00:01 Saçly Dursunowa | |
SAÇLY DURSUNOWA
Zenan şahsyýetler
1993-nji ýylyň baharynda men il içinde Gulýa Amanowna diýlip tanalýan segsen ýaşyndaky lukman zenany bilen söhbetdeş bolupdym. Türkmeniň merdana gyzy Saçly Dursunowa hakdaky bu çaklaňja ýazgymy bu zenan aýalyň gürrüňi bilen başlamagymyň öz sebäbi bar. Heniz ýaşajyk gyzka, 1929-njy ýylda ony kakasy Akmyrat aga Amanow Tejenden Aşgabada getirip, Ene Kulyýewanyň adyny göterýän gyzlar internadyna ýerleşdirip gidýär. Bu ýerde esasan ýetim gyzlary okadýardylar. Terbiýe berýärdiler. Ýogsam ol ýetimem däl eken. Kakasy bu ýerde gyzlara gowy tälim berilýändigine göz ýetirensoň, gyzyny Aşgabada getirýär. – Meň hakyky adym Enegül. Ýöne kakam hemme zadyň maýasy bolsun diýip, Maýa gyzym diýýärdi. Internadyň direktory Antonina Iwanowna Berdiýewanyň nurana keşbi şu wagtam gözümiň öňünde. Biziň bilen türkmençe gepleşýärdi. Terbiýeçimiz Nina Prohorowna Kowalçuk bardy. Bize geýim tikmäni, biçmäni öwrederdi. Mugallymlarymyza «Gülsün apa, Kamar apa» diýip ýüzlenerdik. Şemse apa bize nahar bişirmäni, stol bezemäni öwrederdi pahyr... 1931-nji ýylda Aşgabatda medinstitut açylýar. O wagtlar bu okuw jaýyna giren türkmen gyzlary hakda-ha gürrüňem ýok, türkmen oglanlaram gaty azdy. --Biz Saçly bilen bir kursda, bir toparda okadyk. Bizden öň instituta giren Ene Kulyýewanyň gyzy Ýazgül. Ýöne ol soň TK(b) MK-nyň sekretary Anna Muhammedowa durmuşa çykdy. Moskwada okady. Soň bärik gelip bu ýerde okuwyny dowam etdirdi. Ýöne ol bizden soň gutardy. Ilki men medinstitutyň ýanynda açylan medrabfakda, Saçlam medtehnikumda okap, ony 1936-njy ýylda gutardyk. Şo ýylam bizi medinstitutyň birinji kursuna aldylar... Birinji kursy gutaransoň student gyzy Halaja, Kerkä, Kerkiçä, Pelwerde iberýärler. Bu ýerlerde köpçülikleýin gyzdyrma keseli ýaýrapdy. Gulýa Amanowna şo döwürde başyny etegine salyp, köp horluklara duçar bolandyklaryny ýatlapdy. Öýin-öýin aýlanypdy. Sypalyň daşyna-içine ýukajyk palçyk çalnan öýlerde ýaşar ýaly hiç hili oňly şertler ýokdy. Içerik dagy girseň, gyzdyryp, derläp ýatan bendeleriň ysyndan durar ýaly däldi. Şonda-da bularyň ellerinden gan alyp, derman berip, ertirden-agşama çenli aýlanylýardy. – Biz ikidik. Ýanymda Nikolaý atly bile bir kursda okaýan rus oglany bilen öýme-öý aýlanýardyk. Häzir ol Soçide ýaşaýar. Özümizem Halaçda feldşer bolup işleýän Derbenýowyň öýünde ýaşaýardyk. Şonda türkmen gyzy bilen rus oglanynyň bile işläp ýörenlerine «namys eden» ýek-tük adam biziň kasdymyza-da çykan ekeni. Ýöne bizi şonda obaň ýaşuly adamlary goradylar… Enegül instituty öz mähriban jorasy Saçly Dursunowa bilen bile kyrk birinji ýylda tamamlapdyrlar. Saçly Dursunowanyň soňky durmuş ýoly front bilen bagly bolupdy. Ol etrap keselhasynda ýedi-sekiz aý işländen soň, kyrk ikinji ýylyň aprelinden fronta meýletinlik bilen gidipdi. Minomýotçylar polkunyň medisina gullugyna ýolbaşçylyk etmek üçin ony polkuň wraçy edip iberipdiler. Saçly Dursunowa şol polkuň söweşijileri bilen uzak uruş ýollaryny geçdi. Krymy, Donbasy, Belorussyýany… azat etmäge gatnaşdy. Stalingradyň etegindäki söweşlerde, Kenigsbergdäki söweşlerde polkuň şöhratly esgerleri edermenlik görkezdiler. Bu söweşlerde türkmen gyzy Saçly Dursunowanyň özüniň hem onuň ýolbaşçylyk eden medisina toparynyň bitiren işleriniň hetdi-hasaby ýokdy. Näçe-näçe esgerlerdir ofiserler ýaraly halda medsanbata ýygnalypdy. Ölümden halas edilipdi. Saçly Dursunowanyň görkezen şeýle gahrymançylygyny gözi bilen gören, ony ölümden halas eden bir türkmen söweşijisiniň ýatlamasy meniň ýadymda. Ol frontçnyň ady Gurban, familiýasy Çaryýewdi. Il içinde ol şahyr Gurban Wehimi bolup tanalýardy. Men onuň bilen 1989-njy ýylda söhbetdeş bolupdyryn. Ine, onuň maňa beren gürrüňi: ...Wаrşawa tаrap hеr gün güllе dоlusynyň аstynda süýşüliр bаrylýardy. Вir sаpar duşmаn çоzаnda, оny sеrpikdirip bоlmady. Руýadalardan оzup gаýdan tаnk bilеn bаşa-bаş söwеşmeli bоldy. Duşmаn tаnky gоlaý gеlende grаnat çоgdumyny zуňanymy, birеm çuň оkоbyň gуrasynyň gumunу реnjeläp gаýdanymy bilýärin. Şоndan bаşga zаt ýаdyma düşеnok. Özümdеn gidiрdirin. Ýoldaşlarym bolsa «öldi» diýen netijä gelip, öňe gidipdirler. Çöregim bitin eken. Ölmän galdym. Meýdan gospitalyna äkitdiler. Selçeňräjik tokaý. Maşyn-maşyn ýaraly esgerleri getirýärler. Şonça-da tyla ugradýarlar. Ýaraly kabul edilýän ýerde serwi boý, garaýagyza ýakyn, gara gözelek bir gyza gözüm düşdi. Çadyryň ortasyndaky stoluň üstünde süýndürip ýatyranlarynda, ol familiýamy sorady. – Çaryýew Gurban – diýdim. Onda ol gyz: – Wiý, jigim ekeniň – diýip, türkmençe sözledi. Men haýran galmakdan ýaňa gözüme, gulagyma ynanmajak boldum. Wagty bilen öňki katdyma gelip bilmedim. Ertesi ýatan çadyryma gelip: – Burnuň düýbünden çümen çoýun bölegi çep gözüňe az-owlak zeper ýetiripdir. Baş wraç seni tyla ibermekçi boldy. Ýöne men ondan haýyş edip, tyla ibermegini goýbolsun etdirdim. Sen jigim, şu çadyrda sanitar bol-da, meniň ýanymda boluber – diýdi. Men hem «Bolýa» diýdim. Ine, şeýdip sanitar bolup ugradym. Onuň bilen günde-günaşa gabat gelip, öwrenişdim. Boşlak wagtymyz men oňa Oguljan atly gyza aşyk bolandygymy, ony hiç wagt unutmajagymy, yşkynda saýrap ýazan goşgularymy aýdyp berdim. Ol hem özüniň büzmeýinlidigini, adynyň Saçlydygyny, familiýasynyň Dursunowadygyny aýtdy. Bir gün gijara çadyryň işiginde odun döwüp duran wagtym, täze geýnen, orta boýly, dykyz, garaýagyz, ala gözli starşiý leýtenant golaýyma geldi-de: – Salam – diýdi. Men hem öz gezegimde soldat düzgüni boýunça: – Salam – diýdim. Ol maňa siňe-siňe seretdi-de: – Gurban senmi? – diýdi. Men hem tanadym. – Ýoldaş starşiý leýtenant – diýip, boýnuna bökdim. Bu starşiý leýtenant bir ýyl mundan ozal ýaraly ýatyrka okoba süýräp getirenim, semennikli Garamyrat Geldiýew bolup çykdy. Özüni bejerdip, Kowelden bäri söweşip gelýändigini mälim etdi. – Gabat gelen polkdaşlarymdan soradym. Hiç hili derek tapmadym. Ahyry «Bir polkdaşyň öldi» diýdi. Gaty gynandym – diýdi. Soňra ol özüniň bu ýere tanyş-bilişiň gabat gelmeginiň mümkinligini, toplarynyň golaýdadygyny aýtdy-da: – Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? – diýdi. Men özümiň sanitardygymy aýdamda, ol: – Sen bu ýerde beýdip ýörme. Meniň topçym ýetenok, men seni topçy edip alaýyn – diýdi. Men hem: – Saçly uýam berse, baş üstüne – diýdim. Onda ol: – Saçly uýaňdan alaryn – diýdi-de, Saçlyň çadyryna girdi. Ol birsalymdan öwrülip geldi-de: – Aldym – diýdi. Az salymdan Saçlyň özem geldi-de: – Jigim, men seni goýberjek däldim. Uruş uruş bolýar-da – diýdi-de, hatlarymy düzedip berdi. 1944-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Garamyrat meni ýanyna çagyryp: – Şu gün diwiziýamyzyň baýdagyna Suworow ordeni dakyljak. Sen şol dabara gatnaşmaly hem-de diwiziýanyň ordenini gutla, söz bererler – diýdi. Biz barmaly ýerimize baranymyzda, dabara gatnaşmaly esgerler nyzyma duran eken. Biz hem durmaly ýerimizde durduk. Ýelnýanyň adyny göterýän Gyzyl Baýdak ordenli 76-njy atyjylyk diwiziýasynyň baýdagyny general-maýor Gerwasiýew aýmançada nyzama duran esgerleriň öňüne getirdi. Korpusdan gelen general diwiziýamyzyň gazanan söweş edermenlikleri dogrusynda sözledi. Baýdagymyzdaky Gyzyl Baýdak ordeniniň gapdalyna Suworow ordenini dakdy. «Urra!» sesler ýaňlandy. Dabarada söz berlen komandirler, esgerler çykyş etdiler. Men hem öz gezegimde «Diwiziýam» atly täze döreden on bäş bentden ybarat goşgymy okap berdim. Goşgymy okap, hatara durmakçy bolanymda, ildeşlerim meni göter-hä-göter etdiler. Täze ýyly garşylamak üçin ýerzemine ýygnandyk. Her kim gören-eşideninden söhbet açdy. Men büzmeýinli dostum Gurbanmämmet Durdyýewiň topçular bilen komandiriň arasyndaky aragatnaşyk kesilende, okuň astynda süýşüp, üzülen prowodanyň 16-syny çatyp, sargy sarap, 17-nji üzülen ýerini çatmaga mejaly ýetmän, simiň iki ujuny eliniň aýasynda gysyp, aragatnaşygy ýola goýup, wepat bolşy baradaky goşgymy okap berdim... Saçly Dursunowa frontdan Ýeňiş bilen mähriban şäheri Aşgabada sag-aman dolanyp geldi. Uly ynam bilen parahat durmuşa gadam goýdy. Alymlyk derejesini almak üçin aspirantura okuwa girdi. Medisina ylymlarynyň kandidaty, soň ylymlaryň doktory derejesini aldy.Ony tanaýanlaryň hemmesi Saçly Dursunowanyň hakyky alymlygyna kepil geçýärdiler. Alym zenanyň işeňňirligine, onuň belent adamkärçiligine telpek goýardylar. Ol adamlardaky ýalançylygy, galplygy , kümsükligi düýbünden halamaýardy. Şeýle häsiýetdäki adamlardan daşda durjak bolýardy. Işlän Epidimologiýa we mikrobiologiýa insitutynyň işgärleriniň hemmesiniň çyn hormat-sylagyny gazanyp bilen adamy başgaça göz öňüne getirmegem kyn.Ýazyjy Kakaly Berdiýewden Saçly Dursunowa hakynda eşiden gürrüňlerim hem ýadymda. Ol bu maşgala bilen saçakly gatnaşýardy. Olar goňşurak ýaşaýardylar. Haçanda Kakaly agalara baranymda men Saçly Dursunowanyň ýanýoldaşy sahna ussadymyz Muhammet Çerkezowy ýazyjynyň döwletli saçagynyň başynda häli-şindi görýärdim. Bu günki gün halkymyz öz gahryman gyzyny unutmaýar. Wagtyň geçmegine garamazdan, ony sarpalaýar. Täze dörän Arkadag şäherindäki medisina okuw jaýyna hem merdana zenan, ady rowaýata öwrülen Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy munuň aýdyň subutnamasy! Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |