15:40 Ýaraly imperiýalar ar alanda | |
[hide]ÝARALY IMPERIÝALAR AR ALANDA
Publisistika
Köpi gören tanyşlarymyñ biri maña şeýle maslahat beripdi: "Şu günüñ konfliktlerini ýazanda taryhyñ ýaralaryny ýatdan çykarma". Bu söz meniñ ünsümi çekdi. Gürrüñdeşim dünýäniñ ýeke-täk supergüýjüniñ agalyk ediji güýjüniñ gowşamagy we öñki imperiýalaryñ kartalary üýtgetjek, hatda çäklerini gönüden-göni üýtgedip biljek uly zarbalaryñ üsti bilen ar alma ýolunda öñe süýşmesi bilen häsiýetlendirilen soñky derejedäki howply tapgyra bakan ilerleýändigine ynanýar. Döwlet zarbalarynyñ basybalyjyk ýa-da ideologiki basybalyjygynyñ ýany bilen kontinental raketalar, uçarmansyz istrebiteller, kiber hüjümler we militaristik toparlara hemaýatkärlik etmek ýaly dürli-dürli formalara girendigini öñe sürýär. Taryhyñ özlerine hyýanat edendigine, ýerlerini, mülklerini, rollaryny kiçeldendigine ynanan imperiýalar oýandymy? Öñki imperiýalaryñ ruhunda gahar-gazaplaryny, ýigrençlerini we otlaryny pürkme pursatyna garaşýan wulkanlar barmy? Tanşymyñ aýdan sözleri maña Sowet Soýuzynyñ dargamagyndan soñ käbir arap kommunist liderden eşidenlerimi ýatlatdy. Sudanyñ Kommunistik partiýasynyñ baş sekretary Muhammet Ybraýym Nakdyñ muña beren jogaby yrakly we liwanly kärdeşleri Eziz Muhammetdir Jorj Hawiniñ jogaplaryna meñzeýärdi. Russiýanyñ ýeñliş garlarynyñ astynda köp ýatmajagyny, garaşly döwlete öwrülmejegini, güýjüni jemläp aýaga galjagyny we ar aljagyny aýdypdylar. Käbir synçylar Sowet Soýuzynyñ dargamagyndan we Günbataryñ gorkunç ýeñişinden elheder alan rus harby we howpsuzlyk edaralarynyñ gizlin ar alyş maksatnamasyny işläp düzendigini we muny ýerine ýetirme wezipesini KGB-niñ pes çinli ofiserine berendigini aýtjak derejede lap urýarlar. Senarileri ýazanda çişirip ýazmakdan gorkýandygym üçin bu teoriýany oñlamaýaryn. Emma ýaraly Russiýanyñ edil häzir Ikinji jahan urşundan soñky iñ uly zarba maksatnamasyny dolandyrýan ýaraly Saryñ dolandyryşy astynda ýaşaýandygyny pikir etmegem tebigy hukugymyz. Birküç gün öñ Moskwany sarsdyrsn terrorçylykly akty bir gyra goýalyñ. Bu gorkunç gandöküşlik saýlawlardan Baýdeniñ, Trampyñ, Makronyñ ýa-da Şolsyñ asla pikir etmejek derejesinde giñ halk goldawy bilen öñe çykan Putiniñ güýjüne gowşadyp bilmez. Günbataryñ Saryñ mynasyp garşydaşynyñ bolmadyk saýlaw müddetini hut özüniñ taslandygyny aýdandygyny bilýärin. Emma men Putiniñ rus ruhunyñ çuñlugy bilen baglanyşyk gurup bilendigine ynanýaryn. Sowet Soýuzy dargandan soñ Moskwanyñ köçelerinde Iosif Staliniñ döwrüni küýsändiklerini agzaýan gojalary gördüm. Ruslar ykballaryny elinde saklaýanam we boýunlaryny oñurýanam bolsa, güýçli hökümdaryñ bolanyny gowy görýärler. Putini tanaýan adam ýadro dowzahynyñ gyrasynda aýlanmagy añladýanam bolsa, Putiniñ Ukrainada ýeñlişe uçramagyna diş gysyp bilmejegini bilýär. Dogry bolup biler. Sebäbi Putin Ukrainadan ýeñliş bilen dolanmagyñ edil Gyzyl Goşunyñ Owganystandan masgaraçylykly çykyp gaýtmagynyñ yzyndan Sowet Soýuzynyñ dargaýşy ýaly Russiýanyñam dargamagyna getirjegini bilýär. Hasam beteri özlerini ýurduñ ruhy tarapyndan ygtyýarlandyrylan hasaplaýanlar üçin ýeke-täk höküm taryhdaky at-abraýlarydyr. Saddam Hüseýiniñ ýoldaşlaryndan biriniñ maña, onuñ Kuweýtden çykmazlygynyñ şol bir wagtyñ özünde hem-ä taryha garşy, hemem Bagdatdaky egindeşlerine garşy at-abraýyny goramak bilen baglanyşyklydygyny aýdandygy ýadyma düşýär. Ukrainanyñ okkupirlenmegiñ Kuweýtiñ okkupirlenmeginden tapawutlydygyna gürrüñ bolup bilmez, mundaky karara geliji-de şol ýerdäki karara gelijiden tapawutly, emma tejribe "taryhy lideriñ" kämahal öz at-abraýynyñ ýesiri bolup bilýändigini görkezýär. Gürrüñdeşim Günbataryñ Eýranyñ uran zarbasy bilen ýaşap ýörkä, näme üçin Putiniñ zarbasy bilen ýaşamagy inkär edendigini derñedi. Eýran zarbasynyñ dört territoriýany we bulardaky güýç deñagramlylygy üýtgedendigini, Tährana ýolbaşçy belleme, hökümet gurma we bu territoriýalary raketa platformasy hökmünde ulanmaga hukuk berendigini aýtdy. Hytaýdyr Russiýa gämileriniñ Gyzyldeñizden howpsuz ýagdaýda geçmäge rugsat berme sepgidine gelen husi militanlaryna garşy ABŞ-nyñ hasaply we ýörite çozuşlar gurandygyna üýşenip diýen ýaly ünsi çekdi. Onlarça ýyl öñ Eýranyñ şasy ýurdunyñ çäklerini imperiýanyñ taryhyna dar bolýan eşik ýaly görýärdi. Onu agdaran Homeýni rewolýusiýasy "yslam rewolýusiýasynyñ başga ýurtlara-da ýaýylmagyny" konstitusiýanyñ esasy maddasyna öwürdi. Stambulam taryhyñ galdyran ýaralaryndan uzakda ýaşap bilenok. Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniñ häzirki çäklerini Osmanly ruhunyñ daraldylan gysby eşigi ýaly görýär. Şonuñ üçin Sowet Soýuzynyñ käbir ýetimlerini, aýratynam türki dilde gepleýänleri özüne çekmäge dyrjaşdy. Şeýle-de, "Arap bahary" harasaty turanda sebitdäki esasy ýurtlaryñ aýratynlyklaryny üýtgetmäge synanyşdy. Türkiýäniñ Eýran we Russiýa imperiýalary bilen taryhy uruşlardan doly. Türkiýe edil häzir Yragyñ içinde howpsuzlyk zolagynyñ we Siriýanyñ çäginde başga bir zolagyñ düýbüni tutýan bolsa, Günbatar Russiýanyñ Ukrainanyñ çäklerinde öz zolagyny döretme hukugyna garşy çykýar. Elbetde, ýer basyp almaýan zolak bilen ýer basyp alýan zolagyñ arasynda tapawudyñ bardygyny ýatdan çykarmaly däl. Hytaýybam taryhy ýaralary bar. Onuñ pozisiýasy anyk we kesgitli: soñsuza çenli Taýwanyñ özünden daşda ýaşamagyna ýol bermez we bu boýunça sabyr käsesi-de dolara geldi. Hernä dünýäniñ bagtyna Si Szinpin wagt diýilýän ýarana ynanýar we Putiniñ edişi ýaly bir zarbada çäklerini düzetmäge synanyşmaýar. Häzirki halkara tokaýlygynda imperiýalaryñ haosy juda howpurgadyjy. Günbatar indi dünýäni dolandyrmakdan ejiz gelýär. Indi žandarma ýok, ýaraly imperiýalar oýandy. BMG-nyñ Howpsuzlyk Assambleýasynyñ eli-aýagy bagly. Guterrişiñ gözýaşlary Gazzäniñ ýa-da Ukrainanyñ ýaralaryna em bolanok. Ýer ýüzüne has howply zat wada berilýär. Moskwadaky terrorçylykly akt göz öñüne tutýan maksadyndan we ara salynan wagtyndan ötri juda howpludyr, gynançlydyr. Günäkäriñ oturgyjyna oturdylanlaryñ özlerini alyp baryşlary-da YŞYD urşujylarynyñ özüni alyp barşyna meñzemeýär. Berilen görkezmeler ýörite gulluklaryñ ukyp-başarnyklary bilen utgaşdyrylaýanda-da, ýumagyñ ujuny çöşläp bolmasa gerek. Hökümetden bilniksiz ediläýende-de, teraktda "Ukrainanyñ eliniñ bardygy" teoriýasy" dogry çyksa, ullakan öwrülişik bolup geçer. Bu bolsa, Ukraina uruşynda ullakan öñegidişligiñ gapysyny açar. Günbatar rus zarbasynyñ şowlama ähtimallygyna oñyn garap bilermi? Ýewropa şeýle möçberdäki zäheri ýuwdup bilermi? Günbatar täze imperiýany we patyşasyny gowşatmak üçin Ukraina uruşyny ulaltmagy we uzatmagy makul bilse, Russiýa we Kremliñ hojaýyny näme ederkä? Gassan ŞERBIL, "Şarku'l Awsat" gazetiniñ baş redaktory. Sişenbe, 26.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |