Bibiniň ýoluna tiňkesini dikip oturan Rejebiň gözüne ahyr köçe bilen gelýän bir gara kaklyşdy. Ol aşak çökdi-de, üns bilen seretmäge başlady. Basym ony ýöreýşinden tanady. «Bibi, Bibim gelýär!». Ol şadyýan pyşyrdady.
— Köp garaşdyraýdymmy, Rejep? — Aňyrdan ýetip gelen Bibiniň sesi müýnlümi, gussalymy, garaz, birhili eşidildi.
— Wah, men saňa ömrüm boýy şu goja tut ýaly, bir duran ýerimden butnaman garaşmaga-da taýyn-a, Bibim!
— Waý-eý, agzyňdan al kakawersin, oglan. Birden garaşyp geçirmeli bolaýma ömrüňi.
Şol wagt ýaňy dogan Aýyň ýagtysyna gyzyň gussaly keşbine nazary kaklyşan Rejep, bu gürrüňiň ýöne bir degişme däldigini duýup galdy. Onuň kalbyna düşnüksiz howsala doldy:
— Näme, öýüňizdäkiler bir zat aňaýypdyrlarmy?
— Aňan Annagül anten-le, öýdäkiler eşidipdirler. Wah, günortan çaýda şelaýynsyrap oturşyndanam-a bilipdim-le, soňky habarlarynyň giçki goýberilişinde oba jar etjegini. «Gündiziň günem şo tuduň aşagyndan gaýdanoklar, gözüm bilen görmesem aýtmazdym» diýip, uly ile buşlap çykypdyr-a, haram tula.
Garaşylmadyk ýagdaýda Bibiniň getiren bu habary Rejebi biraz aljyratman durmady. Şeýle-de bolsa, basym özüni ele aldy. Bibiniň iki örüp öňüne atan saçlarynyň ujuny sypap durşuna:
— Ejeň näme diýenini bir aýt ilki? — diýdi.
— Näme diýsin ol, ilk-ä jaýa salyp ite diýmezini gurdy, «Ýüzügara etdiň» diýip. Soňam...
Bibi şondan artyk gürläp bilmedi. Bokurdagy hykga dolup, ellerini gözlerine ýetirdi. Rejep onuň çalaja silkinip giden egninden mäkäm gujaklap, bagryna basdy:
— Soň näme diýdi, Bibi? Öläýseňem ýetime bermen diýdimi?
— Şeý diýen ýaly-da. «Iliň getirýän galyňyny getirsin gyz gerek bolsa. Ýekeje manady kem bolsa-da, işigimizi açyp oturmasynlar» diýdi.
— Sen näme diýdiň?
— Men näme diýeýin, ilkinji gezek ejemiň ýüzüne-hä geldim: «O görgülide pul barmy?» diýip.
— Heý, doňy çözülmedimi onsoň?
Bibi aşak bakyp, gözýaşyny syldy:
— Rejep, o bendä-de dogry düşün, aýyp-syn ederligi ýok. Heý, gerdeninden sekiz müň manat bergisi basyp duran adamyňam doňy çözülermi? «Bizem karz-kowal edip öýerdik agaňy. Olaram edäýsin iliň edýänini» diýdi.
— Owf-ff, men onça puly nireden tapaýyn, nireden?! Özüm-ä ýaňy gullukdan geldim. Gelnejem dagyda-da... — Häli öýden gaýdanda Gymmatyň aýdan sözleri Rejebiň gulagynda ýaňlanyp gitdi: — Äý, bolaýanda-da dözmezler maňa.
Olaryň ikisem birsalym aşak bakyşyp, pikire çümdüler. Rejep: «Ýagdaýdan ýeke-täk çykalga — gaçmak. Ýöne göwnäýse...» diýip oýlansa, Bibi çalam-çaş bolan pikirlerini bir ýere çugdamlap bilmän heläk bolýardy. Ahyr dymyşlygy Rejep bozdy:
— Ýeri, indi nätsem diýýäň, Bibi?
Naçar maşgalanyň çykgynsyz güne galanda bar güýjüniň ýetýäni iki didesi bolar eken. Bibem ýene gözlerine ýapyşdy:
— Men-ä kelebiň ujuny ýitirendirin...
Rejep onuň halyna hernäçe gyýylsa-da, sähel gowşaklyk etse öz bagtynyň guş ýaly uçup gidäýmeginden ätiýaç etmän durmady. Gyssagarada aňyna dolan bu pikiri ony ekezlendirdi:
— Diýmek, şu mahala çenli eden arzuwlarymyz-da, ähdi-peýmanymyz-da biderek-dä, Bibi? Aslynda, gullukdan soň oba men diňe sen diýip geldim-ä. Seniň üçin şü brigada işe girdim. Şu güne çenli senden özge hossarym ýok diýip ýördüm. Seniň mähriň ýaşaýşa ruhlandyryp, göwnümi galkyndyrýardy. Indem...
Bibi mundan artyk çydap bilmedi. Rejebi garsa gujaklap, kellesini onuň gursagyna goýup, sojap-sojap aglap başlady:
— Rejep, kesim-kesim bolan jigerime sen bir duz basma ahyry. Meniň häzir nä günlük bilen öýden çykyp gaýdanymy bir bilsediň?! Erkek oglan-a sen, hany, beýdip durma-da, bir çykalga tap-a ýagdaýdan! Ynanaý, Rejep, menem sensiz ýaşap bilemo-ok. Ah, häzir ýüregimi bir açyp görsediň!..
Rejep Bibini bagryna basyp, onuň ýaňaklaryndan syrygýan gözýaşlary barmaklary bilen süpürip durşuna:
— Ynanýan, Bibim. Meni terk edip gitmejegiňem aňýan — diýdi-de, Bibiniň ýüzüne dikarynlap seretdi: — Ýagdaýdan diňe iki çykalga bar. Onuň birinjisini-hä men oňarman, ikinjisinem sen göwnemezmikäň diýýän.
— Nähili çykalga ol, beýle?
— Birinji diýýänim-ä ejeň saýlan ýoly, galyň tölemek. Ikinjisem...
— Näme?
— Diňe gaçaýmak galýar, Bibim.
Bibi çaltlyk bilen Rejebiň gujagyndan sypyp, birki ädim beýläk atylyp düşdi. Göýä, goşaryndan şapba tutulyp, süýreliberjek ýaly, ellerini donunyň içine salyp gizledi:
— Hiýh, goýaweri oglan, bir ýetmezim şüdi indi. Asyl, Anteniň-ä güni geläýjek eken. Uly ile buşlap hezil eder. Eşidenler näme diýer onsoň?
— Aýdarlar goýarlar-da.
— Aý, näbileýin, ejemiň, doganlarymyň ýüzüni ýere salyp...
— Uzagyndan bary ýatdan çykyşar. Ýaşululary töwella ibereris, gatnaşyk açarys, Bibi.
— ...
* * *
Aradan bir hepde geçensoň, «Aýgülüň gyzy gaçypdyr» diýen habar oba doldy. Baý, derekliräk zat tapman, ownuk-uşak gürrüňleri çişirişdirip bir zatlar ýasajak bolup dert-azara galyşyp ýören dili siňňilli aýallaryň-a güni geldi ony eşidip. Geçisi ekiz guzlanda-da beýle begenen däldirler. Bir ýere üýşüşip, iýip-içmegem, işem ýadyndan çykaraýdylar asyl.
Şol gün Rejepdir Bibiniň ady dilden düşmedi. Olara dürli myjabat atmakdanam gaýtmadylar.
— Bibi gaçjak gyza meňzänokdy-la. Hawa-da, «Ýere bakardan ýer gorkar» diýleni-dä, içini bilip bolýamy bulaň.
— Ah-heý, ogurlygynyň üsti açylyp barýan bolsa bildiňmi o tulanyň? Ýogsam öz gyzymyz-a onuň iki ýaşyny ýaşap barýandyram welin, gabagyny galdyryp oglanyň ýüzüne seretmesi bolmaz. — Bu gürlän Annagül anteniň ejesidi. Ol bolan waka bilen baglanyşykly özüniň has köp zatlary bilýändigine buýsanýan ýaly, öňe-öňe omzady: — Annagül janyň özi gözi bilen görüpdir, gündiziň günortany gujaklaşyp şap-da-şup bolup duranlaryny. Iliň gözüniň alnynda şeýdişip duran bolsalar, agşamlaryna dagy... Hih-hih-hi-i...
— Toba, essafyralla, gulak eşidenini göz görmäwersin hernä. Tüf, tüf, tüf...
— Ýogsa-da gyz, nirä sumat boldularka olar?
— Annagül jan-a «Aşgabada — agasy Rahmanyň ýanyna uçupdyrlar» diýýä.
— Aýgülüň uly oglam-a eline ejesiniň aş pyçagyny alyp: «Tapsam bolýa, ikisiniňem kellesini getirerin bir setkä salyp» diýýämiş.
— Wah-heý, aýdaýandyr ýöne. Aşgabat ýaly şäheriň haýsy deşiginden tapsyn olary. Özüm-ä geçen ýyl ýegençimiňkä gezmäge gidemde masgara bolupdym, çykan gapymam tapman.
— Aýgülüň ogly sowatlydyr, göreninden sorag-ideg eder, seň ýaly öwelip durman. Özümiz-ä oba näbelet biri gelse, derrew bilýäs kimiňkide goş ýazdyranyny.
Garaz, aýallar diliniň keýpini gördüler. Ilçilik-dä, olaryň hersi bir zat diýdi. Ýek-tük bu wakany geňlemedigem tapyldy, diňlemedigem:
— «Ogully bolup ogra gülme, gyzly bolup lola» diýipdirler. Hiç zady geň görerlik galmady bi zamanda. Ýokarkynyň özi abraýlysyny etsin-dä...
Gyzynyň gaçanyny bilende Aýgül daýza-ha bir ölüp bilmedi. Ýer ýumruklap, ýaka ýyrtyp gargyş etdi:
— Wah, ile ryswa etdi-le, adamlara görnere ýüz goýmady-la, ýer ýuwutmyş. Bir wagtlar ölüp giden bolsa, ýüz paý gowy bolardy mundan.
Ol hernäçe jany ýansa-da, ýüz-gözüni gamaşdyryp gapydan giren ogluny görende, gaharyny paýhasdan öňe geçirmän saklamagy başardy:
— «Suw seňrikden agansoň» çäräň ýok bolan zada. Elbet, takdyryň ýazgydydyr bi. Ýene-de gyzmalyk edäýmegin, hamala dünýä inmändir biläý, şo ady ýitmişi.
— Dünýä inmedik bolsa, beýle bolmazdy, eje. Hemmämiziň ýüzümize gara çekip gitd-ä ol.
— Ilde ýok zat däldir, çekmeli bor. Ýöne, ataňa bir habar ýetir. Onsoňam tä ölýänçäm, seretmesin gapymdan saçy kesilmiş. Adynam tutmaň gaýdyp.
Aýgül daýza şunuň bilen bu gürrüňe nokat goýdy.
* * *
Okuwdan sütüni süýnüp gelen Rahman: «Çaýam soň içerin-dä, Güller bilen» diýip içini gepletdi-de, kiçijik otaglarynyň törki diwarynyň öňünde üstüne birlaý ýorgandyr ýassyk galdyrylyp goýlan köneje krowata özüni oklady. Emma onuň ýataryn diýen pikiri başa barmady. Ýaňy irkiläýen badyna, ilk-ä goňşy otagda ýaşaýan obadaş oglanlarynyň biri taryh kitabyny sorap girdi içerik. Soňam köp wagt geçmänkä hojaýyn aýal geldi, köwşüni süýräp:
— Rahman, a-ýu Rahman, näme ýataýdyňmy gele-gelmäne?
— Ýok-la, ýatamok, hälki bir ýadap gelemsoň...
— Bolýa-la, ýatmadyk bolsaň. Bir ýaş ýigid-ä sorap gelipdir seni, garaşyp dur derwezäň öňünde.
Rahman ýaltalyk bilen gerinjiräp ýerinden galdy-da, krowatdan aýagyny sallap oturdy:
— Kimkä ol, Mama daýza?
— Gelip-gidýän kän, men näbileýin onuň kimdigini. Öz-ä obadan gelen borly. Ýanynda gyzmy, gelinmi, ýoldaşam-a bar eken.
Rahman krowatyň aýagyndan asan köýnegini egnine aldy-da, derwezä tarap ugrady. Şol wagt derwezäniň kiçijik gapysyndan ýylgyryp ýüzüni görkezen inisini görende, ini jümşüldäp gitdi. Birbada begenjeginem bilmedi, gynanjagynam: «Rejebiň ýanynda gyz nämişleýäkä?». Gyssagarada onuň aňynda dürli pikirler at çapdy. Onýança Rejep açyk gapydan içerik ätläp:
— Salawmaleýkim — diýdi. Yzyndanam bir kürtdürip durdy-da, degişmä saldy: — Giriberelimi? Biz-ä şäher ýeriniň düzgünine-de belet bolmamyzsoň, sazanaklaşyp durandyrys.
— Bo-how, sen nire, bu ýerler nire? Hany, gir, sorap durarlarmy, heý. — Birdenem hojaýyn aýalyň ýoldaşly diýeni Rahmanyň ýadyna düşdi: — Giriberiň, giriberiň.
Rejep bolup geçen wakalary bäş jümlede, gysgaça agasyna gürrüň berdi. Bu zatlary eşidip, Rahmanyň böwrüniň bir gapdalynda azajyk bükgüldi döränem bolsa, şol pursat inisine guwandy:
— Hany, çagyr onda Bibinem. — Ol şeý diýdi-de, köýneginiň iliklerini ildirip barşyna, inisinden ozal özi daş çykdy. Bäş-on ädim beýleräkde, uly çynar agajynyň aşagynda eli çaklaňja düwünçekli, ýüzüni aşak salyp duran gyzy görüp: — Bibi, gel-ä, giriber içeri. Näme beýdip daşda dursuň? Utanar ýaly adam ýog-a — diýdi.
Bibi näme etjegini bilmän, Rejebiň ýüzüne seretdi.
— Ýör, gireli, Bibi. Kekras, agamam öýde ekeni. — Rejep ýyrş-ýyrş etdi.
Içeri girensoňlar, gelnejesiniň ýokdugyny, Rahmanyň çaý-paý aladasy bilen ylgaşlap ýörenini birhili gören Rejep, ahyr oturyp bilmedi:
— Hany, gelnejem ýokmy?
— Bu gün dört parasy bardyr onuň. Geler basym.
Şondan soň Rejep ynjalyp:
— Bolmasa, aşhanany Bibä görkezäý, kömekleşsin — diýdi.
Çörek kesişdirip duran Rahman gülüp goýberdi-de:
— Ýok-la, bu gün görmeli zadym däl-ä aşhana. Şäherde ýaşajak, onda-da iki bolup okajak bolsaň, hemmesinem öwrenmeli bolýa munuň — diýdi. Soňam, tora düşen guş kimin bir çüňke gysmyljyrap, düşekden bir zatlar gözleýän ýaly, barmaklary bilen palasyň ýüzüni ýuwaşja dyrmalap oturan Bibä seretdi: — Bibi, arkaýyn otursana, senem. Öz öýüňe gelen ýaly göräý ed-dil.
Bibi «bolýa» diýen terzde çalaja başyny atsa-da, ornaşyp oturyp bilmedi. Rahmanyň «Öz öýüňe gelen ýaly göräý» diýen sözleri ýene-de oňa öýüni, ejesini ýatlatdy: «Ýogsa-da ejem nädýärkä şu wagt? Dogranyna nälet okaýandyr öz-ä, Agamy iberäýmegem mümkin yzymyzdan. Kakama habar ýetirdilermikä? Sähraýy çopan adamdyram welin, eşitse olam-a gazap atyna atlanar». Ol uludan bir demini aldy-da, hyýalynda ejesiniň gaşyna baryp, aýagyna ýykyldy: «Eje jan, bagyşla meni! Siziň ýüzüňizi ýere salasym gelenokda-a meniň. Ynanaý, halys başga çykalga tapman şeýtdim. Senem, eje, galyňsyz beräýmezdiň meni Rejebe. Ony öz diliň bilenjigem aýtdyň-a maňa. Men bolsa şondan başga oglan bilen ýaşaşyp biljek däl-ä. Ah, eje, eje, düşünäý, dünýä ikilenç gelemog-a menem. Şu ömrümde bagtly bolmagymy isleseň, öt günämi! Bagyşla, hatamy meniň!..».
Rejep Bibiniň agyr oýa batanyny aňdy-da, agasynyň aşhanadalygyndan peýdalanyp, onuň gapdaljygyna süýşdi. Goluny onuň boýnundan dolap alyp, özüne çekdi. Bibiniň utançdan ýaňa gyzyl alma dönen ýaňaklaryna dodaklaryny basdy:
— Gaty pikire çümäýdiň-le, gaýdanyňa ökünýämiň, Bibim?!
Bibi näler onuň gujagyndan aýrylasy gelmese-de, birdenkä Rahmanyň gapydan giräýmeginden ejap edip, Rejebiň elini emaý bilen boýnundan aýyrdy:
— Uatanaňogam-la, sen oglan. Birdenkä agaň geläýse nätjek?
— Agam gelse aýak sesi eşidiler-ä, arkaýyn bolaý ondan. Meniňem iki gulagym daşarda. Ýöne sen hälki sowalyma jogap bermediň-le, ökünýämiň ýa?
— Ökünjek bolsam gaýtmasamam bordy owalynda. Sen meni süýräp salaňog-a maşyna. Ýöne şü ejem dagy ýadyma düşýä-de, birhili bolaýýan.
— Onuň aladasyny etmesene. Öňem aýdypdym-a, soňy bilen bary gül ýaly bor diýip. Şu gün-erte bararlar biziňkiler, ylalaşyga gelerler. Gaçyp ýören gyz gyt däl-ä. Görýäň-ä, Dürli dagam, allanäme, ejesi bilen gatnaşyp ýörler indi. Bizem enşallasa, gatnaşygy ýola goýarys hä diýmän.
— Aý, näbileýin-dä, sen meniň ejemi tanaňok entek. Aýalam bolsa, gaty özdiýenlidir ol.
— O zatlary ýaşulular alada ederler, gel, şu pikirleri kellämizden aýryp taşlaly-la.
Bibi az salym sesini çykarman oturdy-da:
— Antenedem-ä gürrüň tapylandyr, hezil edýändir öz-ä ondan-oňa ylgap — diýdi.
— Äý, näme diýse diýipler geçsin-le, şol aýjynyň adyny bir tutmasana, Bibi!
Rejep şeý diýip, ýene-de Bibini bagryna basdy. Ýüz-gözünden, ellerinden öpüp çykdy.
Şol wagt daşardan eşidilen aýak seslerine olaryň ikisem tisginip gitdiler. Rejep göz açyp-ýumasy salymda öz ýerine geçip oturdy. Emma ol aýak sesleri göni geçip, gapdaldaky gapynyň açylmagy bilen, şol otaga siňip gitdiler. Gulagyny üşerdip oturan Rejep:
— Oglanlar okuwdan geldiler öýdýän? — diýdi.
Az salymdan daşarda hümürdi artyp ugrady. Oglanlaryň biri: «Rejep, çyksana daşary» diýip gygyrdy. Rejep Bibiniň ýüzüne seretdi. Bibi gözlerini birhili gorkuly tegeledi:
— Ýene-de yzymyzdan gelen bolaýmasyn biri?
— Aý, ýok-la, beýle bolsa aýdard-a agam gelip.
Herniçik, Rejep janyny barlap görmek üçin kiçijik äpişgäniň perdesini çalaja galdyryp, howla seretdi. Görse, institutda okaýan synpdaşy, birki sany obadaş oglany agasy bilen gürleşip, gülşüp durlar. Olary görüp Rejebiňem keýpi göterildi:
— Bärde okaýan oglanlarymyz eken-läý. Bibi, sen biraz otur, men salamlaşyp gaýdaýyn.
Rejebiň daş çykaryna mähetdel, oglanlar salamy-da unudyp, oňa degip başladylar:
— Bäý, seniň-ä bir öýlenerligiň bar eken. Asyl kürk towuk ýaly, daşary çykmalydyr öýdeňok-la.
— Beý diýme-how, özüne galsa çykardy-la, ýöne gelnejemiz goýbermeýän bolsa bildiňmi?
— Häzirem wagt berip goýberendir, uwolnitelnisi dolsa ylgar içerik.
Bir-ä gynanýan kişi bolup, kellesinem ýaýkady:
— Häk, oglanlar, nähak degýäňiz-ow, Rejebe. Indi öz kellesi bilen hereket edýän döwri gutard-a onuň. Düşünmek gerek oňa, düşünmek.
— Aýagyna gandal urlup, boýnuna syrtmak salyndy diýsene.
Oglanlar birmeýdan gülşüp hezil etdiler. Ahyr bu gürrüňe aşhanadan ýarpy göwresini görkezip, Rahman goşuldy:
— A-how, çaý-çörek edinip özüni bir dürsesin entek, beýle ezibermäň birden inijigi.
Oglanlar «didiwanlary» Rahmana gönükdirdiler.
— Biz-ä dogrymyzy aýdýas-how, «öýlendigiň öldügiň» diýipdirler. Rejebiň başyna-da seniň günüň düşermikä öýdýäs.
Rahman özüni aklamaga çalyşdy:
— Gelnejeň ýok diýip aç oturjakmy eýse?
— Aý, gelneje bolanda-da seniň şo ýerden bäri gaýdanyňy göremzok biz-ä.
— Aşgazanyňyz-a eljuk diýýändir şumat. Men-ä Rejep bahanasy bilen siziňem içiňizden bir yssy-ýyly geçiräýeýin diýipdim. Baryň-eý, menden-ä nahar ýok indi size. — Rahman gaty gören bolup aşhana sümüldi. Oňa çenli oglanlaryň biri gygyrdy:
— Eý, Rahma-an, men-ä agzymam açan däldirin.
Beýlekilerem onuň sözüni alyp göterdiler:
— Menem.
— Menem...
Aşhanadan Rahmanyň gülki gatyşykly sesi eşidildi:
— Siziň haýsy damaryňyzy owkalamalydygyny bilýän-ä men.
Oglanlar gülşüp durkalar, Güllerem okuwdan geldi. Ol ýüwürjisiniň gelinlik getirenini görüp, begenmek begendi:
— Rahman, bolup ýörşüň nähili seniň? Çyk-a aşhanadan, häzirjek özüm bir zatlar taýýarlaşdyraýyn.
— Men eýýäm bişirdim-ä, nahary.
— Näme bişirdiň?
— Çorba...
— Heý öýe täze gelin gelende-de çorba bişirerlermi? Toý etmel-ä bu gün.
— Häzirlikçe çaý teýi edineli Güller, soň beýleki zatlaryňam ugruna çykarys.
Şondan soň Rahman dagynyň bolýan jaýyna uzyn klýonka ýazyp, oglanlaram çagyryp nahar başyna geçdiler. Nahar iýlip bolansoň, Güller eline kagyz alyp oglanlaryň hersine getirmeli zatlaryny birin-birin ýazyp berdi. Bu gün agşam palaw iýjeklerine, käbirleri bolsa ýüz gram urmalam boljakdyklaryna begenişip, oglanlar basym jyn dagan ýaly boldular.
Agşamlyk goňşy jaýda ýaşaýan obadaş oglan-gyzlaram ýygnandy. Gijesine heniz howanyň biraz çigreginiň bardygyna garamazdan, daşarda oturmagy makul bilip, çöpleşdirip ýygnalan dürli düşekleri ýaňy ýapraklap ugran üzüm dalbarynyň aşagyna ýazdylar. Howlynyň içiniň gaýda-gaýmalaşygy, ir öýländen aýtdyrylyp goýberilen magnitafonyň sesi uly toýlary ýada salýardy.
Bibi talyplaryň şeýle agzybirligine, sähel salymdan hemme zady taýýar edişlerine hem-ä haýran galyp, hemem öz ýanyndan guwanyp otyr. Ol ylgaşlap işläp ýören gyzlara kömekleşeýin diýse-de, eltisidir ýanynda oturan iki boýdaşy goýberenok.
— Goýsana, gyz, sen işlemäňde-de el ýeterlik. Onsoňam seniň toýuň-a. Bu gün dagy oturarlar sülmüräpjik.
Geljekler gelensoň, Rejepdir Bibini düşege geçirdiler. Beýlekilerem ýerli-ýerinde ornaşansoňlar, orta nahar çekildi. Toý barha gyzyşdy. Gezekli-gezegine ýaş çatynjalaryň bagtly ýaşamaklaryny arzuwlap, söz sözläp tost aýtdylar. Içgiden kellesi sämän bir ýigid-ä gapdalynda ýatan köneje gitarany alyp, aýdyma gygyryp başlady. Oturanlaryň hasam şowhuny göterildi: — Hä-ä, Metdi jan, özüň bol-a.
— Häliden başlamalydyň-a şeýdip.
— Magnitafona dynç berseňizläň-how indi bir salym.
— Metdi jan, tans edip bor ýaly aýdym aýtsana, selhozyňkylar üçin.
Metdi diýýänlerem özüni bazara salyp, gögüň bärsinden nyrh kesip duranlardan däl. Bir «hä»-sini berip, öwgüsini ýetirseň bolany, hindi aýdym diýseňem zowladyp dur, «Hattuba, Hattuba...» diýip.
Gyzlardyr oglanlar topar tutuşyp tans oýnaýardylar. Bar alada-ünjüsini unudan Rejepdir Bibiniň-de bu wagt depesi gök direýärdi. Olaryň ikisem talyplara gözügidijilik bilen seredip, öz ýanlaryndan okuwa gaýtmadyklaryna ahmyr edýärdiler.
Şol mahal Rejebiň gapdalynda oturan synpdaşy onuň böwrüne symsyklady:
— Dawaý, ýüz gram uraý senem!
Göwün guşy al-asmanda pelpelleýän Rejebiň bir bulgur içip göresi geldi. Emma öň agzyna alyp gören zady bolmansoň, ikirjiňlendi. Galyberse-de, agasyndan çekindi:
— Aý, ýok, sag bol. Şu ömrümde dadyp gören zadym däldigini bilýäň-ä.
— Öz toýuňda-how, ilkinji gezek.
— Içmäýin-le, gowy däl...
— Nu smotri, biz-ä seniň toýuňda şu ortadaky ajylyklaryň baryny sokga sorup, diňe süýji zatlary galdyrjakdyrys. — Ol Rejebiň egnine çalaja kakyp goýberdi: — Yrymyna gowy-da, dost.
Rejep biraz aşarak içen synpdaşyna näme diýjegini bilmän:
— Sag bol, senden tama-da şeýl-ä — diýen boldy.
Gije bir çene baranda, talyplaryň käbiri gaýdarman bolşup ugradylar. Rejebiň synpdaşam aýaklanmadyk köşek ýaly bolup ýerinden turdy-da, Rahmanyň ýanyna geldi:
— Rahman, Rejep dagy biziň jaýymyzda bolubermelidir.
— O bolmaz-a, meniň özüm...
— Goýsana, Rahman. Käwagt ýaşkiçiniň-de sözüne hä diýäýerler.
— Ýeri, hä diýdimem-dä.
— Hä, diýseň şeýle. — Ol entirekläp gitdi: — Obşam, biz gürleşdik oglanlar bilen. Herimiziň gidip ýatmaly kwartiramyzam belli uže.
— Sen häzirki ýagdaýyňda başga kwartira aşyp bilermikäň?
— Nämäni alada edýäň-aý? Meniň bolmaly ýerim uzak däl-ä. — Eli bilen görkezmese Rahman bilmejek ýaly, garşydaky jaýa barmagyny çommaltdy: — Inäjik-laý, 23-e, Ýusuplara barmaly men. — Ol diwara ýaplandy-da, jübülerini sermeşdirip bir çilim tapdy: — Şuň ýalakda iki-üç gap alyp goýaýmasaň bolanok-how. Eňňerä dönderäýdiler-ä häli bir gabymy dagy.
— Şeýledir... — Rahman ony sag-aman ugradyp bilse razy boldy.
Mähelle dagansoň, Güller Bibiniň daşynda hozanak boldy. Öz ýorganlaryna ulanylmadyk daşlyk geýdirip olara berdi. Tizden her kim ýatmaly otagyna girdi...
Aradan bir hepdä golaý wagt geçdi. Bibi-de şäher durmuşyna, talyplaryň ýaşaýşyna kem-kemden öwrenişip gitdi. Indi ol gaýynagasy Rahmandyr eltisi Güller dagy okuwdan gelýänçä içeri-daşaryny süpürip, nahar taýynlap goýýar.
Ýüwürjisiniň gelnine Gülleriň-ä turuwbaşdan göwni ýetdi. Bibiniň ertir irden turup howlyny syryp, suwlaýşyna onuň has-da syny oturýar. Bir gezeg-ä şuňa agyr bolýan bolaýmasyn diýen pikir bilen Bibä:
— Beýle ir turup gydyrdanyp ýörşüne ukusyzlykdan ýykylyp galaýma bir gün. Ukyňy dagy alarlar-a arkaýyn ýatyp — diýdem.
Bibi şonda göwnübir, myssa ýylgyrypdy:
— Gaýtam, men-ä şeýtmesem içim byjyklap barýar. Ýaşlykdan endik edipdirin şuny.
Güller täze eltisi bilen äbede-jüýje bolup gitdi. Birki gezek dagy Rahmanyň ýanynda ony taryplamaga-da ýetişdi:
— Tüweleme, Rejep jan gelinden oňupdyr. Iş diýip ölüp-öçüp ýatyr.
Bir gün olar üýşüp, günorta naharyny edinip otyrkalar, hojaýyn aýal gapyny açyp, Rahmana bir kagyz uzatdy:
— Rahman, telegramma gelipdir saňa.
Rahman ony alyp hasyr-husur epinini ýazdy-da, içinden okap çykdy. Güller adamsynyň ýüzünden hiç-hili alamat aňyp bilmänsoň:
— Kimden gelipdir, näme ýazypdyrlar? — diýip, gyssanyp sorady.
Rahman ýylgyryp goýberdi-de, telegrammany Rejebe uzatdy.
— Agamdan gelipdir, «Rejep dagy oba gelibersinler» diýip ýazypdyr.
Gülleriň telegrammany gören mahaly ýüzüni örten gara bulut syrylyp gitdi:
— Diýmek, ylalaşypdyrlar-da?
— Şeýledir, ýogsam gelibersinler diýmezdiler.
Rejep elindäki telegrammany bir demde okap çykdy-da, agasyna seretdi:
— Biz gidibersekmikäk onda?
— Garaşýandyrlar, gitmeseňiz bolmaz.
Rahman samolýota hiç hili orun tapmansoň, şol günki otla bilet alyp, olary ugratdy. Gelşine-de poçta bölümine baryp, agasyna telegramma ýollady.
* * *
Inisiniň gyz alyp gaçanyny Meret agşam öýüne gelende eşitdi. Şonda ol özüni lampa sekä goýberip, bir salym aşak bakyp oturdy-da: «Häk, ýaşlyk edipdir-ow, maslahatlaşman, geňeşmän heýem beýle iş edäýmek bomy?» diýip, içini gepletdi.
Bu wagt onuň bolşy deňziň ortarasyna düşüp, haýsy tarapa ýüzjegini bilmän ugur-utgasyny ýitiren adamdan enaýy däldi. Şeýdip janserek bolup oturşyna elinde bir çäýnek bilen iki sany käse göterip gelip, gapdalynda çöken Gymmat onuň göwnüne suwda halas ediş jemgyýetiniň işgäri kimin duýuldy. Ol mydama çykgynsyz güne düşende bolşy ýaly, bu gezegem aýalynyň ýüzüne naýynjarlyk bilen garap, ondan haraý gözledi:
— Telek iş-ä bolupdyr, indi nätsekkäk, Gymmat?
Gymmat hemişe iş jygba-jyga gelende äriniň özünden bimaslahat ýeke ädimem ädip bilmän, sala salşyna içinden buýsansa-da, oňa syr bildirmedi. Gündizi bilen oýlana-oýlana bir ýere çugdamlan pikirlerini edil häzir diline gelip duran ýaly edip Merede eçildi:
— Nätsegi bolmaz onuň, Meret. Iliň edişi ýaly edibermeli bor. Ertir Gurban agadyr Baky agany öňüňe salyp bar Aýgüllere.
— Ylalaşarlarmyka?
— Ylalaşmanmy... — Gymmat bir zat diýjek bolup, onam aýtmagy birhili gördümi, nämemi, dilini dişledi: — Başga etjek alaçlary näme olaň? Ýöne näçe galyň diýse, gulagyňy sallap bor diýip oturma. Gaçan gyzdyr, eýýäm boljagy bolup, boýasy synandyr onuň. Yrymyna birazajyk tölesek bor.
— Äý, öz-ä birhili bolaýmasa. Öňem gaharlary gelip duran adamlardyr. Bolmasa, özüňem gidäýseň nädýä?
— Wah-heý, meniň körüm barmy entek.
— Bolýa, hany özüm bir zat etjek bolaryn-da onda.
Meret ellerini dyzyna diräp ýerinden galdy. Onuň bir ýere hyýallanýanyny aňan Gymmat:
— Çaý içmän, nirä gitjek bolýaň häzir? — diýdi.
— Äý, çaý bokurdakdan geçer ýaly boldum-aý, ýaşululary görüp ýürege sowuk suw urýançaň. — Meret şeý diýdi-de, apgyrdy basylyp giden ädigini süýräp köçä tarap ugrady...
Ol ertesi säher bilen iki ýaşulyny öňüne salyp, Aýgül daýzalara bardy. Emma bu gezek Gymmatyň çaky nädogry çykdy. Hernäçe ýalbar-ýakar etselerem, Bibiniň ejesini raýyndan gaýtaryp bilmediler. Ýarym ýaş bolup oturan aýal:
— Biz şo gyzdan geçdik, galyňam gerek däl, özem. Ertirki gün gapymyzdan gelmese bor. Geläýse-de, demim gelip-gidip durka-ha içerik ätletmen — diýip, şo-ol bir depen ýerini depdi durdy.
Ýaşulular halys bolmajagyny bilensoňlar, gyzyň agasyna töwella edip başladylar:
— Inim, sen bir erkek kişi, aýt-da öz sözüňi?
— Aý, Gurban aga, ejem aýtdy eýýäm barysyny. Ýüzümizi ýere salan dogan maňa-da gerek däl.
— Öz-ä, inim, ata-baba görülmedik zat däldir bi. Gadymlaram aksakgallar töwella etseler ylalaşaýýan ekenler. Hernäme-de bolsa dogandyr, ýat ýerde syňsyraşyp ýörmän köwlensinler-ä öz obalaryna.
— Ylalaşyp ylalaşman biziň olardan ar almak niýetimiz-ä ýok. Oba gelip-gelmezligem öz işleri. Ýöne ejem, kakam, doganlarym bar eken diýip şu gapydan garasyny görkezmese bolany.
Baky aga-da häliden sakgalyny käte bir sypap oturşyna, «ähem-ühemläp» gürrüňe goşuldy:
— Inim, gelseler, bi, kiçeňräk üýşmeleňem-ä etmeli bor?!
— Olam öz işleri, Baky aga.
— Toýda birden-biriňiz görünmeseňiz birhili bolmazmyka?!
— Hiç hilem bolmaz, Baky aga. Aslynda-da gyzyň toýuna barlyp ýörlenog-a. onsoňam, barylýan bolaýanda-da biziň tohum-tijimizden-ä birem aýagyny sekmez şo toýa.
Garaz, bularyň eglişige gelmejegini aňan Gurban agadyr Baky aga biri-biriniň ýüzlerine seredişip turmak bilen boldular. Geleli bäri diňleýji bolup oturan Meredem olaryň hereketine eýerdi.
* * *
Aradan üç-dört güni geçirip, ýaşulular gyzyň kakasy Goşa aga gelensoň, ýene-de bardylar. Emma bu gezegem olaryň paltasy daşa degip, gürrüň öňki çygryndan çykmady. Gahardan ýaňa sakgaly titir-titir edýän Goşa aga, Gurban gönüdir Baky aganyň ýüzüne gelmese-de, olaryň peýdasyna-da anyk bir zat pyşgyrmady. Gaýtam: «Bizden geçip giden gyz bize-de gerek däl. Menem şü çagalaň aýdanlaryna goşulýan» diýip, ýüzüni aşak salyp oturyberdi.
Şondan soň belli bir karara gelip, Merede-de «Telegramma edip çagyr iniň dagyny» diýdiler.
* * *
Ertiriň iri bilen adamsyny işe iberip, mallarynyň ýanynda gydyrdanyp ýören Gymmat poçtalon gyzyň telegramma getirmegini birhili gördi. Öz ýanyndan: «Iş oňarman geçjek şü Meredem, asyl ol düýnki tilgramyna öz öýümiziň adrisini ýazaýypdyr oguşýan» diýip, adamsyna igendi. Onuň içki dünýäsinden bihabar poçtalon gyz bolsa:
— Gymmat daýza, ine şu ýere goluňyzam çekip goýberiň — diýip, oňa bir kagyz uzatdy.
Gymmat bir-ä kagyza, birem elindäki telegramma seredip, aňalyp durşuna:
— Wiý, Bahar jan, bi tilgram bize bolmaly däl-ä — diýdi.
Bahar adresini ýalňyşaýdymmykam diýip, telegrammany eline alyp, täzeden gözden geçirdi:
— Size eken-le, Gymmat daýza. Ine, adresiňizdir Meret aganyň familiýasam bar-a.
— Wah, jan gyzym, Rahmanyň pamiliýasydyr ol. Düýn Meret ýerçeken ýalňyş ýazandyr adrisini. Bi tilgram Aşgabada barmalydy ahyry. — Soň ol ýalbaryjy äheň bilen poçtalon gyza delmuryp bakdy: — Bahar jan, Rejep dagy garaşýandyr muňa. Bolmasa, gaýrat etdejik özüň oklaý muny poçta ýeşige!
Gymmatyň bolşuna egni sumkaly gyz ýylgyrman durup bilmedi:
— Ýok, munuň özi Aşgabatdan bärik ýollanypdyr-a. Ynha, «Sroçnaýa» diýlibem ýazylypdyr, gyssag borly özi.
Gymmat telegrammany açan badyna onuň tekstiniň orsça ýazylandygyny görüp, bir kürtdürjek ýaly etdi-de, eýýäm köçä ýetip barýan poçtalon gyzyň yzyndan gygyrdy:
— Gyýw, Bahar jan, bü-ýä orsça eken, artyp. Özüň okap düşündiräýmeseň, başym çykýan däldir meniň-ä.
Bahar iki sözlemden ybarat jümläni derrew okap çykdy.
— Gymmat daýza, muny Rahman iberipdir. «Agşamky otly bilen Rejepdir Bibini ugratdym. Erte günortanky awtobusda raýon merkezine bararlar, garşylaň!» diýip ýazypdyr.
— Hä-ä, heýlemidi asyl? — Gymmat aýagy oda bişen ýaly, iki ýana elewräp başlady: — Onda men häzirjek agasynyň yzyndan ibereýin birini.
Ol ylgaşlap köçä çykyşyna başga-da bir adama gözi kaklyşmansoň, goňşularynyň on-onki ýaşly ogluny çagyrdy:
— A-ýu, Rüstem, gel hany bäri.
Çagajyk ýazzyny berjek ýaly etdi-de, birdenem kemanyny arkasynda gizläp bärisine öwrüldi.
— Nä öwelip dursuň, gel-dä basym.
Ol gorka-gorka ýakynraga geldi-de, gözlerini mölerdip:
— Men döwemog-a, siziň aýnaňyzy. Betdi döwdi ony düýn — diýdi.
— Ah-heý, aýna-da gursun, Betdem. Munuň tapýan gürrüňine sered-ä, şu wagt.
— Onda näme etjek meni?
— Gorkma, iýäýesim ýok. Hany, gel ýakynraga.
Rüstem dört-bäş ädim Gymmatyň golaýyna süýşdi.
— Bar, hol howludaky welsepidi min-de, ýet Meret aganyň iş jaýyna. Ine, şü tilgramam elinjek gowşur özüne.
Urulmajagyna gözi ýetip, tigir sürjegine-de monça bolan oglanjyk ylgap gidişine welosipedi alyp çykdy. Gymmat telegrammany onuň eline tutdurdy:
— Hiç ýerde eglenäýmegin, gaty gyssaglydyr bi. Ynha, seret, ýüzüne sruçna diýlibem ýazylandyr uly harplar bilen...
* * *
Rejep gyz alyp gaçaly bäri Gymmatyň ýüki ýeňläpdi. Otursa-tursa, «Hudaýjan nazar saldy, ahyr» diýip, artykmaç çykdajydan «halas edendigi» üçin Allatagala alkyş baryny okaýardy. Merede dagy, öz agzy bilen «ylalaşyga baryň» diýenem bolsa, tä dolanyp gelýänçäler iňňäniň üstünde oturan ýaly bolupd-a ol. Hatda, arzanrak bolmagyny dileg edip, Hudaý ýoluna bir tamdyr çöregem aýdypdy şonda. Haçanda, ýaşulularyň täze gudalaryna eden iki saparam şowsuz tamamlananda dagy, baý begenmek begenip-dä. Içki duýgusyny Meretden-ä gizlejegem bolup durmandy: «Besdir iki gezek uly göwräňizi kiçeldiniňiz. Ylalaşmadyk bolsalar, tersime ylalaşsynlar indi. Bizde-de arta-süýşe zat ýok, näzlerini çekip ýörer ýaly. Özlerindenem beterräk bolup, gaýdyp barmanjyk hakyndan çykmaly olar ýalyň».
Şol günden bärem onuň dili süýjäp, öýe birhili yhlasam artan ýalydy. Öňler dagy, edip bilse Rejebiň ýeke özünem sygyrmajak bolup, dert-azara galyp ýören Gymmat, bu gün onuň taýly gelýändigine-de gynanmady. Tersine, öz bähbidini arap pikir edip begendi. «Gelin-ä mura-mugtuna gelýä, menem ýetim ýüwürjisini il hataryna goşdy adyna eýe bolýan. Hany, onsoňam bir göreýin bakaly, heleýleriň sesi çykaýarmyka?». Gymmat häzir biş-düşüň ugrunda gezip ýörenem bolsa, dürli pikirler aňynda at çapýardy: «Birki ýyldanam, ojaklaryny başgalar goýbärin welin, soň-a şü içerä dawa saljak bolmaz. Rahmanyňam: «Raýona işe bellejekler. Ýakyn bolar ýaly, şäherde ýaşaryn-da» diýen gürrüňi çyn bolsun-da, ylahym». Ol şeýle oýlara gümra bolup palawyny demine goýan mahaly, köçeden maşynyň uzyndan-uzyn «düýdüldisi» eşidildi.
— Wah, Meret mäşin alyp geläýdi ýaly. Artybynda ary bar ýaly, şopuryň bi bagyrtmasy nämekä? Menem alyp gitjek bolup gyssadyklarymyka ýa? — Ol özbaşyna hüňürdäp «Özüňiz gidiberiň-uw» diýip gygyrmak üçin, aşhanadan alakjap çykdy-da, köçä seretdi. Birdenem Meret bilen işleýän Aşyryň «Žigulisinden» düşen Rejep dagyny görüp, birhili aljyrajak ýaly etdi. Emma köp çarşenbäni başyndan geçirip toplan durmuş tejribesi basym özüni dürsemäge ýardam etdi. Ol ýagýokly ellerini hasyr-husur köýneginiň etegine süpürişdirdi-de, ylgaşlap baryp Bibiniň iki egninden gujaklady. Uly aladadan dyndaran ýüwürjisi bilenem gadyrly görşüp, şelaýynsyrady:
— Gözüň aýdyň-uw, Rejep, düşümlisi bolsun-da hernä. — Soň ol adamsynyň ýüzüne seretdi-de:
— Eýýäm alyp geläýen ekeniň. Men-ä öýe darap gider diýip garaşyp otyrdym. Özümem gidäýjekdim, ýüwürjimi garşylamaga — diýdi.
Meret telpegini çykaryp, çygjaran takyr kellesini sypalap gelşine sürüjä seretdi:
— Aý, telegrammany alyp sagada seretsek, wagtam gysyp barýan ekeni. Soň Aşyr bilen göni eňiberdik.
— Wah, ýetişen ýeriňiz bolýa-la, irikge etmän.
— Ýetişmesine ýetişdik-le, indem basym işe-de barmalydy welin...
— Wiý, weliniň näme?
— Aý, taýýar çaýyň bolsa, bir käse içip gidibersek, kem däl ýaly bolup dur.
— Ah-heý, çaýyň işi haýyr-la, palawam demini alyp dur. Ýogsa-da bir zatlar garbanman gitmersiňiz indi. Nahar wagtam bolup ýörendir, görseň. — Gymmat ökjesi ýere degmän gelşine, sekiniň üstünde düýrlenip goýlan keçäni ýazdy-da: — Hany, Aşyram alyp geçiň — diýip, aşhana girip gitdi.
Gymmatyň bu bolup ýörşüne, häliden: «Öýe baraýsam, şü heleý keýpimi uçraýmasa ýagşydyr, täze gelniň ýanynda» diýip, alada çümüp gelýän Meret haýranlar galdy. Hatda «Düýşüm dagy däldir-dä hernä» diýen pikiri bilen hiç kime duýdurman gapdalyndan çümmükläbem gördi. Hakykatdan-da huşudygyny bilende bolsa, onuň ýüzündäki argynlyk alamatlary el bilen aýrylan ýaly, zym-zyýat boldy. Ol Aşyry alyp sekide jaýlaşykly ornaşansoň, keýpiköklük bilen inisine:
— Rejep, munça bolanyna görä, ýüz gramjygam uraly-la şu gün. Bar inim, hol biziň jaýdaky ak şkafyň aşagyndaky bir çüýşe aragy getir munda — diýdi.
II
Bu ýyl gyşyň ir düşjekdigi, baryp-ha oktýabr aýynyň ortalarynda äşgär boldy. Demirgazykdan duýdansyz gelen çigrek howa özi bilen lemmer-lemmer gara bulutlary-da sürüp getirdi. Olaram ýöne bir geçip gidibermediler, gögüň bezegi bolup. Muhy brigadiriň ýüzüne meňzäp, gamaşyp başlan asmandan, ilk-ä käte bir monjuk ýaly-monjuk ýaly damjalar gaçyp ugranam bolsa, sähel salymdan bedreden guýulýan dek şeýle bir çabga ýagdy welin, ýygymçy gyzlar pagtalaryndan-a elli bizar, özleri gaçyp atyp bilseler razy boldular, düşelgä. Olaryň ürküzilen keýik sürüsi ýaly bolup, ýaglyklaryny depesinde galgadyp gelişlerini görende, çaýçy daýza özi üçin aýratynja çaýjoşda gaýnatdyran çaýyndan ýaňy birki ýola owurtlan Muhy laňňa ýerinden galdy. Elinde saklap duran käsesini-de unudyp, bir-ä asmana, birem ýetip gelýän gyzlara seretdi-de, özbaşyna hüňürdedi:
— «Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter» diýleni boldy-ow bi, sluşiý.
Süllümbaý ezilen Rejep hemmeden soň düşelgä geldi. Ol:
— Näm boldaý bi, birgat? Gögüň düýbi deşilene döndi-le birden — diýip, Muhynyň gapdalyna geçdi-de, saçyny barmaklary bilen ýeňseligine daraklady.
Muhy hiç kimiň ýüzüne seretmän, keýpsiz dillendi:
— Içigargalmyş, şu ýyl bir plany dolarys diýipdim welin...
— Aý, plan-a bilmedim-le, Muhy. Doljaklar bireýýäm berdiler-ä raportyny. — Rejep janyýangynlyk bilen sözüniň üstüni ýetirdi: — Sen bolsa, heniz ýetmişe-de ýetmedik halymyza plan dolmagyň gürrüňini edýäň.
Hemişeler näme diýse-de gaňryşyna gaýtman ýören kömekçisiniň bu sözleri Muhy üçin «wäh» diýlen ýaly bolup, jyzyrrygyna basyldy:
— Sluşiý, sen bir goýsana häzir. Öňem şu ýagyş bar keýpi nola getirdi.
— Äý, meniň-ä göwnüme bolmasa, planymyzy dolup bilmejegimizi aňyp, asmanam gözýaşyny döküberdi öýdýän.
Sesini kesmekden-ä geçen, gaýtam onuň şerebelije sözleri Muhynyň halys degnasyna degip, ýeňse damaryndan tutdy. Birden dyňzap gelen gaharyna bäs gelip bilmän, tutuş göwresi titredi. Elinde saklap duran käsesindäki çaýynyň ýarpysy döküldi. Ol galanja çaýynam gahar bilen gapdala serpip goýberdi:
— Rejep! — Muhynyň sesi mese-mälim sandyrap eşidildi: — Görýän welin, seni işiň ýadadyp ýör öýdýän. Şeýle bolsa-ha, özüňi horlap ýörme. Zorluk bilen saklamok seni.
— Muhy, gel «Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer» etmäli-le. Onsoňam, işden basylan günüm özüm ýazaryn arzamy.
— Beýle bolsa, diliňi dişiň aňyrsynda saklajak bol. Ýogsam oňlulyga garaşma menden. Öňki kömekçime-de dosroçno ýazdyrypdym arzasyny. Dogry-da, sluşiý.
Muhynyň bu sözlerine Rejebem ýarylman durup bilmedi:
— Seň ýaly paýtagtda okap gelmesegem, azda-kände düşünýäs kada-kanuna. Ýaz arzaňy diýeniň bilen, öňüňe gütüläp düşäýer öýtme. Menem juda agzyndan düýe basanlardan däldirin.
Rejep «kada-kanun» diýende, täzelikde raýon prokuraturasynda işe başlan Rahman Muhynyň göz öňüne geldi. Çapyp barýan atyň ýüzüne gamçy bilen urlan ýaly, bady gowşap, deşilen tuluma döndi:
— Beýle bolsa agzybirje işleşeli, Rejep! Onsoňam, bes edeli-le şu dawany. Gowy däl, gyzlaram eşidip durandyrlar o jaýda. — Muhy şeý diýdi-de asmana äňetdi. Eýýäm bulutlaryň bölünip, ýagşyň goýaňkyrlandygyny görensoň, ýeňsesine gaňrylyp:
— Reje-ep — diýip, ýaňy jaýa giren kömekçisini çagyrdy.
Muhynyň birden ýöwselläbermesinden özüçe many çykaryp, çalaja ýylgyryp oturan Rejep ýerinden galdy. Onýança Muhynyň özi gapydan içerik boýnuny uzatdy:
— Rejep, men häzir kontora baryp geljek. Ýagyş diňip, gowaçalar biraz saryksa, gyzlary atyza çykaraweri!
Rejep onuň bilen ýene-de dawalaşmakdan ätiýaç edip, göwünli-göwünsiz ylalaşanam bolsa, gyzlara nebsi agyrman durmady: «Öňem-ä endam-jany öl-myžžyk bularyň. Şu çigrek howada ýene-de suwuň içinden pagta ýygmaly. Häk...».
Ol ot ýakyp, jorapdyr eşiklerini guradyp oturan ýygymçylaryň halyna hernäçe gyýylsa-da, bir sagada galyp-galman olaryň oturan jaýynyň gapysyny açmaly boldy:
— Ýagşyň diňenine ýarym sagat dagy boldy welin...
Rejep sözüni soňlamanka oduň howruna bugaryp duran jorabyny somlap, Annagül anten onuň al-petinden aldy:
— Ýene atyza girmelimi?
Rejep olaryň ýagdaýyna düşünse-de:
— Äý, birgadyň tabşyrygy-da — diýen boldy.
— Muhynyň aýaly gelip giräýsin atyza, öýünde çäşerilip ýatman. Biz-ä aýagymyzy sekmeris şu gün köl bolup ýatan karta.
Beýlekilerem Annagül anteniň sözüni alyp göterdiler. Diňe bir gyrada çugutdyryp oturan Bibiden ses-üýn çykmady. Onuň ümsüm oturşy Annagülüň nazaryndan sypmady:
— A-ýu gyz, Bibi, sen nä agzyňa suw alan ýaly bolup otyrsyň. Bolsa bolupdyr-da äriň, aýt-da senem ýygjak däl diýip.
Bibi iki oduň arasynda galdy:
— Aý, maňa-ha tapawudy ýok...
Onuň bu sözlerine Annagül ör-gökden geldi. Birbada özüniň heniz saçynyň ýeňsesine atylmadygynam, bosagada Rejebiň duranynam unutdy:
— Buw-ww, muňa sered-ä, bize bolmasa-da saňa-ha baýam bolar tapawudy. Bu gün-ertä diräp, garnyny gujaklap oturyşyna tapawudy ýogam diýen bolýar-a.
Annagülüň sözlerine Rejebiň ýüzi lap-lap gyzsa-da, biraz pikirlendi: «Ýogsa-da indiden soň atyza girende näme ýygjak şular. Muham näme diýse, görübiris-dä». Ol:
— Äý, bolýa-da, ertir haýdap ýygarsyňyz onda — diýdi-de, yzyna öwrüldi.
Annagül onuň ýeňsesinden haýbat atan boldy:
— Hä-ä, heleýiniň ady tutulsa jany ýokdur-la bularyň. Wah, bi erkeksumaklarymy!..
Onuň sözüniň soňy jaýy göçürere getiren gülki sesine garylyp gitdi.
(dowamy bar)...
Powestler