20:18 Saddam, Kaddafi, Aly Salyh, Hariri | |
SADDAM, KADDAFI, ALY SALYH, HARIRI
Publisistika
Şol uzyn oteliñ eýwanyndaky ýatlamalar gijesi hasam uzady, emma bu ýerde gije "aýdylan" hemme zady gürrüñ bermäge wagtymyz ýetenok. Ol çiliminiñ burugsap duran tüssesini üfläp durşuna şeýle diýdi: "Size syr satyjylaryñ heniz satmadyk bir syryny aýdyp bereýin. Bir gün meniñ ýanyma Jemgyýetçilik howpsuzlygy uprawleniýesiniñ müdiri geldi. Ol Homeýniniñ Yrakdaky guýruklarynyñ gozgalañ turuzma howpunyñ bardygyny, munuñ myhmansöýüjiligiñ şertlerine gabat gelmeýändigini, olaryñ meçew bermekden gaýra durmaýandyklaryny aýtdy. Öñünde durmasy kyn zyýaratçylary saklamak we olaryñ ömür tanapyny bir gezekde hemişelik ýolmak üçin sagdyn meýilnama işläp düzmegi teklip etdi. Gizlinlik bilen Eýrana bakan ýola çykandygyny ýa-da Eýranyñ "SAWAK" howpsuzlyk gullugynyñ ony ele salmagy başarandygyny aýdyp, ony çölde hiç kimiñ bilmeýän ýerinde gizläp biljegimizi-de sözlerine goşdy. Men oña seretdim we şeýle diýdim: "Yragyñ myhmanlaryna hyýanat edendiginiñ taryha girmegini isleýärsiñmi?" Müdir aljyrap näme diýjegini bilmedi, ötünç sorap gözden ýitdi we soñra boljak işler boldy". Ol yzyndan sözlerini şeýle dowam etdirdi: "Bir ýyldan soñ ýokary düzümli bir howpsuzlyk işgäri ýanyma geldi. Jelal Talabanidir Mesut Barzaniniñ ýurduñ demirgazygyny Yrak üçin tikenege dönderendigini, olaryñ ikisini-de Bagdada getirip, zäherlemek ýa-da başga bir ýol arkaly halas bolmak üçin amatly pursat teklip edýändigini aýtdy. Gahar bilen jogap berdim: Ikisinem jynym alanok, ýöne Bagdat meniñ öýüm. Öz öýümde birini gapana düşürendigimiñ gepiniñ edilmegini isleýärsiñizmi?" Uzakdaky otelde düşlän adam üçin bu gije adaty gijeleriñ biri däldi. Ekranlaryñ şol günleri täzeden ýat etjegini bilýärdi. Heýkelini amerikan bronemaşynynyñ tros bilen çekip ýykyşynyñ, Jorj Buşuñ özüni çukurdan tapyp almagynyñ, boýnuna ýüp salnyşynyñ wideoýazgylarynyñ gaýtadan ýaýlyma beriljekdigini bilip durdy. Şonuñ üçin ýatlamalar ummanyna çümmek üçin oteliñ eýwanynda çetiräk ýere çekildi. Birdenkä Muammar Kaddafi, Ali Abdylla Salih, Refik Hariri dagy peýda boldy. Ol ajy ýylgyrdy. Megerem bular oña göwünlik bermäge gelipdiler. Ol gamgyn ýa-da lapykeç halda däldi. "Duşmanyñyzyñ sizi öldürmegine päsgel berip bilmeýän bolsañyz, iñ bolmanda onuñ sizi pese düşürjek bolma mümkinçiliginden mahrum edip jezalandyryñ" diýip pikir etdi. Ol gelenleri garşy aldy, gelendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi we şeýle diýdi: "Hiç bir lider öz takdyryny özi saýlap almaýar. Onuñ özi takdyrynda näme ýazylan bolsa, şonuñ üstünden barýar. Men türkana däl. Men adamlary aýna gyýçaklarynyñ üstünde ýöreýän çarkandakly taryhyñ ogly. Ölümimiñ meni toýnuk gurap barýan ýyllaryñ yzyndan ýa-da oslagsyz ýagdaýda ýüregagyry bilen almagyna garaşamokdym. Takdyr ölümimiñ ýaşan ömrüme meñzeş bolmagyny, duşmanlarymyñ ýüzünde partlan gülle bolmagymy isleýärdi". Ali Salyh eşidýän zatlaryna geñ galmady. Kaddafiniñ belli bir derejede görübilmezçilik duýgusy oýandy we Saddam Hüseýiniñ Homeýni hakdaky sözleriniñ oña Ymam Musa es-Sadra kesgitlän takdyryny ýatlatmak üçin bilgeşleýin ümleme bolmasyndan gorkdy. Hernä nägilelik bildirme pikirinden el çekdi. Hariri Saddam maşgalasynyñ we halkynyñ çeken horlugyndan sapak almandyr diýen netijä geldi, ýöne ýüzüni üýtgetmedi. Saddam sözüni dowam etdirdi: "Eýran bilen Bagdadyñ köçelerinde uruşmajak bolup araçäkde uruşdym. Onuñ taryhyñ hasaplaryny görmäge taýýarlanandygyny bilýärdim. Paul Bremeriñ we Kasym Süleýmanynyñ goltugyndan çykan adamlaryñ garpyşygyna sahna bolan Yraga näme bolandygyny gördüñizmi? Döwlet howpsuzlygy uprawleniýesiniñ müdiriniñ maslahatyny ret edendigime puşman edemok. Soñky hökümi taryh sudunyñ öz ygtyýaryna goýýaryn. Ýeri gelende, Kuweýti okkupirlemegi inkär etmedigimi-de aýdaýyn. Iñ ýakynymdaky adamlar maña meçew berdi, menem soñuny saýman gapyl hereket etdim. Güýç duýgusy serhoşlugyñ iñ ýamanydyr. Belki-de, köne saman sowrup bar aýbymyzy açaýmasyn diýip meni ölüme höküm etmäge gyssandylar. Başyma gelenlere geñ galmadym. Uruşdym, öldürdim, öldürildim. Aly gardaş, käbir tapawutlaryñ bardygyna garamazdan, seniñem üçinem şeýle bolandygyny aýdyp biljek. Muammar gardaş, ýagdaý seniñ üçinem şeýle. Emma Refik Haririniñ günäsi näme boldy-da öldürildi? Ol Beýrutyñ jaýlaryny abatlapdy we şäheri urşuñ weýrançylygyndan halas edipdi. Süleýmanynyñ has soñra Bagdatda edişi ýaly Gazy Kenanyñ we Rüstem Gazalynyñ prezidentlerini we hökümetleri bellän döwründe gülleler bilen däl-de, parahatçylykly ýollar bilen ýurduñ öz ykbalyny özi kesgitleme mehanizmini we hökmürowanlygyny gaýdyp almagyñ gamyny iýdi". Aly Salyh şeýle diýdi: "Dogry. Uruşdym, öldürdim, öldürildim. Emma meni öldürenler Ýemeni-de öldürdi. Halka, döwlete, döwletiñ özbaşdaklygyna, öz ykbalyny özi kesgitleme mehanizmlerine eden ýamanlyklaryna bir serediñ-ä. Ýemen şonsuzam-a ýaşar ýaly ýurt däldi. Geografiýasy kötelli, taryhy belentli-pesli. Elimde bomba saklap duran ýaly ýurdy dolandyrdym. Manýowrlar etdim, konfliktleri gijikdirdim, uruşdym, ýaraşdym. Ýöne bularyñ barsyndan jebislik orta çykardym we şony-da gorap sakladym. Meni tä çakýança ýylanlaryñ üstünde tans etdim. Meniñ ýurdum üçin edenlerim bilen husileriñ ýurdumyza edenlerini deñeşdirmegi taryhyñ öz ygtyýaryna goýýaryn". Yzyndan Kaddafi gürledi: Rejimiñi öldüren we seniñ öldürülmegiñe ýardam eden amerikanlar ençeme ýyl öñ meni-de öldürmäge synanşypdylar. Istrebitelleri ýatýan otagyma çenli geldi peläketleriñ. Dar agajynyñ ýüpünde hallan atan meýdiñi gören günüm gorkandygymy senden gizläp bilmerin. Saña bolan az-kem görübilmezçiligimiñ bardygyny-da gizlämok. Egilmän, bükülmän mañlaýyñda ýazylana bakan başyñy dik tutup ýörediñ. Seni öldürenleri gözüñde ýaş görme begenjinden mahrum etdim. Menden öýkelidigiñi bilýän, öñ ötünç soramadygam bolsam, şumat senden ötünç soraýaryn. Eýranyñ Bagdada atan birinji raketasynyñ biziñ ammarlarymyzydandygy ýadyma düşüp dur. Aslynda Eýrana raketa iberme babatda Abdyssalam Jalud ýaly höwesli-de däldim welin, gaflatyñ ýesiri boldum-da. Bular biziñ takdyrymyz. Menem uruşdym, öldürdim, öldürildim. Başdan geçirmelerim zulum edenlerim we çagalarym diýýän adamlar tarapyndan öldürilmegim bilen soñlandy. Meniñ maşgalamam agyr betbagtçylygy başdan geçirdi, çagalarymy mazarlaryñ, göztussag saklanýan merkezleriñ we gizlin tussaghanalaryñ arasynda paýlaşdyrdym". Hariri ajy gülümsiräp, şeýle diýdi: "Aýyplaşmañ welin, siziñki ýaly doly ýa-da çylşyrymly geçmişim-ä ýok. Ne uruşdym, ne öldürdim, ýöne şonda-da öldürildim. Palestinaly lider Wedi Haddad bilen başdan geçirmelerim arap identiçnosty babatda erjel ýaş ýigidiñ ömrüniñ bary-ýogy gysgajyk bölüminden ybarat. Men saýlawlar bilen häkimiýete geldim. Ýolbaşçynyñ edara binasyna öñki gapydan girdim. Haýsydyr bir öwrülişige ýa-da döwlet agdarlyşygyna öñbaşçylyk etmedim. Meni 1559-njy belgili karara goşulanym üçin günäkärleýärler. Ölümi däl-de, parahatçylykly ösüşiñ pikirini edýän adaty ýurtda ýaşamagy niýetine düwen biri günäkär saýylmalymy? Bedenim Beýrut köçelerinde asmana sowruldy diýip gynanamok. Men Beýrut deñiz duralgasynyñ, ruhunyñ, many-mañzynyñ asmana sowrulyşy ýaly asuda ýurdumyñam asmana uçup gidendigine gynanýaryn. Meniñ bar günäm bombalary ýerleşdirenleriñ sebäp bolan gijesinde çyra ýakmakdan añry geçenok. Yragy weýran eden sarsgynyñ meni-de ýurdum bile bile düñderip taşlamagyna garaşmandym". Şol uzyn oteliñ eýwanyndaky ýatlamalar gijesi hasam uzady, emma bu ýerde gije "aýdylan" hemme zady gürrüñ bermäge wagtymyz ýetenok. Gassan ŞERBIL, "Şarku'l Avsat" gazetiniñ baş redaktory. Sişenbe, 21.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |