M.Moskwin, W.I.Kaçalow, L.M. Leonidow, O.L. Knipper-Çehowa, M.P.Lilina ösüp ýetişýärler. Demokratik garaýyşly jemgyýetçilik intelligensiýasyna täsir etmekde aktrisa W.F.Komissaržewskaýanyň döredijiligi uly bolupdyr. Ol 1904-nji ýylda S.A.Naýdýonowyň, Ýe.N.Çirikowyň ýolbaşçylyk edýän "Bilim” neşirýatynyň gapdalynda teatr açyp onda A.P.Çehowyň, M.Gorkiniň we beýleki dramaturglaryň pýesalaryny goýmaga başlaýarlar. Merkezde we uzakdaky ýerlerde çykyş edýän aktýor. P.N.Orlenýew sahnada meşşanlar bilen bolýan gapma-garşylyklary, tutluşyklary döretmek bilen uly meşhurlyk gazanypdyr. Kiçi teatrda realistik adatlary döretmek we ösdürmek aktýor A.P.Lenskiniň döredijiligi bilen bagly bolmakda galýar. Ol 1898-nji ýylda özüniň režissýorçylyk zehinini artdyrmak maksady bilen Kiçi teatryň gapdalynda ýaşlar üçin "Täze teatry” döredýär. Teatr 1903-nji ýyla çenli işläpdir. XX asyryň 10-20-nji ýyllarynda köp teatrlar özleri üçin täzeçe döredijilikli ösüşleri gözläpdirler. Şol döwürlerde teatrlar öz ýanlarynda ýaşlar üçin täzeçe studiýalary açmaklyga başlapdyrlar. 1912-nji ýylda MHT-yň gapdalynda 1-nji studiýa işe başlar. 1816-njy ýylda MHT-yň 2-nji studiýasy peýda bolýar. Soň MHT-da Ýw.B.Wahtangow tarapyndan Talyplaryň 3-nji drama studiýasy ýaş aktýorlardan düzülipdir. 1919-njy ýylda MHT-a Akademiki diýen hormatly at dakylyp MHAT atlandyrylýar. Döwrüň zehinli aktýory we režissýory Ý.B.Wahtangow 1922-nji ýylda aradan çykandan soň MHAT-yň 3-nji studiýasy Ýw.B.Wahtangow adyndaky teatra öwrülýär. 1910-njy ýylda F.F.Komissaržewkiý tarapyndan döredilen studiýa filosofiki arzuwçyllygy wagyz ediji ýere öwrülip, mekdep hökmünde hyzmat edipdir. 1914-nji ýylda A.Ýa.Taýyrow tarapyndan Kamerniý teatryň düýbi tutulypdyr. Režissýor W.E.Meýorholdyň häsiýeti kyn gapma-garşylyklary öz içine alsa-da, onuň döredijiligi öňden gelýän adatlaryň estetikasyndan sahna täzelikleriniň düzgünlerini gözläpdir. Teatr sungaty ösdügiçe ýurdy dolandyryjy gatlak teatrlary öz täsirinde saklamak göreşini alyp barypdyr. Bu ýagdaý 1905-1907-nji ýyllardaky rewolýusiýadan soň has-da güýjäpdir. Teatrlaryň sahnasynda öňden dowam edip gelýän F.M.Dostaýewskiniň "Arwahy” esasynda sahnalaşdyrylan "Nikolaý Stawrogin”, L.N.Andreýewiň "Adam durmuşy”, Surguçýowyň "Güýzki skipka” ýaly eserleri sahna çykarmagam yzarlanypdyr. W.F.Komissaržewskaýanyň 1904-nji ýylda neşirýatyň gapdalynda döreden teatrynda, Peterburgyň köne teatryna-da (režissýory N.N.Ýewreinow) susupeslikler aralaşypdyr. Teatrlar öz sahnalaryny diňe naturalistik pýesalar bilen doldurmaga çalşypdyrlar. Bu ýagdaý Oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwam edipdir. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |