11:49 Şadyýan gün | |
ŞADYÝAN GÜN
Goşgular
Aý, ýöne Keýpine aýdym aýdýaryn, Keýpine hoş salam ýollaýan Güne. Tanyşlyk üçin däl ㅡ Gyzlara duşsam: ㅡ Salam keýgim ㅡ diýip, geçýän keýpine. Garagol çagany guş deý göterip, Mündürýärin sazdan doly kelläme. Suwa daş zyñýaryn ㅡ bökýär oýnaýar, Ýeri, şol suwa daş zyñamda näme? Dükanlaryñ witrinasy enaýy, Dükana dykylyp girýärin, ine, Soraýaryn onuñ munuñ bahasyn, Satyn almakçy däl, Ýöne keýpine. Guşlaram baglarda jagylda-jugul, Ýollarda baglaram guşlary bile Bu täsin gün ýaýnap otyr enaýy, Keýpine, Keýpine, Ýöne keýpine. Çaga ýaly bu arassa asmana Kelläm degip, Owaz edýär keýp bile. Onsoñ neneñ Saturnyñ halkasyn Şlýapa dek geýmejek sen keýpine. Gurbannazar EZIZOW | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |