22:20 Şäher durmuşyndan iren ýaş ýigit dagda ýaşaýar | |
ŞÄHER DURMUŞYNDAN IREN ÝAŞ ÝIGIT DAGDA ÝAŞAÝAR
Geň-taňsy wakalar
"Şäherde içjek suwuñam pula durýar". Liu dagda külbe gurunan ýerinde towuk ketek gurjak bolýanyny-da aýtdy (Liu Ýuwen / CNN) Hytaýda şäherde ýaşamakdan bizar bolan ýaş ýigit şäherden çetde dagyñ gerşine guran külbesinde ýaşaýar. Ýigrimi bir ýaşly Liu Ýouwen şäheriñ galmagalynyñ we atmosferasynyñ özüni ýadadandygyny aýdyp, "hernä indi guşlaryñ jürküldisine oýanyp bilýärin" diýýär. Hytaýyñ günorta-günbataryndaky Guiçjou prowinsiýasynyñ sähralyk zonasyndaky Şiaşişiangda önüp-ösen Liu liseýi gutarandan soñ Guangdong prowinsiýasynda dürli işlerde işläpdir. Şantouda awtoulag ussahanasynda, gurluşyk işlerinde, egin-eşik çykarýan fabrikde işländigini aýdýan Liu şäher durmuşyndan gözleýän zadyny tapmandygyny we 2022-nji ýylyñ soñlarynda çete çykmagy makul bilendigini aýdýar. Muny maşgalasynyñ oñlamandygyny aýdan Liu ýönekeý we imisala durmuşda ýaşasynyñ gelýändigini ýañzydyp: "Fabrikde ir sagat 8:00-dan agşam sagat 22:00-a çenli işleýärdim. Muña goşmaça sagat hem alýardym. Wagtymyñ köpüsi maña degişli däldi" diýýär. ABŞ-nyñ tanymal mediýa gulluklaryndan "CNN" bilen telefon arkaly habarlaşan Liu dagda guran külbesinde elektrik togy üçin gün energiýasy bilen işleýän panellerden peýdalanýandygyny, külbede telewizoryñ we internetiñ bardygyny aýdýar. "Dagda ýaşamak şäherde ýaşandan has gowy. Şäherde içjek suwuñam pula durýar" diýen hytaýly ýaş ýigit "Nesibeli" we "Gül" atly iki itidir doñzy bilen bile ýaşaýandygyny, özüni birem ýeke duýmaýandygyny aýdýar. Liu külbesinde edýän işlerini sosial mediýada paýlaşýar. Ýaş ýigit wideolarynda çaklañja bagynda nähili gök önüm ýetişdirişini, nahar taýýarlaýşyny, saklaýan haýwanlaryna seredişini görkezýär. Sosial mediýada wideolara ýazylýan teswirlerde Liunyñ saýlap alan ýaşaýşyny goldaýanlaryñ bolşy ýaly, tankyt edýänlerem az däl. Liunyñ janköýerleriniñ biri "Ol näme edýänini gowy bilýär, wideo oýunlaryna garaşly Z nesiliñ ýaşlarynyñ tersine, sagdyn ýaşaýyşy saýlap alypdyr" diýse, başga biri "Öýüñde edere işiñ ýokmy? Manysyz zatlar bilen meşgullanýarsyñ, çola ýere çekilip bikär ýatyrsyñ" diýip ýazýar. Hytaýly ýigit bolsa özüni tankyt edýänlere garşylyk berip: "Men öz öýümi nuldan gurdym. Daglarda ýaşamagam şäherde ýaşamak ýaly kyn" diýýär. Şäher ýaşaýyşyny ýigrenip, çete çykýanlar başga ýurtlarda hem tapylman duranok. Meselem, 2022-nji ýylda türk ýaşlarynyñ pikir alyşýan sosial platformasynda bir türkiýeli raýatyñ paýlaşan habarynda: "Polatlyda bir raýat "indi hemmelerden ýadadym" diýip, uzakdaky ekin ýerine howluly gowak şekilli orta asyr öýüni gurup, şol ýerde ýaşamaga başlady" diýlip, onuñ hytaýly ýaş ýigidiñki ýaly çola ýerde ýaşap başlandygy aýdylypdy. Şenbe, 30.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |