13:31 ABŞ-nyñ we Eýranyñ el yzlarynyñ arasyndaky Gaza | |
ABŞ-nyñ we EÝRANYÑ EL YZLARYNYÑ ARASYNDAKY GAZA
Publisistika
Tähranda "hamasçy" miting, 13.10.2023 ý. / Fotosurat: Sobhan Farajwan - Pacific Press, Reuters 2012-nji ýyldy. "Kuddus güýji" goşun bölüminiñ serkerdesi Kasym Süleýmany Tähranda Ýahýa Sinwar atly "Hamas" ýolbaşçysyny kabul etdi. Synçylar eýranly general bilen "ihwançy" we öñ howpsuzlyk gullugynda işlän palestinaly myhmanyñ çalt jynynyñ jyñkyryşandygyny hem-de duşuşygyñ ikisiniñem beýleki tarapa ynam bildirip boljagyny duýmagy bilen soñlanandygyny aýdýarlar. Eýranyñ palestinaly myhmanyna berýän goldawyna geñ galmagyñ hajaty ýokdy. 2006-njy ýylda "Hamasyñ" başlygy Mahmud ez-Zahar Palestin hökümetinden bölünmegi saýlap alan Gazada aýlyklaryñ berilmegi üçin Süleýmany bilen geçiren gepleşiginden 22 million dollara barabar maliýe goldawy bilen gaýdyp gelipdi. Emma Süleýmany bilen Sinwaryñ arasyndaky hyzmatdaşlyk aýratynam Sinwaryñ Gaza sektorynda "Hamasyñ" başlyklygyny boýnuna almagyndan soñ uly maksatnama görnüşine gelmelidi. Dürli kartalardan ugradyljak taketa we uçarmansyz dolandyrylýan istrebiteller ýagmyry arkaly Ysraýylyñ biloñurgasyny ýazdyrjak "uly hüjüm" maksatnamasyna degişli myş-myşlar çykypdy. Sinwar iwrit dilini we "okkupasiýanyñ güýçli we gowşak" taraplaryny öwrenmek üçin ulanan ýigrimi ýyldan gowrak wagtyny ysraýyl türmelerinde geçirenden soñ 2011-nji ýylda azatlyga çykaryldy. Süleýmanynyñ Sinwarsa ünsüni çeken zadam okkupasiýa hakdaky bilýän zatlarydy. Süleýmany Sinwara ýaraglar we bulary öndürme mümkinçiligi babatda jomart çemeleşdi. Şonuñ üçinem Gazadaky häzirki ýagdaý şol duşuşygyñ yzlaryny saklaýar. "Hamas" aýratynam Sinwaryñ döwründe Eýran bilen ýaranlyk etmezden öñ Fethi Şikakiniñ ýolbaşçylygyndaky "Yslam jihady" hereketi bu ýoly has irki döwürde saýlap alypdy we häzirem şol ýoldan ýöreýär. Gazadaky häzirki ýagdaý Arap-Ysraýyl çaknyşygynda, aýratynam esasy halkasy bolan palestin halkasynda birnäçe çarkandakly on ýylyñ yzlaryny saklaýar. Prezident Jo Baýdeniñ Ysraýylyñ Gaza urşuny togtatma meýilnamasynyñ bardygyny mälim etmegi, ABŞ-nyñ Müsür we Katar hyzmatdaşlygynda meýilnamanyñ durmuşa geçirilmeginde kepillikçi rol oýnamaga taýýarlanmagy, çaknyşyklary kadalaşdyrma we olary duruzma tagallalarynda ABŞ-nyñ roluny täzeden ýagtylandyrýar. "Hamasyñ" meýilnama berjek ahyrky jogabyna garaşylmagy bilsa, Palestina-Ysraýyl çaknyşygynyñ soñky ýyllarda Eýranyñ el yzlaryny saklaýandygyny ýatladýar. Ýakyn Gündogarda amerikan kölegesi juda güýçli. Müsür güýçleri 1973-nji ýylda "Bar Lew" liniýasyny aşanda Ysraýyl ekstensial howpa uçrandygyny pikir edipdi. ABŞ şobada ara girdi we meýdandaky güýç deñagramlylygynyñ saklanmagyna goşant goşdy, şeýlelikde gepleşik geçirmezden halas bolmagyñ ýeke-täk çykalgasyna öwrüldi. Genri Kissinžer müsür we siriýa frontlarynda uruşy togtadan ylalaşyklary şeýdip netijelendirdi. Enwer Sedaty 1977-nji ýylda ýaraşyk gözläp Ysraýyl mejlisi Knessete baryp görmek ýaly öñ görlüp-eşdilmedik dramatik ädim ätmäge iteren sebäpleriñ başynda-da ABŞ-nyñ gyzyl çyzygy bardy. Elli ýyldan soñ Ýahýa Sinwaryñ güýçleri elektron diwary aşdy we Ysraýyl ýene ekstensial howpa uçrandygyny pikir etdi. ABŞ çaknyşygyñ ýaýramagynyñ öñüni almak üçin harby-deñiz güýçlerini ugratdy, Ysraýyl bilen Eýranyñ arasyndaky ikitaraplaýyn hüjümlere gözegçilik etdi, yzyndanam Ysraýylyñ Refahy doly basyp almagyna garşy çykdy. Söweşýän iki tarapa ylalaşyga gelme ýoly arkaly çykalga gözlemekden başga ýol goýmady. 1979-njy ýylyñ Ýakyn Gündogarynyñ durmuşynda we şol bir wagtyñ özünde palestin bukjasynda iñ möhüm we howply ýyllaryñ biri bolandygyny aýtsak öte geçdigimiz bolmaz. Şol ýyl Homeýniniñ rewolýusiýasy şa režimini agdarmagy başardy. Rewolýusiýa dünýäniñ garşysyna öñ gabat gelinmedik sahna bilen çykdy. Tährandaky amerikan ilçihanasynda işleýän amerikanlar duran ýerinde girewne alnypdy. Maksat "Uly şeýtanyñ" abraýyny gaçyrmakdy we ony sebitden kowmaga synanyşmakdy ýa-da iñ bolmansa ony sebit ýurtlaryna baglanyşdyrýan torlara howp abandyrmakdy. Rewolýusiýa sebitiñ garşysyna bolsa Ysraýylyñ Tährandaky ilçihanasynyñ jaýyndan ysraýyl baýdagynyñ düşürilip, ýerine palestin baýdagynyñ dikilmegi bilen çykdy. Eýran şol ýylyñ Müsür-Ysraýyl ýaraşyk şertnamasynyñ baglaşylmagyna we Müsüriñ Ysraýyl bilen çaknyşmagynyñ harby taýdan aradan aýrylyp, ABŞ bilen hyzmatdaşlyga geçişine sahna bolmagyndanam gaty gowy peýdalandy. Şumat el yzlarynyñ hemmesini sanamaga makalamyzyñ çägi darlyk edýär. Ýaser Arafatyñ Beýrutdan çykmagy ABŞ-nyñ gözegçiligi astynda bolup geçdi, yzyndan ABŞ Oslo şertnamalalaryny işläp düzdi we indem palestin hökümetiniñ özbaşdak rol oýnamagyny talap edýär. Garşy tarapda Eýranyñ el yzlary-da köp: Oslo ylalaşyklaryny paltalamak, ikinji Palestin intifadasyny militarizlemek, "Hamasyñ" Gazadaky agalygyny goldamak, Sinwar bilen hyzmatdaşlyk edip "Aksa tupany" hüjümi üçin gerekli şertleri üpjün etmek. "Aksa tupany" Ysraýyla görlüp-eşdilmedik zarba urdy. Netanýahu hökümeti-de muña Gaza halkyna görlüp-eşdilmedik betbagtçylyk inderip garşylyk berdi. Emma ne Sinwaryñ zarbasy ölüm howpludy, ne-de Netanýahunyñ garşylygy muña meñzeşdi. Ganly sahnalaryñ ortasynda arap ýurtlarynyñ we Saud Arabystanyntñ tagallalary iki döwletli çözgüt meselesiniñ sebite ýakyn we uzak hökümetleriñ gün tertibine girmegini ýola goýmagy başardy. Baýdeniñ teklibi çaknyşygyñ iki tarapyny-da alternatiwasy bolmadyk agyr saýlaw bilen garşyma-garşy goýýar. Netanýahu "Bar Lew" liniýasy günlerinden "Tupan" gününe çenli iwrit döwletini halaz etmekde ABŞ-nyñ rolunyñ yzlaryny ýatdan çykarmaz. Barha artýan halkara izolýasiýany görmezlige salybam bilmez. Beýleki bir ýandan Sinwaryñ Gaza sektoryndaky täze "Nekbäniñ" yzlaryny görmezlige salyp bilmeýşi ýaly, Eýranyñ "Tupanyñ" şertlerinu emele getirmekdäki el yzlaryny Liwandyr husi sebitleri bilen beýleki sebitlerden başladylan goldaw uruşlaryndaky roluny-da undan ýaly edip bilmez. Netanýahu Palestina döwletine berilen giñ halkara goldawyñ ortasynda uruşdan el çekip bilermi? Sinwar Gaza sektoryny Ysraýyla garşy harby göreşden gyraklatjak ylalaşyk bilen zamunlary boşadyp bilermi? "Hamas" Iordaniýadan sokulma niýetiniñ uzak niýetdiginiñ belli bolmagyndan soñ öñde Günbatar Şeriadan sokulmagy niýetine düwýärmikä? Gassan ŞERBIL, "Şarkul-Awsat" gazetiniñ baş redaktory. Duşenbe, 03.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |