15:03 Zalymlar, edaralar we tragediýalar | |
ZALYMLAR, EDARALAR we TRAGEDIÝALAR
Publisistika
Edaralaryñ ýoklugy sözüñ doly manysynda tragediýadyr. Militaristik güýçleriñ goýnundan dörän parlamentler zalymlaryñ agdarylmagynyñ pyntyk ýardyran umytlaryny täzeden guradýar, çünki täze zalymlar döwresiniñ binýadyny tutýar Ýurtlarymyz zalymlaryñ golastynda ýaşamagyñ yzasyny agyr çekýärler. Diktatorlar köplenç ýurtlaryny iki gezek öldürýärler. Birinjisi, ýurdy we adamlary gyzyklandyrýan kararlarda bir özleriniñ aýdanyny etdirip, muny gysymlaryna gysanlarynda, taryhdaky ýadygärliklerini gurmaga we şöhratparazlyga kowalaşmaga başlanlarynda, ikinjisi döwlet dolandyryşyndan el çekenlerinde ýa-da agdarylanlarynda ýurdy haýsydyr bir edaradan ýa-da ýangyny söndürip biljek organdan mahrum edenlerinde. Ýurtlarymyz indi edaralaryñ ýoklugynyñ etniki, mezhep tutaryklary bilen döwlet dolandyryşyndan el çekesi gelmeýän, gitdigiçe ýaýraýan we ösýän şowsuzlygyñ kölegesinde ýaşamagyñ yzasyny-da çekýär. Ýurdumyzda bolup geçýän zatlaryñ diñe daşardan edilýän ýörite komplimasiýalaryñ netijesidigi baradaky ýalan-ýaşryk toslamalara indi hiç kim ynanmaýar. Tragediýanyñ birinji sebäbi, içerki gowşaklyk we ýurduñ içinde birinji pursatsa ýaryljak minaly meýdanlary taýýarlaýan tarapgöý hem-de awtoritar syýasatlardyr. Daşarky komplimasiýalaryñ hökmürowan güýjüñ gerekli oduny we kükürdini taýýarlamaýan ýurdunda graždanlyk urşy turup bilmez. Daşarky intrigalardan, ilçiniñ pyrryldagyndan ýa-da sosial mediýada gowur turzulan twitlerden has howply ganhor bar. Bu has howply ganhora şowsuzlyk diýilýär. Ýagny häzirkizaman manysy gerekliligi, şertleri, şahslara we ygtyýarlylara jogapkärçilikler we hak-hukuklar bilen döwlet düşünjesine beýgelmekde şowsuz bolmakdyr. Sazlaýan, hasabat soraýan we düzgünleşdirýän edaralaryñ ýoklugynda şowsuzlyk hasam çataklaşýar we häkimiýet agalyk, güýç, hiç bir gymmatlyga ýa-da hak-hukuga pitiwa etmeýän köre agressiýa işdäsine baglanyp galan bir süri kandidata öwrülýär. Bu ýagdaý Muammar Kaddafiniñ döwründe Daşary işler ministri bolmak bilen birlikde ýurdunyñ BMG-daky wekili bolmagynyñ ýany bilen Afrika meseleleri we problemalary bilenem uzak wagtlap gyzyklanan Abdysalam Trekiniñ maña Parižde aýdanlaryny ýatlatdy. Ol 1992-nji ýylda 157 adamyñ ölümi bilen soñlanan Liwiýa uçar heläkçiligi barada şeýle diýipdi: "Giñden ýaýran pikir Liwiýa organlarynyñ uçary bilkastlaýyn heläkçilige uçradan wagtlary Liwiýa ätiýaçlyk şaý bermeýändigi bahanasy bilen amerikanlary günäkär hasaplamaklarydy. Munuñ özi öñünden meýilleşdirilen heläkçilikdi. Sürüji Ali el-Faki meniñ bajamdy we olam bu heläkçilikde aradan çykdy". Yzyndan sözüniñ üstüne şuny goşupdy: "Uçar içine ýerleşdirilen partlaýjylaryñ meýilleşdirilişi ýaly partlamandygy sebäpli raketa bilen urlup düşürildi. Bu jenaýatyñ maksadynyñ Liwiýanyñ jogapkär hasaplanan "Lokerbi" uçar heläkçiligine jogap hökmünde amerikanlary bu heläkçiligi amala aşyrmakda aýyplamakdygy aýdylýar. Başgaça aýdanda, amerikanlara: "Biz bir uçary urmak bilen aýyplandyk, indem siz bir uçary urmakda aýyplanýarsyñyz. Ikitaraplaýyn biri-birimizi aýypladyk, indi bu meseläniñ üstüni ýapyp, bir gyra zyñalyñ" diýilmek islenipdi. Elbetde, bu öräm samsyklaç pikirdi. Kaddafiniñ Ýemeniñ öñki döwlet ýolbaşçysy Ali Abdylla Salih bilen gatnaşygynyñ nähilidigini soranymda, Treki "hemişeki ýaly ýönekeý" diýip jogap berdi. Emma Salih Kaddafini husileri goldamakda aýyplaýardy. Ol ýemen ygtyýarlylarynyñ husilere ýollanan liwiýa pullaryny ele salandygyny aýdýardy. Kaddafiniñ hereketlerini häsiýetlendirýän geñ-tañsylyklary we mahluklyklary sanap gutarar ýaly däl. Biziñ üçin iñ ýaman ýeri şular ýaly ruhy taýdan näsag hökümetiñ ýurdunyñ ömründen kyrk ýyly ýele sowranlygydyr. Ýurduna buýsanar ýaly ne ibaly ýokary okuw jaýyny, ne-de arkañy dirär ýaly edara goýmanlygydyr. Ne goşun bolmalysy ýaly goşundy, ne-de diplomatiýa hakyky diplomatiýady. Liwiýa "Afrika hökümdarlarynyñ hökümdarynyñ" eden-etdilikleriniñ yzasyny çekişi ýaly, indem ony agdaranlaryñ, şeýle-de täzeden üýtgedip gurulmaga mätäç ýurduñ döwlet dolandyryş formasyny tapyp bilmeýändikleriniñ yzasyny çekýär. Belki-de, munuñ sebäbi Kaddafiniñ Liwiýany uzyn we gezende urşujylary özüne çekip biljek graždanlyk urşy howpunfan halas edendirin öýden daşardan guralan harby döwler agdarylyşygy bilen agdarylmagydyr. Yzysüre Siriýa hem şeýle graždanlyk urşuna iterildi. Düýn şu setirleri ýazyp otyrkam, günüñ 2-nhi awgustdygyny, Yragyñ we onuñ bilen birlidke sebitiñ 1990-nhy ýylyñ şu gününiñ yzazyny çekip ýörendigini ýatdan çykarmagym mümkin däldi. Kuweýte, Yraga we sebitdäki taryhy deñagramlylyklara garşy edilen bu jenaýatda bizi gyzyklandyrýan zat - zalymlar topbagyna degişli adamyñ edaralaryñ ýoklugyndan soñuna çenli peýdalanmagy we täsirleri şu günlerem duýulýan sarsgyny möwjedenligidir. Şu ýerde şol döwür Yragyñ Ýaragly Güýçleriniñ Baş ştabynyñ başlygy Nizar el-Hazrejiden eşidenlerimi dykgatyñyza ýetiresim gelýär. Ol başdan geçirenlerini şeýle gürrüñ beripdi: "Wakalaryñ başlanan gijesi öýümde ýatyrdym. Ertir irden komanduýuşiligiñ baş sekretary general Alaeddin el-Kenabi til kakdy we gyssagly gelmelidigimi aýtdy. Kabinetime girenimde maña "Kuweýte çozduk" diýdi. On bäş minut geçenden soñ Goranmak ministri Abdyljebbar Şansal geldi we oña-da şeýle bu barada berildi. Pikir edýärsiñizmi, bir ýurduñ goşuny Goranmak ministrine we baş ştabynyñ başlygyna habar berilmezden şeýle uly parlañküşlüge iterilýär. Soñra men Saddam Hüseýiniñ çozuş planyny Hüseýin Kamil we Ali Hasan el-Mejid bilen bilen birlikde özüniñ taýýarlandygyny bilip galdym. Jikme-jik meselelerde belki-de başgalaryñam pikirlerine sala salynan bolmagy mümkin, emma esasy meýilnama diñe şu üç adam tarapyndan taýýarlanypdyr we diñe şular meýilnamadan habarly bolupdyr". Bir gezek ýokary wezipeli serkerdelerine kitabyny paýlajak derejede Stalini gowy görýän, ony deñsiz-taýsyz taryhy lider hasaplaýan adamyñ diñe şu säwlige esaslanyp şol gün başga bir ýurda çozma karartna gelmegiñ yzasyny häzir tutuş sebitiñ çekýändigini aýtsak, öte geçdigimiz bolarmy? Şol gün we okkupasiýa sebäpli Arap raýdaşlygy ölüm howply ýaralary aldy. Şeýle-de bu çozuşlyk on ýtldan soñ 2001-nji ýylyñ 11-bji sentýabr teraktynyñ basyşy astynda başlanan jezalandyrma kampaniýasyna baglanyşyklylykda ABŞ-nyñ Yraga çozma kararyny kabul etmegini-de añsatlaşdyrdy. Amerikan okkupasiýasy bolsa Yrak-Türkiýe-Eýran üçburçlygynda Yragyñ çagşamagyna sebäp boldy. Şol sebäpdenem häzir Eýran tarapyndan goldanýan toparlaryñ öñe sürýän şygarlarynyñ zynjyrlaryna baglanan Yragy görýäris. Çäklerinde türk goşunlarynyn ýerleşen Yragyny görýäris. Mustafa Kaziminiñ döwlet maksatnamasyny galkyndyrma umydy bilen saýlawlaryñ gapysyny açmaga synanyşýandygyny görýäris. Edaralaryñ ýoklugy sözüñ doly manysynda tragediýadyr. Militaristik güýçleriñ goýnundan dörän parlamentler zalymlaryñ agdarylmagynyñ pyntyk ýardyran umytlaryny täzeden guradýar, çünki täze zalymlar döwresiniñ binýadyny tutýar. Edaralaryñ artýan şowsuzlygy-da azyndan ýoklugy ýaly howply. Sazlaşdyryjy, hasabat sorap bilýän edaralar bolanlygynda Liwan depozit eýelerine gönükdirilen iñ uly talañçylyga şaýatlyk edermidi? Saýlawlar hakykatdanam döwlet we edaralar maksatnamasynyñ tarapdarlarynyñ häkimiýet başyna gelmegine ýol beren bolsa, Liwan çagşamanyñ we öz-özüne kast etmegiñ duzagyna düşermidi? Edaralaryñ şowsuzlugy, hakyky edaralaryñ ýoklugy tragediýanyñ dowam edýändigini añladýar. Gassan ŞERBIL, "Şarkul-Awsat" gazetiniñ baş redaktory. Duşenbe, 03.08.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |