19:49 Jeset arzuwlaýan adam | |
JESET ARZUWLAÝAN ADAM
Publisistika
Şol günden bäri teraktlar üçun ýörite düzgün döredi: Ysraýylyñ iñ esasy duşmanlarynyñ jesetlerinde elmydama premýer-ministriñ goly bar. Illýustrasiýa: Lola Dupre / NYT Argyn ýagdaýda uklap ýatyr. Bu Ysraýylyñ iñ rehimsiz söweşi. Goşunlar bilen söweşmek has añsat bolýardy. Salgysy helli. Oña garşy öldüriji zarbalary inderip bolýar. Howa menzillerini, radarlaryny urup, tanklaryny ýakyp bolýar. Ýerlerini yzyna almazdan ýaraşyk şertnamasynyñ zäherini owurtlamaga mejbur edilip bilinýär. Yza serpikdirijilik mümkinçiligi doludy. Bu has öñ görlüp-eşdilmedik uruş. Uklamazdan öñ habarnamalara göz aýlaýar. "Eş-Şifa" medisina kompleksi ölmegi ret edýär. Goşun ony boýun egdirendigini öñe sürdi, emma ol yzyna dolanyp garşylyk görkezýär. Içinde we daşynda ot bar. Refah söweşinden öñ gaty köp söweşden netije almaly. Sanlary gözegçilikde saklaýar. Ýüzlerçe öli ofiseriñ we esgeriñ ýany bilen müñlerçe ýaraly, maýyp-müjrüp bar. Ykdysady ýitgiler howpurgadyjy, emma bu uruş ýaşamak üçin alnyp barylýan uruş. Ysraýylyñ haýbaty nirede? Ugandanyñ Entebbe şäherine çenli uzaýan, Tunisde terakt guraýan, Yragyñ ýadro reaktoryny urýan, Tähranda, Şamda, Beýrutda adam öldürýän uzyn eli nirese? Meselem, "Hamasyñ" tunellerinde saklanýan zamunlaryñ añyrsynda. Bularyñ sany goşunda öldürilenleriñ sanynyñ altydan birine-de ýetmeýär. Yza dolanmaklary gerek, emma ýitgileriñ öwezini dolmak ýa-da özleriniñki dogry etmek üçin ýeterlik däl. Iñ ýamany olar yza dolanandygy üçin uruşyñ duruzylmagy gynançly bolar. Uruşy duruzmak gorkuzyjy we gynandyryjy. Bu diñes gurulmaly hasap soralşygy we derñew komitetleri añladýar. Uzyn dolandyryş synagy üçim gorkunç soñlama. Oña "Ysraýylyñ patyşasy' diýenler üçin gorkunç soñlama. Baýdeni begendirmek we saýlanma mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin bu zäherden içmese gerek. ABŞ-ny gowy tanaýar. Onuñ duşmany bolmak nähili kyn! Onuñ ýarany bolmagam nähili kelleagyry! Ýewropaly liderler adam hukuklary guramalaryndan we sosial mediýadan gorkýan züwwetdinler. "Azat dünýä" indi azat däl. "Tupan" başlandan bäri "Mossad" we "Şin Bet" gulluklarynhñ ýolbaşçylaryna her gün şol bir sorag berilýär. Her günem lapykeçlige uçraýar. Bu gorkunç uruşyñ diñe girewne alynanlaryñ gaýdyp gelmegi we boşadylanlaryñ masgaralaýjy tölegi bilen soñlanmajakdygyny bilenoklar. Munuñ özi möhüm jesediñ ele salynmagyndan başga zat bilen gutarmajak uly uruşy. Ol jesedem "Tupany" döredenkñ we simwolynyñ jesedi. Her gije ýadaw ýagdaýda uklaýar we Ýahýa el-Sinwaryñ jesedi düýşlerini bezeýär. Kast edilşikler baý we köpdürli dünýä. Döwüriñ üýtgeşmelerini elmydama oñyn kabul edil bilýän pudak. Emeli añ eýýamynda hanjar köne we gymmatsyz gurala öwrüldi. Ýerleri elinden alnyp, ýerinden-ýurdundan kowlup we öý-öwzaryndan jyda düşürilip tutuş bir halka kast edip bolýan eken. Ýerlerine täze ilatly punktlary gurup, täze göçüp gelýänleri ýerleşdirip dogduk depelerinden kowma, aç-suwsuz goýma ýaraglary bilen öldürip bolýan eken. Nekbäniñ önümi rehimsizlik, azm we ýaranlyk talap edýän sungat. Duşmanlaryñ el yzyny, demini, sesini yzarlap bolýan eken. Döwri hanjarlaryñ we oklaryñ deñinden uçarmansyz dolandyrylýan istrebitellere, dronlara göterdik. Iñ esasy zat ýolagçylygyñ uzyn çaknyşyk derýasynyñ ýüzünde ýüzjek jeset bilen gutarmagydyr. Bir ýerde iki adama ýer tapylmasa, ol ýerden biri hökman jeset bolup çykmaly bolýar. Agaç köküni guratma howpuny abandyrýan goñşusy bilen bir ýerde oñşup bilmeýär. Ýaşamak üçin çaknyşylanda ýa öldürýän ýa öldürilýän bolarsyñ. Duşmanyñyzyñ jesedi sap altyndyr. Sizi köşeşdirer. Sizi rahatlandyrar. Size ýalbarar. Döşüñizde medaldyr. Geçen ömür ýoluñyzda we taryhyñyzda ýalpyldap durandyr. Jana kast edilşikleri ol oýlap tapmady. Munuñ özi iwrit döwletinde elli ýyl bäri dowam edip gelen akym. 1972-nji ýylyñ "Gara sentýabr" topary uly zarba inderipdi. Ýaragly adamlar Mýunhende geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ysraýylly türgenleriñ bolýan otaglaryna dökülipdi we Ysraýyl tarapyndan saklanýan bendileriñ boşadylmagyny talap edip, ysraýyl toparynyñ türgenlerini girewne alypdy. Hadysanyñ soñy ganly gutardy: nemes oklaryna başga dürli oklaryñ garyşmagy netijesinde 11 ysraýylly türgen öldürildi. Ysraýylyñ jany bokurdagyna geldi. Howpsuzlyk gulluklary premýer-ministr Golda Meýre goşmaça meýilnama bilen birlikde habarnama taýýarlap berdiler. Meýr biraz ikirjiñlenenden soñ Mýunhen teraktyna ilteşigi bolan hemmeleriñ öldürilmegini göz öñüne tutýan "Hudaýyñ gazaby" meýilnamasyny oñlapdy. Şeýlelikde dünýä Beýrutdan Ýewropanyñ birnäçe paýtagtyna uzaýan iñ uzyn kast edişlikler tapgyryna şaýatlyk edipdi. Şol günden bäri teraktlar üçin ýörite düzgün döredi: Ysraýylyñ iñ esasy duşmanlarynyñ jesetlerinde elmydama premýer-ministriñ goly bar. Teraktlaryñ sanyny we kimleriñ edendigini ýekän-ýekän sanamaga kiçijik makalam darlyk eder. Birnäçe mysal bersem ýeterlik bor: Beýrutda Kemal Adwanyñ, Ebu Ýusuf en-Nejjaryñ, Kemal Nasyryñ jesetleri. Olaryñ öldüreniñ Ehud Barak atly ofiserdigine garamazdan, Meýriñ golunyñ bardygy görnüp durdy. "Fetih" toparynyñ düýbüni tutujylardan we ýolbaşçylaryndan Halil el-Wezir "Ebu Jihadyñ" jesedinde Izak Şamiriñ goly bardy. Soñra jesedinde Şamiriñ goly bolan "Hizbullahyñ" baş sekretary Abbas el-Musawynyñ öldürilme buýrugyny Ýaragly Güýçleriñ Baş ştabynyñ başlygy wezipesine geçen Barak beripdi. Palestinadaly "Yslam jihady" hereketini esaslandyryjy we hereketiñ baş sekretary Fethi el-Şikakynyñ jesedinde Izak Rabiniñ goly bardy. "Hamasy" esaslandyryjy Ahmet Ýasiniñ, oruntutary Abdyleziz er-Rantisiniñ, "El-Kassam" brigadalarynyñ genetaly Salah Şehadeniñ jesetlerinde Ariel Şaronyñ goly bardy. "Hizbullahyñ" esasy ýolbaşçylaryndan Imad Mugniýäniñ jesediniñ ýany bilen ýadro ylmy boýunça eýranly alymlaryñ jesetleriniñ ýüzüne Ehud Olmertiñ goly çekilipdi. "Hamasyñ" partlaýjy maddalar boýunça inženeri Ýahýa Aýýaşyñ jesedinde Şimon Peresiñ goly bardy. Binýamin Netanýahunyñ goly çekilen jesetlerem bar: Mahmud el-Mebhuh, Ahmet el-Jabari, Salih el-Aruri, Merwan Isa. Häzir ysraýylly premýer-ministrleriñ arasynda kän wagtlap häkimiýet başynda galan adam uly we esasy jesede ýiti mätäçlik duýýar. Käte Palestinantñ bölünmeguniñ utuşly taraplarynyñ üstünde jedele girse-de, Netanýahunyñ "Hamas" bilen öñden gelýän hasaby bar. 1997-nji ýylda premýer-ministrkä stolyna "Hamasyñ" başlygy Halid Meşaly Ammanda öldürmek teklipnamasy gelipdi. Muny tassyklamak juda kyndy: iki ýurduñ arasynda ýaraşyk şertnamasy bardy. Mossad bombalama we ýarag ulanma formalaryndan el çekipdi. Şonuñ üçin ölüm howly zäher garyndysyny ýasadylar. Mossadyñ bir işgäri Meşaly zäherledi, emma ony zäherlän iki jenaýatkär Iordaniýanyñ howpsuzlyk gullugynyñ işgärleriniñ eline düşdi. Iordaniýanyñ patyşasy Hüseýin muña aç-açan masgaralama hökmünde, ýaraşyk şertnamasynyñ gaýtadan gözden geçiriljekdigi aýdyp haýbat atdy. Şobada Waşington ara girdi we Netanýahudan zäheriñ Meşalyñ endamyna ýaýramagynyñ öñüni alýan kapsulany Mossadyñ dessine ugratmagyny talap etdi, şeýle-de boldy. Iordan patyşasy diñe Meşaly halas edeni bilenem çäklenmedi, şol bir wagtyñ özünde soñrak Şaron tarapyndan öldürme buýrugyna gol çekilen Ahmet Ýasini-de boşatmagy talap etdi. Netanýahu häzir Ýahýa Sinwaryñ jesedinu arzuslaýar. Bu jeset onyñ ýeñiş gazanandygyny aýtmagyny üpjýn edip biler. Belki-de urşy togtadyp biler. Ysraýylyñ eliniñ "Tupanyñ" başyny başlana-da uzandygyny aýdyp bolar. Ar aljak bolýan adama derýanyñ boýunda oturyp duşmanynyñ jesedine garaşmagy ündän hytaý aýtgysyna amal etmäge takaty ýetmese gerek. Ol öz säwliklerini se kemçiliklerini örtmek üçin duşmanynyñ jesedini edil häzir isleýär. Öwrenmegi ret edýär. Jesetleriñ we olaryñ ýüzüne çekilen gollaryñ köplügi teraktdan soñ doglan ýaly bolup görünýän döwlete howpsuzlyk getirmedi. Jeset syýasaty entek köp jesetleriñ boljakdygyny wada berýär. Gassan ŞERBIL, "Şarkul-Awsat" gazetiniñ baş redaktory. Sişenbe, 02.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |