18:42 Tramp: Hekaýa we tüweleý | |
TRAMP: HEKAÝA WE TÜWELEÝ
Publisistika
Ak Tamda özüñe prezident kürsüsini aýyrtmak başga zat, taryhda özüñe saýlama kürsi aýyrtmak bolsa, düýbünden başga zat. Taryh gezegiñ ýetdimi, kim bolsañ bol, ýolundan bir gyra süpürip goýberýär. Ýöne süpürip, öçürip bolmajak yz galdyranlar muna garşy gidip bilýärler. Taryhda özüne ýer aýyrtmak üçin amerikan prezidentiniñ öz hekaýasyny ýurdunyñ hekaýasynda üýtgewsiz element ýagdaýyna geljek görnüşde ýazmagy gerek. Ol bu hekaýanyñ hem-ä gahrymany, hemem gurbany bolmaly. Gygyrýan adamyñ aýratynlyklaryny gowy bilýärler - onuñ maksady köşgi we möhürleri elden giderende özüneçekijiligi azaljak prezident däl-de, lider bolmak. Bu hekaýalaryñ gahrymany bolmagyñ şertleri bar, olaram size ýöneldilen aýyplamalar näçe köp bolsa bolsun, size bolan ynanjy sarsmajak tarapdarlary gazanmak. Ukysyny haram etjek, size bolan ýigrenjiniñ küllerini zol sowrup duran duşmanlara eýe bolmak. Suda çagyrlanyñyzda sülçiler garşyñyza toplanan materiallary we şahsy durmuşyñyzy derñände sizi jebir çeken hökmünde görkezip biljek tarapdarlary gazanmak. Uly mediýa organlary çekiçli-paltaly üstüñize gelende, ýurdy we adamlary ýokanç keselden goramak üçin sanjym kampaniýasyny talap edenlerinde, žurnalistler iri kemçilikleriñizi we gödek ýalñyşlyklaryñyzy öwrenmekde ýaryşanlarynda sizi gurban hökmünde görkezjek tarapdarlara eýe bolmak. Hekaýanyñ şertleriniñ tamamlanmagy üçin adamlaryñ garşysyna halklaryñ, ýurtlaryñ, ýaranlyklaryñ ykbalynyñ şekillenmeginde öwrülişik sepgidi hökmünde çykmaly bolýar. Gaý-tupany öz erkine goýberendigiñizi we gaý-tupany yza serpikdirip bilýändigiñizi görkezmeli. Pensiýa çykmagyñ ýa-da çekilmegiñ pikirini etmeýän boksýordygyñyzy we öñki prezident ýa-da şowsuz kandidat adyny almagyñ ýerine ringde ýykylmagy saýlap alandygyñyzy subut etmelisiñiz. Ünsleri özüñize çekme we synañyzy parçalamaga hyýallanan gazetleriñem baş sahypasyna çykma ukybyñyz bolmaly. Ynam döretme we gaýgylandyrma ukybyna eýe bolmaly. Saýlap alan ýolyñyzy nämälimlik gurşap almaly. Ýurdy, materigi ýa-da global obanyñ ähli ilatyny geñ galdyrmaoy, gapyllykda awlamaly we gaýgylandyrmaly. Gowşak taraplaryñyzy güýçli taraplara öwürmeli. Siziñ üçin gurlan duzagy duşmanlaryñyzyñ özüni duzaga düşürme ukybyna öwürmeli we elbetde hiç kimse ruhuñyzyñ çuñluklarynda näme bardygyny, söýgiñiziñ we ýigrenjiñiziñ çäklerini bilmeli däl. Ýewropa diýilýän goja kontintenti gaýgylandyrmak añsat däl. Hytaý imperatoryny biynjalyk etmek, Kremliñ tagtynda oturan "ýoldaşyñ" sowgatlaryñyzyñ çäklerinden arkaýyn bolmaz ýaly etmek, bu gaýgynyñ Zelenskini ele salmagyny üpjün etmek añsat däl. Eýrany sazlaşygy sarsdyran we syýasy kartalaryñ aýratynlyklaryny üýtgeden general Kasym Süleýmanynyñ öldürilme buýrugyny beren adam bilen ylalaşygamy ýa-da çaknyşyga girmegiñ gerekdigini derñemäge itermek añsat däl. Tramp joşa getiriji hekaýa. Ol tarapdarynyñ duýgulary bilen oýnaýan ukyply oýunçy. Garşydaşlaryny geñ galdyryp biljek derejede zehinli artist. Oýun goýup bilýän we garaşylmadyk täzelikleriñ gory. Yza tesişligi togtadyp we beýikligini dikeldip biljek antiwirusyñ özünde bardygyny aýdýan ABŞ-na çäre hökmünde özüni hödürlemek üçin "ylalaşygyñ" syryna ynanýan biznesmen. Ol möhüm öwrülişik sepgidinde goşunlara serkerdelik eden general däl. Halkara gatnaşyklar we güýç deñagramlylyklary boýunça hünärmenem däl. Onuñ diñr amerikan jemgyýetçiliginiñ bir gatlagynyñ ýaralaryny gaşaýan gysga jümleleri nar. Emma eýesiniñ gurban obrazy halasgäriñ wezipesini tamamlamagyna böwet bolmak üçin komplimasiýalaryñ köpelýän we hüjüm edýän kartinasy bekemese, hekaýany soñlandy hasap edip bolmaýar. Birnäçe hepde öñ Tramp gymmatly sowgat aldy. Segseniñ onlugyna giren ýaşy Ak Tamda galma möhletini uzaltmaga synanyşýan Jo Baýdene ikilik etdi. Hiç zat mawy ekranda gurbanlarynyñ ganyna suwsan tomaşaçylaryñ we tankytçylaryñ öñünde akly çaşyp ugramagyñ hyýanatyna uçramakdan has beter zalym bolup bilmez. Demokratik partiýa bulaşdy, Trampyñ tüweleýi Zelenskiý bilen Putiniñ adyny çalyşýan adam tarapyndan yza tesdirilip bilnermi? Baýdan bolsa kesirlik edýär. ABŞ-ny Donald Tramp atly "ýakynlaşyp gelýän howpuñ" ikilenç gaýdyp gelmeginden halas eden adam hökmünde taryha girmek isleýär. Dünýäni populist narkotiklerden, ugursyz syýasatlardan, oýlanyp-ölçerilen syýasy ugurlardan we flotiliýadan has beter ýazýan twitlerine guwanýan prezidentden halas etmek isleýär. Kadalary we sözleriñ abraýyny gaçyrmakdan ýa-da tegelek stoly agdaryp goýbermekden çekinmeýän prezidentden halasa etmek isleýär. Baýdeniñki şowlamady. Akyl-huşunyñ dargap ugramagy saýlawlardan soña galan bolsady, partiýasynyñ we egindeşleriniñ arasynda oña garşy hyýanat edilmese-de edilmezdi. Huşsuzlygyñ oña eden hyýanaty sebäpli gaý-tupanlar turdy, wezipeden çekilme maslahatlaryny aldy. Emma garry, kejeñek aty aýlawdan çekmek gaty kyn bolýar. Hamana onuñ başdan geçiren bu şowsuzlygy az bolýan ýaly has uly we has ýowuz başga şowsuzlyklaram başyndan indi. Bu onuñ dünýäsiniñ bize görünýän tarapy. Görünýän kartina raketalardan has çakgan we has gorkuzyjy. Kartinalar öýleri we akyl-huşy nyşanalaýar we şol ýere ýerleşýär. Trampyñ ýüzüne gan çyrşalan ýagdaýda ýumrugyny galgadyp duran kartinasyna nähili garşy gidip bileris? "Respublikanlary we Trampy ýigrenýän" ýaşlar Trampa iñ uly platformany we jebir çekeniñ donuny geýmegi üçin altyn mümkinçilik berdi. Baýden terakta synanyşygy şobada ýazgaranlaryñ köpüsiniñ indi ýeke ok bilen gyraklatma synanyşygyny ýazgaran adamyñ pese gaçmagyny umyt edýändiklerini bilýär. Rasizm, agressiýa, eden-etdilik ABŞ-na ýat zatlar däl. Jana kast etmek döwletiñ gurlan gününden bäri ýörgünli pişe. Kyrk bäş prezidentiñ dördüsiniñ janyna kast edilip öldürildi. Ak Tamda otyrkalar dört prezident öz ajalyna öldi. Käbir prezidentler janyna kast etme synanyşygyna duçar bolsa, käbirlerine janyna kast etme meýilnamasy heniz güýje girmänkä öñi alyndy. Şu günüñ dünýäsindr kanunlaryñ, öñüni almalaryñ, çäklendirmeleriñ ýoklugynda sosial mediýa ulgamlarynda gaýnap-joşýan gep-gybatlaryñ, toslama suratlaryñ we rasistik silleriniñ teraktyñ üstüne benzin guýýandygyny aýtsak öte geçdigimiz bolmaz. Şu günüñ dünýäsi rasism bilen iýmitlenýär. Aragatnaşyk serişdeleri nägilelikleriñ aýdylmagy üçin çäksiz mümkinçilikleri döretdi, emma şol bir wagtyñ özünde ýigrenç, ar alma, fanatizn şemallary kartinalaryñ we hakykatlaryñ ýoýulyp berilmegi üçin ajaýyp platforma döredip berdi. ABŞ saýlawlara gidýär, dünýä hem onuñ bilen bile gidýär. ABŞ dünýäden el çekip bilmez, dünýä hem ondan el çekmez. Ykdysadyýet, flotiliýa, tehnologiýa, ýokary okuw jaýlarynyñ imperiýasynyñ ykbaly gorky, garyplyk, adalatsyzlyk we ýaraly möjekleriñ açgözlügi bilen gidişýän glonal obanyñ geljegini añladýar. Öñki prezident adamlaryñ ünsüni oýnuñ netijeleri möhüm we howply saýylýan amerikan "ligasynyñ" futbol ýyldyzlarynyñ jerime urgularyndan özüne çekdi. Tramp diýlen tüweleýden gür berýän gyzykly hekaýanyñ täze bölümi başlaýar. Gassan ŞERBIL, "Şarkul-Awsat" gazetiniñ baş redaktory. Duşenbe, 15.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |