16:52 Şu ýerden "Wagner"-iñ lideri geçdi! | |
ŞU ÝERDEN "WAGNER"-iñ LIDERI GEÇDI!
Publisistika
Indi Prigožiniñ soñky ykbalynyñ näme bilen gutarjagy gyzykly bolup galdy. Şeýle ýowuz, çylşyrymly, dyzmaç adam nepaga çykyp, Belorussiýada ümsüm oturaýmaz. Duşmanlarym başga bir çykyş üçin hallan atýardy. Rostow şäherini başyna ýykmagymy, köçeleriñ ýanýan awtoulagdan dolmagyny isleýärdiler. Ekranlaryñ ruslaryñ we hakynatutma harbylaryñ jesetleriniñ suraty bilen doly bolmagyny arzuwlaýardylar. Ukrainada öñki hatarlarda uruşýan harbylarymyzyñ gaýgylanmagyny, günbatarly jansyzlaryñ şol ýerdäki hatarlarymyza syzmagyny, iki oduñ arasynda galanymyzy, ruslaryñ "Wagner" ýaragynyñ ata watanyñ özüne garşy çenelendigi üçin howatyra düşüşlerini görmegi umyt edýärdiler. Käte duşmanlaryñyzyñ siziñ üçin arzuwlan duzagyna düşmezlik üçin öýke-kinäñize erk etmeli bolýar. Menem şeýtdim. Ýewgeniý Progožin agyr jeza berilmäge mynasyp. Her haýynyñ özüne nämäniñ garaşýandygyny, yşarat barmagyny howp bilen galdyranyñ barmagynyñ goparyljagyny bilmegi üçin, belki-de, jesediniñ Gyzyl ploşadda asylmaga mynasyp. Ýöne häzirlikçe şulam ýeterlik. Gorkmaýan adamam gorkdy. Egilmeýän adamam egildi. Şu wagt islenýän Günbataryñ "Kremliñ aşpezi" diýilýän adamynyñ kellesi däl-de, Zelenskiniñ kellesi. Gapyny ýüzlerine ýapdym. Russiýany rus ganyna çyrşalan ýagdaýda görme keýpinden olary mahrum etdim. Şindi bolup geçenleri düşündirmek we analiz etmek üçin wagtlaryny geçirerler. Kremliñ hojaýynynyñ arabasynyñ jygyldaýanyny aýdarlar. Abraýynyñ peselip, uzakly gün dowam eden gozgalañyñ režimiñ gowşaklygyny görkezendigini, soñlandyryp bilmedik ukrain urşunyñ uzadygyça başga gaý-tupanlar bilen ony aldym-berdime saljagyny aýdarlar. Günbatar Russiýany tananok. Ruslar güýçliniñ kölegesinde uklamagy halaýar. Kremliñ eýesini öldürip bilmedik her bir urgy onuñ eldegrilmesizligini artdyrýar. Kremliñ hojaýyny ýeke-täkdir. Onuñ şärikdeşi-de ýok, mirasdüşeri-de. Ol ofisinde eýläk-beýläk ýöredi. "Generallar berlen tabşyrygy birkemsiz ýerine ýetiren bolsalar, "Wagner"-iñ lideri ekranlarda parlamazdy" diýip oýlandy. Eger urşy birküç günüñ içinde gutaran bolsadylar, Zelenskini wezipesini taşlap gaçmaga mejbur eden bolsadylar, onuñ ýyldyzy parlamazdy. Orden-medallarynyñ agyrlygy ädimlerini haýalladýar. Uruşdan gorkýarlar. Aýallaryndan gorkýarlar. Urşy uzak aralykly dürbüler bilen yzarlaýarlar we fronta gitmegiñ ýerine raketalardyr uçarmansyz dolandyrylýan istrebitelleri ugradýarlar. Prigožiniñ üýtgeşikdigini boýun alman bilmerin. Uruş onuñ güýmenjesi. Ölüm bilen garmaşanda ýeke gyly gymyldamaýar. Ganda ýüzüp ýörensoñ gözünem ýeke gezek gyrpmaýar. Seýilgähde oturan ýaly jesetleriñ arasynda abşarylyp oturandyr. Eger bir şäher onuñ gaharyny getirse, şol şäheriñ üstüne dowzahyñ indigini biläý! Ýönekeý raýatlar, ýaşaýyş jaýlary, buthanalar, metjitler onuñ üçin el ýetirip bolmajak zatlar däl. Şäheriñ suwuny, toguny, damarlaryny keser goýbär. Haýynyñ Bahmuty garyşma-garyş, mazarma-mazar yza gaýdyp alandygyny inkär edip bolmaz. Onuñ ýaragly adamlarynyñ öñünde gar-ýagşyñam, batganyñam durup bilmändigini kim ýaşyryp biler. Ýoldaşlarynyñ kükreginden durnagöz çeşmeden şildirdäp akýan suwa meñzeş akan ganlaryñ yzyndan gidendigine göz ýumup bolmaz. Bahmutyñ ýerasty geçelgelerinde goşuny masgaraçylykdan halas eden adamyñ - Russiýanyñ abraýyny halas eden adamyñ jesedini götermek meniñ üçin nähili agyr. Ol akylly adam. Türmelere gidip, ol ýerde oturan birehimleri urşa gatnaşmaga yrdy. Olara söz berdi, gylawlandyrdy, ýaraglandyrdy, olary ukrain dowzahyna äkitdi. Tussaglaryñ köpüsi orden-medal almazdan we hiç kim bilen hoşlaşmazdan şol dowzahda ölüp gitdiler. Ol gaýduwsyz we ajaýyp adam. Siriýada, Liwiýada, Afrikanyñ dürli ýerlerinde üstünlikli işleri amala aşyrdy. Ol ikirjiñlenmeýär, rehim etmeýär, doýmaýar. Uruşlar onuñ üçin serpaýdyr, tebigy baýlyklar onuñ agzyny suwardýar. Dolandyryş işi peşkalary dolandyrmak sungatydyr. Olar bilen oýnaýarsyñ we olary oýnadýarsyñ. Bir golaýlaşdyryp, bir daşlaşdyrýarsyñ. Olara duzak gurup, soñam halas eden bolýarsyñ. Uçut gaýanyñ erñegine çenli itip, soñam yza çekýärsiñ. Olara hemişe oýnuñ bir parçasydyklaryny, seniñ olaryñ howandarydygyñy we serkerdesidigiñi ýatladýarsyñ. "Wagner"-iñ lideri-de şolar ýaly peşkalarymyñ biridi. Onuñ gaýduwsyz we gödek işleriniñ netijeleri döwletiñ hyzmatyndady. Goşun adyny almazdan mobil goşuna öwrüldi. Paramilitar topardan has ötedi. Uzyn penjeli parallel goşundy. Çäkden-çygyrdan çykan diýdimzorluk imperiýasydy. Peşkalaryñ gozgalañy köp bolýan zat. Ýeñişler olary serhoş edýär. Derrew eden işlerine töleg talap edýärler. Şärikdeşlik edýän gallýusinasiýasyna özlerini aldyrýar. Mejbury geçiş bardyr we ony küşt tagtasynyñ daşyna itmegiñ mümkin däldir öýdýärler. Prigožin pensiýasyny we ömrüniñ galan bölegini owadan willada dynç alyp geçirjek biri däl. Ol özüni ringlere örklän hakyky boksýor. Elmydama gözleýäni duşman. Baýlygyny we gurbanlarynyñ sanawyny köpeltmekden başga bilýän zady ýok. Dolandyryşyñ iñ uly keýpi peşkalary hereket etdirmekdir. Olary men saýlap alýaryn. Ýykýaryn. Parladýaryn. Boýun egdirýärin. Öte geçseler damarlaryndaky gany tartyp, täzeden lepbeý diýdirýärin. Progožin daşa gitdi. Peşkalaryñ özara dawa-jenjelleri we rol uruşlary meniñ üçin-ä geñ däl, ýöne bularyñ barsy oýnuñ çäginde bolsa. Prigožin Şoýguwa, Gerasimowa we beýleki generallara garşy tankydy bellikleri aýdanda öte geçdi. Olaryñ meniñ ganatlarymyñ aşagynda ýaşaýandygyny ýatdan çykardy. Ýeñişleriñ ýalpyldysy akylsyzlaşdyrýar. Peşka öz peşkadygyny ýatdan çykarýar. Ýeñiş aklyny başyndan alyp, ony ýönekeý oýunçy bolmaga iterýär. Emma oýun diñe ýeke-täk oýunçyny kabul edýär. Meselem, Prigožin Dmitriý Medwedewden sapak almady. Medwedewi premýer-ministrlik wezipesine oturtdym. Ol öz roluny oýnady. Oýunda ony beýgeltmek gerekdi. Oña Kremle gitmegi we "başlyk" statusynda şol ýerde uklap köşge dolanyp gelmegini buýurdym. Ol oýny akylly oýnady. Wezipe müddeti gutaransoñ, ony şumatky ýerine ugratdum. Ol şindizem meniñ ýanymda we şindizem meniñ guýrugym. Şoýgu açgözlülik etmedi. Agzyny suwartmady. Lawrow hem öz işini edýär, beýgeljek bolup ýokaryk dyrmaşma niýeti ýok. Ýaraly Wladimir Putin gozgalañy ulalmanka basyp ýatyrmakçy boldy. Prigožiniñ atan bombalary kyn sowallary döretdi. Bularyñ iñ düýplüsi Ukrainadaky urşuñ kanunylygy we nädogry maglumatnamalara gollanmagy bilen baglanyşyklydy. Ünsleri gozgalañdan sowmak üçin gazap ýene bir gezek Putiniñ oña we onuñ bilen bile Günbatara boýun egdirmäge dyrjaşanda agsakladan Ukraina garşy gönükdiriler. Indi Prigožiniñ soñky ykbalynyñ näme bilen gutarjagy gyzykly bolup galdy. Şeýle ýowuz, çylşyrymly, dyzmaç adam nepaga çykyp, Belorussiýada ümsüm oturaýmaz. Ümsüm durmuşda ýaşap, ýatlamalaryny ýazyp bilmez. Gorky söbügini sypdyrmaz, çünki ölüm alma, bulgur ýa-da hat görnüşine girip onuñ bokurdagyna münüp biler. Ol ölümi soña goýlan öli. Dostlaryndan has köp duşmany bar. Gurbanlary goldawçylaryndan has köp. Bir gezek syýasat we howpsuzlyk arenasynda çykyş edýän arap aktýorlarynyñ birine öldürilmekden gorkañokmy diýip soranym ýadyma düşýär. Ol oñyn jogap beripdi. Sebäbini soranymda "çünki bilmeli zadymdan has köp zady bilýärin" diýipdi we ol başga bir gün bedeni, barja bilýän zady bilen bir partlamada howa uçup gitdi. "Wagner"-iñ lideri ol adamdan has howply we bilmeli zadyndan has köp zatdan habarly. Gassan ŞERBIL. Sişenbe, 27.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||