15:46 Şahodat Ulug | |
ŞAHODAT ULUG
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Şahodat Ulug (Ulugowa), 1970-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Nurata şäherinde doglupdyr. 1993-nji ýylda Daşkendiň döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlapdyr. Ol birnäçe sany powestleriň we hekaýalaryň awtorydyr. Ýakynda Daşkendiň “Янги аср авлоди” neşirýatynda Şahodat hanymyň “Жайҳун эпкинлари” (Jeýhun ýelleri (öwüsginleri)) atly iki bölekden ybarat romany çap edildi. Häzirki wagtda Şahodat hanym Niderlandlarda ýaşaýar we onuň bu trilogiýasynyň golland hem-de türk dillerindäki terjimeleri taýýarlanýar. Şahodat hanymyň “Жайҳун эпкинлари” (Jeýhun ýelleri (öwüsginleri)) atly romanynyň gysgaça mazmuny şulardan ybarat: “Жайҳун эпкинлари” (Jeýhun ýelleri (öwüsginleri)) romany, mazmuny boýunça taryhy-epiki eser bolmak bilen, özbek edebiýatynda zenan ýazyjy tarapyndan döredilen az sanly iri göwrümli çeper eserleriň biri bolup durýar. Romanyň şahyrana dili Kurany-Kerimden alnan şekillerden doly we ol okyjyny Mawerannahrda dolandyran Horezmşa – Anuşteginileriň döwründe, olaryň döwletiniň Çingiz hanyň aýylganç ordalarynyň hüjümine sezewar bolandaky wakalara alyp gidýär. Romanyň baş gahrymany Jelaleddin Meňkuberdi bolup, onuň öz ýurduna aralaşan basybalyjylara garşy göreşi onuň waka ýordumynyň içinden eriş-argaç geçýär. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |