19:28 Rus tupany | |
RUS TUPANY
Publisistika
Soñky ýyllarda Ýakyn Gündogar Günbatary çagşatmagyñ pikirini eden urşujylary ýetişdirdi. Usame bin Ladin "Nýu-Ýorkdyr Waşington teraktlary" arkaly sowet goşunyna edişi ederin öýdüp, amerikan goşunyny owgan daglaryna çekmegiñ pyglyny gurdy. Edeni ugruna bolmady. ABŞ Taliban režimini agdardy we Bin Ladiniñ söbügine mündi. Ony öldürip, jesedini balyklara şam etdi. Ebubekir el-Bagdady Mosulda orta çykyp, Günbatara, halkara hukuga we her dürli ylymlylyga (pozitiwlige) garşy duşmançylyk gylyjyny syrdy. Amerikan uçarlary-da gelägetdin, ony "döwleti" bilen birlikde ýedi gat ýeriñ teýine sokdy. Homeýni rewolýusiýasy "Uly Şeýtana" garşy duşmançylyk liniýasynda döredi. Zamanasynyñ başyny amerikanlary masgaralap we olaryñ Tährandaky ilçihanasynda zamuna alyp başlady. Beýrutdaky amerikan ilçihanasyna we ýene şol ýerdäki Harby-deñiz güýçleriniñ ştabyna garşy bombaly terakty hem-ä şeýle maksadynyñ hemem takstikasynyñ bardygyny äşgär etdi. General Kasym Süleýmany Yrakda amerikan esgerleriniñ ganyny dökdi we Günbatary arap kartalaryna baglaýan arteriýa damarlaryny ýolmaga girişdi. Donald Tramp ony hut Bagdatda öldürdi, ýöne üstünde oturan kartalarynyñ takdyryny üýtgedip bilmedi. Eýran öz ýerleşýän sebitiniñ möhüm ýurdy bolsa-da, Günbatara garşy halkara agdarlyşygyñ başyny çekip bilmez. Beýle urgy üçin Moskwa, Pekin ýa-da şu ikisi ýaly inkubasiýa merkezi gerek. Saddam Hüseýin halkara güýje we amerikan güýjüne garşy ýumruk salgady, soñra amerikan goşuny gelip, ýerliksiz bahanalar bilenem bolsa Saddamyñ režimini başyna ýumurdy. Muammar Kaddafy amerikan imperiýasynyñ ejesini dula bakdyrdy, amerikan uçarlary hem geldi-de, onuñ ýatýan otagyny bombalady. Amerikan uçarlaryndan gorkusy tä öldürilýänçä ondan aýrylmady. Günbatary çagşatmaga gönügen bu synanyşyklar gazaply we gandöküşiklidi, emma çäklidi, bärden gaýdýardy we uly, çykdajyly hemaýatkär bolup biljek inkubasiýa merkezinden binesipdi. Syrly we giñiş, Napoleonyñ janyny awudan, Fýureriñ sülsadynyñ biloñurgasyny ýazdyran Russiýanyñ ululygyndaky ýurt arkasynda ýokdy. Geçen hepde dünýäniñ Süleýmanynyñ, Saddamyñ, Kaddafynyñ, Bin Ladiniñ, Bagdadynyñ edenlerinden has howply hadysa şaýatlyk edendigini aýtsak öte geçdigimiz bolmaz. Kim Çen Yn bu hadysa iñ köp arzuw eden oýunjagyna gowşam çaga ýa-da uly ätiýaçlandyryş polisine eýe bolan urşujy ýaly begendi. "Rus patyşasynyñ" hamana size, raketalaryñyza, bombalaryñyza, uçarmansyz dolandyrylýan istrebitelleriñize mätäçligi bar ýaly siziñ ýanyñyza gelip gitmegi oýun-oýunjak zat däl. Siziñ ikitaraplaýyn goranyş şertnamasyna meñzeş şertnamaga gol çekmegi, size ýarag arsenalyñyzy modernizasiýalaşdyrjak tehnologiýanyñ ýany bilen arza bahalar bilen ugurdaş azyk we nebit kömegini etmäge söz bermegi kiçi-kirim zat däl. Birnäçe gün öñ Demirgazyk Koreýada resmi saparda bolan Wladimir Putin 24 ýyl öñ Demirgazyk Koreýa gelip giden Putine meñzänok. Uzak wagtlap garaşdy, niýetini we pygyllaryny gizledi. Sowet harabasyndan we KGB-niñ tunellerinden çykan ýaraly urşujy günbatarly liderleri gözüni gapmagy başardy. Entirekleýän Boris Ýelsiniñ possunynyñ aşagyndan çykan adamyñ ýetirilen zyýany azaltmak, ykdysadyýeti düzetmek we Russiýa Federasiýasyny goramak bilen oñjagyny pikir etdiler. Käte ony hoş, jana ýakymly we hyzmatdaşam tapdylar. NATO-nyñ perzilerini ýurdunyñ çäklerine tarap süýşürenlerinde Russiýa bilen deñ slawýan ganyny göterýän Ukrainany özlerine meýil etdirenlerinde köne ýaralara duz basýandyklaryny kellerine-de getirmediler. Gyzgyn seslenme döreden resmi sapar boldy. "Rus patyşasy" Günbatartñ ee halkara sanksiýalarynyñ jebir çekeni bolup izolirlenen we gyrakladylan režin bilen ýaranlygyny mälim etmäge geldi. Düýpli ýadro arsenalynyñ üstünde oturan, raketa satmagy we goñşularyny alada goýmagy pişe edinrn adam bilen soýuzdaş bolmaga geldi. Myhman Kim Ir Seniñ agtygy bilen ylalaşyk baglaşyp bilerin öýden Donald Trampy gözüni gapmagy başaran adamy goltugyna gysdy. Edil Günbataryñ rus ruhuny añlama we Putiniñ gizlin hyýalyny ýeke ok atmazdan özüni öldürmegi başaranlardan Sowet Soýuzynyñ aryny alma hyýalyny okama babatda sada bolşy ýaly, Tramp hem Kim bilen gatnaşyklarda sada boldy. Putin Demirgazyk Koreýanyñ yzysüre bir ýylyñ içinde Si Szinpini we Jo Baýdeni-de kabul eden Wýetnama bardy. Wýetnam rus ýaraglaryna bil baglaýar, emma özi üçin howpuñ ABŞ-dan däl-de, Hytaýdan abanýandygyna ynanýar. Wýetnam tehnologiýa, infrastruktura, maýa goýumlary we syýahatçylyk pudaklarynda uly ösüşleri gazanmagyñ pikirini edýär. Eýse rus myhmanynyñ onuñ başyny aýlamak üçin ulanjak zady barmy? Bu ortada keserip duran uly sorag. Hytaý Günbatary gowşatmak isleýär. Emma global ykdysadyýete düýpden bagly ykdysadyýeti Günbatar ýaranlygy bilen çykdajyly garpyşygyñ habarçysy bolan zarbasynda Putiniñ ýanynda durmagyna mümkinçilik berýärmi? Hytaý köp polýusly dünýäni döretmegiñ hyýalyny edýär, emma ol muny Günbatar bilen çaknyşygyñ derejesini galdyrmakda howlukmagymy ýa-da başga ýollar bilen agdarlyşygymy saýlap alar? Kim Çen Ynyñ "rus patyşasynyñ" gujagyna oturmagynda rus ýaraglarynyñ Wýetnamyñ hytaý güýjüne garşy gitmegine mümkinçilik bermeginde Hytaýyñ bähbidi barmy? Putiniñ Gündogar Aziýada açan täze fronty Taýwanyñ yzyna gaýdyp alynmagyny añsatlaşdyrarmy ýa-da bu meseläniñ komplikasiýalaryny artdyrarmy? Putun iki ýyl öñ Ukrainada we Ýewropa topraklarynda ilkinji perdesini açan rus "tupanynyñ" ikinji perdesini Demirgazyk Koreýa we Wýetnam zyýaraty bilen açan ýaly bolup görünýärdi. Bu örän uly oýun. Howply oýun. "Rus patyşasy" Günbataryñ gowşaklygynyñ üstünde jedele girýär. Downing köçesiniñ onunjy belgili jaýynda oturan adamyñ birnäçe günüñ dowamynda agdaryljakdygy aýdylýar. "Ýeliseýiñ" hojaýyny saýlaw sazynyñ ugruna yranýar. Germaniýanyñ kansleri adatdan daşary kynçylyklaryñ bolup geçýän döwründe özüni diýseñ ümsüm alyp barýar. ABŞ huşy dargap başlap başlan adam bilen garaşylmadyk öwrümlerini çaklamasy kyn adamyñ arasynda saýlaw geçirmäge taýýarlanýar. Birnäçe aý mundan öñ "Sinwar tupany" Ýakyn Gündogary lerzana saldy, emma bu tupan gözegçilik astyna alnyp biler. Putiniñ tupany bolsa has düýpli we has howply. Günbatarly generallar uly urşuñ golaýlaşyp gelýändigini aýdýarlar. Täze "şer halkasynyñ" dörändigini aýdýarlar we ýarag arsenallaryny gözden geçirýärler. Olaryñ arasynda Putiniñ iki lagerli dünýä gaýdyp gelmegiñ gapysyny açandygyny, Demirgazyk Koreýany we Eýrany göz öñüne tutup, galtaman döwletleriñ baharyny-da öz ýany bilen bile getirendigini aýdýanlar bar. Rus tupanynyñ çäklerini çak etmek kyn. Dünýäniñ ykbaly Mao Szedunyñ tagtynda oturan adamyñ pähim-paýhasyna bagly. Gassan ŞERBIL, "Şarkul-Awsat" gazetiniñ baş redaktory. Duşenbe, 24.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |