22:16 Sähramyza syýahat / hekaýa | |
SÄHRAMYZA SYÝAHAT
Hekaýalar
Dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, gum ýerinde gumy, deňiz-derýa ýerinde deňiz-derýasy bolan keramatly Balkan topragy täsinliklerden doly. Her sapar daga-düze syýahata çykanyňda, tämiz tebigat saňa güýç-kuwwat berýär, kalbyňa juwanlyk aralaşýar. Baharda gije bilen gündiz deňleşende ene topraga ýyly girip başlaýar. Meýdan ýaşyl begres geýnip maldarçylyk üçin jogapkärli möwsüm başlanýar. Şonda gumlularyň esasy höregi süýt-gatyk bolsa-da gyryň kömelegi desterhany bezeýän tapylgysyz nygmata öwrülýär. Gyryň kömelegi beýlekilere garanyňda uly we datly bolýar. Lezzetli tagamyny iýenler onat bilýändirler. Gumlylar ýazda olary ýüpe düzüp, kölegede kakadýarlar. Ony göwün islän wagtyň suwa ataýmaly, şonda ilkibaşdaky ter halyna gelýär Ýazda ýaýlanyň tebigatyna aşyk şäherliler köpçülik bolup gezelenje gidýärler. Biziň bu ýylky bahar seýlimiz “Hem zyýarat, hem syýahat” diýenleri boldy. Paýtagtly köne tanşym, halypa çaphana işgäri Orazdurdy aga menden özüni Maşat-Misseriana aýlamagymy haýyş edip ýördi. “Inim, men geçen ýyl Gökdepe topragynda ýatan gerçek pederlerimize, Horezmindäki üç ýüz altmyş pire, Merwdäki Soltan Sanjara zyýarat edip, şolaryň keramatyndan hözir tapan ýaly boldum. Indem şu ýyl tomus pygamber ýaşyna ýetip, ak goýnumy bermezimden öňürti ilki Maşat-Misseriana, soňam gelnejeň bilen Paraw ejekä togap edip gaýtsam, göwnüme jaý boljak” diýip, täze ýyl gabatlary öýünde bolamda aýdypdy. Howa maýladygy onuň haýyşyny bitirmegi boýun alyp gaýdypdym. Nowruz baýramyna gabatlap gelen ýaşulynyň goja Dehistana zyýaratyny guramak üçin inimiziň biri Öwez bilen gürleşip, elinjek ulag taýýarladym. Nowruz baýramynyň birinji gününi toýlanymyzdan soň, aladaňdan atlanjak bolup durkak Öwez: - Şu mahallar ilerä bol ýagyş ýagyp, kömelekdir domalan bol diýýärler. Zyýaratdan soň şol nygmatlardan nesibämizi almak üçin biraz düze aýlansak niçik bolar, ýaşulylar? – diýip, täze maslahat tapdy oturyberdi. Bu tutum ýüregime jüňk bolsa-da, myhmana soragly nazar saldym. - Size azary bolmasa, maňa-ha şondan gowusy ýok – diýip, ýaşuly begendi – Goşa zyýarat diýsene! Ýaz aýlary sähra-düze aýlanmagam ene topraga zyýarat ahyryn. - Sen ulagyňy gaýgyrmasaň, bize-hä baýaky. Gowy teklibiň üçin sag bol, inim! Ýör, onda ýol şaýymyzy täzeden tutaly, halta-baýleki alaly. Giç agşamdan bäri gelmesek gerek – diýip, men ulagdan düşdüm. ...Gadymy Dehistana baka dynman gidip, irden ýetdik-de, gadymy metjit-mähraplara togap etdik. Orazdurdy aga niýetlän sadakasyny müjewüre gowşurdy, aýat-doga etdi. Şol ýere gelenleriň käbiri bilen tanşyp, bu mukaddes zyýaratgähiň geçmiş taryhy we kerem-keramaty barada söhbet edip esli oturdyk. Indiki niýetimizi mälim edenimizde, ýüzi güne-ýele gaýzygan goja çopan Gulnazar aga: - Kömelegiň bitginli mekany ilerki ýaýladaky mal-garanyň öri meýdanlary, dowarlaryň gara ýatagynyň degre-daşy bolýandyr -- diýip, şol ýere gidýän ýoly salgy berdi. Başga bir ýaş çopan özüniň goşuna ýakyn öri meýdanda kömelekdir domalanyň boldugyny aýdanda, biz ony öz ýanymyz bilen äkitmegi boýun aldyk. Golaýdaky obadan gerek-ýaragyna alyp, ulagymyza ýüklän çopan bize ýolbeletlik edip, sähranyň goýnundaky ajaýyp düzlüge getirdi. “Zatlarymy günortanlar baranyňyzda alaryn” diýip, aňyrda görünýän goşuna pyýada gitdi. Ýaz ýagyşynyň böreň-böreň bol suwy bireýýäm ýere siňipdir. Gyşda garyň, ýazda ýagşyň suwundan ganan ýaýlanyň ýüpek ýaly gyrtyjy, ýylagy bir serä ýetirip, uç-gyraksyz ýaşyl ýorgan ýazylan ýaly bolupdyr. Diňe onda-munda dowarlaryň ýatan ýerleri gara ders bolup ýatyr. Gaýradan öwüsýän şemalyň nepisiňi durlaýan salkynlygy bardy. Bahar Güneşine lowurdap ýatan giň sähranyň guşlary dürli dilde şowhunly saýraýardylar. Ilkinji kömelegi tapmak Orazdurdy aganyň nesibesi eken. Onsoň ýaşulynyň hem-de meniň haltalarymyzdaky kömelekleriň höwri artyp ugrady. Emma kömelekli gürrüňi özi tapanam bolsa Öweziň bu ugurdan jinnek ýalagam tejribesiniň ýokdugy belli boldy. Biz kömelegiň başyna gören ýaly boldugyna haýran galyp, haltamyzy ýarpylaberenimizde Öweziňkide üç-dört sanyjagy bardy. Üçimiz bir ýere ýygnanyp, Öweze kömelek tapmagy eýýäm üçünji gezek öwredip durkak, golaýymyzda uly bir hažžygy ýada salýan jandary gördük. Göwresi süýnmek, guýrugy uzyn, arkasy teňňe-teňňe gowly süýreniji bizi görende gaçmak bilen boldy. Kiçiräk bir depäniň üstünde säginensoň inçeden gelen uzyn dilini gaýta-gaýta çykaryp, tulum ýaly çişdi. - Munuň bellisini özüm ederin! – diýip, Öwez öz şowsuzlygyny zemzemden çykarjak bolýan ýaly çişini gezäp, oňa tarap ugrady. - Saklan, inim! -- diýip, Orazdurdy aga ony saklady. -- Ejize ganym bolmak ata-babalarymyzyň ahlak kadalaryna laýyk däldir. Ol jandaram gyşyň azabyndan dynyp, biziň ýaly bahar Güneşinden lezzet alyp ýörendir. Goý, ýaşasyn! Onsoňäm, tagaşyksyz görünsede zemzen özüni çölüň eýesi hasaplaýandyr. Niýet-päliň üýtgäp, oňa azar-ezýet etseň, gowulyga garaşma. Dişlär, halys bolmanda kuwwatly guýrugy bilen kakyp, maýyp etmegi mümkindir. Her kes öz ýoly bilen bolsa edepleriň gowusydyr, paýhaslylykdan nyşandyr... Orazdurdy aga bilen her birimiz bir kiçiräk un haltany kömelekden dolduranymyzda gün günorta bolupdy. Öýe haltalap kömelek alyp gaýtmakdan tamasyny üzen Öweziň bolsa “Ýigrim üçünji kömelek!” diýip, bir ýeri göwünli-göwünsiz dürtgüläp durşuna: Habar tutup maldarlaryň halyndan, Teşneligi gandyraly çalyndan. - diýip, aýdyma zowladyp başlamasy onuň içiniň “eljuk” diýýäninden habar berýärdi. Çopanyň golaýymyza ýetip geýändigini oňa zordan duýduryp ýetişdik. Çopan goşuna gelip görsek, ýazlaga çykan çopan maşgalasynyň iş-aladalary ýetik eken. Gara öýüň we bassyrmanyň töwereginde hereket-gymyldy kändi. Sonarlyk meýdanda agaýana otlap ýören alty ýüz çemesi dowar şu hojalyga degişli bolup çykdy. Erkekler owlak-guzy bilen başyna gaý bolsalar, zenanlar goýun-geçininiň süýdünden her dürli nygmat taýýarlamagyň aladasyndady. Bereketli ak bulak sykman, sargan, gurt, süzme bolup, haltalarda, gazanlarda, jamlarda balkyldap goýalýardy. “Ýazyň ýuwundysy gyşa gatyk” diýleni. Türkmen sährasy häzir ýylyň iň gyzgalaňly, şowhunly we sapaly günlerini başdan geçirýärdi. Çaklaňrak çoýun gazanda täze et bagyrdap bişip durdy. Ýazylan goýundyr geçileriň ýüňdür-çöpürleri lowurdap öwüşgin atýardy. Süýtden doýup bökjekleşýän owlak-guzularyň owazy sähra ýaň salýardy. Biziň açyk meýdanda oturjagymyzyň çynymyzdygyna göz ýetiren öý eýesi taýak atym uzakda, dyzbaýy otuň üstüne keten ýazyp, üstüne keçe atdy. Çopanyň ejesi, altmyş ýaşlaryndaky daýanykly zenan bir tabak gowurma bilen ýanyja bişen gömme çöregi getirende, ol ýönekeýden gelen ýokumly tagamlaryň melul ediji ysyny hiç zat bilen deňär ýaly däldi. Olaryň ýany bilen düýäniň agarany gelende, biz bu sähra nygmatlaryny sahawatyň naýbaşy hasap edip, alnymyza syldyk. Sonarly sährada, ir baharyň tenekar howasynda öýden getiren azyklarymyzyň tagamy hem büs-bütin üýtgeşikdi. - Täze döwür adamlary galkyndyrdy. Näçe mal saklasaň-da azar berýän ýok. Gaýtam, döwlet çarwadarlara goltgy bolup ýeňillikli kömek berýär. Olary bol maldarçylyk önümlerini taýýarlamaga höweslendirip, belent sepgitlere hyjuwlandyrýar. Döwletiň indi halkyň baýamagynyň, eşretde ýaşamagynyň tarapdarydygyny hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek. Arkadagymyzyň ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun -- diýip, çopan çök çaý başyndaky gürrüňimizi alkyş bilen tamamlady... Göräýmäge merkezlerden alysdaky obalaryň ilaty durmuş eşretlerinden üzňe bolaýjak ýaly. Emma bu ýerde bolup, durmuşa içgin syn salanyňda bu pikiriň hakykatdan daşdadygyna basym göz ýetirýärsiň. Arkadagymyz tarapyndan peşgeş berilýän durmuş eşretleri -- çagalar bagy, döwrebap mekdepler, saglyk öýleri, medeniýet merkezleri, mugt eletrik togy, “mawy ýangyç” akymy häzir çetki etraplarda-da bar. Syýahatymyzdan dolanyp geýärkäk halkara “Gazagystan – Türkmenistan – Eýran” demir ýolunyň tamamlanyp barýan gurluşygynyň eýýäm bu jelegaýa gelip ýetendiginiňem gözli şaýady bolduk. Tutuş ýurdumyzyň we hususan-da Balkan welaýatynyň akar suwa bolan işlegini gandyryp, boz sähranyň uzaga çekmeýän ýaşyl ýazyny jöwzaly tomusda-da pajarlatjak, küpürsäp ýatan düzlere bereket eçiljek ýene bir Arkadar tutumy hem oý-pikirimizde höküm sürüp, göwnümize ganat berýärdi. “Halkymyzyň «Suw ýygnanyp, köl bolar, köp ýygnanyp, il bolar» diýşi ýaly, «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň kenar ýakalarynda ýakyn geljekde täze şäherçeler, etraplar, obalar dörär. Täze mekanyň bagtyýar eýeleri boljak raýatlarymyz bu toprakda jenneti miweleri ösdürip ýetişdirerler. Şor suwlary süýji suwa suwa öwürjek desgalaryň giden bir ulgamy peýda bolar” diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň açylyş dabarasynda aýdan sözleri kalbymyzda umyt-arzuw tohumlaryny ekipdi. Çopan bilen hoşlaşanymyzda kalbymyň jümmüşinden “Sen howlukma, çopan gardaş! Döwletimiziň il-halk bähbitli tutumlary has uly, aladasy bimöçber! Wagty gelende türkmen kölünden bu öri meýdanlara, çopan goşlaryna, bu ýerlerde açyljak ekinzarlyklara suw geçirijiler çekiler. Ýaşaýşyň gan damarlary bolan ol turbalar Garagumyň üstüni eriş-argaç tor kimin gurşap alar-da, çölde durmuşy täzeden oýaryp, geljegimizi bagy-bossana öwrüp pajarladar! Balkan degresiniň çar ýany rysgal-bereketiň, bol hasylyň mekanyna öwrüler. Meşedi-Misserianyň we Dehistaniň küpürsäp ýatan düzlüklerine subtropiki tokaýlaryň ebedi ýaşyl daragtlary we sitrus ekinleriniň bag-bakjalary görk berer” diýip, buýsançly owaz gelýärdi. Öýlänem sähranyň goýnunda öz meýdalymyza biraz aýlanyp, boz topragyň domalan, ysmanak, ýelmik, selme, ajy ýuwa ýaly bahar sowgatlaryndan öz paýymyzy ýygnadyk. Her baharda sähra otlaryny börek edip ýa-da gatykdyr süzmä goşup, içiňden gök geçirmegiň sagdynlyga nähili peýdalydygyny ilden soramaly däldi. Ol nygmatlary sürüji bilenem deň paýlaşyp, alkyşyny ýetirdik. Ak öýlänçi şabyrdap inende biz eýýäm Jip “Toýotanyň” içinde sähra ýollaryny külterläp, öýe sary dolanyp gelýärdik. Şahymerdan Sary ogly, Türkmenbaşy şaheri. | |
|
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |