RUSLAR POLISIÝA IŞGÄRLERINE YNAM BILDIRENOK
"Sygan" lakamly Sergeý "awtoritetiñ" kimligini tanatmak üçin birnäçe sany ýaragly adamy yzyna tirkäp, Ural daglarynyñ etegindäki kiçijik obanyñ üstüni basan wagtynda, elleri aw tüpeñli, dyrmykdyr teşeli we pyçakly obaly daýhanlar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Obalylardan biri "Dat, bizi öldürmäge gelýärler!" diýip gygyran badyna, şol wagt hammamda ýuwunyp oturan Wiktor Gorodilow çalak-çulak geýnip, ýoly goramak üçin köçä çykdy.
Obanyñ aýal-gyzlary agaçlaryñ arkasyna bukulyp, agyzlaryndan hapa-paýyş sözleri ýagdyrýardy. Elli alty ýaşly Gorodilow "Meñki bilen bile üç sany sapançamyz bardy. Ýöne gelenler bizden garaw göreris öýtmän ekenler, şoñ üçin olary duzaga-da düşürip bilýärdik" diýýär. Talañçy toparyñ bir agzasy öldürildi we olar yzyna ýumlugyp, çem gelen ýere gülle ýagdyryp sowrup gaçdylar
2011-nji ýylyñ iýul aýynda ýüze çykan bu talañçylykly waka 130 adamlyk kiçijik obany we onuñ ýaşaýjylaryny raýonda narkotiki serişdeleriniñ söwdasyny ýola goýmak üçin baza hökmünde ulanmak islän Sergeý Lebedew atly talañçy bilen obalylaryñ arasynda dörän oñuşmazlygyñ netijesinde ýüze çykdy. Şol günden bärem "Sagra" sözi adamlaryñ polisiýa işgärleriniñ ýok ýerinde özlerini goramak üçin ýygnanşyp, döwlet derejesinde gazaply protest bildirmeginiñ nyşanyna öwrüldi.
Gorodilow "Bu ýurtda polisiýa indi hiç kimi gorap bilenok" diýýär. Obadan 40 kilometr daşlykdaky Ýekaterinburg şäherinde Filosofiý we hukuk institutynyñ akademigi Konstantin Kiselýow, "Polisiýa işgärleri ýa-ha parahorluga mazaly özlerini aldyrypdyr, ýa-da ýaltalaşan we syýasylaşan ýagdaýda. Ýurduñ hemme ýerinde-de ýagdaý birmeñzeş. Şonuñ üçinem adamlar öz-özlerini goramaga mejbur bolýar. Olar hukuk goraýjy edaralara ynam bildirenok" diýýär.
Moskwanyñ Döwlet Ylmy-barlaglar uniwersitetiniñ Ýokary ykdysadyýet fakultetiniñ professory Leonid Kosals soñky geçirilen barlaglaryñ netijesinde halkyñ ynamynyñ pesligi zerarly jebir çekenleriñ diñe 40%-niñ polisiýa edaralaryna arz-şikaýat bilen ýüz tutýandygyny aýdýar.
Dekabr aýynda ilat sany az posýoloklaryñ düzgün-tertipsizliginiñ görkezijisi hökmünde polisiýa bilen baglanyşykly jenaýatçylykly toparyñ bir maşgaladan 12 adamy öldüren ýeri bolan Kuşewskaýa obasy öñe saýlandy.
Içeri işler edaralarynyñ düýpli kemçilikleriniñ bardygy ýurduñ Prezidenti Dmitriý Medwedowyñ hut özi tarapyndan bellik edilip, ilkinji nobatda içeri işler edaralarynyñ işiniñ gowulanmagy we gözden geçirilmegi üçin gerekli tabşyryklar berildi. Bu çäre netijesinde 200 müñe golaý işgäriñ iş orny kemeldilip, ýurt boýunça polisiýanyñ şahsy düzüminiñ 1 milliona çenli gelmegine garaşylýar. Parahorlugy azaltmak üçin aýlyklary ýokarlandyrmak hem meýilleşdirilýär.
Emma Kosalsyñ öñe sürýän pikirine görä, mesele başga zatda, ýagny kemçikleriñ düýbi Russiýanyñ hukuk goraýjy edaralary we polisiýa raýatlaryñ hak-hukuklaryny goramagyñ ýa-da olara hyzmat etmegiñ deregine, ilkinji nobatda jemgyýetçilik tertip-düzgüni gorap saklamaga gönükdirilendiginden gelip çykýar. Munuñ netijesinde bolsa adamlar öz najatyny özleri görmeli bolýar. Olar bir problema ýüze çyksa, ýerinsw çözmek üçin goñşy-golamlaryna ýa-da garyndaş-doganlaryna ýüz tutýar.
Kosals "Bu - batypýatan "linç hukugy". Russiýada şuña meñzeş müñlerçe waka günde-günaşa bolup geçýär" diýip gynançly belleýär.
Sagradaky ýaragly çaknyşygyñ yzysüre talañçylaryñ bäşisi garakçylyk etmekde we asudalygy bozmakda aýyplanyp tussag astyna alyndy. Mundan soñ ýene iki sany talañçy ele salyndy.
Russiýa Federasiýasynyñ Ýokary gözegçilik komitetiniñ başlygy gulluk wezipesine sowuk-sala garaýandygy üçin şol raýonyñ polisiýa bölüminiñ başlygyna temmi çäresini berdi.
Gorodilow metbugat serişdeleriniñ içgin gyzyklanyp başlamagy bilen Sagra obasynyñ ýaşaýjylarynyñ birsellem meşhurlygyñ kölünde ýüzüp hezil edendiklerini aýdýar.
Hatda obada bolup geçen bu wakany teswirleýän bir şortik hem öndürilipdir. Şortigiñ üstünde "Döwlet raýatlaryna howandarlyk etmese, olaryñ öz-özüni goramagyny gadagan etmäge haky ýokdur. Sagra-2011" diýen ýazgy bar.
Seth MYDANS.
www.sethmydans.com
# TheNewyorkTimes
Jemgyýetçilik tankydy